Dashoguz.live – Täzelikler Portaly
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Ykdysadyýet

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň edermen daýhanlary sürüme, galla ekişi möwsümine ýokary derejede taýýarlyk görýärler. Etrapda jemi 17500 gektar ýere bugdaý ekilip, bol hasyl almak meýilleşdirilýär. Häzirki wagtda şol meýdanlarda geçirilýän şüdügär sürümi, tekizleme işleriniň depgini ýokary. Şunda tehnikalaryň hyzmatyna uly orun degişlidir. Bu babatda etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň tehnikalarynyň hyzmatyndan netijeli peýdalanylýar. Bir günüň dowamyndan 180 — 200 gektar ýerde şüdügär, tekizleme işleriniň geçirilýändigi işiň batly depginlerde alnyp barylýandygyny görkezýär. Güýzlük bugdaýyň ekişine taýýarlyk görmek babatda etrabyň «Akderýa», «Watan», «Hakykat», «Bereket» daýhan birleşikleriniň kärendeçileri has-da işjeňlik görkezýärler.

18.08.2026 49
Ykdysadyýet

Güneşli Diýarymyzyň rysgal-bereket eçilýän topragynda ýetişdirilýän gawun-garpyzlar özüniň datly tagamy, süýjüligi, şypa beriji häsiýetleri bilen gadymdan bäri bütin dünýäde meşhurlyk gazanyp gelýär. Gawun-garpyz ilatyň sarp edýän islegli önümleriniň biri hasaplanýar. Bu ekinleri agrotehniki kadalara laýyklykda ösdürip ýetişdirmek ýokary tejribäni, köp zähmeti talap edýär. Bu ugurdaky tejribeleri, ýerli gawun-garpyz görnüşleriniň aýratynlyklary, olaryň ekiliş kadalary barada Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabynyň «Dostluk» daýhan birleşiginiň tejribeli kärendeçisi Muhammet Rahmanow şeýle gürrüň berýär: —Bu günki günde daýhan yhlasyndan kemala gelýän ter miwelerdir önümler, gawundyr garpyzlar Diýarymyzyň bereketli bazarlarynyň bezegi bolýar.  Bakja ekinlerinden ýokary hasyl almak üçin toprak güýz aýlarynda 25 — 30 santimetr çuňlukda sürülmeli we her gektara 20 — 30 tonna golaý ýerli dökün berilmeli. Halk arasynda «Ýere yhlas eden — ýerde galmaz» diýlişi ýaly, ýer näçe dökünli we durnukly taýýarlansa, ekiniň kök ulgamy şonça gowy ösýär. Ekiş işlerine aprel aýynyň ilkinji ongünlüginde girişilýär. Adatça, bir gektar meýdana 4-5 kilogram töweregi tohum sarp edilýär. Şonda her gektardan 200 —  250 sentner hasyl alyp bolýar. Biziň toprak-howa şertlerimize görä, gawunlardan garrygyz, gürbek, garpyzlaryň hem ýazky we gyşky görnüşlerini ekýäris. Aýratynlyklary babatda aýtsak, topragymyz mineral duzlara baý, howasy bolsa gurak we durnukly güneşlidir. Şonuň üçin hem biziň sebitimizde bitýän gawun-garpyzlar datlylygy, uzak saklamaga ýaramlylygy bilen tapawutlanýar. Gawunyň ösüş döwründe 4-5 gezek kadaly suw bermeli. Gawun-garpyz üçin iň bir jogapkärli döwür — hasyl düwünçeginiň emele gelýän we onuň ulalýan döwrüdir. Bu wagt ekin örän çalt ösýär. Şonda mineral we ýerli dökünleri bermeli. Bu tapgyrda topragyň çyglylygyna üns bermeli, joýasy guramanka, wagtynda kadaly suw berip durmaly. Gawun-garpyz bişip, ýygylmaga 10 — 15 gün galanda suwarmagy doly bes etmeli. Sebäbi ýygymyň öňýany köp suw berilse, gawundaky şekeriň mukdary peselýär, tagamy gaçyp ugraýar. Käte garpyz iýseň suwuk, süýjüligi az bolýar. Şonuň esasy sebäbi-de, köp suwarylandygy üçin bolýar. Üstesine-de, bişip duran gawuna suwy köp berseň, jaýrylyp, hili gaçýar. Şonuň üçin bişýän döwründe suwy kesilip goýulsa, ol bal ýaly süýjeýär. Gawunyň bişendigini anyklamagyň hem anyk usullary bar. Halkymyzda «Ýagşy gawun gabygyndan belli» diýen söz bar. Doly ýetişen gawunyň paçagy gurak we özüne mahsus, güýçli ysy bolýar. Garrygyz, gürbek görnüşleri bişende daşynda torlar emele gelýär. Garpyz saýlananda bolsa, onuň sapagyna seretmeli, sapagy gurap başlan bolsa ekin bişendir. Şeýle hem garpyza urup göreniňizde çykýan gurak ses onuň içiniň suwludygyny, ýetişendigini görkezýär.

