Dashoguz.live – Täzelikler Portaly
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Ykdysadyýet

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda şalynyň bol hasylyny ýygnap, Watan harmanyna goşmagy maksat edinen Daşoguz welaýatynyň şalyçy daýhanlary, kombaýnçylary häzirki günlerde bu ugurda öndürijilikli iş alyp barýarlar. Olaryň ýadawsyz zähmeti bilen kabul ediş bölümlerine gündelik tabşyrylýan şalynyň mukdary barha artýar. Belli bolşy ýaly, şu ýyl hem bu iş welaýatda şalynyň esasy ýetişdirilýän ýeri bolan Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň şalyçylarynyň paýyna düşdi. Şeýlelikde, bu ýerde göz öňünde tutulan 8100 gektar şaly meýdanynda degişli işler göwnejaý alnyp baryldy. Şonda etrabyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde 4450, «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginde 3150, «Ykbal açary» daýhan hojalygynda hem 500 gektar meýdana şaly ekilip, kadaly gögerişiň gazanylmagy bilen, ideg çärelerine uly üns berildi. Munuň özi şol ýerlerde saldamly hasylyň ýetişdirilmegine hem-de ony ýitgisiz ýygnap almaklyga gönükdirilen işlere öz wagtynda girişilmegine şert döretdi. Etrabyň şu hojalyklarynyň çäklerindäki şaly meýdanlarynda orak işleri bökdençsiz dowam etdirilýär. Bu babatda etrap «Obahyzmat» kärhanasyna degişli kuwwatly kombaýnlaryň, şeýle hem döwlet we hususy ulaglaryň ýüzlerçesiniň güýjünden peýdalanylýar. Olara erk edýän kombaýnçylaryň, ulag sürüjileriň örän yhlasly zähmet çekýändiklerini-de bellemek gerek. Bu bolsa bereketli şaly hasylynyň öz wagtynda ýygnalyp alynmagyny üpjün eder.

