Dashoguz.live – Täzelikler Portaly
weather dashoguz 15° C Daşoguz

Ykdysadyýet

Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynda hem pagta ýygymy ýokary depginlerde barýar. Etrabyň pagtaçy daýhanlary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda köp zähmet siňdirilip ýetişdirilen hasyly çalt hem-de ýitgisiz ýygnap alyp, Watan harmanyna goşmak ugrundaky aladalary turuwbaşdan giň ýaýbaňlandyryp, guwandyryjy netijelere eýe bolýarlar. Etrabyň Magtymguly Garlyýew adyndaky daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçileriniň häzirki döwürde ir ertirden giç agşama çenli atyz-meýdanlarynda öndürijilikli zähmet çekip gazanýan öňegidişlikleri-de, muňa mysal bolup biler. Ýeri gelende aýtsak, olar şu möwsümde 1430 gektar meýdandan 2817 tonna «ak altyn» ýygnamagy göz öňünde tutýarlar. Şeýlelikde, daýhan birleşiginiň kärendeçiler toparlarynyň ählisinde ýygymyň guramaçylykly alnyp barylmagy her günde onlarça tonna pagtanyň kabul ediş bölümine ugradylmagyna şert döredýär. Şonda tejribeli kärendeçilerden Isgender Hudaýkulyýewiň, Allanur Allanurowyň, Jumagül Gurbanowanyň we beýlekileriň oňat görelde görkezýändiklerini bellemek bolar. Daýhan birleşiginiň gowaça meýdanlarynda hasyl näçe diýseň bar. Munuň özi ýygymyň depginini has-da ýokarlandyrmaga, şeýlelikde, öňde goýlan maksatlara ýetilmegine ýol açýar.

24.09.2024 470
Ykdysadyýet

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň gallaçy kärendeçileri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda döwlete bugdaý tabşyrmakda gazanan üstünlikleri bilen ruhlanyp, häzirki günlerde täze ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini guramaçylykly alyp barýarlar. Etrap boýunça şu möwsümde 17,5 müň gektar meýdana bugdaý tohumynyň sepilmegi göz öňünde tutulyp, bu işiň bada-bat ýokary depgine eýe bolmagy guwandyryjy netijeleri berýär. Şeýlelikde, her günde 280-300 gektar meýdanda ekiş oňat hilli amala aşyrylýar. Ekişde etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň sürüm, bejergi traktorlarynyň 50-den gowragynyň, bugdaý ekijileriniň 30-a golaýynyň, şonuň ýaly-da daýhan birleşiklerine degişli tehnikalaryň güýjünden öndürijilikli peýdalanylmagy şeýle öňegidişlikleriň gazanylmagyny üpjün edýär. Bugdaý ekişinde etrabyň «Akgala», «Hakykat», «Akderýa», «Galkynyş» daýhan birleşikleriniň gallaçy kärendeçileri has öňe saýlanýarlar. Etrabyň çäklerinde irki möhletlerde ekiş geçirilen meýdanlar hatasyz gögeriş berýär.

23.09.2024 367
Ykdysadyýet

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň pagta ýygymy möwsümine badalga berlen gününden Daşoguz welaýatynyň kärendeçi daýhanlary, daýhan hojalyklarynyň agzalary şu ýyl atyzlarda ýetişdirilen bereketli hasyly çalt hem-de ýitgisiz ýygnap alyp, Watan harmanyna goşmak ugrundaky aladalary giň gerimde ýaýbaňlandyrdylar. Şeýlelikde, häzirki günlerde etraplaryň, daýhan birleşikleriň ählisinde, «ak altynly» meýdanlarda joşgunly zähmet barha ýokary depgine eýe bolýar. Boldumsaz etrabynyň pagtaçy daýhanlarynyň hem bu jogapkärli möwsümde aýratyn gaýratlylyk görkezýändiklerini bellemek ýerliklidir. Çünki olar 20,5 müň gektar meýdanda ýetişdirilen «ak altyny» ýygnamak işine öňdäkileriň hatarynda guramaçylykly girişip, oňa ähli gujur-gaýratlaryny gönükdirdiler. Şeýlelikde, etrabyň zähmetsöýer pagtaçylary Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öň ýanyndaky häzirki ýakymly, dabaraly günlerde öz yhlasly zähmetleri bilen oňat görelde görkezmegi başarýarlar. Munuň özi döwlet harmanyna gündelik tabşyrylýan pagtanyň barha artmagyna şert döredýär. Pagta ýygymyny öndürijilikli alyp barmakda etrabyň «On ýyl abadanlyk», «Türkmenistan», «27-nji oktýabr», «Döwletli», «Gubadag» daýhan birleşikleriniň we başga-da birnäçe hojalyklarynyň pagtaçy daýhanlarynyň has-da tapawutlanýandyklaryny nygtamak bolar.