12.08.2026 77
Ykdysadyýet

Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýeti innowasion esasda ösdürmek we sanlylaşdyrmak, jemgyýetimiziň aň-bilim we ylmy mümkinçiliklerini has-da ýokarlandyrmak babatda öňe sürýän başlangyçlary,  durmuşymyzy barha gözelleşdirmäge gönükdirilen tagallalary, kabul edýän çözgütleri doly we gyşarnyksyz durmuşa geçirilýär. Häzirki zaman jemgyýetde sanly tehnologiýalar adaty işleri has ykjam we elýeterli görnüşe getirmek bilen, adamlaryň ykdysady we durmuş işjeňliginiň ähli ugurlaryna düýpli täsir edýär. Sanly ulgamyň işjeň ornaşdyrylýan pudaklarynyň biri-de bank ulgamydyr. Bank ulgamynyň sanlylaşdyrylmagy maliýe amallaryna sarp edilýän harajatlary azaltmaga kömek edip, maliýe düzümleri we tutuş jemgyýet üçin örän bähbitlidir. Elektron bank düzüminiň ösmegi bilen, nagt däl hasaplaşyklaryň mukdarynyň artýandygyny, banklaryň maýa serişdeleriniň köpelýändigini, orta we kiçi telekeçiligi karzlaşdyrmagyň ýokarlanýandygyny hem-de bank hyzmatlarynyň täze görnüşleriniň hödürlenýändigini bellemelidiris. Munuň mysaly hökmünde, «Altyn asyr», «Milli kart», «Maşgala», «Goýum bank karty» ýaly kartlar hem-de «Internet bank», «Galtaşyksyz töleg», «Cash back» ulgamlary arkaly nagt däl hasaplaşyklaryň sanynyň artmagyny agzap bolar. Häzirki wagtda Türkmenistanyň karz edalarynda nagt däl hasaplaşyklary has-da ösdürmek, pul dolanyşygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak, hyzmatlary onlaýn tertipde amala aşyrmak boýunça töleg ulgamynyň gerimi giňeýär. Esasan hem, «Internet bank» we «Mobil bank» hyzmatlarynyň üsti bilen dünýäniň islendik künjeginden dürli töleg amallaryny amala aşyryp bolýar. Mundan başga-da, bank edaralary tarapyndan internet ulgamy arkaly menzilara bank hyzmatlary, bölek satuw we hyzmatlar ulgamynda «QR-code» arkaly hasaplaşyklar hödürlenilýär. Ýörite terminallar arkaly harytlar we ýerine ýetirilen hyzmatlar üçin tölegler geçirilýär. Munuň özi gündelik durmuş bilen bagly meseleleriň uly toparyny çalt çözmäge mümkinçilik berýär. Şeýle-de çalt töleg ulgamlary uzak möhletleýin karzlar ýa-da ipoteka üçin töleglere çenli onlaýn görnüşde amala aşyrmaga şert döretdi. Netijede bolsa, bank edaralarynyň müşderiler bilen işlemek üçin sarp edilýän wagtyny tygşytlamaga mümkinçilik berip, ýerine ýetirilýän amallaryň tizligi ýokarlandy. Tygşytlanylan wagt bolsa, maýadan goşmaça girdeji almaga, zähmetiň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilip bilner. Bu bolsa raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň mundan beýläk hem gowulanmagyna, ykdysadyýetimiziň çalt depginler bilen ösmegine giň mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu ugurda alnyp barylýan innowasiýaly özgertmeler bank edaralarynyň maýalaşdyryş derejesiniň ýokarlanmagyna, maliýe serişdeleriniň binýadyny berkitmäge, bank gözegçiligini kämilleşdirmäge, bank amallarynyň göwrümini giňeltmäge, innowasiýaly bank hyzmatlarynyň we tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna, bank ulgamynda ilata edilýän hyzmatlaryň hiliniň ýokarlanmagyna täsir edýär.

