Dashoguz.live – Täzelikler Portaly
weather dashoguz 37° C Daşoguz

Ykdysadyýet

Daşoguz welaýatynda gowaça ekişine badalga berildi Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabyndaky Aşyk Aýdyň piriň adyny göterýän daýhan birleşiginiň ekin meýdanynda hormatly ýaşulularymyzyň «Bismillasy» bilen gowaça ekişine girişildi. Bilşimiz ýaly, ýurdumyzda pagtaçylyk milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda pudagyň önümçilik kuwwatyny artdyrmak, pagtany gaýtadan işlemek ýaly ugurlarda sanly tehnologiýalara esaslanýan önümçilikleri döretmek boýunça maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Bu bolsa pudagyň depginli ösüşini üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Jogapkärli möwsüme badalga bermek dabarasynyň öň ýanynda Daşoguz welaýatynyň welaýat häkimliginde maslahat geçirildi. Maslahatda çykyş edenler  ekiş möwsüminde ulanyljak tehnikalar, kärendeçileriň tohum bilen üpjünçiligi we beýleki guramaçylyk işleri boýunça ýerine ýetirilmeli çäreler hakynda durup geçdiler. Bellenilişi ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Daşoguz welaýaty boýunça 140 müň gektara gowaça ekilip, ondan 275 müň tonna hasyl almak meýilleşdirilýär. Ekişde gowaça tohumynyň welaýatyň toprak-howa şertlerine gabat gelýän, köp hasyl berýän «Jeýhun», «S-2606», «Daşoguz — 120», «Daşoguz — 114», «Gubadag — 3», «149-F» ýaly görnüşleri ekiler. Soňra il sylagly ýaşulular, oba hojalyk işgärleri Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde ýerleşdirilen gymmatlyklar bilen tanyşdylar. Bu ýerde olara geçmişde ata-babalarymyzyň döreden ekerançylyk däpleri hakynda täsirli gürrüň berildi. Şeýle hem Türkmen oba hojalyk institutynda gowaça ekişine bagyşlanan tejribe okuw sapagy geçirildi. Oba hojalyk ugrundan bilim alýan ýaşlara gowaça ekişini geçirmegiň ylmy ähmiýeti hakynda gyzykly maglumatlar berildi. Jogapkärli möwsüme badalga bermek dabarasyna gatnaşyjylar soňra Ruhubelent etrabynyň Aşyk Aýdyň daýhan birleşiginiň ekin meýdanyna geldiler. Gowaça ekişine başlanjak ekin meýdanynyň töwereginde dikilen ak öýler, oba hojalyk we dokma senagatynyň ösüş depginlerini görkezýän sergiler köpleriň ünsüni özünde jemledi. Döwrebap tehnikalaryň görkana hatary pudagyň tehniki üpjünçiliginiň ýylsaýyn berkidilýändigini görkezýär. Ýeri gelende bellesek, soňky ýyllarda sanly ulgam esasynda dolandyrylýan gowaça ekijileriň birnäçesi satyn alyndy. Döwrebap gowaça ekijileriň ýurdumyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýändigini hem bellemek gerek. Dabaranyň geçirilýän ýeri türkmen obasynyň keşbinde bezelipdir. Çarwa durmuşy, milli öý-ojak mukaddesligi döwrebap derejede görkezilýär. Soňra bu ýerde hormatly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen gowaça ekişine girişildi. Ata Watanymyzyň rowaçlygy, Türkmenistanyň  Prezidentimiziň beýik işleriniň üstünliklere beslenmegi hem-de daýhanlarymyzyň tohumlarynyň müňlemegi dileg edilip, topraga ilkinji gowaça tohumlary sepildi. Alkyşly sözler, mähirli gutlaglar bilen birek-biregi gutlap, bu asylly işlere uly ruhubelentlik bilen badalga berildi. Bu ýerde welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary dabaranyň şowhunyny artdyrdy. Soňra gowaça ekişiniň ugruna bolmagy dileg edilip, agzaçar sadakasy berildi.

