Dashoguz.live – Täzelikler Portaly
weather dashoguz 27° C Daşoguz

Medeniýet

Ýurdumyzyň çar künjünde ýerleşýän taryhy ýadygärlikler, binagärlik desgalary, gadymy şäherleriň, galalaryň arheologik galyndylary, şöhratly taryhymyzyň şanly sahypalary milli mertebämizi has-da dabaralandyrýar. Keremli türkmen topragynda dünýäde ekerançylygyň, medeniýetiň ilkinji dörän Goňurdepe, Nusaý, Marguş, Dehistan, Sarahs, Abiwerd, Amul ýaly taryhy binagärlik desgalary, ýadygärlikleri we döwlet taryhy-medeni goraghanalary dünýä jahankeşdelerini haýran edýär. Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň we Nusaýyň ýadygärlikleri ählumumy gymmatlyklaryň iň görnükli nusgalary hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Gojaman Köpetdagy etekläp oturan gadymy Änew şäheri hem ýadygärlikleri, adamzat ýaşaýşynyň dörän ilkinji medeni ojaklary bilen bellidir. Eneolit döwrüne degişli bolan Demirgazyk depe, Ýaryk depe, Günorta depe, Garadepe, Namazgadepe we Göksüýri ýaly gadymy künjekler Änew medeniýetiniň gadymy ilatly nokatlary hökmünde tanalýar. Arheologiýa ylmynda Änew medeniýetiniň gözbaşy 7 sany medeni gatlaklara bölünilip öwrenilýär. Änew biziň eýýamymyzdan ozalky VI — IV asyrlarda Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda iň rowaçlanan merkezleriň biri hökmünde ykrar edilýär. Edebi çeşmelerde «Änew» sözüniň — pars diliniň «abi-now» («täze-suw») we sumer-akkad rowaýatlarynyň esasy gahrymanlarynyň biri, biziň eýýamymyzdan ozalky 2500-nji ýyla degişli bolan «Fara» («Tanymallaryň sanawy») atly eserindäki Anu sözlerinden emele gelendigi hakynda aýdylýar. Änew sebitleri XV — XIX asyrlar aralygynda «Bagabat» (baglyk mekan) ady bilen taryhda has-da şöhratlanýar. Biziň eýýamymyzdan ozalky VI — IV asyrlarda Änew şäheriniň esasy nyşanlarynda — oňonynda öküziň, möjegiň, laçynyň we ok-ýaýyň bolandygy, halk hünärmentçiliginiň 70-e golaý ugurlary boýunça ösendigi edebiýatlarda bellenilýär. Alymlar gojaman Änewde saklanyp galan ýadygärlikleriň köpüsiniň XV asyryň ortasynda Horasany Babyryň dolandyran döwründe bina edilendigini belleýärler. Änew X — XVI asyrlarda Nusaý welaýatynyň bir etraby, Samarkant — Hyrat söwda ýolunyň esasy merkezleriniň biri bolupdyr. XI asyrdan tä XIII asyryň birinji ýarymyna çenli Änew Naşjuwan ady bilen tanalýar. Akademik G.A.Pugaçenkowa, arheolog A.A.Maruşşenko Änew medeniýetiniň Galaly depedäki yzlaryny Gündogaryň beýik şahyry Abulkasym Mansur Hasan Ferdöwsiniň «Şanamasynda» wasp edilýän Sasanit şasy Hysrow Anuşirwanyň (531 — 579 ýý.) döwri bilen baglanyşdyryp, ony Mesopotamiýadaky Şumer siwilizasiýasynyň, Merkezi Aziýadaky Namazgadepe, Altyndepe, Parfiýa, Jeýtun, Marguş, Göksüýri hem-de Müsür, Hindistan, Wawilon, Hytaý medeniýetleri bilen ýaşytdaş hasaplaýarlar. Amerikan arheology Rafael Pampelli 120 ýyl mundan ozal taryh ylmyna «Änew medeniýeti» diýen adalgany ilkinji bolup girizýär. Änew medeniýetine degişli bolan taryhy ýadygärlikleriň aglabasy Aşgabat — Bäherden ýolunyň ugrunda ýerleşýär. Dürli ýyllarda halkara derejede Änew medeniýetiniň gymmatlyklaryny düýpli öwrenmekde we dünýä ýaýmakda Ý.Atagarryýew, S.Atanyýazow, B.Annagurbanow, K.Gurbansähedow ýaly alymlar, ylmy işgärler uly goşant goşdular. Taryhy edebiýatlarda Änewde däneçilik, dokmaçylyk, awçylyk, tohumçylyk-seçgiçilik, hat-ýazuw, nakgaşçylyk, ýüpekçilik, zikgelemek, suwaryş ulgamy, üzümçilik, magdan eretmek, şekillendiriş, küýzegärçilik bilen baglanyşykly tapyndylaryň müňlerçesi ýüze çykaryldy. 2005-nji ýylda Ýer ýüzünde ilkinji gezek däneçilik pudagynyň şöhratly geçmişini dabaralandyrýan Ak bugdaý muzeýiniň gadymy we meşhur Änew şäherinde açylmagy köpleriň göwün guşuny ganatlandyrdy. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip ykrar edilmegi watandaşlarymyzy has-da buýsandyrdy. 2023-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 45-nji giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Özbegistan we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikdäki «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan — Garagum geçelgesi» atly özünde sebitiň 31 sany (olaryň 7-si Türkmenistanda ýerleşýär) taryhy ýadygärliklerini jemleýän köptaraplaýyn hödürnama toplumynyň çäklerinde Änew medeniýetiniň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşulmagy hem buýsandyryjy wakadyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  Änew şäheriniň keşbi medeni, önümçilik, durmuş maksatly desgalaryň hatary bilen düýpli özgerýär, döwrebaplaşýar, ösüşleriň täze bady bilen has-da rowaçlanýar.

