Dashoguz.live – Täzelikler Portaly
weather dashoguz 23° C Daşoguz

Ykdysadyýet

Hormatly Prezidentimiziň Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň dokma senagaty üçin möhüm çig mal hasaplanylýan ak piläniň öndürilişini artdyrmak barada öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilmegine saldamly goşant goşmagy maksat edinen welaýatyň ussat pileçi kärendeçileri uly zähmet üstünligini gazandylar. Has anygy, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ýüpek gurçuklaryny idetmek möwsüminde olar jemi 13691 guty ýüpek gurçuklaryna göwnejaý hyzmat edip, ýokary hilli piläniň bereketli hasylyny ýetişdirmek bilen, ony ýitgisiz ýygnamagyň hem-de 502,5 tonna piläni döwlet harmanyna goşmagyň hötdesinden geldiler. Munuň özi zähmetsöýer pileçi kärendeçilerimiziň şu ýyl üçin bellenilen meýilnamany artygy bilen ýerine ýetirendiklerini aňladýar. Gazanylan bu guwandyryjy üstünlikde welaýatyň Şabat, Garaşsyzlyk, Akdepe, Gubadag we beýleki etraplarynyň pileçi kärendeçileriniň mynasyp paýlarynyň bardygyny aýtmak zerurdyr. Şonuň bilen birlikde-de, tejribeli pileçileriň ýüzlerçesi pile öndürmek baradaky meýilnamalaryny öňdäkileriň hatarynda amal edip, başarjaňlyklaryny görkezdiler. Şeýlelikde, welaýatyň pileçi kärendeçileri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygynyň bellenilýän ýylynyň zähmet üstünliklerine beslenmeginde möhüm ähmiýeti bolan belent sepgidi eýeläp, uly abraý gazandylar.

03.06.2026 13
Ykdysadyýet

Tehnikalar möwsüme taýýarlanylýar Hormatly Prezidentimiziň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň bugdaý oragy möwsümine hemmetaraplaýyn ykjam taýýarlyk görmek baradaky derwaýys tabşyryklaryndan ugur alýan Daşoguz welaýatynyň gallaçy daýhanlary, degişli edara-kärhanalarynyň işgärleri zerur çäreleri durmuşa geçirýärler. Şeýlelikde, olar meýdanlardaky ekinlere göwnejaý ideg etmek, galla oragynda ulanylmagy göz öňünde tutulýan tehnikalary abatlamak işlerini ýokary hilli ýerine ýetirýärler. Belli bolşy ýaly, golaý gelen möwsümde welaýat boýunça 145 müň gektar meýdanda bugdaý oragyny geçirmek meýilleşdirilýär. Bu wezipäniň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde galla oragyna gatnaşdyryljak kombaýnlaryň, ýük ulaglarynyň möwsüme doly taýýar edilmeginiň aýratyn möhüm ähmiýeti bar. Şuny nazara almak bilen, Daşoguz welaýat «Obahyzmat» önümçilik birleşiginiň ýerlerdäki kärhanalarynda alnyp barylýan işler bellenilmäge mynasypdyr. Bu babatda Şabat etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň işçi-hünärmenleriniň galla oragy möwsümine taýýarlyk görmegiň çäklerinde alyp barýan işlerini nygtamak zerur. Olar şu günler kombaýnlary, beýleki tehnikalary gözden geçirmegi, abatlamagy ahyrky tapgyrda dowam etdirýärler. Önümçilik kärhanasynyň tehnikalary abatlamak, zerur serişdeler bilen üpjün etmek babatdaky çärelere has öňünden girişilipdir. Şonuň netijesinde bugdaý oragyna gatnaşdyryljak jemi 33 sany kombaýnyň köpüsi şu wagta çenli doly abatlanylyp, taýýarlyk hatarynda goýlupdyr. Bu işlerde kärhananyň kombaýnçylary, abatlaýjy ussalary gaýratly zähmet çekipdirler.