16.10.2024 372
Ykdysadyýet

Gadymy Nalajyň gyryny etekläp oturan oba Harmanjyk obasy diýýärler. Ol Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Aşyr Kakabaýew adyndaky şäherçesiniň çäginde ýerleşýär. Bu obanyň gözel görnüşi bar. Obanyň gündogar tarapyndan geçýän ýoldan barýarkaň seretseň, gyryň depesi bilen başyny deňläp oturan boý dereklerdir dürli miweli baglarda gözüň eglenýär. Melleklerdäki bag-bakjalar oba adamlarynyň janypkeşliginden habar berýär. Oba gelýän ýoluň sag tarapyndaky 2 gektara golaý meýdany tutup oturan baga Çopan aganyň bagy diýýärler. Zandy daýhan bolup, ýerden bereketli hasyl almagyň nusgasyny görkezen Çopan Mädeminow mundan 20 ýyl töweregi ozal bu baglaryň düýbüni tutýar. Şeýlelikde, ol irginsiz zähmeti, erjelligi bilen, bagbançylykda hem özüni tanadýar. Çopan aga bu baglaryň datly miwesini her ýyl özüniň obadaşlaryna dadyrýar. Bu sahawatly kişiniň bu edähedini häzirki wagtda uludan-kiçä hemme ýatlaýar. Häzirki günlerde Çopan aganyň bu däbini onuň körpe ogly Söýünmämmet Mädeminow ýöredýär. «Ata kesbi-ogla halal» diýen ýörelgä eýeren Söýünmämmet bagbançylygyň abyny-tabyny kemsiz ele alypdyr. — Baglara yzygiderli ideg etmeli bolýar. Onuň işi ýylyň dört pasly üçin hem ýeterlik. Bagdan gözüňi sowdugyň, ol görkünem, hasyl bermesinem kemeldýär. «Daýhany ýer ekleýär» diýlişi ýaly, bagbany hem bagy ekleýär. Bir tarapdan, baglar tebigatymyza, daş-töweregimize aýratyn görk berýän bolsa, ikinji tarapdan, ol biziň gazanç çeşmämiz. Şonuň üçin oňa aýratyn yhlas bilen seretmeli. Her daragta etmeli idegiň öz aýratynlygy bar. Käbir daragtlara tut kesen ýaly dözümliräk daramaly, käsine bolsa kesim asyl ýaramaýar. Şu iki gektara golaý bagda miweli agaçlaryň görnüşlerini sapma usulynda artdyrmaga çalyşýaryn. Häzir şu ýerde erigiň 10-dan gowrak görnüşi miwe getirýär. Baharyň ahyrky aýyndan güýzüň ortaky aýyna çenli erigiň dürli görnüşlerini ter görnüşde bagdan alyp iýip bolýar. Erigiň birnäçe görnüşini ata-babadan gelýän usula eýerip, saýa ýerde ýörite çykalan gamşyň üstüne serip, kak edýäris. Kak edilen erik kişdesiniň adam saglygy üçin örän uly peýdasy bar. Ol dürli sökellikleriň öňüni alýar. Çaýa ýa-da nahara atylyp iýlende, ol oňat huruş bolýar. Bagymyzda erikden başga alma, armyt, garaly, şetdaly, ülje, üzüm ýaly dürli miweli daragtlarymyz hem bar. Bular hem ýylyň dürli paslynda özleriniň datly miwelerini getirip, berekedini eçilýär. Bagyň daş-töwereginde 500-e golaý derek ýetişdirdim. Ol ir bahar bagy sowukdan, ýelden goramakda oňat gorag bolup hyzmat edýär. Bagbançylyk hysyrdyly iş. Munda hemişe gözlegde bolmaly. Daragtlary sagdyn we hasylly saklamak üçin tejribäňi yzygiderli artdyrmaly. Bagbançylykda ýüze çykýan täzelikler bilen içgin tanyşmaly bolýar. Biz goňşy obalardaky bagbanlar Gurbangeldi Garabalow, Aýsoltan Sazakowa dagy bilen duşuşyp, bagbançylykda ýüze çykýan meseleler barada maslahatlaşyp durýarys — diýip, öz işine yhlasly bagban Söýünmämmet Mädeminow aýdýar.