15.03.2024 641
Medeniýet

Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň milli şahyry bolmak bilen bir wagtda, bütin adamzadyň akyldar şahyrydyr. Magtymgulyny okan her bir adam onuň şygyrlarynda türkmen halkynyň ynsanperwer ýörelgelerini we tutuş ynsanyýete degişli taglymatlary görüp bilýär. Şonuň üçin-de halkymyzyň we bütin adamzadyň Magtymguly Pyraga bolan söýgüsi çäksizdir. Akyldar şahyryň şan-şöhraty Garaşsyz Watanymyzyň täze taryhy eýýamynda has belende göterildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň diňe biziň ýurdumyzda däl, dünýäniň ençeme döwletlerinde uly dabara bilen belleniljekdigi bizi diýseň begendirýär. Halkymyz öz akyldar şahyrynyň sarpasyny hemişe belent saklap gelýär. Ýurdumyzyň bir etrabyna, Aşgabat şäherindäki iň baýry okuw jaýlarynyň biri bolan Türkmen döwlet uniwersitetine, paýtagtymyzdaky sazly drama teatra, Türkmenistanyň Ýaşlar guramasyna, uzak saparlarda gezýän uly gämä, şäherlerimiziň ajaýyp şaýollaryna, obalarymyzyň iň gözel köçelerine, daýhan birleşiklerine söz ussadynyň ady dakyldy. Magtymguly Pyragy bilen watandaş bolmagyň begenç duýgusy, ady dakylan okuw jaýynda okamak ýa-da jemgyýetçilik gurama agza bolmak, akyldaryň ady bilen baglanyşykly ýerde zähmet çekmek, mahlasy, onuň jany-teni bilen söýen, arzuw eden ýurdunda ýaşamak biziň her birimiz üçin tükeniksiz bagtdyr. Geçen asyryň segseninji ýyllarynyň başlarynda Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda täze döredilen daýhan birleşikleriniň birine beýik akyldaryň ady dakyldy. Bu daýhan birleşiginiň guýmagursak daýhanlary uzak ýyllar ýerden bereketli hasyl almakda köplere görelde görkezip geldiler. Ilki döredilende 4 topary özüne birleşdiren we 40 hojalykdan ybarat bolan daýhan birleşigi soňra milli baýlygymyz bolan «ak altynyň» 5 müň tonnadan gowragyny döwlete tabşyryp, ýurdumyzyň iň adygan hojalyklarynyň birine öwrüldi. Oba zähmetkeşleri bu gazanylan üstünlikleriň gözbaşyny çekilýän halal zähmet, şeýle hem daýhan birleşigine akyldar şahyryň adynyň dakylmagy bilen baglanyşdyryp düşündirýärler. Olar daýhan birleşiginiň Magtymgulynyň adyny göterýändigine buýsanýarlar. Onuň sähetli gün düýbi tutulyp, halkyň uly ynanjyny gazanan şahyrynyň özlerine gaýypdan pata berendigine ynanýarlar. Daýhan birleşigi ilki açylandan başlap, oňa 20 ýyllap ýolbaşçylyk eden, häzir segseniň onuny tegelän tejribeli oba hojalykçy Hudaýberdi Orsmyradow 1982-nji ýylyň ýanwar aýynda düýbi tutulan hojalyga halkyň teklibi bilen Magtymgulynyň adynyň dakylandygyny ýatlaýar. Şol döwrüň ýaşuly nesliniň wekilleri, etrap, welaýat ýolbaşçylary oba adamlaryna daýhan birleşiginiň belent adyna mynasyp zähmet çekmegi sargyt edýärler. Oba zähmetkeşleri bildirilen ynamy aňryýany bilen ödeýärler. Ýylyň-ýylyna borçnamalar artykmajy bilen ýerine ýetirilýär. Daýhan birleşiginiň