Dashoguz.live – Täzelikler Portaly
weather dashoguz 15° C Daşoguz

Ykdysadyýet

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda 16,5 müň gektar meýdanda bereketli «ak altyn» hasylyny kemala getirmek ugrunda agzybirlik bilen zähmet çekip, bu babatda guwandyryjy netijelere eýe bolan Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň kärendeçi daýhanlarydyr daýhan hojalyklarynyň agzalary häzirki günlerde şol ýerlerde öwşün atyp, töwerege bezeg berýän ak hanalary çalt hem-de ýitgisiz ýygnap, Watan harmanyna goşmaklyga gönükdirilen derwaýys çäreleri öndürijilikli alyp barýarlar. Şeýlelikde, olaryň günsaýyn belende göterilýän pagta harmanlary şu ajaýyp ýylymyzy uly üstünliklere beslejekdiklerine şaýatlyk edip, hemmeleri guwandyrýar. Şeýle möhüm işleriň etrabyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde hem giň ýaýbaňlandyrylandygyny bu ýerde bolanyňda anyk görmek mümkin. Çünki aňyrsy uzaklara uzap gidýän meýdanlarda hasyly heniz egsilmedik gowaçalary aralap, pagta ýygymy bilen meşgullanyp ýören dürli ýaşdaky adamlaryň, ony harmana daşaýan mehanizatorlaryň sazlaşykly hereketleri bu möhüm işleriň olaryň esasy aladasyna öwrülendiginden habar berýär.

10.10.2026 28
Ykdysadyýet

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda şalynyň bol hasylyny ýygnap, döwlet harmanyna goşmagy maksat edinen welaýatymyzyň şalyçy kärendeçileri bu ugurda öndürijilikli iş alyp barýarlar. Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň şalyçylyga ýöriteleşdirilen «27-nji oktýabr» we S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşikleriniň kärendeçileri, «Ykbal açary» daýhan hojalygynyň agzalary jemi 8100 gektar meýdanda gymmatly azyklyk ekiniň bereketli hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Bu hojalyklaryň ekin meýdanlarynda şalynyň welaýatymyzyň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, synagdan geçen «Müňbaş», «Elenga», «Nöküs-2» görnüşleri ekildi. Yhlas bilen ýetişdirilen bereketli hasyly ýitgisiz ýygnamak üçin degişli çäreler durmuşa geçirilýär. Häzirki günlerde öndürijilikli işledilýän kombaýnlaryň güýji bilen her günde ýüzlerçe gektar meýdanda şaly ýygnalýar.

09.10.2026 25
Ykdysadyýet

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň gallaçy kärendeçiler üçin jogapkärli döwri bolan güýzlük bugdaý ekişi möwsümi dowam edýär. Olar bugdaý ekişini öz wagtynda, ýokary hilli geçirmäge çalyşýarlar. Bu çäre Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginde hem ýokary depginde barýar. Hojalyk boýunça şu möwsümde 1000 gektar ýerde güýzlük bugdaý ekişini geçirmek hem-de geljek ýylda ondan bol galla hasylyny öndürmek barada gallaçy kärendeçileriň 101-si daýhan birleşigi bilen şertnama baglaşdy. Bugdaý ekişinde etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň, daýhan birleşiginiň mehanizatorlary kärendeçileriň ýakyn daýanç bolup durýarlar. Sürüm işleri iki çalşykda alnyp barylýar. Munuň özi göz öňünde tutulan ýerlerde gysga wagtda ekiş geçirmeklige mümkinçilik berýär. Ähli işleriň sazlaşykly guralmagy netijesinde her gün hojalykda 27 — 30 gektar ýerde ekiş geçirilýär. Hojalygyň kärendeçileri geljek ýylda 1830 tonna ak bugdaýy öndürmegi maksat edinýärler.