15.10.2024 350
Ykdysadyýet

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny guwandyryjy zähmet üstünliklerine beslemegi maksat edinen Daşoguz welaýatynyň pagtaçylary atyzlardaky hasyly çalt hem-de ýitgisiz ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmak ugrundaky aladalaryň depginini günsaýyn güýçlendirýärler. Olar ýurdumyzda ak-altynyň bol hasylyny ýygnap almak babatdaky işleriň berjaý edilmegine mynasyp goşant goşmaklyga döredilýän mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanmak bilen, gündelik ýokary netijeleri gazanýarlar. Häzirki döwürde pagta ýygymyny guramaçylykly alyp barmak babatda welaýatyň Akdepe etrabynyň ezber babadaýhanlarynyň, olara zerur ýardamlary berýän adamlaryň bitirýän işleri-de bellenilmäge mynasypdyr. Olar şu günleriň amatly pursatlarynyň ähmiýetine, gadyr-gymmatyna oňat düşünmek bilen, ak hanalara bürenip oturan meýdanlarda hasyl ýygymynda, ony harmana daşamakda, bökdençsiz kabul etmekde gujur-gaýratlaryny gaýgyrmaýarlar. Munuň şeýledigine etrabyň daýhan birleşiklerinde ýygymyň barşy bilen tanyş bolanyňda, kabul ediş bölümlerine barýan, ak pagtadan ýüki ýeten ulaglary göreniňde anyk göz ýetirmek bolýar. Etrabyň Rejepguly Ataýew adyndaky daýhan birleşiginiň ekin meýdanlarynda, ýollarynda hem bu görnüşlere syn etmek, pagtaçylaryň, mehanizatorlaryň agzybirlikli, işjeň hereketlerine gabat gelmek kyn däl. Sebäbi olar şu ýylyň başyndan bäri yhlasly, arkalaşykly çeken zähmetleri bilen kemala getirilen bereketli hasyly öz wagtynda ýygnap almagyň aladasy bilen ýaşaýarlar. Daýhan birleşiginiň baş agronomy Meretmämmet Amanowyň aýtmagyna görä, şu ýyl bu hojalykda 1500 gektar meýdanda ähli derwaýys çäreleriň talabalaýyk ýerine ýetirilmegi bilen, oňat pagta hasyly ýetişdirilipdir. Şunlukda, ony çalt ýygnap almak boýunça taýýarlyk işlerine ýeterlik üns berlip, oňa irki möhletlerde girişilipdir. Şonuň netijesinde, birleşikde pagta ýygymynyň depgini bada-bat ýokary göterilipdir. Munuň şeýledigine kärendeçiler toparlarynyň haýsy biriniň gowaça meýdanlaryna barsaň hem şaýat bolmak mümkin. Şonda Oraz Öräýewiň, Röwşen Babaýewiň ýolbaşçylygyndaky 12,13-nji kärendeçiler toparlarynyň agzalarynyň has-da oňat görelde görkezýändiklerini bellemek bolar. Birleşikde öňdebaryjylaryň hatarynda ady agzalan, Röwşen Babaýew tarapyndan baştutanlyk edilýän kärendeçiler toparynda şu ýyl 194 gektar meýdanda gowaçanyň bol hasylyny kemala getirmek boýunça derwaýys işler geçirilendir. Toparyň agzalarynyň ýadawsyz zähmetleriniň oňat netijeleri berendigini häzirki wagtda olaryň kärende meýdanlaryndaky bitgin düýpler, olaryň şahalaryny dolduryp duran, açylan gozalar, ýetişen köp sanly körekler hem subut edýär. Bu ýerde pagta ýygymyny öndürijilikli alyp barýan Orazmämmet Babaýew, Guwanç Ämedow ýaly kärendeçi daýhanlaryň yhlasynyň bol hasyla öwrülendigi olaryň atyzlarynyň özleri aýdyň görkezýär. Şeýle yhlasly kärendeçileriň tagallalary bilen birleşikde ähli hasylyň ýitgisiz ýyglyp, döwlet harmanyna tabşyrylmagyna şert döredilýär.