18.09.2024 333
Ykdysadyýet

Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen, Daşoguz welaýatynda pagta ýygymyna badalga berildi Türkmenistanyň Prezidenti 6-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde edermen pagtaçy kärendeçilerimiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirendiklerini belläp, ýurdumyzda pagta ýygymy möwsümine ak pata berdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasyndan ruhlanan Daşoguz welaýatynyň edermen pagtaçy kärendeçileri hem 11-nji sentýabrda pagta ýygymyna uly ruhubelentlik bilen girişdiler. Ak pagta halkyň milli baýlygydyr. Ýurdumyzda dokma senagatynyň esasy çig maly bolup durýan pagtanyň her ýylda bol hasyly öndürilýär. Şu ýyl hem welaýatyň edermen pagtaçy kärendeçileri 140 müň gektar meýdana gowaça ekip, ondan 275 müň tonna hasyl almagy maksat edinýärler. Arzyly sepgide ýetmek ugrunda çekilen yhlasly zähmetiň netijesinde bu gün giň meýdanlarda ak pagtanyň bol hasyly ýetişdirildi. Pagta ýygymy möwsümine badalga berilmegi mynasybetli Daşoguz welaýat häkimliginde geçirilen maslahat dabaraly çäreleriň badalgasy boldy. Maslahatda, ilki bilen, welaýatyň häkimi Döwletgeldi Babaýew çykyş edip, pagta ýygymy möwsümine badalga berilmegi bilen ähli oba hojalyk işgärlerini, pagtaçy kärendeçileri tüýs ýürekden gutlady. Soňra bu ýerde çykyş edenler şanly ýylda pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada aýratyn durup geçdiler. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň fewral aýynda gol çeken Kararyna laýyklykda, pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhy ýokarlandyryldy. Ýurdumyzda ýer eýelerini ykdysady taýdan goldamak maksady bilen durmuşa geçirilýän özgertmeler kärendeçi daýhanlary has-da yhlasly zähmet çekmäge höweslendirýär. Çykyş edenler bular barada hem buýsanç bilen belläp geçdiler. Soňra kalby buýsançly bagtyýar ildeşlerimiz ajaýyp zähmet baýramçylygynyň badalga alýan ýerine — Şabat etrabynyň Sadylla Rozmetow adyndaky paýdarlar jemgyýetiniň bol hasylly pagta meýdanyna ýygnandylar. Bu ýerdäki görkana toý döwresi dabaralaryň geçirilýän esasy merkezine öwrüldi. Güýzüň altyn öwsüp, gökden dogup gelýän nurly Güneşi ak pagtaly meýdana ajaýyp öwüşgin çaýýan ýalydy. Dabara mynasybetli dikilen ak öýleriň hatary, toý çadyrlarynda pişme bişirýän gelin-gyzlar, säher bilen ojaga ot goýberip, toý saçagynyň milli tagamlaryny taýýarlaýan aşpezler hakyky türkmen toýuny ýadyňa salýar. Dokma we oba hojalyk önümleriniň, tohumçylyk hojalyklarynda taýýarlanylan tohumlaryň dürli görnüşleriniň giň gerimli sergisi köpleriň ünsüni özüne çekdi. Dabaranyň badalga alýan ýerinde il sylagly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen pagta ýygymy möwsümine badalga berildi. Şowhunly el çarpyşmalaryň astynda ilkinji hanalardan ak pagtalar ýygnalyp başlandy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda edermen pagtaçy kärendeçilerimiziň yhlas siňdirip ýetişdiren bol pagta hasylyny guramaçylykly ýygnap almakda daýhanyň daýanjy hasaplanýan kombaýnlaryň 205-siniň güýjünden netijeli peýdalanmak göz öňünde tutulýar. Bu bolsa oba zähmetkeşleriniň ýetişdiren bol pagta hasylyny soňky hanasyna çenli yrýa etmän ýygnamakda uly ýardam eder. Şeýle hem möwsümiň dowamynda 9 sany pagta arassalaýjy kärhana, 24 harmanhana, 472 meýdança we 27 sany terezi gije-gündizleýin işlediler. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan zähmet baýramçylygy welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen dabaralandyryldy. Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artistleriniň edebi-sazly kompozisiýasy has-da täsirli boldy. Şeýle hem bu ýerde sportuň dürli görnüşleri boýunça guralan görkezme çykyşlary şowhunlylygy bilen tapawutlandy. Ýaglyga towusmak, göreş tutmak ýaly milli oýunlar hem giňden ýaýbaňlandyryldy. Soňra ilkinji pagta hasyly ýüklenen awtoulaglar Köneürgenç etrabynyň pagta arassalaýjy kärhanasyna geldiler. Milli däplerimiz esasynda dabaraly ýagdaýda garşylanan pagta ýükli maşynlaryň «ak kerweni» dabara aýratyn many-mazmun çaýdy. Döwrebap pagta arassalaýjy kärhananyň giň howlusynda ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlar, milli gymmatlyklarymyzyň, dokma önümleriniň sergisi, hatara dikilen ak öýler dabara milli öwüşgin çaýdy. Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bu ýere gelenleriň göwün guşuny ganatlandyrdy. Soňra dabara gatnaşyjylar ilkinji pagta hasylyny kabul edýän tehnikalaryň hereketlerini uly höwes bilen synladylar. Şowhunly el çarpyşmalar bilen ilkinji pagta hasyly kabul edilip başlandy. Dabara gatnaşyjylar soňra bu ýerde pagtanyň gaýtadan işlenilişi, ony çig mal derejesine ýetirmekde döwrebap kärhananyň bölümlerinde alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşdylar. Şeýle hem dabaranyň dowamynda öňdebaryjy pagtaçy kärendeçilere sowgatlar gowşuryldy. Pagta ýygymyna badalga berilmegi mynasybetli geçirilen dabaralardan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri  Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň döwletli tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmegi, kärendeçi daýhanlarymyzyň ýerden bol hasyl alyp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmegi dileg edilip, toý sadakasy berildi. Welaýatda şatlyk-şowhuna beslenen dabaralar ajaýyp zähmet baýramçylygyna öwrüldi.