zähmetkeşleriniň gazanýan üstünlikleri hemmeleriň ünsüni çekýär. Oba zähmetkeşleriniň arasynda ýygy-ýygydan medeni-köpçülik çäreleri guralýar. Meýdan düşelgelerinde teatr artistleri, belli bagşy-sazandalar, estrada aýdymçylary yzygiderli çykyş edýärler. Olaryň göwün göteriji täsirli çykyşlary oba adamlaryny täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Obanyň ýaşuly adamlary oba zähmetkeşleri bilen duşuşmak üçin ýurdumyzyň belli ýazyjy-şahyrlarynyň toparynyň birnäçe gezek bu ýere gelendiklerini süýjülik bilen ýatlaýarlar. Şolaryň arasynda, köplenç, Türkmenistanyň ýazyjylar birleşiginiň şol wagtky başlygy, tanymal ýazyjy Täşli Gurbanow, ýazyjylar birleşiginiň Daşoguz  welaýaty boýunça edebi maslahatçysy Hangeldi Garabaýew, zehinli şahyr Sona Ýazowa, belli metbugat işgäri, publisist Kakabaý Ylýasow, ýomakçy ýazyjy Allanazar Begnazarow dagy bolar eken. Daýhan birleşiginiň şol wagtky başlygy Hudaýberdi aganyň aýtmagyna görä, şol döwürde Dädebaý Hallyýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän 1-nji toparyň, Nepes Aşyrowyň ýolbaşçylygyndaky 2-nji toparyň meýdan düşelgelerinde döredijilik işgärleri bilen täsirli duşuşyklar geçirilipdir. Onda ýazyjy-şahyrlar göwün göteriji goşgulary okap, özara henek-ýomak aýdyşyp, zähmetkeş adamlaryň göwünlerini göteripdirler. Magtymgulynyň adyny göterýän daýhan birleşiginiň zähmetkeşleriniň gazanýan zähmet üstünlikleriniň waspy ýetirilip, ýurdumyzyň iri metbugat sahypalarynda yzygiderli beýan edilipdir. Bahar aýlarynda bu ýerde Magtymguly Pyragynyň şygryýet günleriniň uludan, dabaraly ýagdaýda bellenilip geçirilmegi däbe öwrülipdir. Umuman aýdylanda, dana şahyryň ady dakylan daýhan birleşiginde söz sungatynyň jadylaýjy güýji oba adamlarynyň işleriniň ilerlemegine, olaryň täze zähmet üstünliklerini gazanmaklaryna hemişe täsirini ýetirip gelýär. Häzirki döwürde hem söz ussady, Gündogaryň beýik akyldary Magtymgulynyň adyny göterýän daýhan birleşiginiň zähmetsöýer babadaýhanlary oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny ýetişdirip, dana şahyryň hatyrasyny, sarpasyny belent tutýarlar, ýurdumyzyň ykdysady taýdan ösüşine özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Döwürdeş şahyrlarymyzyň biriniň: Seýil edip ýakyny, yragy bilen, Tümlügi böwüsýän çyragy bilen, Düýşde-de, huşda-da bile ýaşaýan, Ruhy seždegähim Pyragy bilen — diýip, beýik şahyryň her bir adamyň durmuşynda, ruhy dünýäsinde müdimi orun alandygyny nygtaýşy ýaly, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň görnükli nusgawy şahyrlarymyzyň ýene-de biri Keminäniň adyny göterýän geňeşliginiň çäginde ýerleşýän Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň agzybir zähmetkeşleri Magtymguly Pyragyny özleriniň ruhy seždegähleri hasaplaýarlar. Olary Pyragynyň paýhas çyragy täze-täze üstünliklere ruhlandyrýar.