08.10.2026 24
Ykdysadyýet

«Gurýan döwlet gurply» diýlişi ýaly, Daşoguz welaýatynda hem gurluşyk işleri güýçli depginde alnyp barylýar. Häzirki wagtda kärhanamyzyň işçileri tarapyndan demirbeton gurnamalary we bordýur, plitalar, keramiki kerpiçler we beýleki esasy gurluşyk serişdeleri ösen tehnologiýalar arkaly taýýarlanylyp, gurluşyk meýdanlaryna bökdençsiz, öz wagtynda ýetirilýär. Şeýle hem ýöriteleşdirilen agyr ýük ulaglary, awtokranlar we kämil maşynlar gurluşygyň bellenen möhletlerde tamamlanmagyna ýardam edýärler. Kärhanamyzyň işçileri onuň ösüşine özleriniň saldamly goşantlaryny goşup gelýärler. Bu tehnikalaryň gurluşyk meýdançalaryna bellenen tertipnama laýyklykda bökdençsiz barmagy iş amallarynyň yzygiderliligini üpjün edýär we wagt ýitgisiniň öňüni alýar. Bu kärhananyň maddy-tehniki binýadynyň döwrebap derejede berkidilmegi gurluşyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň meýilleşdirilen möhletlerde we ýokary hilli amala aşyrylmagynda esasy şertleriň biri bolup durýandygyny subut edýär. Şu nukdaýnazardan, kärhananyň alyp barýan gurluşyk-önümçilik işleri sebitiň durmuş-ykdysady taýdan ösmegine saldamly goşant goşýar. Kärhananyň önümçilik we gurluşyk ulgamynda gazanýan ýokary görkezijileri bolsa ussat hünärmenleriň utgaşykly zähmetiniň hem-de kuwwatly tehniki serişdeleriň netijeli dolandyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

07.10.2026 25
Ykdysadyýet

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň «Galkynyş» daýhan birleşiginiň 100-den gowrak kärendeçileri «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda 320 gektar ýerde güýzlük bugdaý ekişini geçirmek, geljek ýylda onda bol hasyl ösdürip ýetişdirmek barada şertnama baglaşyp, bu möhüm möwsümi ýokary depginlerde dowam etdirýärler. Bugdaý ekişi geçirilmegi meýilleşdirilen ýerleriň sürlüp, tekizlenip, suw tutylyp birkemsiz taýýarlanmagy ekişiň bellenen möhletde amala aşyrylmagyna şert döredýär. 

02.10.2026 54
Ykdysadyýet

Sanly ulgam maglumatlary we amallary däp bolan kagyz ýa-da mehaniki görnüşden sanly tehnologiýalara geçirip, ähli ulgamlarda işleri awtomatlaşdyryş we olaryň netijeliligini ýokarlandyryş prosesidir. Bu günki günde sanly ulgam diňe tehniki täzelik bolman, eýsem, döwlet edaralarynyň, telekeçiligiň, jemgyýetiň ösüşini kesgitleýän esasy kämilleşdiriş guralydyr. Sanly ulgam ykdysadyýet we telekeçilik, bilim we saglygy goraýyş ugurlaryna hyzmat edýär. Olar, ýagny elektron resminama dolanyşygy raýatlar üçin sanly hyzmat portallaryny, bank ulgamynda sanly tölegler, onlaýn söwda, araçäksiz onlaýn bilim platformalary, elektron gündelikleri, telemedisina we hassalaryň elektron kartotekasyny düzmekde ulanylýar. Sanly ulgamyň esasy artykmaçlyklary tizlik we amatlylyk, açyklyk, ykdysady netijelilik ýaly ugurlardan ybaratdyr. Ol hyzmatlary öýden çykman gije-gündiziň islendik wagty almaga, kagyz resminamalarsyz amallaryň özüne düşýän gymmatyny azaltmaga iş wagtyny tygşytlamaga mümkinçilik berýär. Çagalar bagyndan başlap döwlet edaralaryna we iri kärhanalara çenli ähli resminama dolanyşygynyň doly sanly görnüşe geçmegi wagty hem-de serişdeleri tygşytlaýar. Nagt däl hasaplaşyklary, onlaýn dükanlarynyň we bank hyzmatlarynyň elýeterliligini, ykdysady serişdeleriň dolanyşygyny çaltlandyrýar. Şonuň ýaly-da uly göwrümli maglumatlary ynamly saklamaga we dünýäniň islendik ýerinden oňa elýeterliligi gazanmaga mümkinçilik berýär. Sanly ulgamyň üstünlikli işlemegi üçin ýokary tizlikli internet infrastrukturasyny kämilleşdirmek, maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek, ilatyň sanly sowatlylygyny ýokarlandyrmak möhüm şert bolup durýar. Sanlylaşdyryş geljegiň däl, şu günüň kämil jemgyýetiniň esasy talabydyr.

