Dashoguz.live – Täzelikler Portaly
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Ykdysadyýet

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň güýzki bag ekmek möwsümine uly dabaralar bilen badalga berilmegi Daşoguz welaýatynyň şäherdir obalarynda hem bu ugurdaky çäreleriň giň ýaýbaňlandyrylmagyna ýol açdy. Şeýlelikde, häzirki döwürde welaýatyň Daşoguz şäherinde we etrap merkezlerinde, oba geňeşlikleriniň çäklerinde saýaly, miweli, pürli agaç nahallaryny oturtmaklyga, olaryň ozal bar bolanlaryna ideg etmeklige aýratyn üns berilýär. Bag ekmek çärelerine jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, edara-kärhanalaryň işgärleri, talyp ýaşlar, il sylagly ýaşulular, oba geňeşlikleriniň, daýhan birleşikleriniň hünärmenleri uly höwes bilen gatnaşýarlar. Şonuň netijesinde bellenilen ýerlerde agaç nahallarynyň göni hatarlary peýda bolup, täze baglaryň, bag-bakjaly meýdanlaryň döredilmeginiň berk binýady tutulýar.

13.11.2024 299
Ykdysadyýet

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň güýz paslynyň amatly günlerinde gaýratly zähmet çekip, ene topraga bugdaý tohumyny taşlan kärendeçi daýhanlaryň ekin meýdanlary häzirki döwürde ýaşyl öwüsýän maýsalary bilen hemmeleriň ünsüni çekýär. Olarda geljek ýylyň bereketli hasylynyň alamatlaryny, berk binýadyny görýän gallaçylar öz iş depginlerini gowşatman, ideg çärelerine girişýärler. Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň «Ýagtylyk» daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileri hem şu ýylyň bugdaý ekişi möwsümini öndürijilikli, guramaçylykly alyp bardylar. Şonuň netijesinde hem olar 930 gektar meýdanda bu işi talabalaýyk berjaý edip, bellenilen meýilnamany öz wagtynda ýerine ýetirdiler. Munuň özi birleşigiň gallaçylarynyň tutanýerli zähmetiniň beren guwandyryjy miwesi boldy. Bugdaý ekişine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmegi, ýagny meýdanlarda sürüm, tekizleme, suw tutmak ýaly çäreleriň öz möhletlerinde hem-de ýokary hilli amala aşyrylmagy bu möhüm çäräniň depginini turuwbaşdan güýçlendirmäge şert döredipdir. Şunlukda, ekiş öndürijilikli dowam etdirilip, onuň göz öňünde tutulan möhletde tamamlanylmagy üpjün edilipdir. Bu babatda etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň, şonuň ýaly-da daýhan birleşiginiň mehanizatorlarynyň aýratyn yhlaslylyk görkezendiklerini nygtamak gerek. Ýurdumyzda  kuwwatly traktorlaryň, olaryň ekiş gurallarynyň yzygiderli satyn alnyp, degişli kärhanalara gelip gowuşmagy derwaýys çäreleriň öz wagtynda amala aşyrylmagyna ýakyndan goldaw berýär. Birleşikde ene toprakdan bol hasyl almagy başarýan, tejribeli kärendeçileriň köp sanlysy zähmet çekýär. Olardan Bagtgeldi Sähetgeldiýew, Nurberdi Amanow, Hojamyrat Gummanow, Agagül Annamyradowa, Ýazgeldi Saryjaýew dagyny görkezmek bolar. Şeýle zähmetsöýer kärendeçiler geçen orak möwsüminde Watan harmanyna galla tabşyrmakda uly üstünliklere eýe boluşlary ýaly, şu bugdaý ekişi möwsüminde hem öz kärende ýerlerinde irki möhletlerde topraga tohum taşlap, birkemsiz gögeriş gazandylar. Şu günlerde bolsa olar öňdebaryjylaryň hatarynda bugdaý maýsalaryna ideg etmeklige girişdiler. Şeýlelikde, gallaçy kärendeçiler olary ýerli hem-de mineral dökünler bilen iýmitlendirmeklige düýpli ähmiýet berýärler. Çünki bu çäräniň bugdaý düýpleriniň berk özüni almagyna, berdaşlanmagyna ýardam berýändigini olar iş tejribelerinden oňat bilýärler. Ýeri gelende daýhan birleşiginiň ezber mehanizatorlaryndan Amandurdy Amanmädowyň, Arazmyrat Ilamanowyň, Allanur Saryýewiň we beýlekileriň gallaçy kärendeçilere ýakyndan ýardam berýändiklerini hem aýtmak zerurdyr. Çünki olar özlerine ynanylan işleri göwnejaý ýerine ýetirip, köpleriň alkyşyna mynasyp bolýarlar. Şeýlelikde, daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileri, mehanizatorlary geljek ýylyň bol hasylynyň binýadyny tutmakda agzybirlik bilen zähmet çekýärler. Bu bolsa belent sepgitlere ýetirilmeginiň esasy şertidir.

