Dashoguz.live – Täzelikler Portaly
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Ykdysadyýet

Ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň esasy ugurlarynyň biri hasaplanylýan maldarçylykda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, mallaryň baş sanyny köpeltmek, olardan öndürilýän önümleriň mukdaryny artdyrmak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gaýratly zähmet çekýän Türkmenistanyň Maldarçylyk we guşçulyk senagaty Döwlet birleşiginiň Daşoguz welaýat bölüminiň agzybir maldarlary dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak boýunça şu ýyl üçin bellenilen meýilnamalary üstünlikli ýerine ýetirdiler. Şonda bölümiň hasabynda bar bolan 31074 ene dowardan 25886-a derek 26986 sany owlak-guzy öndürilip, meýilnama 104,2 göterim, 1799 ene düýeden 810 sany köşek alnyp, meýilnama 100 göterim berjaý edildi. Gazanylan bu üstünliklere bölümiň Görogly etrabynyň çäginde ýerleşýän «Garagum» maldarçylyk hojalygynyň maldarlary 15607 owlak-guzy, 470 köşek, Şabat etrabynyň çäginde hereket edýän «Dowardarçylyk» maldarçylyk hojalygynyň maldarlary 11379 owlak-guzy, 340 köşek öndürip, mynasyp goşant goşdular. Dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almakda tejribeli çopanlaryň onlarçasynyň has-da tapawutlanandyklaryny bellemek bolar. Şu möwsümde öndürilen owlak-guzularyň, köşekleriň ählisi ösdürmäge goýberildi. Munuň özi ýakyn wagtlarda täze sürüleriň döredilmegine mümkinçilik berýär.

14.05.2024 391
Ykdysadyýet

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileri güýzlük bugdaý ekilen 600 gektar meýdanda ekinlere agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, ýokary hilli ideg edýärler. Esasan hem, ekinleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmekde tehnikalar saz işledilip, ýokary zähmet görkezijileri gazanylýar. Gallaçy kärendeçileriň birleşen tagallasy netijesinde, hojalykda her günde 15 — 20 gektar meýdanda bugdaýa ösüş suwy tutulýar. Iýmiti hem-de suwy kemsiz ýetýän bugdaýlar barha bol hasyl toplap, hojalygyň gallaçylarynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 1130 tonna guşgursak ak bugdaý öndürmek baradaky meýilnamany artygy bilen berjaý etjekdiklerine ynam döredýär.

07.05.2024 363
Ykdysadyýet

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Watan harmanyna 110 tonna ýokary hilli pile tabşyryp, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýüpekçilik pudagyny ösdürmek ugrundaky taýsyz tagallalaryna iş bilen jogap bermegi maksat edinýän Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň pileçi kärendeçileri häzirki döwürde ýüpek gurçuklaryny talabalaýyk idetmek boýunça ähli zerur çäreleri durmuşa geçirýärler. Muňa etrabyň beýleki hojalyklarynyň hatarynda «Agzybirlik» daýhan birleşiginiň pileçileriniň bu babatdaky gyzgalaňly işleri hem şaýatlyk edýär. Şu günlerde hojalygyň 74 sany ýüpekçi kärendeçisi jemi 2869 gram ýüpek gurçugyny idetmek bilen meşgul bolýar. Olaryň köpüsiniň bu işde uly tejribeleriniň bardygyny aýtmak gerek. Çünki bu ýüpek gurçuklaryna göwnejaý hyzmat edilip, olaryň kadaly ösüşiniň gazanylmagyna mümkinçilik berýär. Daýhan birleşiginiň şeýle tejribeli, ýylyň-ýylyna bol pile hasylyny ýetişdirmegi başarýan ýüpekçi kärendeçileriniň arasynda Çowdur Kakabaýew, Merjen Baýramowa, Gülzara Döwletowa, Senemjan Hasanowa, Baba Bazarbaýew we beýlekiler bolup, olar gije-gündiziň dowamynda ýüpek gurçuklaryny wagtly-wagtynda iýmitlendirmegiň, bellenilen ýylylykda hem-de arassa saklamagyň hötdesinden gelýärler. Bu bolsa, ýüpek gurçuklarynyň gyradeň ösüşine şert döredýär. Görnüşi ýaly, daýhan birleşiginiň her bir ýüpekçi kärendeçisi öz öňünde  belent maksatlary goýmak bilen, yhlasly zähmet çekýär. Bu bolsa hojalygyň şu ýyl 5,5 tonna pile öndürmek baradaky meýilnamasyny üstünlikli berjaý etmäge mümkinçiliginiň bardygyny aňladýar.