12.09.2024 391
Ykdysadyýet

Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen, Daşoguz welaýatynda bugdaý ekişine badalga berildi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň güýzki bugdaý ekişi möwsüminiň ýetip gelmegi bilen baglylykda, welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen ylmy-önümçilik maslahatyna welaýat hem-de etrap häkimlikleriniň ýolbaşçylary, daýhan birleşikleriniň, degişli edara-kärhanalaryň başlyklary, jogapkär işgärleri, hünärmenleri, il sylagly ýaşulular, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatda edilen çykyşlarda bellenilip geçilişi ýaly, şu ýylyň güýzünde welaýat boýunça 145 müň gektar meýdana bugdaý ekmek göz öňünde tutulyp, şu wagta çenli bu möwsüme taýýarlyk görmekde derwaýys işleriň esasy bölegi ýokary hilli ýerine ýetirildi. Şonda meýdanlarda sürüm, tekizleme, suw tutmak ýaly işlere öz wagtynda badalga berildi we olar öndürijilikli alnyp baryldy. Şonuň ýaly-da, ekişde ulanyljak tehnikalary abatlamak, taýýarlyk hatarynda goýmak barada ýeterlik alada edildi. Munuň özi şu gün welaýatda başlanýan ekiş möwsüminiň ýokary depginde dowam etdirilmegine şert döredýär. Ýeri gelende bellesek, şu ýylda welaýatyň edermen gallaçylary Watan harmanyna ak bugdaýyň bol hasylyny tabşyryp, ýurdumyz boýunça ilkinjileriň hatarynda şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Bu bolsa gallaçy kärendeçileriň ýerden bol hasyl almaga bolan höwesini artdyrdy. Bugdaý ekişiniň barşynda guramaçylyk işleriniň, tehniki hyzmatlaryň ygtybarly ýola goýulmagyna, howpsuzlyk düzgünleriniň pugta berjaý edilmegine üns bermek wajyp wezipe bolup durýar. Şonuň üçin hem degişli ýolbaşçylaryň, ekişe gatnaşýan beýleki adamlaryň üstüne uly jogapkärçilik ýüklenilýär. Bu döwürde günüň her bir pursadyndan netijeli peýdalanylyp, ekişiň irki möhletlerde amala aşyrylmagy geljek ýylda bol hasylyň ýetişdirilmeginiň esasy şerti hasaplanylýar. Welaýatda bugdaý ekişine girişilmegine bagyşlanan dabaralar Türkmen oba hojalyk institutynda, Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde hem guraldy. Olara gatnaşyjylar ata-babalarymyzyň ekerançylyk däpleri, meýdanlara ekiljek bugdaý tohumynyň taýýarlanylyşy, talyplara bilim berlişi bilen tanyşdylar. Maslahata gatnaşyjylaryň soňra Boldumsaz etrabynyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň ekin meýdanyna gelip, bu ýere ýygnanan mähellä goşulmagy bilen, tutulýan toý dabarasynyň şowhun-şagalaňy has-da artdy. Şu pursatda bu giň meýdanyň bir çetinde guralan ajaýyp görnüşdäki belent sahna, onuň gapdalyndaky bezemen ak öýler, halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň hem-de häzirki döwürde ýurdumyzyň oba hojalyk, senagat kärhanalarynda öndürilen önümleriň sergileri hemmeleriň ünsüni çekdi. Şeýle hem ekiş möwsüminde ulanyljak täze traktorlaryň, olaryň iş gurallarynyň uzyn hatarlarynyň ýakymly görnüşleri aýratyn täsir galdyrdy. Uly mähellä joşgun berip, ata Watanymyzyň ösüşlerini, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, päk zähmeti wasp edip, belende göterilýän aýdym-sazlaryň şirin owazlary, çalasyn tanslaryň şowhuny toý dabarasyna özboluşly bezeg berdi. Ynha, dabaranyň iň gyzgalaňly pursatlary ýetip gelýär. Il sylagly ýaşulularyň uly topary  bugdaý tohumynyň ilkinji dänelerini «Bismilla» bilen meýdana sepýärler. Şol wagt olaryň birek-birege gutlag sözleri, gallaçy daýhanlarymyza edýän ýagşy arzuw-dilegleri eşidilýär. Olaryň bu hereketlerini, ýagşy arzuwlaryny şowhunly el çarpyşmalar bilen goldan köp sanly ildeşlerimiziň hem ýüz-gözlerinde şatlyk-buýsanç, täze ýylymyzyň galla hasylynyň has-da bereketli boljakdygyna uly ynam duýulýar. Ýatda galyjy bu pursatlaryň dowamyny yzyna bugdaý ekiji gural tirkelen kuwwatly traktorlaryň sazlaşykly hereketleri alyp göterýär. Olaryň öňe tarap ýuwaşlyk bilen hereket edip, birkemsiz sürlüp, tekizlenilen meýdanyň ýumşak topragynda goýup barýan yzlary täsin nagyşlara çalym edýär. Bu görnüşleri synlan her bir adamyň ajaýyp döwrümiziň daýhan üçin döredýän mümkinçiliklerine, oňa berilýän goldawlara guwanjynyň çägi ýokdur. Şeýle uly dabaralar, ýokary ruhy joşgun, agzybirlik bilen başlanan bu möwsümiň gallaçy daýhanlarymyza, olara ýardam berýän mehanizatorlara, hünärmenlere uly üstünlikleri getirjekdigini häzirden aýtmak bolar. Çünki köpçülik bolup, ýagşy arzuwlar bilen badalga berlen işler hemişe rowaç bolup gelýär. Ene topraga atan her bir tohumyňyz müň bolsun, edermen gallaçylar!