12.11.2024 331
Ykdysadyýet

Türkmenistnyň  Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, her ýyl ýaz we güýz pasyllarynda ýurdumyzda bag ekmek möwsümlerine badalga berilýär. Munuň özi ata Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky başlangyçlaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe has-da işjeň dowam etdirilýändigini alamatlandyryp, şäherdir obalarymyzda müňlerçe düýp miweli, saýaly, pürli agaçlaryň nahallarynyň oturdylmagyna, şeýlelikde, daş-töweregiň, tebigatyň has-da gözel bolmagyna möhüm goşant goşulmagyna ýol açýar. Belli bolşy ýaly, soňky ýyllaryň dowamynda paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň töwereklerinde, welaýatlaryň çäklerinde bag ekmek, dürli görnüşli agaçlary ýetişdirmek boýunça uly işler amala aşyryldy. Şonuň netijesinde häzirki wagtda şol ýerlerde bag-bakjaly meýdanlar, uly baglar döräp, töwerege bezeg berýär. Halkymyzyň paýhasly bagbançylyk ýörelgeleriniň rowaç alýan, baglara hormat-sarpanyň artýan häzirki döwründe ýurdumyzyň dürli ýerlerinde, şol sanda Daşoguz welaýatynyň çäklerinde döredilýän baglarda tejribeli bagbanlaryň mynasyp goşantlary bar. Olar özleri barada  döredilýän şertlerden peýdalanyp, şeýle uly aladalara iş bilen jogap bermegi maksat edinip, gaýratly zähmet çekýärler. Şeýle başarjaň, baglara yhlasly adamlaryň ýadawsyzlygy bilen miweli, saýaly agaçlaryň müňlerçe düýbi ösüp ýetişýär. Daşoguz welaýatynyň bagbanlary, bag janköýerleri, ildeşlerimiziň köp sanlysy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň güýzki bag ekmek möwsümine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görýärler. Häzirki günlerde bag nahallarynyň oturdyljak meýdanlary ýene-de bir gezek gözden geçirilýär, dürli görnüşli agaç nahallary taýýarlanylýar. Bu işler bag ekmek möwsüminiň guramaçylykly alnyp barylmagyna mümkinçilik berer.