14.05.2026 14
Ykdysadyýet

Türkmenistan gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşmek bilen, dünýä döwletleriniň arasynda ulag-üstaşyr gatnawlaryň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar. Munuň özi halkara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmeginde möhüm ähmiýete eýedir. Şoňa görä-de, ulag-logistika ulgamyny dünýä derejesine çykarmak, täze demir, deňiz-derýa, howa ýollaryny, portlary, menzilleri gurmak babatda  uly işler amala aşyrylýar. Golaýda ýurdumyzyň «Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda gurlan «Gadamly» atly gury ýük gämisiniň Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda ýüzüşe goýberilmegine bagyşlanan dabaranyň guralmagy, oňa hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy ata Watanymyzyň, halkymyzyň durmuşynda uly waka boldy. Çünki ol Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň barha artýandygyny, şonuň bilen birlikde-de, türkmen gämi gurluşykçylarynyň ýeterlik tejribä eýe bolup, öz ugurlary boýunça giň gerimli işleri amala aşyrmaklyga uly mümkinçilikleriniň bardygyny äşgär etdi. Hormatly Prezidentimiz dabarada eden çykyşynda ýurdumyzda gämi gurluşygynda gazanylýan üstünlikler barada aýtmak bilen: «Munuň özi döwrebap ýük gämileriniň gurluşyk işlerini alyp barmakda uly ähmiýete eýedir. Bu günki gün ýurdumyzda ýük gämisini gurmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär» diýip, uly guwanç bilen belledi. Bu aýdylanlaryň anyk mysaly hökmünde «Gadamly» gury ýük gämisiniň ýüzüşe goýberilmegini görkezmek bolar. Maglumatlara görä, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary, kämil enjamlary bilen üpjün edilen bu gäminiň umumy ýük göterijiligi 6100 tonna barabardyr. Bu onuň her biri 20 tonnalyk 240 sany ýük konteýnerini kabul edip hem-de daşap bilýändigini görkezýär. Bu gäminiň gurluşygynyň koreýaly hyzmatdaşlar bilen bilelikde ýerine ýetirilmegi bolsa biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalanýandygynyň, halklarymyzyň dost-doganlygynyň has-da berkeýändiginiň alamatydyr. Hormatly Prezidentimiziň belläp geçişi ýaly, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda şeýle ajaýyp wakalar yzygiderli bolup geçýär. Olar diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, halkara derejesinde hem uly goldawa eýe bolýar. Ýurdumyzyň durmuşyndaky taryhy wakalar ata Watanymyzyň gülläp ösüşleriniň, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagynyň üpjün edilmegine gönükdirilen tagallalaryň aýdyň nyşanydyr.

10.05.2026 37
Ykdysadyýet

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň esasy ugurlarynyň biri bolan maldarçylygy ösdürmek, şeýlelikde, mallaryň baş sanyny artdyrmak, önümliligini ýokarlandyrmak barada öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine mynasyp goşant goşmak maksadynda gaýratly zähmet çekýän Daşoguz welaýat Maldarçylyk we guşçulyk senagaty önümçilik birleşiginiň maldarlary «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň dowarlardan owlak-guzy, düýelerden köşek almak möwsüminde guwandyryjy netijelere eýe boldular. Has anygy, olar şu döwürde birleşigiň hasabynda bar bolan dowarlardan 27639-a derek 27671 sany owlak-guzy, düýelerden 917 sany baş sagdyn köşek alyp, bu baradaky meýilnamalary abraý bilen berjaý etdiler. Gazanylan üstünlige birleşigiň Görogly etrabynyň çäginde ýerleşýän «Garagum», Şabat etrabyndaky «Dowardarçylyk» maldarçylyk hojalyklarynyň Garagum çölüniň jümmüşinde mal bakýan zähmetsöýer çopanlarynyň onlarçasy uly goşant goşdular. Olaryň hatarynda «Garagum» maldarçylyk hojalygyndan tejribeli dowar çopanlary Nurmuhammet Satdyýew, Abdylla Geldiýew, düýe çopanlary Täçmyrat Goşaýew, Şyhmyrat Baýramow, «Dowardarçylyk» maldarçylyk hojalygyndan öňdebaryjy dowar çopanlary Öwezmuhammet Baýramow, Şalar Şirnazarow, düýe çopanlary Tuwakberdi Arazow, Toýly Tuwakow dagyny görkezmek bolar. Özleriniň yhlasly zähmetleri arkaly ýeten bu belent sepgitlerini mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramyna mynasyp sowgat hasaplaýan birleşigiň maldarlary öndürilen owlak-guzularyň, köşekleriň ählisini ösdürime goýberip, olardan sagdyn mallary ýetişdirmegiň aladalaryna girişdiler.