05.09.2024 340
Ykdysadyýet

Daşoguz welaýatynyň ekin meýdanlaryny suw bilen üpjün etmekde «Daşoguzsuwhojalyk» önümçilik birleşiginiň «Türkmenderýasuwhojalyk» önümçilik dolanyşygynyň işçi-hünärmenleri yhlasly zähmet çekýärler. Olar uzynlygy 180 kilometrden gowrak bolan uly suw akabasyna, şeýle hem ýaplara, zeýkeşlere gözegçilik etmek bilen, olary gyrmançalardan arassalaýyş işlerini yzygiderli alyp barýarlar. Munuň üçin kärhanada bar bolan, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy kompaniýalary tarapyndan öndürilen, gyrmançany 40 — 45 metr uzaklyga ýetirmäge ukyply läbik sorujylaryň 10-a golaýynyň güýjünden peýdalanylýar. Olara tejribeli işçi-hünärmenler hyzmat edip, bökdençsiz işlemeklerini gazanýarlar. Munuň özi akabalardaky suwuň akyş tizligini artdyryp, ekerançylarymyzyň suwaryş suwy bilen ýeterlik üpjün edilmegine uly ýardam berýär.

29.08.2024 365
Ykdysadyýet

Daşoguz welaýat häkimliginiň garamagyndaky gurluşyk önümleri kärhanasynda häzirki döwürde şäherlerimizde we obalarymyzda gurulýan binalar, desgalar üçin zerur bolan gurluşyk önümlerini öndürmekde ýokary netijeler gazanylýar. Bu ýerde dürli ölçeglerdäki plitalar, gurnama diwarlar, binýat bloklary bilen birlikde, bişen kerpiç, keramzit önümleri öndürilýär. Kärhanada şeýle önümleri öndürmek boýunça aýlyk, çärýeklik meýilnamalary ýerine ýetirmekde guwandyryjy netijeleriň gazanylýandygyny bellemek bolar. Şu ýylyň başyndan bäri kärhanada 1,8 million manatlykdan gowrak önümleriň öndürilmegi muny doly tassyklaýar. Şunlukda, kärhananyň hünärmenleri welaýatda gurluşyk işleriniň giň gerimde alnyp barylmagyna öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