15.10.2024 367
Ykdysadyýet

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň güýz paslynyň häzirki günlerinde gallaçy daýhanlaryň iş-aladalarynyň ýetikdigi hemmelere mälimdir. Çünki olar şu döwürde geljek ýylyň bol bugdaý hasylynyň düýbüni ykjam tutmaklygy, ýagny atyz-meýdanlarda ene topraga bereket tohumlaryny atmaklygy ýokary depginlerde dowam etdirýärler. Şeýlelikde, endigan ekiş geçirilen meýdanlar barha artýar. Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginiň kärendeçi daýhanlarynyň hem şeýle möhüm çäräni amala aşyrmakda ähli mümkinçiliklerden önjeýli peýdalanmak bilen, ýokary netijeleri gazanýandyklaryny bellemek bolar. Olar şu möwsümde 525 gektar meýdana bugdaý ekmegi maksat edinip, bu babatda ähli taýýarlyk işlerine aýratyn üns beripdirler. Bu hem ekişi bada-bat güýçli depgine çykarmaklyga şert döredipdir. Ýeri gelende aýtsak, bu daýhan birleşiginiň başarjaň kärendeçileri şu ýylyň orak möwsüminde döwlete galla tabşyrmak baradaky meýilnamalaryna ilkinjileriň hatarynda hötde gelmek bilen, Watan harmanyna jemi 1400 tonnadan gowrak guşgursak bugdaý goşup, uly üstünlige eýe bolupdyrlar. Munuň olary has-da gujur-gaýratly zähmet çekmäge ruhlandyrandygyna häzirki günlerde bu ýerde bugdaý ekişiniň barşyna syn edeniňde hem anyk göz ýetirmek bolýar. Elbetde, şu mahala çenli birleşigiň gallaçylarynyň ençemesiniň kärende ýerlerini irki möhletlerde ekişe birkemsiz taýýarlap, bu işi talabalaýyk berjaý edendiklerini-de nygtap geçmek gerek. Şeýle öňdebaryjy, göreldeli kärendeçileriň arasynda Täzebaý Rejebow, Merjen Ýegennazarowa we beýlekiler bar. Olaryň gözegçilik edýän meýdanlarynda hatasyz gögeriş alnyp, ýaşajyk maýsalar töwerege bezeg berýär. Maglumatlardan görnüşi ýaly, bu daýhan birleşiginde şu möwsümde jemi 274 sany gallaçy kärendeçiniň bugdaý meýdanynda ekiş geçirmek bellenildi. Ýokarda aýdyşymyz ýaly, häzirki döwre çenli olaryň onlarçasynyň ýerlerinde bu iş ýokary hilli ýerine ýetirilipdir. Bu ýerde bugdaý ekişiniň depgininiň günsaýyn ýokary göterilýändigi olaryň sanynyň barha köpelmegine ýol açýar.     Türkmenistanyň Prezidentiniň gallaçylar üçin döredýän şertleri, berýän goldawlary kärendeçi daýhanlaryň öz işlerine, ene toprakdan bol hasyl öndürmeklige bolan höweslerini artdyryp, olara güýç-kuwwat bagyş edýär. Munuň şeýledigini olaryň şu möwsümde bugdaý ekişinde gazanýan netijeleri hem aýdyň tassyklaýar.