07.05.2024 347
Ykdysadyýet

Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň «Aşyk Aýdyň» daýhan birleşiginde birtekiz gögeren gowaçalaryň göni hatarlary bu gün göwünleri göterýär. Daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçileri şu ýyl 1 müň gektar ýerde «ak altynyň» bereketli hasylyny Watan harmanyna goşmagy maksat edinýärler. Munuň üçin irki ekilen gowaçalaryň hatararalarynda ilkinji bejergi işlerini amala aşyrmaga guramaçylykly girişildi. Hojanepes Batyrowyň ýolbaşçylygyndaky 1-nji, Jumageldi Esenowyň baştutanlygyndaky 2-nji toparlaryň kärendeçileri köp ýyldan bäri ýerden bol hasyl almagyň göreldesini görkezip gelýärler. Tejribeli pagtaçy kärendeçilerden Dädebaý Ilamanow, Hojaguly Derýaýew, Nurgeldi Seýitmedow we olaryň maşgala agzalary özleriniň kärende ýerlerinde ertirden agşama çenli gaýratly zähmet çekmek bilen, gowaçalary ýekelemek, hapa-haşal otlardan arassalamak babatda köplere görelde görkezýärler. Hatarlaryny gönülän gowaçalaryň hatarara bejergisiniň ýokary hilli geçirilmegi üçin Gulgeldi Hojageldiýew, Çary Amanow ýaly tejribeli mehanizatorlar yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Olar hatarara bejergisi bilen birlikde, ýaş gowaçalary gapdallaýyn iýmitlendirmek işlerini hem utgaşykly amala aşyrýarlar. Kärine yhlasly mehanizatorlaryň tagallasy bilen, gowaçalaryň agrotehniki bejergisi öz wagtynda ýerine ýetirilýär. Oba hojalyk pudagynda zähmet çekýän adamlar üçin döredilip berilýän mümkinçiliklerden ruhlanýan daýhan birleşiginiň edermen pagtaçylary şu oba hojalyk ýylyny hem  uly zähmet üstünliklerine beslärler.

01.05.2024 380
Ykdysadyýet

Daşoguz welaýatynyň gallaçy daýhanlary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 145 müň gektar meýdanda ak bugdaýyň bereketli hasylyny ýetişdirmek ugrundaky işleri ýokary depginde amala aşyrýarlar. Şonuň netijesinde, şu günlerde idegi ýetirilýän bugdaý düýpleri günsaýyn boý alyp, atyz-meýdanlara bezeg berýär. Belli bolşy ýaly, Boldumsaz etrabynyň «Abadanlyk» daýhan birleşiginiň kärendeçileri hem şu ýyl 695 gektar meýdanda bu ugurda iş alyp barýarlar. Şeýlelikde, birleşik boýunça gallaçylykda zähmet çekýän 313 kärendeçiniň haýsy birine berkidilen meýdanda ýaşyl öwsüp, köpüň ünsüni çekip oturan bugdaý düýplerini synlasaň hem edilýän yhlasyň ýerine düşýändigini görmek bolýar. Bu meýdanlarda bugdaý ekişi geçen ýylyň güýzüniň iň amatly günlerinde, ýokary taýýarlykly, ähli derwaýys şertleriň üpjün edilen ýagdaýynda geçirildi. Şoňa görä-de, olarda gögeriş hem, ýaş maýsalaryň gyşdan öňki ösüşi-de talabalaýyk ýagdaýda. Geçen wagtyň dowamynda bugdaý ýerli hem-de mineral dökünler bilen birnäçe gezek iýmitlendirilip, olara ösüş suwy berildi. Bu çäreleri öz wagtynda, ýokary hilli berjaý etmekde gallaçy kärendeçileriň aglabasy örän oňat görelde görkezdiler. Daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileri häzirki günleriň her bir pursadyndan ýerlikli peýdalanyp, bugdaýyň idegini ýetirýärler. Bu bolsa olaryň şu ýyl hem öz üstünlikleri bilen guwandyrjakdyklarynyň nyşanydyr.

25.04.2024 360
Ykdysadyýet

Oba hojalygynda gyzgalaňly möwsüm bolan gowaça ekişi Daşoguz welaýatynyň   Köneürgenç etrabynda hem üstünlikli dowam edýär. Etrabyň «Watan» daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçileri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 1275 gektar ýerde ekiş geçirip, «ak altynyň» bereketli hasylyny almagy maksat edinýärler. Irki ekişiň ýokary hasyl almagyň gözbaşy bolup durýandygyna oňat düşünýän ýer eýeleri bu jogapkärçilikli möwsümi gysga möhletde amala aşyrmak üçin yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar. Daýhan birleşiginde kärendeçiler toparynyň 15-si bolup, häzirki wagtda Dowul Dolanowyň ýolbaşçylygyndaky 9-njy hem-de Gurbangeldi Arazowyň baştutanlygyndaky 10-njy kärendeçiler toparlarynda gowaça ekişi has ýokary depginde dowam edýär.