28.08.2024 420
Ykdysadyýet

Garaşsyz ýurdumyzda ykdysadyýetiň esasy ugurlarynyň biri hasaplanylýan telekeçiligi ösdürmek babatynda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Munuň özi telekeçileriň, hususy kärhanalaryň önümçilik netijeleriniň ýokarlandyrylmagyna, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümleriň özümizde has köp öndürilmeginiň üpjün edilmegine, azyk howpsuzlygynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilendir. Bu babatda «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasynda» şeýle bellenilýär: Obalarda, şäherlerde çörek, et we süýt önümlerini öndürýän kiçi kärhanalaryň täzelerini gurmak ýola goýlar. Munuň özi ilaty azyk önümleri bilen üpjün etmegiň derejesini ýokarlandyrmaga we önümleriň görnüşlerini artdyrmaga, kiçi we orta telekeçiligiň ösmegine we täze iş orunlarynyň döredilmegine mümkinçilik berer». Öňde goýlan şu wezipelerden ugur alnyp, ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynyň hem dürli künjeklerinde şeýle kärhanalaryň ençemesi işe girizildi. Olaryň biri-de Görogly etrabynyň Bedirkent geňeşliginiň Ýylgynly obasynda ýerleşýän «Gaýa» haryt nyşanly hususy kärhanasydyr. Kärhananyň döredilenine heniz köp wagt bolmandygyna garamazdan, bu ýerde önüm öndürilişinde düýpli öňegidişligiň bardygyny aýtmak bolar. Şunda kärhana täze, döwrebap enjamlaryň ençemesiniň getirilip, önümçilige ornaşdyrylmagynyň, şeýle hem öz işine yhlasly ýaş işçi-hünärmenleriň işe kabul edilmeginiň ähmiýeti uludyr. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Ýolaman Atjyýewiň ýolbaşçylyk edýän bu kärhanasynda, esasan, konditer, ýagny süýji-köke önümlerini öndürmeklige ugrukdyrylan bölümlerinde häzirki wagtda olaryň 15-e golaý görnüşi öndürilip, söwda nokatlarynyň üsti bilen alyjylara ýetirilýär. Olaryň arasynda «Petir köke», «Süle köke», «Ak köke», «Keks» we beýleki önümler bar. Olary öndürmekde bu ýerde iki sany bölüm hereket edip, olarda ýaşlaryň jemi 10-a golaýy zähmet çekýär. Olardan Hojamyrat Salaýew, Maksatmyrat Hudaýberdiýew, Aýşat Amankulyýewa, Gülzada Öwelekowa dagy öz iş orunlarynda uly yhlaslylyk görkezýärler. — Kärhanamyzda öndürilýän önümlere halkymyz tarapyndan uly isleg bildirilmegi biziň işimiziň öňe gitmegine, işçi-hünärmenlerimiziň has-da yhlasly zähmet çekmeklerine ýardam berýär — diýip, Ýolaman Atjyýew aýdýar: — Biziň döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, geljekde öz önümçiligimizi has giňeltmek, öndürýän önümlerimiziň görnüşlerini artdyrmak maksadymyz bar. Nesip bolsa, geljekde