09.11.2024 358
Ykdysadyýet

Halal zähmetiň belent sarpasy Her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde  ýurdumyzda Hasyl toýy uly dabaralar bilen bellenilýär. Daýhanyň ýadawsyz zähmetine, ene topraga, ondan öndürilýän bereketli hasyla goýulýan belent hormat-sarpanyň alamaty bolan bu guwanç-buýsançdan doly toý güni her bir ynsanyň kalbynda barha çuňňur orun alýar. Ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda Daşoguz welaýatynda bu ajaýyp baýramy saldamly zähmet sowgatlary bilen garşy almak asylly däp hasap edilýär. Şundan ugur almak bilen, edermen babadaýhanlarymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem bu ýörelgä köpçülikleýin eýerdiler. Olar öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli berjaý edilmegine mynasyp goşant goşmak maksady bilen gaýratly zähmet çekip, dürli görnüşli oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirdiler. Ýylyň ilkinji hasyly bolan ak piläni ýetişdirmekde welaýatyň ýüpekçileriniň gazanan üstünligi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Çünki olar geçen ýüpek gurçuklaryny idetmek möwsüminde 507 tonnadan gowrak ýokary hilli piläni döwlet harmanyna tabşyryp, bu baradaky meýilnamany artygy bilen ýerine ýetirmegiň hötdesinden geldiler. Bu üstünlige Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň, Görogly etrabynyň «Aksaraý», Boldumsaz etrabynyň «Türkmenistan», Akdepe etrabynyň N.Andalyp adyndaky daýhan birleşikleriniň pileçi kärendeçileri has uly goşant goşdular. Daşoguz welaýatynyň  gallaçy daýhanlarynyň şu ýylda ýeten belent sepgitleri-de hemmeleri guwandyrdy. Olar  145 müň gektar meýdandan 270 müň tonnadan gowrak guşgursak bugdaýy ýygnap, Watan harmanyna goşmagy başardylar. Munuň özi şertnamalaýyn borçnamanyň abraý bilen amal edilendigini aňladýar. Bu uly zähmet ýeňşinde Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «27-nji oktýabr», Köneürgenç etrabynyň «Bereket», Boldumsaz etrabynyň «27-nji oktýabr», Şabat etrabynyň «Azatlyk» we beýleki onlarça daýhan birleşikleriniň zähmetsöýer gallaçylarynyň mynasyp paýlary bar. Şu möwsümde her gektardan 50 — 60 sentnerden geçirip galla hasylyny öndürmek bilen, köplere görelde görkezen kärendeçileriň köp bolandygyny bellemek gerek. Olaryň hatarynda Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinden Sanabar Genjäýewa, Boldumsaz etrabynyň «Döwletli» daýhan birleşiginden Garrybaý Ataşow, Görogly etrabynyň «Ýagtylyk» daýhan birleşiginden Ogulnur Gylyjowa we beýlekiler bar. Şan-şöhrata beslenýän şu ýylda welaýatyň pagtaçy, şalyçy, gök ekerançy daýhanlarynyň, bagbanlarynyň hem joşgunly zähmet çekendiklerini olaryň güýz paslynyň häzirki amatly günlerinde özleriniň gözegçilik edýän meýdanlarynda ýetişdiren hasyllaryny ýitgisiz ýygnamak bilen gazanýan netijeleri-de aýdyň tassyklaýar. Welaýatyň «ak altyn», şaly harmanlary barha beýgelýär. Munuň şeýle bolmagyna pagtaçy, şalyçy kärendeçileriň ençemesiniň mynasyp goşantlary bar. Olaryň arasynda döwlete «ak altyn», şaly tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirýän kärendeçileriň günsaýyn artýandygy örän guwandyryjydyr. Elbetde, welaýatyň pileçileriniň, gallaçy, pagtaçy, gök ekrançy daýhanlarynyň ene topraga yhlaslaryny siňdirip gazanýan üstünlikleriniň gözbaşynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmek, bu ugurda alnyp barylýan giň gerimli işlere öz goşantlaryny goşmak maksadynda janypkeşlikli zähmet çekýän kärendeçi daýhanlar, daýhan hojalyklarynyň agzalary üçin oňaýly şertleri döretmek babatdaky taýsyz tagallalarynyň, çäksiz goldawlarynyň durandygyny bellemek zerurdyr. Çünki  döredilýän giň mümkinçilikler daýhanlaryň göwünlerini galkyndyryp, has-da belent sepgitlere ýetmeklerine ýardam berýär. Hasyl toýuňyz gutly bolsun, mähriban ildeşler!

09.11.2024 394
Ykdysadyýet

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň «27-nji oktýabr» daýhan birleşiginde şaly oragy möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda daýhan birleşiginiň 319 kärendeçisi 3 müň 150 gektar ýerde şalynyň bereketli hasylyny ýetişdirdiler. Olar şu ýyl «sary altynyň» 14 müň tonnasyny Watan harmanyna goşmagy maksat edinýärler. Hojalykda orak möwsümine welaýatymyzyň «Obahyzmat» önümçilik kärhanalarynyň 60-a golaý kuwwatly kombaýnlary gatnaşýar. Ýaş şalyçy kärendeçi, TAP-nyň işjeň agzasy Arslanmyrat Ýazweliýewiň 18 gektar kärende ýerinde şol kombaýnlaryň ençemesiniň öndürijilikli işledilýändiginiň şaýady bolduk. Maksat Ýomutbaýew, Kaka Gazakow, Parahat Saparow, Sapar Durdymedow, Baýrammämmet Baýrammämmedow, Wepa Jumageldiýew, Haşym Nejimow ýaly öz işiniň ussatlary erk edýän kuwwatly kombaýnlary bilen her günde hasylyň 17-18 tonnasyny isripsiz ýygnap, şalyçylaryň alkyşyny alýarlar.