12.03.2024 535
Medeniýet

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, türkmen alabaýynyň şan-şöhratyny has belende götermek ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda itşynaslygy ösdürmek, bu ugurda gazanylýan üstünlikleri wagyz etmek maksady bilen, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy, bu assosiasiýanyň «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» žurnaly döredildi. Paýtagtymyzda umumy beýikligi 15 metre barabar bolan «Türkmen alabaýy» atly heýkeliň dikilmegi, 2018-nji ýylyň bosagasynda türkmen alabaýy — Wepalynyň heýkeliniň açylyş dabarasynyň bolmagy, «Türkmenistanyň halk itşynasy», «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly atlaryň döredilmegi, «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» diýen bäsleşikde ýeňiji bolan alabaýa «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» diýen derejäniň berilmegi, şeýle hem her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde «Türkmen alabaýynyň baýramyny bellemek hakynda» Permana gol çekilmegi ýurdumyzda alabaý itlerine goýulýan belent sarpanyň aýdyň mysallarydyr.  

25.10.2023 879
Medeniýet

Tanap, ýüpler bilen berkidilen islendik goş-golam ýa-da mal-gara diňe «daňmak» sözi bilen däl, eýsem, dürli hili sözler arkaly aňladylýar. Şeýle sözler, esasan, mallaryň daňylmagy bilen baglanyşykly köp gabat gelýär. Mysal üçin, ýörite taýýarlanan tanapyň bir ujuny sygryň şahyna, beýleki ujuny atyzlaryň, çilleriň ýakasynda berkidilen gazyga daňýarlar. Muňa «sygyrlaryň örklenmegi» diýlip, atyzlardaky ekinleri iýmezligi üçin ulanylýan usuldyr. Düýe malynda bolsa «duşamak» sözi bilen aňladylyp, onuň öri meýdanyndan uzaga gitmezligi üçin ýörite berk önümlerden öňki aýaklary daňylýar. Düýe malyna, esasanam, ýaş duluçlara, ikiýaşarlara duşak salmak aňsat däl. Duşaklar ýasalanda, düýäniň horlanmazlygy, aýagyny kesmezligi ýaly ýagdaýlar göz öňünde tutulýar. Gylyksyz düýeleri duşamak üçin «badamak» usulyndan peýdalanylýar. Badamak düýeleriň öňki aýaklarynyň iň ýokarsyndan, döşüniň edil düýbünden ýüp bilen daňmaklykdyr. Öňki aýaklary daňlansoň, düýe artykmaç hereket edip bilmeýär. Duşak salnansoň, badag salnan ýüpi aýyrmaly. «Nogta» bolsa düýeleri öýde saklamak üçin kellesine salynýan ýörite taýýarlanan tanapdyr. Düýeleriň käbiri birbada sagdyrmaýar. Gylyksyz düýeleri sagmak üçin olar başda bogsaklanýar. «Bogsak» täze köşeklän düýeleriň artky aýaklaryna salynýan daňy. Bogsak salnan düýe saglyp bolýança artky budundan geçirilen tanapdan çekip durmaly. Düýe malynyň göwresi uly bolandygy üçin, belli bir düzgünde saklamaga dürli usullary ulanmaly bolýar. «Owsarlamak» hem şolaryň biri bolup, ol, esasan, kellesine salynýan nogtanyň has berk görnüşidir. Owsarlanan mal eýesiniň erk-islegine görä hereket edýär. «Kösseklemek» hem atlaryň, sygyrlaryň, käbir ýagdaýlarda goýun-geçi ýaly mallaryň öňki we artky aýaklaryny biri-birine belli bir ölçegde baglamakdyr. Goýun-geçi gyrkylanda, saglanda, daňylaryň dürli görnüşi ulanylýar. Goýny, geçini gyrkmak üçin ony ýykyp, dört aýagynyň daşyndan aýlap ýörite taýýarlanan bir metre golaý uzynlykdaky «güýlük ýüp» bilen berk daňmaly. Bu mallary «güýlmek» usulydyr. Güýlmek hem «güýlük» bir manydaş, kökdeş sözlerdir. Geçi saglanda, onuň şahyndan tutulyp saklanýar, onuň üçin hiç hili tanap ulanylmaýar. Goýunlar bolsa ýörite taýýarlanylan uzyn ýüpe daňmak arkaly sagylýar. «Köken» diýilýän bu usul goýunlar köpçülikleýin saglanda, netijeli işlemäge amatlydyr. Bular geçmişde pederlerimiziň ukyp-başarjaňlygy arkaly döredilip, häzirki wagtda hem gündelik durmuşda işjeň ulanylýan usullardyr. Ulanylýan dürli tärler halkymyzyň her hünäre oýlanyşykly, juda jogapkärçilikli çemeleşýändigini äşgär edýär.