12.08.2026 88
Ykdysadyýet

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ak bugdaýyň bereketli hasylyny ýetişdirip, geçen orak döwründe Watan harmanyna guşgursak däne goşmakda uly üstünliklere eýe bolan welaýatymyzyň gallaçy daýhanlary golaýlap gelýän güýzki ekiş möwsümine hemmetaraplaýyn taýýarlykly barmak ugrunda derwaýys çäreleri öndürijilikli alyp barýarlar. Şeýlelikde, olaryň yhlasly zähmetiniň netijesinde sürüm, tekizleme, çil çekmek ýaly işler ýokary hilli ýerine ýetirilen bugdaý meýdanlarynyň gektar sany barha artýar. Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň gallaçylary hem öňde duran möwsümde 12,5 müň gektar meýdanda bu gymmatly ekiniň ekişini geçirmekligi maksat edinip, şu günlerde taýýarlyk çäreleriniň depginini has-da ýokary göterdiler. Munuň şeýledigini etrabyň daýhan birleşiklerinde bu babatdaky işleriň barşyndan hem görmek mümkin. Etrabyň «Türkmenistan» daýhan birleşiginiň gallaçylary ene toprakdan bugdaý hasylyny öndürmekde öňdebaryjylaryň hatarynda tanalýarlar. Munuň özi olaryň ýylyň-ýylyna bu ugurdaky çäreleri guramaçylykly amala aşyryp, ýetýän belent sepgitleri bilen baglanyşyklydyr. Häzirki dowam edýän, şan-şöhrata beslenýän ýylymyzyň bolsa birleşigiň babadaýhanlaryna bu babatda has-da uly üstünlikleri getirendigini bellemek gerek. Başgaça aýdylanda, olar geçen orak möwsüminde 2600 tonna golaý ýokary hilli bugdaýy döwlet harmanyna tabşyryp, ýyllyk meýilnamalaryny ep-esli artygy bilen berjaý etdiler. Bu üstünlik gallaçy daýhanlary has hem gaýratly zähmet çekmäge ruhlandyrdy. Muny olaryň häzirki döwürde özlerine berkidilen meýdanlarda güýzlük bugdaýyň ekişine görýän taýýarlyk işleriniň depgininden hem bilmek bolýar. Daýhan birleşiginde bugdaý ekişine şeýle ykjam taýýarlyk bilen barmaga çalyşýan kärendeçi daýhanlaryň köp sanlysynyň başgalara görelde bolýandyklary örän guwandyryjydyr. Şol zähmetsöýer gallaçylaryň hatarynda Şatlyk Baýramow, Tirkeş Gaýypow, Meýlis Geldiýew, Esen Dadebaýew we beýlekiler bar. Geçen orak döwründe özleriniň gözegçilik edýän meýdanlarynyň her gektaryndan 50 — 60 sentnerden bugdaý hasylyny ýygnan bu ezber kärendeçiler öňdäki ekiş möwsümine taýýarlyk görmekde möhüm bolan her bir çärä aýratyn üns bermek bilen, ýokary netijeleri gazanýarlar. Elbetde, gallaçy kärendeçileriň gazanýan şeýle öňegidişliklerinde zähmetsöýer mehanizatorlaryň hem uly goşantlarynyň bardygy hemmelere mälimdir. Bu daýhan birleşiginde hem olaryň ençemesiniň ýadawsyz zähmet çekip, köpleriň alkyşyna mynasyp bolýandyklary bellenilmäge mynasypdyr. Şeýle başarjaň mehanizatorlaryň hatarynda Berdimyrat Güýzekowyň, Myrat Jumamyradowyň, Hemra Allakowyň we beýlekileriň atlaryny agzamak ýerlikli bolar. Görnüşi ýaly, bu daýhan birleşiginiň kärendeçileri hem hormatly Prezidentimiziň gallaçylar üçin döredýän şertlerinden önjeýli peýdalanyp, şu ýylyň bugdaý ekişine taýýarlyk çärelerini şeýle ýokary derejelerde berjaý edýärler. Bu bolsa olaryň täze ýylda has-da belent sepgitlere ýetjekdiklerinden habar berýär.