07.11.2024 378
Ykdysadyýet

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Üç kepderi geňeşliginiň çäklerinde has tapawutlanyp zähmet çekýän Yhlas Şermetow 2020-nji ýylda 116 gektar ýeri 99 ýyllyk möhlete peýdalanmaga aldy we ony agrotehnikanyň talaplary esasynda bejerip, ýylyň-ýylyna gowy netije gazanmagyň hötdesinden gelýär. Üstümizdäki ýylda Yhlas öz ýeriniň 90 gektaryna gowaça, 20 gektaryna «Sähraýy» görnüşli bugdaý ekdi. Ol Jennet Halbaýewa, Ilmyrat Şermetow, Toýlybaý Baýryýew, Merdan Annaýew, Şatlyk Berdimyradow dagy bilen agzybirlikde zähmet çekip, şol ekinlerden bol hasyl almagyň hötdesinden geldi.

04.11.2024 323
Ykdysadyýet

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň goldawlaryndan, döredip berýän şertlerinden ýerlikli peýdalanyp, gaýratly zähmet çekýän Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynyň «Döwletli» daýhan birleşiginiň kärendeçileri ene topraga göwnejaý hyzmat edip, ondan dürli görnüşli ekinleriň bereketli hasylyny öndürmekde welaýatda öňdebaryjylaryň arasynda tanalýarlar. Olar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem Watan harmanyna galla tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ilkinjileriň hatarynda üstünlikli berjaý eden bolsalar, şu günler ýetişdirilen «ak altyny» çalt we zaýasyz ýygnamak boýunça ýokary iş depginleri bilen görelde görkezýärler. Munuň oňat netijeleri berýändigini bellemek gerek. Şu ýyl birleşikde jemi 194 sany kärendeçi daýhan özlerine berkidilen meýdanlara gowaça ekip, oňa ideg etmekde yhlasly iş alyp barypdyr. Şunlukda, onuň kadaly ösmegi, hasyl toplamagy üpjün edilipdir. Bu bolsa pagta ýygymyna göz öňünde tutulan möhletlerde badalga berilmegine hem-de ähli güýjüň gönükdirilmegine şert döredipdir. Daýhan birleşiginiň ähli kärendeçiler toparlarynyň agzalarynyň hem bu babatda işjeňlik görkezendiklerini aýtmak bolar. Muňa mysal hökmünde Berdi Sapaýewiň ýolbaşçylygyndaky 4-nji kärendeçiler toparyny agzamak mümkin. Çünki şu ýyl bu ýerde 176 gektar meýdana gowaça tohumy atylyp, oňat gögeriş almak bilen, her bir zerur ideg çäresine aýratyn üns berilmegi atyzlarda şeýle bol hasylyň ýetişdirilmeginiň binýady bolupdyr. Topar ýolbaşçysynyň aýtmagyna görä, şonda bu ugurda ýeterlik tejribesi bolan köp sanly kärendeçiler öz işlerine örän jogapkärli, yhlasly çemeleşipdirler. Ýaňy ýokary hasylçy pagtaçylar hökmünde atlary agzalan Sonagül Arazmyradowa, Begnazar Täjibaýew dagynyň hem şu toparyň agzalarydygy munuň anyk delilidir. Sözümiziň arasynda nygtaýşymyz ýaly, häzirki döwürde birleşigiň pagtaçy daýhanlary atyzlardaky ähli hasyly çalt harmana getirmegiň aladasy bilen ýaşaýarlar. Bu möhüm işde olara tejribeli mehanizatorlardan Nurnepes Çaryýew, Kakamyrat Sopyýew dagynyň we beýlekileriň ýyglan pagtany kabul ediş bölümine bökdençsiz daşamak bilen, uly kömek berýändikleri hem bellenilmäge mynasypdyr. Elbetde, daýhan birleşiginiň pagtaçylarynyň öz öňlerinde belent maksatlary goýup, şeýle işjeň zähmet çekmekleriniň aňyrsynda Türkmenistanyň Prezidentiniň çäksiz goldawlarynyň durandygyny ýene-de bir sapar nygtap geçmek artykmaç bolmaz. Sebäbi olaryň haýsy biri bilen söhbetdeş bolsaň, bu baradaky guwanç-buýsançlaryny duýmak kyn däl. Şoňa görä-de, olaryň gymmatly baýlyk hasaplanylýan «ak altyny» iň soňky hanasyna çenli ýygnap, baky Bitaraplygymyzyň şanly baýramyna saldamly zähmet sowgady bilen barjakdyklaryna pugta ynam döreýär.