10.10.2023 503
Medeniýet

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna Aşgabat şäherinden we ýurdumyzyň welaýatlaryndan bagşylaryň 12-si hem-de şonça sazanda gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň döredijiligine berýän üns-aladasyndan ruhlanyp, bäsleşige gatnaşyjylar paýtagtymyzdaky kaşaň sahnada özleriniň aýdym-sazlaryny mähir we ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýeňiji bolan bagşylaryň hem-de sazandalaryň 12-siniň atlary yglan edildi we olaryň her birine ýörite diplom hem-de altyn zynjyr gowşuryldy. Şeýle hem «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşanlaryň ählisine hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Ýurdumyzyň ýaş dutarçy bagşy-sazandalarynyň arasynda ikinji gezek ýokary derejede geçirilen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginde ýeňiji bolan ýaşlaryň arasynda Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap medeniýet bölüminiň Türkmenistan geňeşligindäki Kerpiçli oba medeniýet öýüniň aýdym-saz ýolbaşçysy Güýçmyrat Atabaýew, Akdepe etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Begenç Urpekow dagy hem bar.

14.09.2023 484
Medeniýet

Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatry ýaş tomaşaçylar üçin sahnalaşdyran «Jadyly söz» atly täze spektakly bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramçylygyna mynasyp sowgatly barýar. Dramaturg Aýmämmet Işangulyýewiň adybir eseri esasynda aýdym-sazly, gyzykly başdan geçirmeli spektakly tejribeli režissýor Guwanç Baýmetow sahnalaşdyrýar. Türkmenistanyň at gazanan artistleri Meretdurdy Seitow, Halmyrat Şyhyýew, Pirnepes Hojanepesow, şeýle hem Begli Dowlyýew, Ýazdurdy Öwezow, Leýli Rejepowa, Leýla Gafurowa, Aýjahan Berdiýewa, Döwran Bekdurdyýew, Şeýdabeg Saryýew dagy spektaklda keşp janlandyrýarlar. Sahna oýnunda dostluk, mähribanlyk, birek-biregi goldamak ýaly ynsanperwer garaýyşlar ündelýär.