28.03.2024 327
Ykdysadyýet

Ýurdumyzyň islendik ýerinden bankomatlaryň, terminallaryň, «Internet bank», «Mobil bank», «Elektron-söwda» ulgamlarynyň üsti bilen nagt däl görnüşde hasaplaşyklaryň geçirilmegine mümkinçilikleriň açylmagy müşderiler üçin örän peýdalydyr. Çünki olar pul serişdelerini, şonuň ýaly-da wagty tygşytlamaga ýardam berýär. Bank kartlarynyň, terminallaryň üsti bilen hasaplaşyklary geçirmegiň, tölegleri tölemegiň müşderi üçin has-da amatlydygyny bellemek ýerliklidir. «Cash back» atly hyzmat görnüşi barada aýdylanda, onda kärendeçi kartlar hem-de goýum kartlar arkaly hasaplaşyk geçirilende müşderiniň tölän möçberiniň 2 göterimi möçberindäki pul serişdesi onuň kartyna düşýär. Mysal hökmünde getirsek, terminaldan edilen söwda 1 müň manatlyk bolsa «Cash back» hyzmaty bilen 20 manat müşderiniň peýdasyna galýar. Şonuň ýaly-da «Maşgala» bank karty her bir maşgala üçin örän oňaýlydyr. Bu kart «Altyn asyr» bank kartynyň hasabyna birikdirilýär we müşderiniň islegine görä maşgalanyň her bir agzasyna, şol sanda 7 ýaşdan uly bolan çagalara hem açylyp bilinýär. Onda müşderiniň arzasy ýa-da «Internet bank» hyzmaty arkaly maşgalanyň her bir agzasy üçin aýratynlykda hepdelik sarp ediljek puluň mukdaryny kesgitlemäge mümkinçilik döredilýär. «Maşgala» bank karty çagalara, talyplara zerur okuw esbaplaryny, beýleki harytlary satyn almaga, söwda we dynç alyş nokatlarynda hasaplaşyklary geçirmäge, «Internet bank», «Mobil bank» hyzmatlary arkaly karzlaryň göterimini we esasy bölegini tölemäge, öý telefony, öýjükli telefon, IP-TV we internet hasabyny doldurmaga mümkinçilik berýär. Şeýle şertlerden peýdalanmak bilen her bir raýat degişli bank edarasyna baryp, şahsy bank hasabyny «Internet bank» hem-de «Mobil bank» hyzmatlaryna birikdirmek arkaly olaryň döredýän amatlyklaryndan yzygiderli peýdalanyp bilýär. Ykdysadyýetiň möhüm bölegi bolup durýan milli töleg ulgamynyň ösdürilmegi bilen bank hyzmatlarynyň sany artýar.