23.04.2024 354
Ykdysadyýet

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ýüpekçilik pudagyny ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, şeýle hem piläniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, 2024-nji ýylda pile öndürmek hakynda kabul edilen Kararda bellenilişi ýaly, Daşoguz welaýatynda şu möwsümde 500 tonna pile hasylyny Watan harmanyna goşmak göz öňünde tutulyp, bu ugurdaky taýýarlyk işlerine öz wagtynda girişildi. Welaýatda şu wagta çenli 13700-e golaý ýüpekçi kärendeçi bilen şertnamalar baglaşyldy. Şonuň ýaly-da gurçuk tohumlarynyň örüziljek ýerlerini bellemek, olary zerur enjamlar, serişdeler, tejribeli hünärmenler bilen üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp baryldy. Meýilnama laýyklykda, şu ýylky möwsümde Daşoguz welaýaty boýunça 384,9 kilogram, başgaça aýdylanda, 13690 guty gurçuk tohumyny örüzmek, ýüpekçilere paýlamak we idetmek bellenilýär. Munuň üçin jemi 67 ýerde tohum örüziş merkezleriniň, il arasynda aýdylyşy ýaly, inkubatorlaryň hereket etmegi nazarda tutulýar. Möwsümde ýüpek gurçuklarynyň tohumlarynyň daşary döwletden getirilen hem-de öz ýurdumyzda öndürilen görnüşleri idediler. Hemmämiziň bilşimize görä, ýüpek gurçuklaryny ýylylyk, çyglylyk we howa çalşygy ýaly zerur şertleri bolan otaglarda idetmeli bolýar. Şoňa görä-de, häzirki wagtda ýüpekçiler bilen ýygy aragatnaşykda bolup, bu barada olara degişli maslahatlar berilýär, derwaýys serişdeler ýetirilýär. Ýüpek gurçuklaryny idetmekde esasy zadyň tut ýapraklary bilen ýeterlik üpjünçilige baglydygyny hem aýtmak gerek. Bu barada welaýatda ençeme ýyllardan bäri yzygiderli alada edilip gelinýär. Şeýlelikde, häzirki döwürde 2 müň gektara golaý tutly meýdanlar bar. Mundan başga-da, şahsy hojalyklaryň mellek ýerlerinde, atyzlaryň gyralarynda, ýaplaryň, salmalaryň boýlarynda ösýän tut agaçlary hem uly kömek bolýar. Welaýatyň Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky paýdarlar jemgyýetinde, Akdepe etrabynyň N.Andalyp adyndaky, Boldumsaz etrabynyň «Gökçäge» daýhan birleşiklerinde we beýleki ýerlerde tut agaçlaryny ýetişdirmäge, gorap saklamaga aýratyn uly üns berilýändigi  guwandyrýar. Şu ýylky möwsümde ähli ýüpekçiler, hünärmenler agzybirlikli zähmet çekip, ýokary netijeleri gazanmak bilen, ata Watanymyzyň pile harmanyna öz mynasyp goşantlaryny goşarlar.

19.04.2024 375
Ykdysadyýet

Türkmenistanyň Prezidentiniň halkymyzy öz topragymyzda ýetişdirilýän ýeralma, gök-bakja önümleri bilen üpjün etmek babatda öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli berjaý edilmegine goşant goşmak ugrunda Daşoguz welaýatynda hem uly işler amala aşyrylýar. Şu günler ýeralma ekişi ahyrky gektarlarda alnyp barylýan bolsa, gök-bakja ekinleriň ýetişdirilmegi göz öňünde tutulýan meýdanlarda taýýarlyk çäreleri ýerine ýetirilýär. Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň kärendeçi daýhanlary hem şu ýyl 75 gektar meýdandan ýeralmanyň bereketli hasylyny ýygnamagy maksat edinip, bu ugurdaky işlere irki möhletlerde girişdiler. Şonuň netijesinde, olar özlerine berkidilen meýdanlary sürüp, tekizläp, suwdan talabalaýyk gandyrdylar. Häzirki wagtda ezber daýhanlar şol ýerlerde ýeralmanyň ekişini tamamlaýjy tapgyrda dowam etdirýärler. Şunlukda, ýeralmanyň kadaly gögeriş alnan ýerlerinde ideg işlerine-de girişildi.