bazar şertlerinde işlemegiň talaplaryna doly jogap berýän önümçiligi ýola goýarys. Elbetde, häzirki döwürde, bazarlarymyzdaky bolçulyk ýagdaýynda öz öndüren önümleriňe hyrydar tapmak ýeňil däl. Çünki ol ýerlerde alyjylar ýokary hilli, göze ýakymly önümleri saýlap alýarlar. Bir söz bilen aýdylanda, önümleriň bäsdeşlige ukyply bolmagy esasy şerte öwrülýär. Gürrüňi edilýän kärhananyň işgärleri hem muňa oňat düşünýärler. Muny olaryň öndürýän önümleriniň köpüň göwnüne ýaraýandygy-da subut edýär.

27.08.2024 458
Ykdysadyýet

Halkymyzyň arasynda bagbançylyk bilen meşgullanýan adamlara hemişe hormat-sarpa goýulýar. Zähmetsöýer bagbanlarymyzyň alyn derini ene topragymyza siňdirip ýetişdiren ir-iýmişleridir miweleriniň hasabyna bazar bolçulygy, saçaklarymyzyň berekedi artýar. Bu gün bag ekmek ýaly sogaply işe dürli kärde zähmet çekýän ynsanlar hem baş goşýarlar. Olaryň çekýän gaýratly zähmeti netijesinde, ene topragymyzda bişip ýetişýän miweleriň görnüşleri-de, mukdary-da ýylsaýyn artýar. Şeýle asylly işe baş goşanlaryň biri-de Baýramdurdy Atabaýewdir. Ol käri boýunça mugallym. Baýramdurdy mugallym birnäçe ýyl mundan öň ýanýoldaşy, Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «8-nji mart» daýhan birleşiginiň kärendeçisi Gülşat Annamädowanyň kärende ýeriniň bir bölegini bagçylyga öwürmegi ýüregine düwdi. Mugallymyň bu pikirini daýhan birleşiginiň ýolbaşçylary, oba adamlary goldadylar. Zähmetsöýer mugallym tiz wagtda ýeri bag nahallaryny ekmäge taýýarlady, erik, şetdaly, garaly, ülje, beýi, alma, armyt nahallarynyň hersinden onlarça düýbüni göni hatarlar boýunça belli çäk aralygynda oturtdy, wagt tapdygy, yhlas bilen olaryň idegini ýetirdi. Agzybir hem zähmetsöýer maşgalanyň bagy bu gün uly ýoluň boýuna aýratyn görk berip, özüniň datly miwelerini eçilip otyr. Etrabyň merkezine ýakynlaberen ýeriňde, uly ýoluň gyrasynda Baýramdurdy mugallymyň yhlasly zähmetini siňdirip ýetişdiren bagyny indi «Baýramyň bagy» ýa-da «Mugallymyň bagy» diýip atlandyrýarlar. Bu bagda her bir miweli daragtyň 4-5 görnüşi bolup, olaryň ir bişeri-de, giç bişeri-de, aralyk wagtda öz bol miwesini eçilýäni-de bar. Baýramdurdy mugallymyň bagçylyk boýunça tejribesi  ýylsaýyn artýar. Ol sapma usulynda miweli daragtlarynyň görnüşini köpeldýär. Baýramdurdy mugallym 2023-nji ýylda «Ýylyň bagbany» bäsleşigine gatnaşyp, welaýat boýunça 2-nji orna mynasyp boldy. Ol bagbançylygy mugallymçylyk kärine ýakyn görýär. Özüniň päk zähmeti bilen bu durmuşy süýjedip, manyly ömür sürmegiň göreldesini görkezip ýaşaýar.