16.03.2024 378
Ykdysadyýet

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetinde giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar we uly ösüşler gazanylýar. Milli ykdysadyýetimizi dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň derejesine ýetirmek, onuň ähli pudaklaryna ösen tilsimatlary, usullary ornaşdyrmak döwletimiziň ykdysady syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Banklar şahsy we edara görnüşli taraplara, şol sanda hususy telekeçilere dürli görnüşli bank hyzmatlaryny hödürleýärler. Ilata ýokary hilli bank hyzmatlaryny hödürlemek hem-de bank işjeňligini gazanmak maksady bilen, bank hünärmenleriniň hünär derejelerini ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreler geçirilýär. Ýurdumyzyň bank ulgamynda amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň netijesinde, karz edaralarynyň kanunçylyk-hukuk binýady kämilleşdirilýär, banklara iň kämil tehnologiýalar ornaşdyrylyp, olaryň maddy-enjamlaýyn binýady düýpli täzelenýär. Milli ykdysadyýetimizi maksatnamalaýyn ösdürmäge gönükdirilen wezipeleri ýerine ýetirmek üçin bank işjeňligi häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda guralýar. Müşderilere hödürlenýän bank önümleri diwersifikasiýalaşdyrylyp, dünýä banklarynyň iş tejribelerine laýyklykda täze hyzmatlary yzygiderli bank işjeňligine girizmek, müşderiler bilen işlemegiň täze usullaryny ýola goýmak boýunça işler üstünlikli dowam etdirilýär. Ýurdumyzda karz edaralary iri maglumat geçiriş ulgamyna eýe bolmak bilen, pul dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, bank kartlary boýunça milli we halkara töleg ulgamynyň gerimini giňeltmek hem-de nagt däl hasaplaşyklary ýaýbaňlandyrmak boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Bu işleriň netijesinde, ýurdumyzyň ösüş merkezinde hasaba alnan bank kartlarynyň, ornaşdyrylan terminallarynyň, bankomatlaryň sany hem-de «Internet bank», «Mobil bank» ulgamlarynyň üsti bilen amal edilen nagt däl hasaplaşyklaryň möçberi ýylsaýyn artýar. Häzirki wagtda bu ulgamlaryň üsti bilen, ykjam aragatnaşyk hyzmatlar üçin tölegi, karzy we onuň göterimlerini tölemek hem-de kart hasabynyň hereketini görmek ýaly hyzmatlar hödürlenilýär. Şeýle-de yzygiderli gaýtalanýan tölegleri awtomatlaşdyrmak üçin ýörite mümkinçilik döredilendir. Ýurdumyzda kartly töleg ulgamyny özgertmekde düýpli işler durmuşa geçirilýär, bu ulgamda täze hyzmatlardan peýdalanmaga ähli mümkinçilikler döredilýär. Ykdysadyýetiň möhüm bölegi bolup çykyş edýän milli töleg ulgamynyň halkara töleg ulgamlaryna işjeň goşulyşmagy netijesinde, töleg amallarynyň sany düýpli artýar. Sanly tehnologiýalaryň ösmegi, pul dolanyşygynyň tizliginiň ýokarlanmagy hem-de hasaplaşyklary geçirmekde çykdajylaryň azalmagy tölegleriň we hasaplaşyklaryň usullarynyň kämilleşdirilmegine mümkinçilik berýär. Bazar gatnaşyklarynda karz edaralary tarapyndan müşderilere hödürlenýän nagt däl hasaplaşyklar boýunça bank hyzmatlarynyň ähmiýeti uludyr. Ýurdumyzda bank kartlaryny ulanyjylaryň sanynyň artmagy we bu kartlar arkaly nagt däl hasaplaşyklaryň düýpli ösmegi bu ulgamda oňyn özgertmeleriň alnyp barylýandygyny subut edýär. Ýurdumyzyň karz edaralary iri maglumat saklaýan we geçirýän ulgama eýe bolup, özleriniň iş tejribesine täze görnüşli hyzmatlary ornaşdyrýarlar hem-de olary müşderilere hödürleýärler. Muňa mysal edip, ýurdumyzyň islendik ýerinden bankomatlaryň, terminallaryň, «Internet bank», «Mobil bank» we «Elektron söwda» ulgamlarynyň üsti bilen nagt däl görnüşinde hasaplaşyklary göni (online) tertipde amala aşyrmagyň ýola goýlandygyny görkezmek bolar.

15.12.2023 341
Ykdysadyýet

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ulag ulgamyndaky ösüşler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkidýär. Ykdysady kuwwatyň berkemegi bolsa, gönüden-göni raýatlaryň eşretli durmuşda ýaşamagyny we ata Watanymyzyň halkara derejedäki abraý-mertebesiniň artmagyny şertlendirýär. Dünýäniň ulag ulgamyna işjeň goşulmak ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Diýarymyz iki yklymyň çatrygynda, amatly çäkde ýerleşmek bilen, ulaglaryň ähli görnüşlerini ösdürmegiň uly mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýar. Halkara tejribeden mälim bolşy ýaly, dünýä döwletleriniň ykdysadyýetiniň özeni sebit we halkara derejede deňiz-derýa, awtomobil, demir ýol, howa ulaglarynyň hereketiniň häzirki zaman, döwrebap şertleriniň emele gelmegine bagly bolup durýar. Ýurdumyzyň ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk barha giň gerime eýe bolýar. Bu hyzmatdaşlygyň esasy ugry hökmünde dünýä halklarynyň bähbidini araýan halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek meselesine möhüm orun degişlidir. Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerde ýerleşmegi ulag ulgamyny ösdürmäge niýetlenen halkara ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirmäge esas döredýär. Munuň özi ýurdumyzy Merkezi Aziýa sebitiniň ulag ulgamynyň esasy halkasyna öwürýär. Bitarap Türkmenistanyň ulag ulgamynda gazanan üstünliklerine we halkara derejede abraýynyň has-da berkemegine aýdyň mysal hökmünde Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren başlangyçlary esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan birnäçe Kararnamalaryň kabul edilmegini aýratyn bellemek bolar. Şu ýylyň 16-njy maýynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 26-njy noýabry «Bütindünýä ulag güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi umumadamzat ähmiýetli bu başlangyçlaryň dünýä derejesinde ykrar edilýändigini we goldaw tapýandygyny aýdyň tassyklaýar. Türkmenistan giň hyzmatdaşlyga gönükdirilen hem-de ähli halklaryň bähbitlerine laýyk gelýän başlangyçlary öňe sürmek bilen, olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Muňa Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulag geçelgeleriniň möhüm şahalary bolan Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman, şeýle hem Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag geçelgeleriniň taslamalary hem aýdyň şaýatlyk edýär.