09.10.2024 354
Ykdysadyýet

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 910 gektar meýdanda gaýratly zähmet çekip, «ak altynyň» bereketli hasylyny ýetişdiren Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Hüdük Myradow adyndaky daýhan birleşiginiň kärendeçileri welaýatymyzda pagta ýygymy badalga alan gününden bu derwaýys işe giň gerim berdiler. Şeýlelikde, olar güýz paslynyň häzirki günleriniň her bir pursadyndan ýerlikli peýdalanyp, pagta meýdanlarynda yhlasly iş alyp barýarlar. Şonuň netijesinde başarjaň kärendeçileriň pagta kabul ediş bölümine getirýän «ak altyn» hasylynyň möçberi barha artyp, harmanlary günsaýyn belende galýar. Şu ýyl hojalygyň pagtaçy kärendeçileri has-da yhlasly zähmet çekýärler. Çünki Türkmenistanyň  Prezidentiniň özleri barada uly alada edip, pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhlaryny ýokarlandyrmak bilen beren goldawy olaryň işjeňligini artdyrypdyr. Şeýlelikde, kärendeçiler toparlarynyň ählisinde gowaça ideg etmek boýunça bellenilen çäreler öz wagtynda, ýokary hilli ýerine ýetirilip, olaryň göwnejaý ösüşine, hasyl toplamagyna şert döredilipdir. Häzirki wagtda pagta meýdanlarynda ak hanalara bürenip oturan bitgin gowaça düýpleri muňa doly güwä geçýär. Şu günlerde daýhan birleşiginiň kärendeçiler toparlarynyň haýsy birinde bolsaň hem, pagta ýygymynyň ýokary depginde barýandygyny görmek mümkin. Bu işiň Arazbaý Kakajanowyň, Baýramgeldi Nepesowyň ýolbaşçylyk edýän toparlarynda has-da guramaçylykly dowam edýändigi bellenilmäge mynasypdyr. Sebäbi olaryň agzalary özlerine berkidilen meýdanlarda pagta ýygymyna ilkinjileriň hatarynda girişip, şu mahala çenli öňdeligi gazanyp gelýärler. Arazbaý Kakajanowyň ýolbaşçylygyndaky 1-nji kärendeçiler toparynda pagta ýygymynyň barşy bilen tanyşanymyzda, berlen maglumatda bellenilişi ýaly, şu ýyl toparyň agzalary 193 gektar meýdanda «ak altynyň» bol hasylyny ýetişdirmek ugrunda agzybirlik bilen zähmet çekip, olaryň köpüsi her bir zerur çäräniň talabalaýyk geçirilmegine aýratyn üns berip, bu babatda ýokary netijelere eýe bolupdyrlar. Ýeri gelende aýtsak, bu toparda Erikgül Paltaýewa, Güljan Annaýewa, Jeren Goçowa ýaly tejribeli, ene topraga çynlakaý hyzmat etmegi başarýan kärendeçi daýhanlar bolup, olar şu ýyl hem bu ugurda köplere görelde bolmagy başarypdyrlar. Şunlukda, olar häzirki döwürde özleriniň 10 —13 gektardan ybarat kärende ýerlerinde dowam edýän pagta ýygymynda hem uly yhlaslylyk görkezýärler. Bu bolsa kärendeçi daýhanlaryň birleşigiň gazanýan gündelik ösüşiniň önjeýli bolmagyna saldamly goşant goşmaklaryna ýardam berýär. Elbetde, bu ýerde pagta ýygymynyň şeýle öndürijilikli alnyp barylmagynda taýýarlanylan hasyly kabul ediş bölümine daşaýan mehanizatorlaryň hem mynasyp paýlarynyň bardygyny nygtamak zerur bolup durýar. Çünki olar gije-gündiziň islendik pursadynda kärendeçiler toparlarynda bolup, ýyglan pagtany bellenilen ýere ýetirmekde uly kömek berýärler. Bu babatda etrap pagta arassalaýjy, «Obahyzmat» önümçilik kärhanalarynyň mehanizatorlarynyň yhlasly zähmetleri birleşigiň ýolbaşçylarynda-da, kärendeçi daýhanlarda hem hoşallyk döredýär. Şan-şöhrata beslenýän şu ýylda birleşigiň kärendeçi daýhanlary Watan harmanyna jemi 1770 tonna ýokary hilli pagta goşmagy meýilnama hökmünde kabul edýärler. Şunlukda, olar bu belent sepgide ýetilmeginiň diňe bir öz zähmetleriniň ýerine düşmegi hasaplaman, eýsem, uly abraýdygyna, bildirilýän ynamy ödemegiň alamatydygyna oňat göz ýetirýärler. Bu hem olaryň güýjüne güýç goşýar.

08.10.2024 362
Ykdysadyýet

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň pagtaçy kärendeçileri häzirki jogapkärli möwsümi ýokary depginlerde alyp barýarlar. Etrabyň pagta arassalaýjy kärhanasyna degişli bolan traktorlaryň 24 sanysy, tirkegleriň 48 sanysy taýýar hasyly pagta kabul ediş harmanhanalaryna daşamakda peýdalanylýar. Şeýle hem pagta kabul ediş harmanhanalaryň 7 sanysy daýhanlaryň ýetişdiren hasylyny bökdençsiz kabul edýär. Ähli işleriň utgaşykly alnyp barylmagy netijesinde «ak altyn» harmanlary barha beýgelýär. Bellenen ýyllyk meýilnamany berjaý eden kärendeçilerden etrabyň «Derýalyk» daýhan birleşiginden Altyn Kylyçowa, Nazokat Durdymyradowa, «Täzegüýç» daýhan birleşiginden Magsat Meredow, «Kyrkgyz» daýhan birleşiginden Oguljemal Musaýewa, «Watan» daýhan birleşiginden Bossan Sähedowa, Ýazgül Agabaýewa, «Akderýa» daýhan birleşiginden Üzümgül Mätgurbanowa, «Zaman» daýhan birleşiginden Göwher Gölbaýewa, Güljahan Baýramowa dagyny görkezmek bolar. Bu kärendeçileriň gazanan ýokary netijeleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň toýuna mynasyp zähmet sowgady boldy.