11.08.2026 71
Ykdysadyýet

Saçaklarymyzyň bereketini artdyrýan, ata Watanymyzda azyk bolçulygyny döredýän bagbanlarymyzyň päk zähmetiniň rysgal-bereketini görüp, guwanmazlyk mümkin däl. Muňa Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň «Nowbahar» daýhan birleşiginiň Rozumbaý obasynda, Türkmenderýanyň golaýyndaky baglygyň eýesi Mirzabek Kabulowyň gür baglygyny göreniňde ýene bir gezek göz ýetirýärsiň. Bagbany ökde bolan bagyň miweleriniň çeni-çaky bolmaz eken. Günüň nuruna birkemsiz bişen almadyr erik, üljedir garaly miweleriniň şahalara agram berip durandygyny synlanyňda, olara ençeme zähmetiň siňdirilendigine düşünýärsiň: — Ýaşlygymdan obada bolup, gözümi açyp görenim ekin meýdanlary bolansoň, ene ýere bolan garaýşym başgaça. Çagakam öýümiziň öňünde atamyň baglary timarlap, olara mähir bilen seredişini görüp, bagban bolmagy arzuw ederdim. Atamyň ýanynda bolup, bu kesbiň inçe tilsimlerini öwrendim. Mirzabek aga ilki miweli baglaryň onlarça düýbüni ýetişdirýär. Soňra bolsa ýurdumyzda döredilýän mümkinçiliklerden peýdalanyp, 2007-nji ýylda 5 gektar meýdany kärendä alyp, oňa agrotehniki kadalara görä ideg edip, baglaryň ýüzlerçe düýbüni ekýär. — Häzirki wagtda bu bagda 300-den gowrak miweli baglar bar. Şolaryň 160 düýpden gowragy alma agajy bolup, onuň ýedi görnüşi bardyr. 1 gektar ýerde erigiň 50 düýbi, üljäniň 100 düýbi öz bereketli hasylyny berýär. «Işlejek usul gözlär, işlemejek bahana» diýlişi ýaly, zähmet çekseň, ýaltalyk etmeseň, islendik netijäňe ýetip bolýar. Kakamyň aýdanlaryndan bilýärin, öňler ähli işler diňe orak, pil, kätmen bilen edilýärdi. Hasyl el bilen ýygylýardy. Bu wagt bolsa köp zat tehnikalar bilen ýerine ýetirilýär. Dökün bolsun, suw bolsun, ählisi döwlet tarapyndan amatly şertlerde berilýär. Baga gelsem işläsim gelýär, dynç alan ýaly bolýaryn. Ir säherden baga tarap ýol alýaryn. Her gün irden girenimde baglar birhili maňa garaşyp duran ýaly, ýetişen miwelerini wagtynda ýygnamasam, öýkeläýjek ýaly duýulýar. Bagyň bag bolmagynda maşgalamyzyň hyzmaty örän uly. Ogullarym Husnuddindir Ruslan, gelinlerim Zilaladyr Sewara, ýanýoldaşym Hafiza irden agşama çenli şu ýerde zähmet çekip, uly ýardam berýärler. Ýaz paslynda bu ýerler has hem gözel görke gelýär. Dürli güller açylýar. Agtyjaklarym bagda hezil edip oýnaýarlar. Olar hem yardamyny aýamaýarlar. Mirzabek aganyň ýetişdiren bu datly miweleri diňe bir ak bazarlarymyzy bezemän, eýsem, ýaş nesillerde ene topraga söýgi, halal zähmete bolan höwes duýgusyny hem döredýär. Bu günki gün Mirzabek aganyň göreldesine eýerip, bag ösdürip ýetişdirmäge höwesliler kän. Bag ekmek sogaply iş, onuň arassa howasy bolsa güýç-kuwwat berýär.