08.05.2026 59
Ykdysadyýet

Daşoguz welaýatynyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, Garaşsyzlyk etrabynda-da «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bereketli galla hasylyny ýetişdirmeklige gönükdirilen çäreler guramaçylykly barýar. Şonuň netijesinde idegi ýetirilýän bugdaýlar günsaýyn ösüp, giň atyz-meýdanlara bezeg berýär. Bu ugurdaky işleriň ýokary depginlerde dowam etdirilýändigine etrabyň N.Andalyp adyndaky daýhan birleşiginiň ekin meýdanlaryndaky görnüşlerden hem göz ýetirmek mümkin. Çünki boýy ýetip barýan bitgin bugdaý düýpleri golaýdan geçen her bir adamyň ünsüni çekip, göwnüni galkyndyrýar. Daýhan birleşigi boýunça geçen ýylyň güýzünde 1 müň gektar meýdana bugdaý ekilip, kadaly gögeriş gazanylypdyr. Şondan bäri olara ideg etmek boýunça durmuşa geçirilen çäreler oňat netije beripdir. Özlerine berkidilen meýdanlarda ýadawsyz zähmet çekýän kärendeçi daýhanlaryň şu günlerdäki iş depginleri bolsa has-da guwandyryjydyr.  Birleşikde 800-den gowrak gallaçy kärendeçi iş alyp barýar. Olaryň köp sanlysy bu babatda tejribeli, öz käriniň ýol-ýodalaryny birkemsiz ele alan adamlardyr. Şonuň üçin hem bugdaýlara ideg etmekde hiç bir kemçilige ýol berilmeýär. Olary iýmitlendirmekde, suwarmakda, haşal otlardan, zyýankeşlerden goramakda bellenilen çäreler öz wagtynda ýerine ýetirilýär. Daýhan birleşiginiň 12 sany kärendeçiler toparlarynda bugdaý hasylyny ýetişdirmek işleri ýola goýlupdyr. Adylbek Saburowyň ýolbaşçylyk edýän 6-njy kärendeçiler toparynyň agzalarynyň olaryň arasynda bu babatda has öňe saýlanýandyklary bellenilmäge mynasypdyr. Belli bolşy ýaly, bugdaýyň bereketli hasylyny ýetişdirmekde beýleki çäreler bilen bir hatarda, onuň zyýankeşlerden ygtybarly goralmagynyň hem möhüm ähmiýeti bar. Şoňa görä-de, daýhan birleşiginde bu ugurda hereket edýän biolaboratoriýanyň müdiri Şajali Egembergenowyň aýtmagyna görä, häzire çenli birleşigiň bugdaý meýdanlarynyň 851 gektaryna altyngözlüje goýberilip, häzirki günlerde-de bu çäre dowam etdirilýär. Görnüşi ýaly, daýhan birleşiginiň gallaçy daýhanlarynyň, olara ýardam berýän adamlaryň agzybirlikli tagallalary bu ýerde bugdaýyň bereketli hasylynyň ýetişdiriljekdigine güwä geçýär.