04.10.2024 324
Ykdysadyýet

Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynda hem pagta ýygymy ýokary depginlerde barýar. Etrabyň pagtaçy daýhanlary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda köp zähmet siňdirilip ýetişdirilen hasyly çalt hem-de ýitgisiz ýygnap alyp, Watan harmanyna goşmak ugrundaky aladalary turuwbaşdan giň ýaýbaňlandyryp, guwandyryjy netijelere eýe bolýarlar. Etrabyň Magtymguly Garlyýew adyndaky daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçileriniň häzirki döwürde ir ertirden giç agşama çenli atyz-meýdanlarynda öndürijilikli zähmet çekip gazanýan öňegidişlikleri-de, muňa mysal bolup biler. Ýeri gelende aýtsak, olar şu möwsümde 1430 gektar meýdandan 2817 tonna «ak altyn» ýygnamagy göz öňünde tutýarlar. Şeýlelikde, daýhan birleşiginiň kärendeçiler toparlarynyň ählisinde ýygymyň guramaçylykly alnyp barylmagy her günde onlarça tonna pagtanyň kabul ediş bölümine ugradylmagyna şert döredýär. Şonda tejribeli kärendeçilerden Isgender Hudaýkulyýewiň, Allanur Allanurowyň, Jumagül Gurbanowanyň we beýlekileriň oňat görelde görkezýändiklerini bellemek bolar. Daýhan birleşiginiň gowaça meýdanlarynda hasyl näçe diýseň bar. Munuň özi ýygymyň depginini has-da ýokarlandyrmaga, şeýlelikde, öňde goýlan maksatlara ýetilmegine ýol açýar.

24.09.2024 464
Ykdysadyýet

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň gallaçy kärendeçileri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda döwlete bugdaý tabşyrmakda gazanan üstünlikleri bilen ruhlanyp, häzirki günlerde täze ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini guramaçylykly alyp barýarlar. Etrap boýunça şu möwsümde 17,5 müň gektar meýdana bugdaý tohumynyň sepilmegi göz öňünde tutulyp, bu işiň bada-bat ýokary depgine eýe bolmagy guwandyryjy netijeleri berýär. Şeýlelikde, her günde 280-300 gektar meýdanda ekiş oňat hilli amala aşyrylýar. Ekişde etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň sürüm, bejergi traktorlarynyň 50-den gowragynyň, bugdaý ekijileriniň 30-a golaýynyň, şonuň ýaly-da daýhan birleşiklerine degişli tehnikalaryň güýjünden öndürijilikli peýdalanylmagy şeýle öňegidişlikleriň gazanylmagyny üpjün edýär. Bugdaý ekişinde etrabyň «Akgala», «Hakykat», «Akderýa», «Galkynyş» daýhan birleşikleriniň gallaçy kärendeçileri has öňe saýlanýarlar. Etrabyň çäklerinde irki möhletlerde ekiş geçirilen meýdanlar hatasyz gögeriş berýär.

23.09.2024 357
Ykdysadyýet

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň pagta ýygymy möwsümine badalga berlen gününden Daşoguz welaýatynyň kärendeçi daýhanlary, daýhan hojalyklarynyň agzalary şu ýyl atyzlarda ýetişdirilen bereketli hasyly çalt hem-de ýitgisiz ýygnap alyp, Watan harmanyna goşmak ugrundaky aladalary giň gerimde ýaýbaňlandyrdylar. Şeýlelikde, häzirki günlerde etraplaryň, daýhan birleşikleriň ählisinde, «ak altynly» meýdanlarda joşgunly zähmet barha ýokary depgine eýe bolýar. Boldumsaz etrabynyň pagtaçy daýhanlarynyň hem bu jogapkärli möwsümde aýratyn gaýratlylyk görkezýändiklerini bellemek ýerliklidir. Çünki olar 20,5 müň gektar meýdanda ýetişdirilen «ak altyny» ýygnamak işine öňdäkileriň hatarynda guramaçylykly girişip, oňa ähli gujur-gaýratlaryny gönükdirdiler. Şeýlelikde, etrabyň zähmetsöýer pagtaçylary Beýik Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramynyň öň ýanyndaky häzirki ýakymly, dabaraly günlerde öz yhlasly zähmetleri bilen oňat görelde görkezmegi başarýarlar. Munuň özi döwlet harmanyna gündelik tabşyrylýan pagtanyň barha artmagyna şert döredýär. Pagta ýygymyny öndürijilikli alyp barmakda etrabyň «On ýyl abadanlyk», «Türkmenistan», «27-nji oktýabr», «Döwletli», «Gubadag» daýhan birleşikleriniň we başga-da birnäçe hojalyklarynyň pagtaçy daýhanlarynyň has-da tapawutlanýandyklaryny nygtamak bolar.