14.12.2023 338
Ykdysadyýet

Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde hereket edýän «Hilal» hususy kärhanasy hem ençeme ýyllardan bäri ilatyň dürli görnüşli gurluşyk önümlerine bolan isleginiň kanagatlandyrylmagy ugrunda öndürijilikli iş alyp barýar. Bu ýerde dürli görnüşli plastik penjireler, demir, agaç gapylar, mebeller öndürilip, olaryň hyrydarlara öz wagtynda ýetirilmegi gazanylýar. Kärhanada öndürilýän jemi 20-den gowrak görnüşli önümler hiliniň ýokarylygy, bahalarynyň elýeterligi bilen tapawutlanýar. Geljekde önümleriň görnüşlerini has-da artdyrmak meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki demir-beton önümleri zawodynyň işçi-hünärmenleri Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda welaýatda amala aşyrylýan gurluşyk işleriniň depgininiň ýokary bolmagyna mynasyp goşant goşýarlar. Olar ýaşaýyş jaýlarynyň, beýleki desgalaryň gurluşygynda derwaýys bolan önümleriň ençeme görnüşini öndürýärler. Şeýle önümleriň hatarynda jaýlary basyrmakda ulanylýan plitalar, gapy we penjire çarhawuklary, binýat bloklary, köçeleriň gyralaryna oturdylýan bezeg daşlary we beýlekiler bar. Zawodda her ýylda şeýle önümleriň 27-28 müň kub metri öndürilip, degişli kärhanalara, şahsy hojalyklara ugradylýar. Işleriň häzirki depgini bu babatda şu ýyl üçin bellenilen meýilnamanyň üstünlikli berjaý ediljekdigine uly ynam döredýär.

14.11.2023 319
Ykdysadyýet

Milli ykdysadyýetimizi düýpli diwersifikasiýalaşdyrmaklyga we ýokary tehnologiýaly önümçilik ulgamynyň binýadyny berkitmeklige Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe örän uly ähmiýet berilýär. Ýurdumyzda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde ykdysady ulgama we senagat önümçiligine sanly tehnologiýalaryň we innowasion çözgütleriň giň gerimde ornaşdyrylmagy aýdyň göze ilýär. Ykdysady ulgamdaky döwrebap innowasiýalar ylmyň, tehnologiýalaryň barha rowaçlanýan döwründe möhüm orun eýeleýär. Kämil tehnologiýalara daýanýan häzirki döwrüň ykdysadyýetine tizlik, ygtybarlylyk we tygşytlylyk ýaly häsiýetler mahsusdyr. Ýurdumyzyň täze taryhy döwründe milli ykdysadyýetimizde amala aşyrylýan özgertmeler bu görkezijilere laýyklykda amala aşyrylýar. Şonuň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň kanunçylyk binýady kämilleşdirilýär. Ýurdumyzda bu ugurda döredilýän giň mümkinçilikler milli ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmak babatda alnyp barylýan işleri has ilerletmäge şert döredýär. Ýurdumyzda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakda, ykdysady ösüş depgininiň çaltlanmagynda sanly ykdysadyýetiň ähmiýeti äşgär duýulýar. Häzirki döwürde dünýäde tehnologiýalaryň ösüşi örän çalt depgine eýe bolýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysady ulgamda gazanylýan ösüşlere, amala aşyrylýan özgertmelere nazar salanyňda hem, bu ugurda ösüşiň täze hil derejesine — täze galkynyşly sepgitlere ýetilýändigini görmek bolýar. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň», «Elektron resminama hakynda», «Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we Internet-hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi bu ugurda amala aşyrylýan işleriň has-da ilerlemegine ýardam berýär.