04.05.2026 56
Ykdysadyýet

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň gowaça ekiş möwsümi Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda hem barha ýokary guramaçylyga, uly öndürijilige eýe bolýar. Şu ýyl 30600 gektar meýdanda «ak altynyň» bereketli hasylyny kemala getirmegi göz öňünde tutýan etrabyň babadaýhanlary her günde ýüzlerçe gektarda bu çäräni ýokary hilli amala aşyrýarlar. Şonda etrap boýunça dürli kysymly traktorlaryň 200-den, ekijileriň 130-dan, borona-malalaryň 2300-den gowragy peýdalanylýar. Gowaça ekişinde A. Kakabaýew adyndaky, «Ýalkym», «27-nji oktýabr», «8-nji mart» daýhan birleşikleriniň pagtaçy daýhanlarynyň tapawutlanyp zähmet çekýändiklerini bellemek bolar. Bu ugurdaky agzybirlikli aladalar bol hasylyň girewi hasaplanylýan çäräniň öz wagtynda tamamlanylmagyna şert döredýär.

23.04.2026 52
Ykdysadyýet

Daşoguzwelaýatynyň Köneürgenç etrabynyň «Pagtaçy» daýhan birleşiginiň zähmetsöýer kärendeçileri her bir iş gününi netijeli peýdalanyp, bugdaýyň idegini berjaý etmekde görelde görkezýärler. Hojalyk ýylyň-ýylyna bugdaý, pagta, pile we beýleki oba hojalyk önümleriniň bol hasylyny ýetişdirip, döwlete satmakda ýokary görkezijileri gazanýar. Hojalygyň kärendeçileriniň tagallasy netijesinde, geçen ýyl 900 gektar ýerde güýzlük bugdaýyň ekişi geçirildi. Ekilen bugdaý meýdanlaryndan oňat, tekiz gögeriş alyndy. Şu günler hojalygyň zähmet toparlarynda ak ekiniň idegi agrotehniki kadalara laýyk alnyp barylýar. Kärendeçi daýhanlar ýerli dökünleri taýýarlamaga-da aýratyn üns berýärler. Şonuň netijesinde şu günki günde ýerli dökünleriň 3600 tonnasy taýýarlanyldy. Gündelik taýýarlanylýan ders çüýrüntgileri 35 — 40 tonnadan geçýär. Taýýarlanan dökünleri ekin meýdanlaryna daşamakda tehnikalaryň dördüsi bökdençsiz işledilýär. Möwsümleýin ideg çärelerini amal etmegiň kadalaryna laýyklykda, gallaçy kärendeçiler birleşigiň bugdaý meýdanlarynyň her gektaryna 170 kilogram karbamid dökünini berdiler. Ak ekiniň möwsümleýin agrotehniki çärelerini amal etmekde köplere nusga alarlyk iş tejribe toplan Atamyrat Saryýewiň, Baýramdurdy Gaýypowyň, Meretgeldi Begşerowyň, Amanberdi Hojalakowyň hem-de Allamyrat Arazmedowyň ýolbaşçylyk edýän kärendeçiler toparlarynyň gallaçylarynyň bitirýän asylly işlerini ýatlap geçmek has-da ýakymly. Bu zähmet toparlarynda gök öwüsýän ýaş bugdaý maýsalaryna edilýän ideg öwgä mynasypdyr. Hojalygyň gallaçy kärendeçileri «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda 1710 tonna bugdaý hasylyny döwlete tabşyrmagy meýilleşdirýärler.