18.09.2024 327
Ykdysadyýet

Hormatly Prezidentimiziň ak patasy bilen, Daşoguz welaýatynda pagta ýygymyna badalga berildi Türkmenistanyň Prezidenti 6-njy sentýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde edermen pagtaçy kärendeçilerimiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gowaçanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirendiklerini belläp, ýurdumyzda pagta ýygymy möwsümine ak pata berdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak patasyndan ruhlanan Daşoguz welaýatynyň edermen pagtaçy kärendeçileri hem 11-nji sentýabrda pagta ýygymyna uly ruhubelentlik bilen girişdiler. Ak pagta halkyň milli baýlygydyr. Ýurdumyzda dokma senagatynyň esasy çig maly bolup durýan pagtanyň her ýylda bol hasyly öndürilýär. Şu ýyl hem welaýatyň edermen pagtaçy kärendeçileri 140 müň gektar meýdana gowaça ekip, ondan 275 müň tonna hasyl almagy maksat edinýärler. Arzyly sepgide ýetmek ugrunda çekilen yhlasly zähmetiň netijesinde bu gün giň meýdanlarda ak pagtanyň bol hasyly ýetişdirildi. Pagta ýygymy möwsümine badalga berilmegi mynasybetli Daşoguz welaýat häkimliginde geçirilen maslahat dabaraly çäreleriň badalgasy boldy. Maslahatda, ilki bilen, welaýatyň häkimi Döwletgeldi Babaýew çykyş edip, pagta ýygymy möwsümine badalga berilmegi bilen ähli oba hojalyk işgärlerini, pagtaçy kärendeçileri tüýs ýürekden gutlady. Soňra bu ýerde çykyş edenler şanly ýylda pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça ýerine ýetirilen işler barada aýratyn durup geçdiler. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň fewral aýynda gol çeken Kararyna laýyklykda, pagtanyň döwlet satyn alyş nyrhy ýokarlandyryldy. Ýurdumyzda ýer eýelerini ykdysady taýdan goldamak maksady bilen durmuşa geçirilýän özgertmeler kärendeçi daýhanlary has-da yhlasly zähmet çekmäge höweslendirýär. Çykyş edenler bular barada hem buýsanç bilen belläp geçdiler. Soňra kalby buýsançly bagtyýar ildeşlerimiz ajaýyp zähmet baýramçylygynyň badalga alýan ýerine — Şabat etrabynyň Sadylla Rozmetow adyndaky paýdarlar jemgyýetiniň bol hasylly pagta meýdanyna ýygnandylar. Bu ýerdäki görkana toý döwresi dabaralaryň geçirilýän esasy merkezine öwrüldi. Güýzüň altyn öwsüp, gökden dogup gelýän nurly Güneşi ak pagtaly meýdana ajaýyp öwüşgin çaýýan ýalydy. Dabara mynasybetli dikilen ak öýleriň hatary, toý çadyrlarynda pişme bişirýän gelin-gyzlar, säher bilen ojaga ot goýberip, toý saçagynyň milli tagamlaryny taýýarlaýan aşpezler hakyky türkmen toýuny ýadyňa salýar. Dokma we oba hojalyk önümleriniň, tohumçylyk hojalyklarynda taýýarlanylan tohumlaryň dürli görnüşleriniň giň gerimli sergisi köpleriň ünsüni özüne çekdi. Dabaranyň badalga alýan ýerinde il sylagly ýaşulularyň «Bismillasy» bilen pagta ýygymy möwsümine badalga berildi. Şowhunly el çarpyşmalaryň astynda ilkinji hanalardan ak pagtalar