18.09.2026 58
Ykdysadyýet

«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň güýzlük bugdaý ekişi möwsümine badalga berlen gününden, ýurdumyzyň ähli   ýerlerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň galla meýdanlarynda hem bu derwaýys çäräniň depgini ýokary göterildi. Şeýlelikde, etrabyň gallaçy daýhanlary häzirki döwürde ene topraga geljek ýylyň bol bugdaý hasylynyň kemala getirilmeginiň binýady hasaplanylýan bereket tohumlaryny atmagy öndürijilikli dowam etdirýärler. Ýeri gelende bellesek, etrabyň gallaçy daýhanlary şu ýylyň geçen orak möwsüminde Watan harmanyna bugdaý tabşyrmakda uly üstünliklere eýe boldular. Şonda olar 19,5 müň gektar meýdandan 35535 tonnanyň ornuna 47 müň tonnadan gowrak dokmaňyz däne ýygnap, bu baradaky ýyllyk meýilnamalaryny has artygy bilen berjaý etmegiň hötdesinden geldiler. Munuň özi olaryň hormatly Prezidentimiziň özleri baradaky çäksiz aladalaryna iş bilen jogap bermegi maksat edinip, giň gerimli goldawlaryndan ýerlikli peýdalanyp, uzak wagtyň dowamynda çeken agzybirlikli zähmetiniň guwandyryjy netijeleri berendigini aňladýar. Bu uly üstünligiň gazanylmagyna etrabyň iň iri gallaçylyk hojalygy bolup durýan «Babadaýhan» daýhan birleşiginiň kärendeçileriniň saldamly goşant goşandyklaryny bellemek gerek. Ýagny olar şonda döwlet harmanyna 16,5 müň tonnadan artygrak bugdaý tabşyrmagy başardylar. Munuň özi ýyllyk meýilnamada bellenileninden 4 müň tonna golaý köpdür. Geçen orak möwsüminde ýetilen şeýle belent sepgitler bilen ruhlanan daýhan birleşiginiň gallaçylary şu ekiş möwsümine-de öňdäkileriň hatarynda girişmek bilen, häzirki günlerde bu möhüm çäräni guramaçylykly alyp barýarlar. Şeýlelikde, olar geljek ýylyň bol bugdaý hasyly üçin 6200 gektar meýdanda ekiş geçirmegi meýilleşdirip, bu çäräniň depginini günsaýyn güýçlendirýärler. Munuň şeýledigini hojalygyň gallaçy daýhanlarynyň bu babatda gündelik gazanýan netijeleri hem aýdyň tassyklaýar. Belli bolşy ýaly, daýhan birleşiginde şu möwsümde ýokary hilli ekiş geçirmek hem-de geljek ýylda ak bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirmek babatda tejribeli kärendeçileriň 620-den gowragy bilen şertnama baglaşylypdyr. Olaryň hatarynda Aşyrmuhammet Söýünow, Arazgylyç Arazgylyjow, Geldinazar Allaýew ýaly indi ençeme ýyllardan bäri özlerine berkidilen meýdanlardan ýokary bugdaý hasylyny öndürmekde köplere görelde bolup gelýän öňdebaryjy gallaçylar bar. Daýhan birleşiginiň öz kärine yhlasly şeýle kärendeçileriniň, topar ýolbaşçylarynyň arkalaşykly zähmetiniň netijesinde şu möwsümde bugdaý ekilmegi meýilleşdirilen meýdanlaryň esasy böleginde sürüm, tekizleme, suw tutmak ýaly çäreleriň irki möhletlerde ýerine ýetirilmegi ýerleriň bu çäräniň geçirilmegine öz wagtynda, doly taýýar bolmagyny üpjün etdi hem-de ekişiň ilkinji günlerden öndürijilikli amala aşyrylmagyna şert döretdi. Şeýlelikde häzirki wagtda ýokarda hem belleýşimiz ýaly, hojalykda bugdaý ekişi bökdençsiz dowam etdirilýär. Daýhan birleşiginde bu derwaýys çäräniň öndürijilikli amala aşyrylmagyna ezber mehanizatorlaryň ençemesiniň uly goşant goşýandyklaryny-da bellemek zerur bolup durýar. Çünki olar her günde onlarça gektar meýdanda sürüm, ekişi geçirmek bilen, bu işleriň agrotehnikanyň talaplaryna doly laýyk bolmagyny-da gazanýarlar. Şeýlelikde, hojalykda bugdaý ekişiniň bellenilen möhletlerde geçirilip gutarylmagyna ähli şertler döredilýär.