31.10.2024 313
Ykdysadyýet

«Türkmenstandartlary» baş döwlet gullugynyň welaýatymyzdaky düzüm birlikleriniň işgärleriniň pagta ýygymynyň häzirki gyzgalaňly dowam edýän günlerinde «Türkmenpagta» döwlet konserniniň «Daşoguzpagta» önümçilik birleşiginiň ýerlerdäki pagta kabul ediş harmanhanalarynyň işgärleri bilen birlikde, kärendeçilerden kabul edilýän pagta hasylynyň hil gözegçiligini alyp barmakda durmuşa geçirýän derwaýys işleri aýratyn bellärliklidir. Gullugyň merkezi barlaghanasynyň oba hojalyk önümleriniň synag bölüminiň işgärleriniň häzirki jogapkärli döwür bolan pagta ýygymy möwsüminde gündelik alyp barýan wajyp işleri bilen ýakyndan tanyşmak maksady bilen, «Daşoguzpagta» önümçilik birleşiginiň Boldumsaz etrabynyň Gubadag pagta arassalaýjy kärhanasynyň «Pagtaçy» pagta kabul ediş harmanhanasynda iş saparynda bolanymyzda, hatar-hatar bolup, harmanhana golaýlap gelýän üsti «ak altynly» awtoulaglar kerweni biziň ünsümizi özüne çekdi. Häzirki döwürde ýurdumyzda, şol sanda, welaýatymyzda pagtaçy ýer eýeleriniň arly ýylky çeken zähmetleriniň netijesi bolan bereketli pagta hasylynyň ýygymy gyzgalaňly dowam edýär. Şu ýylda welaýatymyzda «ak altynyň» bereketli hasyly ýetişdirildi. Şol hasyly gije-gündiziň dowamynda bökdençsiz kabul edip almak üçin welaýatymyzyň etraplarynda ençeme pagta kabul ediş harmanhanalary hereket edýär. Ynha, görşüňiz ýaly, Boldumsaz etrabynyň çäginde ýerleşýän şu harmanhanada-da getirilýän pagta hasylyny gije-gündiziň dowamynda kabul edip almak, hil gözegçiligini amala aşyrmak hem-de hasyly belli bir möhlete çenli saklamak üçin ähli mümkinçilikler döredilen.  Indi biregne 20 ýyla golaý wagtdan bäri bu ýerde zähmet çekip gelýän «Daşoguzpagta» önümçilik birleşiginiň Boldumsaz etrabynyň Gubadag pagta arassalaýjy kärhanasynyň «Pagtaçy» pagta kabul ediş harmanhanasynyň uly laboranty Kuwwat Täjibaýewiň gürrüňlerine görä, harmanhananyň möwsümde 4 müň tonna pagta hasylyny kabul edip almaga mümkinçiligi bolup, oňa Gökýaýla, Ýaşlyk we Jeýhun geňeşlikleriniň çäginde öndürilen pagta hasyly tabşyrylýan eken.