04.09.2023 480
Medeniýet

Halkymyz müňýyllyklaryň dowamynda Änew, Jeýtun, Marguş, Kelteminar medeniýetleri ýaly taryhyň şöhratly sahypalarynda uly orun alan milli medeni galkynyşlary bilen umumadamzat siwilizasiýasynyň, dünýä medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşupdyr. Bu hakykaty häzirki wagtda bütin dünýä ykrar edýär. Göksüýri depesinden Gyzylarbada çenli ägirt uly giňişligi öz içine alýan Änew medeniýeti barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda giňişleýin bellenip geçilýär. 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) mejlisinde türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» we gadymy Änew şäherini 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek barada türkmen tarapynyň öňe süren başlangyçlary uly goldawa eýe boldy. Halkara derejedäki şeýle syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetli wakalar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli işleri has-da dabaralandyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwal hem Änew şäherinde geçiriler. Şeýle-de dünýä medeniýetiniň we sungatynyň gadymy ojagynda geçiriljek halkara ylmy maslahat, halkara ýaşlar forumy, TÜRKSOÝ guramasyna agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisi şanly ýylymyzy has-da dabaralandyrar. Ak bugdaýyň mekany, ekerançylygyň ilkinji dörän ojagy hökmünde ykrar edilýän Änew şäheriniň «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen bagly geçiriljek medeni çäreleriň özeninde medeniýetiň halklary, döwletleri jebisleşdirmekdäki, olaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdaky syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti, ynsanperwer, ruhy gymmatlyklary örboýuna galýar.

02.02.2023 466
Medeniýet

Alajalar, alaja görnüşli ýüpler türkmen halkynyň durmuşyna mäkäm ornaşan milli gymmatlyklar bolup durýar. Halkymyz alajalary uzak geçmişden başlap, häzirki güne çenli diňe bir gözden-dilden goraýjy serişde hökmünde däl, eýsem nagyş, bezeg hökmünde hem ulanypdyr. Çaganyň gundag bagy, sallançak bagy, gelin-gyzlaryň bukjasynyň bagy alajadan bolupdyr. Olara uk bag, tüýnük bag, serpik bag, üzük bag, durluk bag degişlidir. Alajadan edilen baglar ak öýlere özboluşly gelşik beripdir. Ak öýleriň torbalarynyň gyralaryna hem nagyş hökmünde alajalardan baglar tutulypdyr. Gelin-gyzlaryň el işlerinde, haly-palaslarda alaja şekilindäki nagyşlar köp ulanylýar. Gelin-gyzlar alaja nagşyny erkek adamlara niýetlenen tahýalara, guşaklara, çaýhaltalara, elýaglyklara has köp salypdyrlar. Halydyr palaslarda, keçelerde köp ulanylýan alaja nagyşlary ozal gelin-gyzlaryň arasynda alaja, alaja gowurdak atlary bilen bellidir. Bu nagyşlar beýleki nagyşlaryň gyrasyna jähek hökmünde ulanylyp, bir halynyň, keçäniň özünde birnäçe gezek gaýtalanýar. Alajalar mata dokmaçylygyna hem aralaşypdyr. Muny «alatow» ady bilen belli bolan matanyň mysalynda görmek bolýar.

09.01.2023 1203
Medeniýet

Senetçiligiň asyrlar içre arzylanyp gelnen kämil görnüşleriniň biri hem agaç ussaçylygydyr. Halkymyzyň ruhy dünýäsinde bu sungata ähmiýetli orun degişlidir. Ata-babalarymyz agaç ekmegi, ony ösdürip ýetişdirmegi sogap iş hasaplapdyrlar. Munuň şeýledigini «Agaç jennetden çykypmyş», «Agaçly obany sil almaz», «Agaç ýapragy bilen görkli» ýaly halk aýtgylary, nakyllar hem tassyklaýar. Türkmen halkynyň agaçdan ýasalan owadan önümleri hem milli sungatymyzyň gadymdan gelýän görnüşidir. Olaryň özüne mahsus aýratyn gözelligi bar. Agaçlary ýetişdirmek, olardan dürli çig mallary, önümleri taýýarlamak binagärlik medeniýeti bilen berk baglydyr. Arheologik maglumatlara görä, mundan 7-8 müň ýyl ozal gurlan jaýlaryň üsti agaç pürsler bilen basyrylypdyr. Gümmezleriň, köşkleriň öňünde gurlan eýwanlaryň sütünleri hem agaçdan ýasalypdyr. Suw desgalary, dürli görnüşli zähmet gurallary, öý hojalygynda ulanylýan enjamlar — jykyr, nowa, ýag taýýarlamak üçin ulanylýan juwaz, ýük araba, gaýyk, naw kejebe, sandyk, aştagta, oklaw, kersen, çemçe, susak, dürtgüç, bedew atlaryň eýeri, howut, gaňňa ýaly gündelik durmuşda peýdalanylýan esbaplar agaçdan ýasalypdyr. Halkymyzyň milli guwanjy bolan ak öýleriň süňňüniň agaçdan bolmagyny hem bu sungatyň gazanan beýik üstünlikleriniň biri hasaplamak bolar. Türkmen agaç ussasynyň döreden dutardyr gyjak we beýleki milli saz gurallary halkymyzyň köňül joşgunyny ajaýyp heňde ýüze çykarmagy başaran täsin sungat eseridir. Söýgüli saz guralymyz bolan şirin owazly dutarymyz hem tut agajyndan ýasalýar. Gözelligi duýýan, ondan lezzet alýan dutarçy ussanyň elinde tut agajy ajaýyp esere, ýagny hoş owaz paýlaýan dutara öwrülýär.