12.06.2023 393
Ykdysadyýet

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguz şäherindäki pagta egriji fabrigi 2010-njy ýylda açylan önümçilik kärhanasydyr. Ol ýylda 16,6 müň tonnadan gowrak pagta süýümini gaýtadan işläp, ondan dürli ölçegdäki nah ýüplükleriň 14,5 müň tonnasyny öndürmäge niýetlenendir. Fabrik geçen döwrüň dowamynda diňe bir welaýatda däl, eýsem, tutuş ýurdumyzyň dokma senagatynyň öňdebaryjy kärhanalarynyň hataryna goşuldy. Munuň şeýle bolmagyna onuň bellenilen ugurdaky giň mümkinçilikleri, şonuň ýaly-da bu ýerde alnyp barylýan işleriň ýokary derejede guralmagy şert döretdi. Häzirki wagtda bu ýerde işçi-hünärmenleriň 500-den gowragy zähmet çekýär. Olaryň esasy böleginiň gelin-gyzlardan ybaratdygyny hem bellemeli. Şeýle-de kärhanada işlemäge isleg bildirýän ýaşlaryň barha artýandygy guwandyryjy ýagdaýdyr. Kärhananyň önümçilik meýilnamasy yzygiderli ýerine ýetirilýär. Muny ýylyň geçen 4 aýynda ýetilen sepgitleriň mysalynda-da görmek bolýar. Şonda önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 100,6 göterim boldy. Belli bolşy ýaly, fabrik öz öndüren önümlerini ýurdumyzyň dokma kärhanalaryna, şeýle hem dünýäniň dürli ýurtlaryna, ýagny Özbegistan, Azerbaýjan Respublikalaryna, Pakistan, Hindistan ýaly döwletlere eksport edýär. Fabrigiň önümlerine islegleriň şeýle ýokary bolmagyny olaryň hiliniň dünýä ölçeglerine laýyk gelýändigi, bäsdeşlige talaplaryň derejesinde ukyplydygy bilen düşündirmek bolýar. Fabrikde şeýle ýokary ölçeglere, dünýä ülňülerine kybap gelýän önümleriň öndürilmeginde bu ýerde ornaşdyrylan häzirki zamanyň ösen tehnologiýalarynyň kömegi örän uludyr. Çünki nah ýüplükleriň berkligi, bellenilen ölçeglere laýyk gelmegi olaryň hereketleri bilen berk baglanyşyklydyr. Bu ýerde Italiýa, Germaniýa, Türkiýe döwletlerinden getirilen egriji enjamlaryň güýjünden peýdalanylýar. Munuň özi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň has-da gülläp ösmeginde uly ähmiýete eýedir.

13.05.2023 352
Ykdysadyýet

Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny guwandyryjy zähmet üstünliklerine beslemegi maksat edinen Daşoguz welaýatynyň  gallaçy, pagtaçy daýhanlary gyş meýdan işleriniň depginini barha ýokarlandyrýarlar. Olar häzirki günlerde bugdaýa ideg etmekde, ýerleri ýaz ekişine taýýarlamakda bellenilen çäreleriň talabalaýyk amala aşyrylmagynyň ähmiýetine oňat düşünmek bilen, şu ýyl bereketli bugdaý, pagta hasyllaryny kemala getirmek ugrunda gaýratly zähmet çekýärler. Munuň şeýledigini olaryň gündelik gazanýan netijeleri doly tassyklaýar. Belli bolşy ýaly, welaýatyň Boldumsaz etrabynyň «Döwletli» daýhan birleşiginiň kärendeçileri «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Watan harmanyna bugdaý, pagta hasyllaryny goşmakda uly üstünliklere eýe bolmagy başardylar. Munuň özi olaryň şol ýylda çeken agzybirlikli zähmetleriniň ýerine düşendigini, göz öňünde tutulan belent sepgitlere ýetip, uly abraý gazanandyklaryny görkezýär. Daýhan birleşiginiň kärendeçileri şeýle üstünlikler bilen ruhlanyp, şu ýylyň bol hasyly ugrundaky aladalara hem öz wagtynda girişdiler. Şeýlelikde, olar şu günler 520 gektar meýdanda ertirki belent harmana ynam döredýän ýaş maýsalara ideg etmekligi, şonuň ýaly-da öňümizdäki baharda gowaça ekilmegi meýilleşdirilýän 400 gektar ýerde taýýarlyk çärelerini guramaçylykly alyp barýarlar. Daýhan birleşiginde gowaça ekilmegi göz öňünde tutulýan meýdanlaryň esasy böleginde sürüm, tekizleme, çil çekmek ýaly işler ýokary hilli ýerine ýetirilipdir. Birleşigiň kärendeçi daýhanlaryna meýdan işlerinde ýardam bermekde başarjaň mehanizatorlaryň ençemesiniň yhlaslylyk görkezýändiklerini-de bellemeli. «Tehnika — daýhanyň daýanjy» diýlişi ýaly, olaryň özlerine tabşyrylan her bir işe jogapkärli çemeleşip, bugdaýa ideg çäreleriniň göwnejaý alnyp barylmagy, ýerleriň ekişe görkezmelere laýyk taýýarlanylmagy ugrundaky goldawlary bu ugurlarda oňat netijeleriň gazanylmagyna uly goşant bolýar. Halkymyzda «Gyş suwy — gyzyl suw» diýen ýörgünli söz bar. Bu şu döwürde meýdanlary suwdan gandyrmagyň ähmiýetiniň örän uludygyny aňladýar. Şeýle möhüm çäräni öz wagtynda geçirmekde bu daýhan birleşiginde öňdäkileriň hatarynda girişmeklige ykjam taýýarlyk görülýär.