22.10.2024 309
Ykdysadyýet

Şabat etrabynyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileriniň hem häzirki wagtda bu möhüm çäräni güýçli depginde, öndürijilikli dowam etdirýändiklerini bellemek gerek. Biz geljek ýylyň bereketli bugdaý hasylynyň berk binýadyny tutmak maksady bilen, jemi 960 gektar ýerde ekiş geçirmek meýilleşdirildi Biz bu ýerde bolan günümiz bugdaý ekişi birleşigiň Begenç Magtymgulyýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän 4-nji kärendeçiler toparynyň ekin meýdanynda, has anygy, ezber kärendeçileriň biri hökmünde agzalýan Mämmetguly Mämmetgulyýewiň gözegçiligindäki ýerde gidip duran ekeni. Şonda onuň 1,8 gektardan ybarat kärende ýerinde kuwwatly traktorlaryň ençemesi sürüm, mala basmak, tohum taşlamak işlerini ýerine ýetirýärdiler. Olara erk edýän mehanizatorlar Dädebaý Baýramkulyýewiň, Ylham Öräýewiň, Saparmyrat Berdiýewiň, Gaýgysyz Amangeldiýewiň yhlasly zähmet çekmek bilen, oňat görelde görkezýändiklerini aýtdylar. Ýeri gelende bu kärendeçiler toparynyň çäginde 131 gektar meýdana bugdaý ekmegiň göz öňünde tutulandygyny, şu wagta çenli onuň agzalarynyň onlarçasynyň bu çäräni göwnejaý berjaý edendiklerini bellemek zerur bolup durýar. Olardan Meretgeldi Durdyýewiň, Emin Gylyçmedowyň, Maral Nurmedowanyň we beýlekileriň kärende ýerlerinde ekişiň öz wagtynda geçirilmeginiň netijesinde häzirki wagtda bugdaý maýsalary gök öwüsýär. Daýhan birleşiginde häzirki wagtda gallaçylyk bilen meşgullanýan kärendeçi daýhanlaryň 314 sanysy bolup, olaryň köpüsiniň bu ugurda ýeterlik tejribeleri bar.

18.10.2024 311
Ykdysadyýet

Şu günler welaýatymyzyň şaly meýdanlarynda bereketli hasyly zaýasyz ýygnap, döwlet harmanyna tabşyrmak işleri dowam edýär. Bu babatda Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginiň şalyçy kärendeçileri yhlasly zähmet çekýärler. Olar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 4450 gektar ýerde şalynyň bol hasylyny ýetişdirdiler. Munuň üçin kärendeçileriň 192 sanysy arly tomus yhlaslaryny gaýgyrmadylar. Daýhan birleşiginiň hünärmenleri bilen söhbetdeş bolanymyzda, şu ýyl şaly oragynda 60-a golaý ýokary öndürijilikli kombaýnlaryň işledilýändigini, şonuň netijesinde şalyçy kärendeçilerden düzülen 10 toparyň ählisinde-de oragyň ýokary guramaçylykly alnyp barylýandygyny aýtdylar. Şalyçy kärendeçiler Wepa Öräýewiň 12, Sapa Hojamberdiýewiň 13, Jahangül Gummanowanyň 30, Şamuhammet Aşyrowyň 2 gektar ýerinden gektaryna ortaça 50 — 55 sentner şaly hasyly tabşyrylypdyr. Ýetişdirilen hasyly öz wagtynda, ýitgisiz ýygnamak işine etraplaryň «Obahyzmat» önümçilik kärhanalarynyň ýokary öndürijilikli kombaýnlary uly goşantlaryny goşýarlar. Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndan Ýolaman Baýlyýew, Şabat etrabyndan Baýram Babaýew, Boldumsaz etrabyndan Maksat Özbekbaýew, Akdepe etrabyndan Nurýagdy Gazakow, Şabat etrabynyň Sadulla Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetinden Merdan Jumamyradow dagy özleriniň erk edýan kombaýnlarynda her gün şalynyň 20 tonnadan gowragyny ýygnap, ussatlyklaryny görkezýärler. «Daşoguzawtoulaglary» kärhanasynyň ýük awtoulaglaryna erk edýän sürüjileri Wepa Kakabaýew, Röwşen Saburow, Serdar Magtymow dagy hasyly kabul ediş nokadyna bökdençsiz daşap, gallaçylaryň alkyşlaryny alýarlar.

17.10.2024 343

Täze habarlar

Jemgyýet Baýramçylyk dabarasy
05.10.2026   9
Jemgyýet Dünýäde ykrarly bedew
03.10.2026   53
Jemgyýet Täze maksatlara aýdyň ugur
02.10.2026   25
Jemgyýet «Ak altyn» ussatlaryna medeni hyzmat
02.10.2026   26
Ykdysadyýet Ekiş ýokary depginde
02.10.2026   30
Jemgyýet Döredijilik sergisi
01.10.2026   27
Jemgyýet Dabaraly maslahat
30.09.2026   25