Dashoguz.live – Täzelikler Portaly
weather dashoguz 24° C Daşoguz

Medeniýet

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň kalplara ylham bagyşlaýan tutumly dabaralary häzirki wagtda giň gerimde dowam edýär. Şanly ýyla bagyşlanyp «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebi bilen bilelikde guramagynda «Akyldaryň paýhasy — kalbyň ylham çeşmesi» atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Daşoguz şäheriniň Magtymguly meýdançasynda geçirilen döredijilik duşuşygynda  redaksiýanyň döredijilik işgärleri, halypa şahyrlar, welaýatyň çeper döredijilik bilen gyzyklanýan ýaşlary özleriniň döreden goşgularyny okadylar. Ylhamly göwünlerden dörän setirler bilen sazlaşykda ýaňlanan aýdymlar duşuşygyň şowhunyny artdyrdy. Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň akyldar şahyrymyzyň sözlerine döredilen ajaýyp aýdymlary kalplara egsilmejek joşgun bagyşlady. Şeýle hem döredijilik duşuşygynda çykyş edenler ylham berýän baharyň hoştap howasynda beýik söz ussadynyň hormatyna bagyşlap geçirilýän döredijilik duşuşygynyň ähmiýetini bellediler. Çeper edebiýatymyzyň ösdürilmegine, söz sungatynyň ussatlarynyň sarpasynyň belent tutulmagyna döredilýän ajaýyp mümkinçilikler hakynda belläp, çykyş edenler munuň döredijilikli zähmete berilýän ýokary bahadygyny nygtadylar.

23.04.2024 504
Medeniýet

Her bir güni aýdym-sazly ata Watanymyzda amala aşyrylýan beýik işler rowaçlyga beslenýär. Şunda halkara derejede ýola goýulýan medeni-ynsanperwer gatnaşyklara möhüm orun degişlidir. Bitarap Türkmenistan dünýä döwletleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak bilen, medeni diplomatiýanyň ösdürilmegine hem aýratyn üns berýär. Şunda Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda ýola goýulýan medeni-ynsanperwer gatnaşyklar milli medeniýetimiziň ösdürilmegine oňyn täsir edýär. Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň akapella toparlarynyň konsertiniň geçirilmegi hem munuň aýdyň nyşanydyr. Konsertiň dowamynda iki ýurduň belli kompozitorlarynyň sazlaryna döredilen nusgawy eserleriň joşgunly äheňde ýaňlanmagy dabaranyň şowhunyny artdyrdy. Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň Weli Muhadowyň, Nury Halmämmedowyň sazlaryna, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen aýdymlardan ýerine ýetiren akapella çykyşlary has-da täsirli boldy. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly toýunyň dabaralary bilen ajaýyp sazlaşygy emele getiren şowhunly çykyşlar beýik söz ussadynyň nusgawy eserleriniň ähmiýetiniň uludygyny ýene-de bir gezek görkezdi. Ýaşlaryň kalbyny joşdurýan häzirki zaman aýdymlarynyň ýaňlanmagy konserte aýratyn öwüşgin çaýdy. «Neil Diamond», «Disney» ýaly belli akapella aýdymlarynyň joşgunly ýaňlanmagy iki halkyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň täze derejä çykýandygynyň nyşanyna öwrüldi. Dost-doganlyk konsertiniň dowamynda çykyş eden sungat ussatlary, belli aýdym-saz toparlarynyň höwesjeňleri halklaryň arasynda parahatçylygy, ynanyşmagy berkitmekde medeni hyzmatdaşlygyň aýratyn uly ornunyň bardygyny belläp, şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredýän Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk sözlerini beýan etdiler.

17.04.2024 453
Medeniýet

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň aýdym-saza, medeniýete we sungata bolan höwesini artdyrmak maksady bilen, bäsleşikler, ýaryşlar yzygiderli geçirilýär. Indi birnäçe ýyl bäri halkymyzyň söýgüsini gazanan, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän ýaş zehinleriň arasynda yglan edilen  «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly bäsleşik hem körpe nesilleriň arasyndan ençeme zehinleri ýüze çykardy. «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň Daşoguz welaýat tapgyry Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda geçirilip, oňa zehinli çagalar işjeň gatnaşdylar. Olar özleriniň çykyşlarynda bagtyýar çagalygy, ata Watanymyzyň ösüşlerini joşgunly wasp etdiler. Kalba joşgun eçilýän çykyşlaryň dowamynda nusgawy aýdym-saz eserleriniň bagtyýar körpeler tarapyndan döwrebap derejede ýerine ýetirilmegi has-da täsirli boldy. Dürli dillerde ýaňlanan aýdymlarda dost-doganlygyň, parahatçylygyň waspy belentden ýaňlandy. Çagalar tans toparlarynyň taýýarlan joşgunly tanslary dabaranyň şowhunyny artdyrdy. Biri-birinden höwesli, biri-birinden erjel ýaşajyk zehinleriň çykyşlaryna eminler topary tarapyndan degişli baha berildi. Şunda çagalaryň sahnada özlerini alyp baryşlaryna, ýerine ýetirijilik ussatlygyna seredildi.