14.09.2026 55
Ykdysadyýet

Türkmenistanyň Prezidenti şu ýylyň 28-nji awgustynda sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ýurdumyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň pagta ýygymy möwsümine 9-njy sentýabrda girişmäge ak pata berdi. Şu waka mynasybetli, Daşoguz welaýat häkimliginiň mejlisler eýwanynda welaýat, etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň edara-kärhanalaryň ýolbaşçylarynyň, hünärmenleriniň, öňdebaryjy pagtaçylaryň, il sylagly ýaşulularyň, ýaş nesliň wekilleriniň gatnaşmaklarynda maslahat geçirildi. Belli bolşy ýaly, şu ýyl welaýatyň pagtaçy daýhanlary 140 müň gektar meýdanda iş alyp bardylar. Şeýlelikde, olarda çekilen yhlasly zähmet öz guwandyryjy netijesini hem berdi. Öňde duran möwsümde bolsa ýetişdirilen hasyly çalt hem-de zaýasyz ýygnap, döwlet harmanyna goşmak esasy wezipe bolup durýar. Munuň üçin zerur bolan ähli taýýarlyk işleri şu mahala çenli gyzgalaňly dowam etdirilip, meýilnamada bellenilen çäreleriň doly ýerine ýetirilmegi gazanyldy. Şonda welaýatymyzyň çägindäki pagta arassalaýjy kärhanalaryň 10-synda, kabul ediş bölümleriniň, harmanhanalaryň 50-ä golaýynda abatlaýyş işleri geçirilip, olar ölçeg-barlag enjamlary, beýleki serişdeler bilen üpjün edildi. Welaýatda şu ýylyň pagta ýygymy möwsümine badalga berilmegine bagyşlanylan çäreler welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde, Türkmen oba hojalyk institutynda, pagta arassalaýjy kärhanada hem guraldy. Olara gatnaşyjylar halkymyzyň taryhyna degişli gymmatly tapyndylar, gadymy oba hojalyk gurallary bilen gyzyklanyp, talyplaryň çuň bilim almaklary, hünär öwrenmekleri üçin döredilen şertler, tohumlyk gowaça çigidiniň taýýarlanylyşy bilen ýakyndan tanyşdylar. Welaýatyň Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň ekin meýdanynda şu waka mynasybetli guralan toý çäresine köp adam ýygnandy. Dabaranyň iň gyzgalaňly pursadynyň gelip ýetmegi bilen, welaýatda pagta ýygymy möwsüminiň üstünliklere beslenmegi arzuw edilip, il sylagly ýaşulularyň bir topary ak fartuklary dakynyp, gunduz ýaly ak hanalary ýygýarlar. Soňra Köneürgenç şäherindäki döwrebap pagta arassalaýjy kärhanada «ak altyn» ýüklenen bezemen kerweni garşy almak dabarasy geçirildi. Kärhananyň derwezesinden ilkinji ulagyň girmegi bilen, bu ýerdäki şatlyk-şagalaň has-da artdy. Pagta ýükli ulag ölçeg enjamyndan geçip, ilkinji ak hanalary harmana düşürensoň, il sylagly ýaşulular olary maňlaýlaryna sylyp, birek-birege, pagtaçy daýhanlarymyzyň adyna gutlag sözlerini aýtdylar. Şeýlelikde, hemmelerde ýakymly täsirler galdyran dabaralar bilen welaýatda şu ýylyň pagta ýygymyna guramaçylykly girişildi.