02.01.2023 591
Medeniýet

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülýär. Häzirki wagtda Diýarymyzda hususy telekeçiligi ösdürmek, telekeçileri döwlet tarapyndan goldamak ugrunda uly tagallalar edilýär. Şeýlelikde, ýurdumyzda hereket edýän hususy kärhanalaryň sany barha artyp, telekeçileriň öndürýän önümleri diňe bir içerki bazarlarymyzda däl, eýsem daşary ýurtlarda hem uly islegden peýdalanýar. Ýurdumyzda döwür bilen aýakdaş kärhanalaryň sany yzygiderli köpelip, olaryň öndürýän önümlerine bolan islegler barha artýar. Şeýle kärhanalaryň biri-de Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde ýerleşýän, TSTB-niň agzasy bolan «Şa — Nur» hojalyk jemgyýetidir. Kärhananyň öz işini dowam etdirip gelýänine indi 20 ýyldan gowrak wagt bolupdyr. Bu ýerde, esasan, mahabat işleri, bildirişler, fotoneşir, uly harplar: LED, sergi pawilýonlary, iş otaglary, dükanlar we söwda nokatlary, restoranlar we kafeler, toý zallary, dabaraly çäreler üçin dürli görnüşli ýazgylar, bezegler taýýarlanylýar. Bu önümler welaýatymyzyň şäherleriniň köçelerini, edara-kärhanalaryny bezeýär. Önümler, esasan, buýurmalar boýunça öndürilýär. Kärhanada öz işine ussat, ezber hünärmenler zähmet çekip, olaryň hatarynda çaphana işleri boýunça hünärmen Denis Putilin, hünärmenler Dildar Atajanowa, Rustem Mätýakubow, Bahtyýar Atajanow, elektrik Erke Ýusupow, kebşirleýji Abbas Hudaýarow, frezer kesimi ussasy Serdar Seýtniýazow dagyny agzamak bolar. Kärhananyň hünärmenleri müşderileriň ösen isleglerini kanagatlandyrmakda we ýokary hilli döwrebap serişdeleri taýýarlamakda yhlaslaryny gaýgyrman zähmet çekýärler. Welaýat merkeziniň gözelligine gözellik goşýan dürli görnüşli önümleri öndürýän «Şa — Nur» hojalyk jemgyýetinde alnyp barylýan işleri synlanyňda, ýurdumyzda telekeçilik işiniň hem-de pudagyň mundan beýläk-de ösjekdigine bolan ynamyň has-da artýar.

28.11.2022 470

Täze habarlar

Jemgyýet Baky bagtyýarlygyň binýady
15.05.2026   7
Medeniýet Türkmeniň myrady hem syrdaşy
15.05.2026   7
Jemgyýet Döredijilikli işler
14.05.2026   7
Medeniýet Halyçylar bäsleşdiler
13.05.2026   7
Medeniýet Nazar baga
12.05.2026   9
Jemgyýet Tüwi iýen taplanar
10.05.2026   6