17.04.2024 539
Medeniýet

Oba adamlary. Olar şeýle bir sada, göwnaçyk, zähmetsöýer adamlar. Olar çeper we manyly aýdylan sözlere aýratyn gadyr goýýarlar. Oba adamlary Magtymguly Pyragynyň gyzyla gaplaýmaly dana sözleriniň hem muşdagy bolýarlar. Oglan wagtlarymyzda bilimi babatda bary-ýogy mekdepde sowat öwrenen, aňry gitse, ýediýyllyk okuwy tamamlan ýaşuly adamlaryň beýik şahyr hakynda aýdanlaryny, onuň goşgularyny ýatdan okap, manysyny tirişlerini ýatlanymda, halkymyzyň asyrlaryň dowamynda Magtymguly Pyraga boljagy-geljegi öňünden gören keramatly adam hökmünde garap gelendiklerine göz ýetirýärin. Olar Magtymgulynyň ölmez-ýitmez şygyrlaryny özleri üçin hem, geljek nesiller üçin hem durmuş mekdebi, has zamanabap söz bilen aýdanymyzda, uniwersitet hasaplaýardylar. Oba adamlarynyň Magtymguly Pyragy hakynda eden gürrüňleriniň käbirini okyjylara ýetirmegi makul bildim. Juda ýatkeş we gürrüňçil Çörli aga märekede Gurhandan aýat okaýan ýaly owazly sesi bilen Magtymguludan şygyr okaýardy. Arasynda bolsa okalan setirlere düşündiriş berýärdi. Goşgynyň:   Ömrüň ahyr bolup, dolsa peýmana, Haşhaşyň samany başy syndyrar —   diýen ýerine gelende, Çörli aga: — Adam egbarlanda ýa-da garrap, tapdan düşende, haşhaş ýaly ýumşak otuň samany hem onuň başyna daşdan gaty bolup degýär — diýip düşündirdi. Aýdylanlary ünsli diňläp oturan agras hem gysga sözli Kaka Galandar: — Haşhaş gozasyndan we samanyndan neşe alynýan, adamyň başyny humarly edýän ösümlik. Adam erkini neşä berse, garry ýa ýaş bolsun, tapawudy ýok, ol onuň ömrüni syndyrýar — diýip, gürrüňe goşuldy. Oturanlardan biri: — Kaka aga, sen haşhaş barada nireden bilýärsiň? — diýip, oňa sowal berdi. — 5-nji synpyň biologiýa okuw kitabynda haşhaşyň we onuň gozasynyň suraty bar. Şol ýerde onuň neşe serişdesiniň adam ömrüne zyýanlydygy barada hem ýazylypdyr — diýip, gysgadan takyk jogap berdi. Orta mekdepde bary-ýogy 4-nji synpa çenli okap sowat alan ýaşulynyň eline ilen kitaplary irginsiz okap, Magtymgulynyň goşgularynyň manysyny tirmek üçin mydama gözlegde bolmagy juda haýran galarlykly ýagdaý. *** Ýaşy birçene baran adamlaryň aglabasy ýatkeşliginiň kütelişendigini aýdyşyp, derdinişýärler. Jumageldi aga şeýle ýagdaýdan özboluşly çykalga tapdy. Ýaşy segsene ser uran goja ýatkeşligi gowşaşyp ugransoň, ýandepderçe tutundy. Ol oňa özüniň gysgajyk belliklerini edýän eken. Köpçülikde, märekede ol ýandepderçesini sereşläbem oturanok. Bir zady ýadyna salmak islese, ýandepderçesini jübüsinden çykaryp, bir göz aýlap oňaýýar. Bir gezegem ol ýandepderçesine bir nazar saldy-da: — Men size Magtymgulynyň bir goşgusyny aýdyp bereýin — diýip, şahyryň «Şypa ber» atly, içinde ençe pygamberleriň, keramatly pirleriň ady getirilen 8 bent goşgusyny ýatdan aýtdy. Görüp otursak, ol goşgynyň her bendiniň birinji sözüni belläpdir. Ilkinji sözüni bilseň, goşgynyň soňy ýadyňa düşýän eken. Jumageldi aganyň bu usuly hemmeler üçin hem biçem boljak däl eken. *** Göki aga geçen asyryň 80-nji ýyllarynda doganlyk ýurtlarda gulluk borjuny berjaý edýän oglunyň yzyndan barypdyr. Onuň oba gelenden soň: — Baran ýerimde çagalar: «Magtymguly, Magtymguly» diýip, yzymdan aýrylmadylar — diýip, gürrüň berip oturany ýadyma düşýär. Şol ýyllarda kinoçylarymyzyň Magtymguly hakynda düşüren kinofilmleri uly meşhurlyga eýe bolup, dürli ýurtlaryň kinoteatrlarynda görkezilýän eken. At ýüzli, giň maňlaýly, gelşikli gara sakgally, milli eşikli Göki agany çagalar kinodaky Magtymgulynyň hut özümikä diýip, kabul edipdirler. *** Magtymguly Pyragynyň goşgulary dürli ýyllarda kitap edilip, halk köpçüligine ýetirildi. Ençe alymlaryň, magtymgulyşynaslaryň uly zähmet siňdirip 1926, 1940, 1941, 1957, 1959, 1976, 1983, 1992, 2014-nji ýyllardaky taýýarlan neşirleri hem şahyryň kitaplarynyň doly sanawy däl. Halkymyz Magtymgulynyň kitaplaryny öýlerinde mukaddes gymmatlyk hökmünde apalap saklaýar. Obanyň örän sypaýy we aşa medeniýetli ýaşulularynyň biri Meret aganyň Magtymgulynyň arap we latyn elipbiýinde neşir edilen kitabyny yzlap, başga welaýata gidip gelendigi hakynda aýdýarlar. Onuň bu hereketi görnüki ýazyjymyz Nurmyrat Saryhanowyň «Kitap» hekaýasynyň baş gahrymany Welmyrat agany ýatladýar. Halkymyz akyldar şahyrynyň sarpasyny hemişe belent saklaýar.