06.08.2026 88
Ykdysadyýet

Daşoguz welaýatynyň pagtaçy daýhanlary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda 140 müň gektar meýdanda «ak altynyň» bereketli hasylyny kemala getirmek maksady bilen, gaýratly zähmet çekýärler. Munuň şeýledigini häzirki günlerde olaryň giň atyzlarda boýy ýetip, gül-gunça basyrynýan gowaçalara göwnejaý ideg etmek ugrunda amala aşyrýan derwaýys çäreleriniň ýokary depgine göterilendiginden hem bilmek mümkin. Şeýlelikde, bejergisi ýetirilýän boldumly düýpler meýdanlara bezeg berýär. Häzirki wagtda welaýatyň Akdepe etrabynyň pagtaçylarynyň hem bu babatda alyp barýan işleri olaryň öz öňlerinde goýulýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge ähli gujur-gaýratlaryny gönükdirýändiklerine şaýatlyk edýär. Belli bolşy ýaly, şu ýylyň baharynda etrabyň babadaýhanlary jemi 18 müň gektar meýdana gowaça ekip, kadaly gögeriş gazanypdyrlar. Şonuň netijesinde olar bejergi çärelerini berjaý etmeklige hem bellenilen möhletlerde girişmek bilen, şu wagta çenli bu babatda ýokary netijelere eýe bolupdyrlar. Bu barada aýdylanda, etrabyň «Nowruz», Mollanepes adyndaky, Orazgeldi Ärsaryýew, Magtymguly adyndaky we beýleki daýhan birleşikleriniň, şonuň ýaly-da daýhan hojalyklarynyň ençemesiniň agzalarynyň durmuşa geçirýän işleriniň döwrüň talabyny ödeýändigini bellemek ýerliklidir. «Türkmenistan» daýhan birleşigi hem pagta hasylyny ýetişdirmek boýunça etrabyň iri hojalyklarynyň biri hasap edilýär. Şu ýyl hojalykda 1530 gektar meýdanda bu ugurda iş alnyp barylýandygy-da munuň şeýledigini tassyklamaga esas berýär. Häzirki günlerde bolsa bu daýhan birleşiginiň kärendeçileri öz gözegçilik edýän meýdanlaryndaky gowaçalaryň idegini guramaçylykly dowam edýärler. Şu günleriň her bir pursadynyň pagtaçy daýhanlar üçin gymmaty has ýokary bolýar. Häzirki wagta çenli ekin meýdanlarynda gowaçalaryň hatar arasyny ýumşatmak, goşmaça iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak ýaly çäreler birnäçe sapar talabalaýyk ýerine ýetirildi. Munuň özi olaryň kadaly ösmegine, hasyl toplamagyna oňaýly şertleri döretdi. Şoňa görä-de, häzir gowaça meýdanlaryndaky guwandyryjy görnüşler her bir adamyň ünsüni çekýär. Daýhan birleşiginiň kärendeçiler toparlarynyň ählisinde-de gowaçalara ideg etmekde ýokary netijeler gazanylýar. Guwanç Geldiýewiň, Nazarbaý Gylyjowyň ýolbaşçylyk edýän 6,12-nji kärendeçiler toparlarynyň agzalarynyň bu babatda has-da öňe saýlanýandyklary aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Çünki olar gowaçalary ýekelemekde, haşal otlardan arassalamakda, mineral dökünler bilen iýmitlendirmekde her bir çäräniň öz wagtynda, ýokary hilli amala aşyrylmagyna uly üns bermek bilen, köplere görelde bolup gelýärler. Şeýle zähmetsöýer kärendeçileriň hatarynda Aýnur Arazdurdyýewanyň, Saparbaý Geldiýewiň, Bägül Şiriýewanyň we beýlekileriň atlaryny tutmak bolar.  Kärendeçileriň şeýle guwandyryjy netijelere eýe bolmagynda mehanizatorlarymyzyň hem uly goşantlary bar. Sebäbi gowaça bejergisinde olaryň üstüne örän ýokary jogapkärçilik düşýär. Başgaça aýdanymyzda ýerden ýaňy saýlanyp barýan ýaşajyk gowaça düýpleriniň arasynda-da, olaryň häzirki wagtda gül-gunçalardan, irki köreklerden doly şahalaryny çar tarapa ýaýradyp oturan pursatlarynda-da bejergi işini geçirmek mehanizatorlardan örän seresaplylygy, ünslüligi talap edýär. Biziň Ilmyrat Durdyýew, Şageldi Otuzow, Serdar Garlyýew ýaly mehanizatorlar öz ýadawsyz zähmetleri bilen muňa hötde gelip, kärendeçi daýhanlaryň hoşallyklaryna mynasyp bolýarlar. Hormatly Prezidentimiziň ene toprakdan öndürilýän pagta hasylynyň mukdaryny artdyrmak, bu ugurda zähmet çekýän babadaýhanlar üçin ähli zerur şertleri döretmek baradaky taýsyz tagallalaryndan ruhlanýan bu daýhan birleşiginiň kärendeçileriniň häzirki döwürde gowaçalara ideg çärelerini göwnejaý amala aşyrmaklyga siňdirýän yhlaslarynyň guwandyryjy netijeleri şu günlerde-de olaryň atyz-meýdanlarynda anyk görünýär. Şu ýylyň güýzünde bolsa bu zähmetsöýer pagtaçylaryň belent «ak altyn» harmanyny döredip, muny has-da äşgär etjekdiklerine-de ynam bar.