31.01.2023 344
Ykdysadyýet

Daşoguz welaýatynyň  Köneürgenç etrabynyň «Derýalyk» daýhan birleşiginiň daýhanlary täze hasylyň düýbüni tutmak işlerine giň gerim berýärler. Olar 1000 gektar meýdany gowaça çöplerinden doly arassalap, ekiş möwsümine taýýarlyk işlerini güýçli depginlerde alyp barýarlar. Häzirki wagtda hojalykda sürüm, tekizleme, çil çekmek, ders taýýarlamak ýaly möhüm işler utgaşykly alnyp barylýar. Hojalykda şu günler alnyp barylýan işleri synlanyňda, täze ýylyň hasylynyň düýbüniň mäkäm tutulýandygyna ynamyň artýar. Möwsümiň möhüm işleriniň hatarynda daýhan birleşiginiň kärendeçileri gyş suwuny tutmak işlerini hem guramaçylykly alyp barýarlar. Yhlas bilen amal edilýän işler olary täze zähmet üstünliklerine ýetirýär.

30.01.2023 309
Ykdysadyýet

Dünýädäki oba hojalyk önümleriniň meýletin şahadatnamasynyň talaplaryny kesgitleýän garaşsyz gurama bolan GLOBAL G.A.P. Türkmenistana guramanyň şahadatnamasyny almaga hem-de türkmen önümleriniň dünýä bazaryndaky bäsdeşlik ukybyny artdyrmaga ýardam edýär. Bu barada Trend, GLOBAL G.A.P.-nyň Merkezi Aziýada we Latwiýada esasy müşderiler bilen iş salyşýan tehniki dolandyryjysy Editu Strazdina salgylanyp habar berdi. «Biz Türkmenistanyň önümleriniň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak üçin Global G.A.P.-nyň şahadatnamasyny almak isleýändigine we bu taslamanyň hakykatdanam gaty gowy netije görkezýändigine begenýäris. Ilkinji okuwlar we maglumat çäreleri gaty gowy geçdi, sertifikatlaşdyryş işleri ýokary depginde alnyp barylýar» – diýip, guramanyň wekili belledi. Strazdina alnyp barylýan işiň netijeleri barada durup geçip, türkmen geňeşçileri üçin jemgyýetçilik töwekgelçiligini bahalandyrmak boýunça okuw sapaklarynyň geçirilendigini hem nygtady. Global G.A.P.-nyň şahadatnamalaýyş işi iýmitden ýa-da tohumdan başlap, oba hojalygy kärhanalarynyň öndürýän önümlerine çenli önümçiligiň ähli tapgyrlaryny öz içine alýar. Çeşme «Türkmenportal».

26.01.2023 347

Täze habarlar

Jemgyýet Hasabat ýygnagy
18.07.2026   21
Jemgyýet Dabaraly maslahat geçirildi
17.07.2026   22
Jemgyýet Wagyz-nesihat çäresi
16.07.2026   23
Ykdysadyýet Ýeralmanyň bol hasyly
16.07.2026   20
Ykdysadyýet Baglar — durmuşyň bezegi
15.07.2026   19
Ykdysadyýet Sürüm işleriniň depgini ýokary
15.07.2026   18
Jemgyýet Dalaşgär — 2026
14.07.2026   49