ýygnalyp başlandy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda edermen pagtaçy kärendeçilerimiziň yhlas siňdirip ýetişdiren bol pagta hasylyny guramaçylykly ýygnap almakda daýhanyň daýanjy hasaplanýan kombaýnlaryň 205-siniň güýjünden netijeli peýdalanmak göz öňünde tutulýar. Bu bolsa oba zähmetkeşleriniň ýetişdiren bol pagta hasylyny soňky hanasyna çenli yrýa etmän ýygnamakda uly ýardam eder. Şeýle hem möwsümiň dowamynda 9 sany pagta arassalaýjy kärhana, 24 harmanhana, 472 meýdança we 27 sany terezi gije-gündizleýin işlediler. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan zähmet baýramçylygy welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen dabaralandyryldy. Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artistleriniň edebi-sazly kompozisiýasy has-da täsirli boldy. Şeýle hem bu ýerde sportuň dürli görnüşleri boýunça guralan görkezme çykyşlary şowhunlylygy bilen tapawutlandy. Ýaglyga towusmak, göreş tutmak ýaly milli oýunlar hem giňden ýaýbaňlandyryldy. Soňra ilkinji pagta hasyly ýüklenen awtoulaglar Köneürgenç etrabynyň pagta arassalaýjy kärhanasyna geldiler. Milli däplerimiz esasynda dabaraly ýagdaýda garşylanan pagta ýükli maşynlaryň «ak kerweni» dabara aýratyn many-mazmun çaýdy. Döwrebap pagta arassalaýjy kärhananyň giň howlusynda ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlar, milli gymmatlyklarymyzyň, dokma önümleriniň sergisi, hatara dikilen ak öýler dabara milli öwüşgin çaýdy. Welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bu ýere gelenleriň göwün guşuny ganatlandyrdy. Soňra dabara gatnaşyjylar ilkinji pagta hasylyny kabul edýän tehnikalaryň hereketlerini uly höwes bilen synladylar. Şowhunly el çarpyşmalar bilen ilkinji pagta hasyly kabul edilip başlandy. Dabara gatnaşyjylar soňra bu ýerde pagtanyň gaýtadan işlenilişi, ony çig mal derejesine ýetirmekde döwrebap kärhananyň bölümlerinde alnyp barylýan işler bilen ýakyndan tanyşdylar. Şeýle hem dabaranyň dowamynda öňdebaryjy pagtaçy kärendeçilere sowgatlar gowşuryldy. Pagta ýygymyna badalga berilmegi mynasybetli geçirilen dabaralardan soňra, türkmen halkynyň Milli Lideri  Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň döwletli tutumlarynyň rowaçlyklara beslenmegi, kärendeçi daýhanlarymyzyň ýerden bol hasyl alyp, şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmegi dileg edilip, toý sadakasy berildi. Welaýatda şatlyk-şowhuna beslenen dabaralar ajaýyp zähmet baýramçylygyna öwrüldi.

12.09.2024 387

Täze habarlar

Jemgyýet Baýramçylyk dabarasy
05.10.2026   9
Jemgyýet Dünýäde ykrarly bedew
03.10.2026   51
Jemgyýet Täze maksatlara aýdyň ugur
02.10.2026   24
Jemgyýet «Ak altyn» ussatlaryna medeni hyzmat
02.10.2026   26
Ykdysadyýet Ekiş ýokary depginde
02.10.2026   29
Jemgyýet Döredijilik sergisi
01.10.2026   26
Jemgyýet Dabaraly maslahat
30.09.2026   23