28.07.2026 87
Ykdysadyýet

Ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmeginde möhüm ähmiýeti bolan balçylygy ösdürmekde uly işler durmuşa geçirilýär. Şonuň netijesinde Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda hem balçylyk bilen meşgullanýan hojalyklaryň sany barha artýar. Olar özleriniň halal zähmeti bilen ilatyň ary balyna bolan islegleriniň kanagatlandyrylmagyna uly goşant goşýarlar. Şeýle hojalyklaryň biri-de etrabyň Täzegüýç geňeşliginiň Gumlygala obasynyň ýaşaýjysy Täjibaý Babajanowyň maşgalasydyr. Täjibaý aga 15 ýyldan bäri balçylyk bilen meşgullanyp, ary saklamagyň inçe tärlerini oňat ele almagy başardy. — Men maşgala agzalarym bilen balarylary idedýärin. Ogullarym Halmyrza, Jamal dagynyň bu işe höwesi juda uly bolup, ata-baba kesp-kärimizi dowam etdirmäge çalyşýarlar. Biz 200 guty balarylaryny idedýäris. Arylara oňat ideg edilende ýokary hilli ary balyny almak bolýar. Häzirki wagtda ýandak güllerinden bal almak möwsümi dowam edýär. Özümiziň päk zähmetimiz bilen ilatyň ary balyna isleglerini kanagatlandyryp, maşgalamyzyň girdejisini-de artdyrýarys — diýip, Täjibaý aga gürrüň berýär.