21.04.2026 60
Ykdysadyýet

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň dürli görnüşli azyk önümleri bilen talabalaýyk üpjün edilmegini gazanmak ugrunda alnyp barylýan işlere telekeçiler hem saldamly goşant goşýarlar. Olaryň öndürýän ýokary hilli önümleri bazarlaryň, söwda merkezleriniň haryt bolçulygyny artdyryp, köpçüligiň uly isleginden peýdalanýar. Bu babatda giňden tanalýan telekeçilik kärhanalarynyň, hususy önüm öndürijileriň onlarçasy biziň welaýatymyzda hem hereket edýär. Şeýle kärhanalaryň biri-de, Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Diýar geňeşliginiň çäginde ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Genç» hojalyk jemgyýetidir. Ol indi ençeme ýyllardan bäri halkymyzyň has köp isleg bildirýän önümleriniň hatarynda durýan ary balyny öndürmek bilen meşgullanýar. Munuň şu geçen döwürde oňat netijeleri berip, kärhananyň tutuş ýurdumyzda hem uly abraýa eýe bolmagyna getirendigini aýtmak gerek. Bu telekeçilik kärhanasynyň ýolbaşçysy Fahreddin Ýakubowyň aýtmagyna görä, ol mundan 30 ýyldan gowrak ozal hususyýetçi hökmünde ary balyny öndürmeklige başlapdyr. Ondan bäri geçen döwrüň dowamynda bu ugurda toplanylan ýeterlik tejribe önümçiligi has-da giňeltmeklige şert döredipdir. Şunlukda, onuň hususy önümçiligi Gahryman Arkadagymyzyň çäksiz goldawlaryndan, telekeçiler üçin açan mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanylmagynyň netijesinde 2020-nji ýylda hojalyk jemgyýetine öwrülipdir. Häzirki wagtda, ýokarda hem belläp geçişimiz ýaly, bu kärhana öz ugry, ýagny ary balyny öndürmek boýunça welaýatymyzyň çäklerinden daşarda-da giňden tanalýar. Häzirki döwürde kärhananyň 1500-den gowrak bal aryly gutusy bar. Beýle diýildigi, şol gutularyň hersinde bir ýa-da iki ary maşgalasy bolup, olaryň jemi sanynyň 2 müňe golaýlaýandygyny aňladýar. Her bir ary maşgalasynyň ýylda ortaça 20 kilogram bal bermäge ukyplydygyny nazara alanyňda, bu ýerde agzalan wagtda 3-4 tonna bal öndürmäge mümkinçiligiň bardygyna göz ýetirmek mümkin. Ýöne ýylyň gelşi, howa ýagdaýlary, otlaryň, ekinleriň bitginligi bilen baglanyşyklylykda, önümiň mundan has köp öndürilýän ýyllary-da bolýar. Kärhananyň önümçilik bölüminde daşary ýurtlardan getirilen kämil enjamlar, täze tehnologiýalar ornaşdyrylypdyr. Olaryň kömegi bilen arylardan alynýan balyň hilini barlamak, bellenilen görnüşlere getirmek, taýýar önümi dürli ölçegdäki gaplara gaplamak ýaly işler ýerine ýetirilýär. Şonda olaryň takyk hem-de talabalaýyk derejede bolmagy esasy meseleleriň biri bolup durýar. Çünki häzirki wagtda bazar gatnaşyklarynyň şertlerinde önümiň hili, daşky bezegi, bahasynyň elýeterli bolmagy hyrydarlary aýratyn gyzyklandyrýar. Şeýle derwaýys işleri göwnejaý berjaý etmekde bu ýerde zähmet çekýän 20-ä golaý işçi-hünärmenleriň ählisiniň hem uly goşantlarynyň bardygyny bellemek zerurdyr. Sebäbi olar ary maşgalalaryny welaýatymyzyň agzalan künjeklerinde ýerleşdirmekden başlap, ýygnalan baly şertnama baglaşylan ýerlere ugratmaklyga çenli aralykdaky hemme çärelere işjeň gatnaşýarlar. Bu bolsa kärhananyň gazanýan ösüşlerinde, eýe bolýan netijelerinde uly ähmiýete eýe bolup durýar.