09.09.2026 73
Ykdysadyýet

Daşky gurşawy goramak, gözel tebigatymyzyň baýlyklaryna aýawly çemeleşmek ýurdumyzyňähli raýatlarynyň, şol sanda, ösüp gelýän ýaş nesilleriňöňünde esasy borçlaryň biri bolup durýar. Sebäbi daşky gurşawyň ygtybarly goralmagy adamlaryň gowy durmuşda ýaşamagy üçin döredilýän mümkinçilikleriň biridir. Ýurdumyzda «Tebigaty goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Bu kanun tebigaty goramagyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge, hojalyk we beýleki işleriň tebigy ekologik ulgamlara zyýanly täsiriniňöňüni almaga, biologik dürlüligi gorap saklamaga we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmaga gönükdirilendir. Türkmenistanda ekologiýa kanunçylygynyň berjaý edilmegine degişli döwlet gözegçiliginiň geçirilişi baradaky bilimler öwredilende, täze kabul edilen kanun, onuň esasy hukuk düzgünleri we ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekdäki ähmiýeti hakda hem aýratyn durup geçmek zerurdyr. Halkymyz adam eli bilen döredilen islendik önümiňaňyrsynda çekilen agyr zähmetiňýatandygyna, hiç zadyň zähmetsiz döremeýändigine örän oňat göz ýetirýär. Şoňa görä-de, «daban azaby» diýen düşünje halkymyzyň ruhunda hemişelik orun alypdyr. Şonuňýaly-da, halkymyz tebigatyň baýlyklarynyň hem tükeniksiz däldigini bilýär. Tebigatda hasapsyz zadyňýokdugyna düşünýär. Tebigata-da aýawly çemeleşmeseň, onuň baýlyklaryny rejeli peýdalanmasaň, oňa-da dikeldip, düzedip bolmajak zyýanyňýetirilýändigine anyk göz ýetirýär. Mähriban halkymyz öz daş-töweregini gurşap alan dünýä, tebigata müňýyllyklaryň dowamynda örän ýakyn durup gelipdir. Şoňa görä-de, eger tebigatyň adamzada eçilýän eşretlerinden akylly-başly peýdalansaň, oňa talaň salmasaň, tebigatdan peýdalanmagyňýokary medeniýetini saklasaň, onuň ynsany hemişe ekläp-saklaýandygyna öz durmuş tejribesi arkaly göz ýetiripdir. Şonuňüçin hem, tebigatdaky her bir ot-çöpe, ösümliklere, haýwanat dünýäsine örän aýawly çemeleşipdir. Öz mähriban tebigatynyň baýlyklaryny, gymmatlyklaryny müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçirip, aýawly saklap gelipdir. Jemgyýet bilen daşky gurşawyň arasyndaky sazlaşyk hormatly Prezidentimiziň ekologiýa babatda alyp barýan syýasatynyňözeninde durýar. Tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, onuňköpdürlüligini gorap saklamak boýunça diňe bir ýurt derejesinde däl, eýsem, halkara derejesinde nusgalyk işler alnyp barylýar. Halkymyzda Watanymyzyň müň bir derde em bolan dermanlyk ösümliklere baýdygy barada «Her keseliň emini dogan ülkäň topragyndan agtar» diýen paýhasly pikir ýörgünlidir. Güneşli ülkämiziň paýyna düşen bu baý tebigy peşgeşde halkymyzyň sagdyn we uzak ýaşamagynyň gözbaşlary goýlandyr. Gahryman Arkadagymyz bu tebigy baýlygy halkyň bähbidi üçin ýerlikli we ylmy esasda peýdalanmagyň aladasyny edip, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltlik işini taýýarlady. Bu möhüm ähmiýetli ylmy-ensiklopedik eseriň täze-täze jiltleri okyjylar köpçüligine gelip gowuşýar. Alym Arkadagymyzyň«Türkmenistan melhemler mekany» atly kitaby hem örän uly ähmiýete eýedir. Bu eserleriňüsti bilen ýaş nesillerde tebigata söýgi döretmek, daşky gurşawy gorap saklamak ýaly möhüm endikleri kemala getirmek bolýar.