18.04.2024 367
Ykdysadyýet

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň «Derýalyk» daýhan birleşiginiň zähmetsöýer daýhanlary üstümizdäki ýylyň ýaz ekişine taýýarlykly geldiler. Şu möwsümde meýilnama boýunça ekilmeli 1050 gektar gowaça meýdanlarynda işleriň göwnejaý ýerine ýetirilmegi netijesinde, ekişi wagtynda geçirmek üçin giň mümkinçilikler döredildi. Häzir howanyň amatly pursatlaryndan ýerlikli peýdalanýan kärendeçiler gowaça ekişini gije-gündizleýin alyp barýarlar. Şunda hojalyga degişli «MTZ-80», «MTZ-82» kysymly, ýokary iş öndürijiligi bolan traktorlaryň 12-si, etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasyndan ýardama gelen dürli traktorlaryň 5-si, gowaça ekijileriň 2-si bökdençsiz işledilýär. Ahyrky netijede bolsa hojalyk boýunça gündelik gowaça ekilýän meýdanlaryň möçberi 20 — 25 gektara ýetýär.

16.04.2024 360
Ykdysadyýet

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bank ulgamynyň işi dünýäniň ösen talaplaryna laýyklykda döwrebaplaşdyrylýar. Hödürlenýän bank hyzmatlarynyň gerimi giňeldilýär. Ýurdumyzda bank işini kadalaşdyrýan kanunçylyk namalaryny halkara ölçeglere laýyk getirmek işleri hem yzygiderli dowam etdirilýär. Hasaplaşyklaryň tizligini, pul dolanyşygyny çaltlandyrmak maksady bilen, elektron tölegleriň gerimi giňeýär. Ýurdumyzyň bank ulgamynda ilat üçin ýokary amatlyklary üpjün edýän nagt däl hasaplaşyklaryň tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy raýatlaryň pulunyň goraglylygyny, wagtynyň tygşytlylygyny, ýeňillikli töleg geçirimlerini üpjün edip, karz almak we goýum goýmak bilen baglanyşykly amallary ýerine ýetirmekde amatly şertleri döredýär. Muňa mysal edip, gaz, elektrik togy, suw we beýleki durmuş hyzmatlary üçin tölegleri, polisiýanyň ýol gözegçilik gullugy üçin degişli tölegleri, awtobuslarda peýdalanylýan ýol kartlaryny doldurmak, orta we ýokary okuw mekdepleriniň tölegini tölemek ýaly hyzmatlary görkezmek bolar. Raýatlarymyza «Internet bank», «Mobil bank» ulgamlarynyň üsti bilen ykjam aragatnaşyk hyzmatlary üçin töleg tölemek, demir ýol we howa ýollary gatnawlary boýunça ýol peteklerini satyn almak, bir kartdan beýleki karta pul geçirimlerini amala aşyrmak, kart hasabyňdaky hereketi görmek ýaly hyzmatlar hödürlenýär. Şeýle hem yzygiderli gaýtalanýan tölegleri awtomatlaşdyrmak üçin ýörite mümkinçilikler döredilendir. Her bir raýat degişli karz edarasyna baryp, şahsy bank hasabyny «Internet bank», «Mobil bank» hyzmatlaryna birikdirip, döwrümiziň bu ajaýyp mümkinçiliklerden peýdalanyp bilýär. Bank ulgamynyň ýerine ýetirýän hyzmatlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy ýurdumyzyň halkara maliýe ulgamyna has içgin aralaşmagyna, dünýäniň ösen ýurtlary bilen aýakdaş gitmegine itergi berýär. Pul-karz syýasatyna degişli çäreleriň üstünlikli amala aşyrylmagy «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenilen ýokary sepgitlere ýetmekde aýgytlaýjy ähmiýete eýedir. Çünki töleg we hasaplaşyk kada-kanunlarynyň öz wagtynda, doly derejede ýerine ýetirilmegi ýurduň maliýe taýdan sagdynlygyndan habar berýär, durnukly ösüşi üpjün edýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyzy kuwwatly we gülläp ösýän döwlete öwürmek, mähriban halkymyzy abadan we bagtly durmuşda ýaşatmak ugrunda giň gerimli işleri amala aşyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik tutumlary elmydama rowaçlyklara beslensin!

03.04.2024 399

Täze habarlar

Jemgyýet Maksatly tutumlara badalga
04.09.2026   27
Ykdysadyýet Tohumyňyz müňlesin, edermen gallaçylar!
03.09.2026   38
Jemgyýet Körpelere baýramçylyk sowgady
01.09.2026   24
Jemgyýet Bilimler dünýäsine ynamly gadam
01.09.2026   25
Ykdysadyýet Ätiýaçlyk şaýlar öndürilýär
31.08.2026   25
Ykdysadyýet Ekişe ykjam taýýarlyk
31.08.2026   25