21.04.2026 48
Ykdysadyýet

Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň oba zähmetkeşleri hem «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň bereketli bugdaý hasylyny ýetişdirmek ugrunda tutanýerli zähmet çekýärler. Etrabyň «8-nji mart» daýhan birleşiginiň 1010 gektar güýzlük bugdaý ekilen meýdanlarynda hem häzirki günlerde ýaşyl öwsüp oturan maýsalara ideg işleri guramaçylykly alnyp barylýar. Bugdaýlara ösüş suwuny tutmak, mineral we ýerli dökünler bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Ekinleri iýmitlendirmekde etrabyň «Obahyzmat» önümçilik kärhanasyna degişli tehnikalar ýakyndan ýardam berýärler. Netijede, bugdaýlar kadaly boý alyp, gözüňi dokundyrýar. Azyk önümleriniň naýbaşysy hasaplanýan bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmekde daýhan birleşiginiň gallaçy daýhanlary ussatlyk görkezmegi başarýarlar. Aýratyn hem, Myrat Meredow, Hangylyç Nepesow, Ogulhan Abdyýewa ýaly kärendeçiler özleriniň çekýän yhlasly zähmeti bilen köplere görelde bolýarlar.

14.04.2026 49
Ykdysadyýet

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda Daşoguz welaýatynda şu ýylyň gowaça ekişi möwsümine dabaraly badalga berilmeginden ruhlanan Akdepe etrabynyň pagtaçy daýhanlarydyr olara dürli ugurlar boýunça ýardam berýän adamlar hem bu möhüm çärä agzybirlikli girişip, onuň ilkinji günlerinden iş öndürijiliklerini ýokary göterdiler. Şeýlelikde, olar şu döwürde 18 müň gektar meýdana tohum taşlap, göwnejaý gögeriş gazanmak maksadynda ýadawsyz zähmet çekýärler. Munuň özi gündelik ekiş geçirilýän meýdanlaryň möçberiniň barha artmagyna şert döredýär. Etrabyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginde hem bu möhüm çäräniň guramaçylykly barýandygyny bellemek bolar. Daýhan birleşiginiň başlygy Maksud Kasymowyň aýtmagyna görä, häzirki dowam edýän möwsümde hojalyk boýunça 1 müň gektar meýdana gowaça ekip, ondan güýz paslynda 1840 tonna oňat hilli pagta hasylyny ýygnap almak meýilleşdirilipdir. Belli bolşy ýaly, şu möwsümde daýhan birleşiginde 311 sany kärendeçiniň meýdanynda gowaça ekişini berjaý etmek göz öňünde tutulypdyr. Olaryň ençemesiniň ýerlerinde bu iş eýýäm amala aşyrylypdyr. Şeýle öňdebaryjy kärendeçileriň hatarynda Geldimyrat Bekbaýewi, Amanbaý Nazarowy, Hemra Gylyjowy we beýlekileri görkezmek mümkin. Bu olaryň öz kärende meýdanlarynda sürüm, tekizleme, suw tutmak çärelerini öz wagtynda berjaý edip, kadaly taba gelmegini gazanmaklarynyň netijesidir. Elbetde, daýhan birleşiginde gowaça ekişiniň öndürijilikli alnyp barylmagynda mehanizatorlaryň uly goşantlarynyň bardygy mälimdir. Bu barada aýdylanda, yzyna tohum taşlaýan gural tirkelen traktora erk edýän, bu işde 30 ýyldan köp tejribesi bolan Geldimyrat Nurmedowyň, şeýle hem öz kärlerine örän yhlasly çemeleşip, köpüň alkyşyna mynasyp bolýan Işanberdi Amanowyň, Begenç Berdigylyjowyň, Parahat Gylyjowyň atlaryny ilkinjileriň hatarynda tutmak örän ýerliklidir. Görnüşi ýaly, etrabyň ähli pagtaçy daýhanlary bilen birlikde, bu birleşigiň kärendeçileridir mehanizatorlary-da häzirki wagtda sözüň hakyky manysynda gijäni gündize öwrüp, gowaça meýdanlarynda bol hasylyň esasy hasaplanylýan ekişi şeýle çalt depginlerde dowam etdirýärler. Bu hem olara şu derwaýys çäräni bellenilen möhletlerde tamamlamaga mümkinçilik berer. Munuň özi bolsa soňraky işleriň öňe gitmegine ýol açýar.

11.04.2026 71