05.09.2026 89
Ykdysadyýet

Diýarymyza güýz paslynyň gelmegi bilen, gallaçy daýhanlaryň iş-aladalary has-da artýar. Şu döwürde olaryň öňünde durýan esasy wezipe geljek ýylyň bol hasylynyň binýady bolan bugdaý ekişini talabalaýyk geçirmekden ybarat bolup durýar. Daşoguz welaýatynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany»ýylynyň bugdaý ekişi möwsümine badalga berilmegine bagyşlanan maslahat işjeň ýagdaýda geçdi. Welaýat häkimliginiň mejlisler eýwanynda guralan bu maslahata welaýat, etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, daýhan birleşikleriniň ýolbaşçylary, hünärmenleri, öňdebaryjy gallaçylary, hormatly ýaşulular, Türkmen oba hojalyk institutynyň talyplary gatnaşdylar. Maslahatda edilen çykyşlardan belli bolşy ýaly, öňde duran jogapkärli möwsümde welaýat boýunça 145 müň gektar meýdanda bugdaý ekişini geçirmek meýilleşdirilip, bu möhüm çärä ykjam taýýarlyk görüldi. Şeýlelikde, ekin meýdanlaryny ekişe taýýarlamak, onuň dowamynda ulanyljak traktorlary, olaryň iş gurallaryny bir hatar gözden geçirip, oňat hilli abatlamak, topraga taşlamaga niýetlenen ýokary hilli tohumlaryň ençeme görnüşini öndürmek we beýlekiler babatda zerur işler amala aşyryldy. Şonuň ýaly-da ýöriteleşdirilen ekiji toparlar döredilip, olara işüstünde degişli hyzmatlary etmek, tehniki howpsuzlyk düzgünleriniň dogry ýerine ýetirilmegini gazanmak boýunça çäreler bellenildi. Munuň özi ekişiň bökdençsiz alnyp barlyp, onuň bellenilen möhletlerde geçirilmegine şert döreder. Gallaçylaryň durmuşyndaky bu uly waka mynasybetli welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde, Türkmen oba hojalyk institutynda, galla önümleri kärhanasynda guralan çäreler hem täsirli boldy. Olara gatnaşanlar halkymyzyň oba hojalygy bilen baglanyşykly däpleri, onda peýdalanan gurallary, häzirki zaman tehnikalaryny içgin öwrenmek babatda talyp ýaşlaryňöňlerinde açylan giň mümkinçilikler, tohumlyk bugdaýyň taýýarlanylyşy bilen ýakyndan tanyşdylar. Welaýatda güýzlük bugdaýyň ekişine badalga berilmeginiň şanyna Şabat etrabynyň «Bossan» daýhan birleşiginiň ekin meýdanynda guralan toý dabarasynyňşatlyk-şowhuny ir ertirden belende göterildi. Şol gün giň meýdanyň bir tarapynda ajaýyp toý görnüşlerini döredýän belent sahna, bezemen ak öýler, halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň, gadymy oba hojalyk gurallarynyň, häzirki döwürde ýurdumyzyň dürli pudaklarynda öndürilýän önümleriň sergileri, daşary ýurtlardan satyn alnan kuwwatly, ýokary öndürijilikli traktorlarynyň uzyn hatary aýratyn ünsi çekip, her bir adamyň kalbynda ýakymly täsirleri döretdi. Bu ýerde welaýatyň sungat ussatlarynyň, ýaş aýdymçylarynyň, tansçylarynyň ýerine ýetiren, aýdym-sazlarynyň şirin owazlary, joşgunly tanslary göwünleri galkyndyrdy. Garaşylan pursadyň gelip ýetmegi bilen, il sylagly ýaşulular ellerine tir alyp, welaýatda başlanýan bugdaý ekişiniň üstünliklere beslenmegini, gallaçylaryň yhlasynyň ýerine düşüp, geljek ýylyň hasylly bolmagyny halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň baky dowamata ulaşmagyny dileg edip, ilkinji bugdaý tohumlaryny topraga sepdiler. Bugdaý ekişine dabaraly badalga berlenden soň, atyzyň gyrasynda taýýar duran, yzyna ekiji gurallar tirkelen täze traktorlar işe girizildi. Olar öňe hereket edip, bugdaý ekişine başladylar. Şeýlelikde, welaýatda bugdaý ekişine ýokary guramaçylyk derejesinde girişildi.

03.09.2026 96

Täze habarlar

Ykdysadyýet Ak hanalardan harman döreýär
10.10.2026   28
Jemgyýet Abadan geljegiň kepili
10.10.2026   29
Jemgyýet Mähir bulagy
09.10.2026   26
Ykdysadyýet Gymmatly ekiniň bol hasyly
09.10.2026   25
Jemgyýet Sagdynlygyň gözbaşy
08.10.2026   22
Ykdysadyýet Bugdaý ekişi ýokary depginde
08.10.2026   24
Jemgyýet Ajaýyp Döwrüň görkana obalary
07.10.2026   25