28.07.2026 88
Ykdysadyýet

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň pagtaçy kärendeçileri 18 müň gektar ýerde gowaçanyň idegini kemsiz berjaý edýärler. Gün-günden kadaly boý alýan gowaçalara mineral dökünler berlip, ösüş suwy tutulýar. Gowaçalara ösüş suwuny tutmakda «Köneürgençsuwhojalyk» önümçilik dolanyşygyna degişli suw sorujylaryň 20-siniň güýjünden peýdalanylýar. Dolanyşygyň tejribeli hünärmenleri, işçileri suw sorujylaryň gurat işlemegini gazanýarlar. Şonuň netijesinde her gün 300-350 gektara golaý gowaça meýdanlaryna ösüş suwy tutulýar. Gowaçalara talabalaýyk ideg etmekde etrabyň «Akgala», «Täzegüýç», «Bereket», «Derýalyk», «Kyrkgyz» daýhan birleşikleriniň ýer eýeleri has-da tapawutlanýarlar.

25.07.2026 94
Ykdysadyýet

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda ýurdumyzyň ähli pudaklarynda, şol sanda, telekeçilik ulgamynda gazanylan üstünlikler örän guwandyryjy bolýar. Çünki hormatly Prezidentimiziň çäksiz goldawlary bilen ruhlanýan Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň köp sanlysy oba hojalyk, azyk önümlerini öndürmekde ýokary netijeleri gazanýarlar. Bu ösüşler hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň önümçiligiň dürli ugurlarynda iş alyp barýan telekeçileriniň öňünde goýýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda berjaý edilýän çäreleriň ýokary netijeleri berýändigine şaýatlyk edýär. Şeýle guwandyryjy sepgitlere eýe bolunmagynda Daşoguz welaýatynyň çäklerinde hereket edýän daýhan hojalyklarynyň, hususy kärhanalaryň, hojalyk jemgyýetleriniň agzalarynyň hem uly goşantlarynyň bardygyny bellemek bolar. Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda welaýatda şeýle kärhanalaryň, hususy önüm öndürijileriň 3 müňden gowragy bolup, olaryň aglabasynyň amala aşyrýan işleri oba hojalyk, azyk, senagat önümlerini öndürmeklige gönükdirilendir. Şoňa görä-de, olaryň welaýatymyzda bu babatda gazanylýan öňegidişliklerdäki paýlary örän saldamly bolýar. Welaýatda oba hojalyk önümlerini öndürýän daýhan hojalyklarynyň onlarçasynyň gazanýan netijeleri halkymyzyň bu önümlere bolan islegini kanagatlandyrmakda uly ähmiýete eýe bolýar. Bu barada aýdylanda, Akdepe etrabyndaky «Zemin açary», Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky «Ykbal açary», Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetindäki «Alaý», Garaşsyzlyk etrabyndaky «Zehin açary» we beýleki daýhan hojalyklarynyň agzalarynyň ene toprakdan pagtanyň, bugdaýyň, şalynyň, ýeralmanyň, gök-bakja önümleriniň bereketli hasylyny ýetişdirmekde köplere görelde bolmagy başarýandyklary bellenilmäge mynasypdyr. Şonuň ýaly-da ilatyň gündelik isleg bildirýän azyk önümleriniň bolçulygyny döretmekde Daşoguz şäherinde hereket edýän «Şawat» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň, Gubadag etrabyndaky «Sadaja» azyk önümlerini öndürýän toplumyň, Şabat etrabyndaky «Genç» hojalyk jemgyýetiniň uly goşantlarynyň bardygyny nygtamak ýerlikli bolar. Çünki olaryň öndürýän süýt-gatyk, süýji-köke, bal önümleri diňe bir welaýatda däl, eýsem, onuň çäklerinden daşarda hem uly islege eýe bolýar. Belli bolşy ýaly, welaýatyň çäklerinde senagat, gurluşyk önümlerini öndürýän telekeçilik kärhanalarynyň sany barha köpelýär. Munuň özi şeýle önümleriň islendik wagtda ilat üçin elýeter bolmagyna şert döredýär. Olaryň hatarynda Şabat etrabyndaky «Amantaý», «Dik aý», Daşoguz şäherindäki «Galkynan ykbal», Saparmyrat Türkmenbaşy etrabyndaky «Dag merjeni» ýaly hususy kärhanalaryň atlaryny tutmak mümkin. Şeýle kärhanalaryň öndürýän önümlerine bolan islegiň barha artmagy olaryň ýokary hillidigi, bäsdeşlige ukyplydygy bilen baglanyşyklydyr. Garaşsyz ýurdumyzda telekeçilik ulgamyny ösdürmek, bu ugurda iş alyp barýan telekeçiler, hususy önüm öndürijiler üçin oňaýly şertleri döretmek babatda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny işjeň dowam etdirýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen bu ugurda has-da giň mümkinçilikler açylýar. Şonuň netijesinde ezber telekeçileriň ähli pudaklaryň işine içgin aralaşmak bilen, olaryň ösüşine mynasyp goşant goşýandyklary örän guwandyryjydyr. Häzirki wagtda olaryň öndürýän dürli görnüşli oba hojalyk, azyk, senagat, gurluşyk önümleriniň möçberleriniň barha artyp, halkymyzyň günsaýyn ösýän islegleriniň doly kanagatlandyrylmagynda möhüm ähmiýete eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz çykyşlarynyň birinde: «Ýurdumyzda amala aşyrylýan iri möçberli döwlet maksatnamalary halkymyzyň bagtyýar durmuşda, bolelinlikde ýaşamagyna, milli ykdysadyýetiň, önümçiligiň çalt we durnukly ösmegine amatly şertleri döredýär» diýip belleýär. Şeýle möhüm ähmiýetli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde ýurdumyzyň, şol sanda Daşoguz welaýatynyň işeňňir telekeçileriniň hem mynasyp goşantlarynyň bardygyny aýtmak ýakymly. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň dabaralandyrylýan ýylynda ata Watanymyzda gazanylýan ösüşler guwandyryjydyr.