22.08.2024 416
Ykdysadyýet

Garaşsyz ýurdumyzyň taryhynda öçmejek yz galdyrýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň güýzlük bugdaý ekişi möwsüminiň golaý gelmegi bilen, oňa doly taýýarlykly girişmeklige gönükdirilen çäreler ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly Daşoguz welaýatynda-da ýokary depginde barýar. Şunda şu mahala çenli ekin meýdanlarynda sürüm, tekizleme, suw tutmak ýaly gaýragoýulmasyz işler bilen bir hatarda, ekişe gatnaşdyrylmagy göz öňünde tutulýan tehnikalaryň, olaryň gurallarynyň talabalaýyk gözden geçirilmegine, kemçilikleriniň düzedilmegine aýratyn üns berildi. Häzirki günlerde bolsa daýhan birleşiklerinde, degişli edara-kärhanalarda bugdaý ekişini guramaçylyky amala aşyrmak boýunça ýörite meýilnamalar düzülip, işleriň bökdençsiz dowam etdirilmegine derwaýys şertler döredilýär. Şeýle möhüm işleri durmuşa geçirmek ugrunda welaýatyň Boldumsaz etrabynyň «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň işçi-hünärmenleriniň hem gaýratly zähmet çekýändikleri bellenilmäge mynasypdyr. Çünki olar kärhananyň hasabynda bar bolan sürüm hem-de bejergi traktorlaryny, olaryň iş gurallaryny abatlamaklyga, doly taýýarlyk hataryna çykarmaklyga öz wagtynda girişip, bu babatda göwnejaý netijeleri gazandylar. Şu ýylyň ekiş möwsüminde etrap boýunça 22500 gektar meýdana bugdaý ekmek meýilleşdirilip, onuň üstünlikli berjaý edilmegi, esasan, gallaçy daýhanlaryň tehniki üpjünçiligine bagly bolup durýar. Şoňa görä-de, kärhananyň hünärmenleri, mehanizatorlary, abatlaýjylary arkalaşykly zähmet çekip, öňde duran möwsüme oňat taýýarlyk gördüler. Şonuň netijesinde, dürli kysymly traktorlaryň 50-den gowragy, ekijileriň, çizelleriň 60-a golaýy taýýarlyk hatarynda goýuldy. Şeýle hem borona-malalaryň ýeterlik möçberlerini taýýarlamaklyga üns berildi. Ýeri gelende aýtsak, geçen ýyl daşary ýurtlardan satyn alnyp berlen sürüm hem-de bejergi traktorlarynyň 20-si kärhana gelip gowuşdy. Şu möwsümde olaryň güýjünden hem öndürijilikli peýdalanmak bellenilýär.

21.08.2024 371

Täze habarlar

Ykdysadyýet Ak hanalardan harman döreýär
10.10.2026   28
Jemgyýet Abadan geljegiň kepili
10.10.2026   29
Jemgyýet Mähir bulagy
09.10.2026   26
Ykdysadyýet Gymmatly ekiniň bol hasyly
09.10.2026   25
Jemgyýet Sagdynlygyň gözbaşy
08.10.2026   22
Ykdysadyýet Bugdaý ekişi ýokary depginde
08.10.2026   24
Jemgyýet Ajaýyp Döwrüň görkana obalary
07.10.2026   25