23.07.2026 88
Ykdysadyýet

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň pagtaçy kärendeçileri şu günler gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi işini geçirmek, ösüş suwuny tutmak bilen birlikde, ekinleri zyýan beriji mör-möjeklerden goramak çäresini hem dowam etdirýärler. Etrapdaky 15 sany biolaboratoriýada gerekli bioönümler taýýarlanylýar. Daýhan birleşiklerinde, «Dökünhimiýa», pagta arassalaýjy kärhanalarynda hereket edýän bu laboratoriýalarda öz işine ezber işçi-hünärmenler zähmet çekip, bioönümleriň ýokary hilli bolmagyny gazanýarlar. Etrap boýunça her gün 300 — 400 gektar gowaça meýdanlaryna trihogramma, altyngözlüje, gabrobrakon goýbermek işi hünärmenleriň gözegçiligi astynda alnyp barylýar. Ekinleri zyýan berijilerden goramakda «Akgala», «Galkynyş», «Zaman», «Täzeýap» daýhan birleşikleri iş görkezijileri bilen aýratyn tapawutlanýarlar. Ekinleriň biologik usulda goralmagy bol hasylyň kemala gelmeginde aýratyn ähmiýete eýe. Hut şunuň bilen baglylykda, biolaboratoriýalaryň işgärleri bu işiň öz wagtynda, ýokary hilli geçirilmegi ugrunda tutanýerli iş alyp barýarlar.

22.07.2026 83

Täze habarlar

Jemgyýet Milli saz sungatynyň mukaddes ojagy
11.09.2026   20
Jemgyýet Sagdyn durmuş wagyz edilýär
10.09.2026   23
Ykdysadyýet «Ak altyn» — halkyň guwanjy
09.09.2026   21
Jemgyýet Asylly maksatlara tarap
08.09.2026   21
Jemgyýet Asylly ýörelgäniň esasynda
07.09.2026   20
Jemgyýet Maksatly tutumlara badalga
04.09.2026   38
Ykdysadyýet Tohumyňyz müňlesin, edermen gallaçylar!
03.09.2026   49