15.04.2024 535
Medeniýet

Sözüň, sazyň gudratyna sarpaly eziz Diýarymyzda milli medeniýetimizi gülledip ösdürmäge aýratyn uly goşant goşan halypalaryň hatyrasy belent tutulýar. Daşoguz welaýatynyň Gubadag şäher medeniýet merkezinde milli aýdym-saz sungatymyzyň ägirdi, Türkmenistanyň halk bagşysy, «Gaýrat» medalynyň eýesi Akjagül Myradowanyň doglan gününiň 100 ýyllygy mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Onda halypa bagşynyň şägirtleri, ussat zenan bagşylar çykyş etdiler. Çykyşlarda Akjagül Myradowanyň milli aýdym-saz sungatymyza goşandy, ýerine ýetirijilik ussatlygy hakynda täsirli söhbet edildi. Akjagül Myradowanyň döredijiligi milli aýdym-saz sungatymyzda zenan bagşylar üçin özboluşly mekdep bolup durýar. Onuň ussatlyk mekdebinde kemala gelen ençeme zenan bagşylar bu günki gün kämilleşip, ussatlyga ýetişdiler. Akjagül Myradowanyň şägirtleriniň, ussat zenan bagşylarymyzyň, şeýle hem welaýatymyzyň birleşen zenan bagşylar toparynyň belent perdelerde ýerine ýetiren aýdym-sazlary dabara gatnaşanlara ruhy lezzet paýlady. Halypa bagşynyň aýdymlarynyň şägirtleri tarapyndan döwrebap derejede ýerine ýetirilmegi has-da täsirli boldy. Dabara mynasybetli Daşoguz şäheriniň Bagşylar muzeýiniň sergisi hem guraldy.

13.04.2024 506
Medeniýet

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly dabaralara beslenýän günlerinde Türkmenistanyň  Prezidentiniň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynyň halkymyza gowuşmagy göwünlere ganat berdi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze kitabynyň ähmiýetini wagyz etmek, şeýle hem Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Daşoguz welaýat komiteti bilen bilelikde guramagynda «Gadymy Änewiň şöhratly taryhy — baý geçmişimiziň belent tarypy» atly şygar bilen «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde  çykyş edenler gadymy Änewiň şöhratly taryhyna bagyşlanan ajaýyp kitabyň ähmiýeti barada durup geçdiler. Şeýle hem hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli medeni mirasymyzy, taryhy ýadygärliklerimizi gorap saklamak, olaryň dünýä medeniýetine goşan goşandyny äleme ýaýmak boýunça maksatnamalaýyn işleriň amala aşyrylýandygy hakynda çykyşlarda nygtaldy.

06.04.2024 479
Medeniýet

Halkymyzyň gadymdan gelýän milli däpleriniň biri myhmansöýerlikdir. Myhmany güler ýüz bilen garşylamak oguzlardan galan iň asylly däpleriň biridir. Türkmenleriň myhmansöýerligi hakynda wenger syýahatçysy Armeniý Wamberiniň, iňlis harby gullukçysy Aleksandr Bornsyň ýazgylarynda ýatlanylýar. XIX asyrda halkymyzda dograma taýýarlamak däbe öwrülipdir. Et ülüşlemek myhmanyň ýaşyna we mertebesine görä paýlamak däbi bolupdyr. Gorkut atanyň meşhur «Oguznamasynda» hem et ülüşleriniň paýlanylyşyny ýatlasak, dowaryň kellesi, guýrukly ujasy, bagry hanyň paýy hasaplanypdyr. Halkymyzyň arasynda bir gaba dowaryň iň süýji görülýän böleklerini — kellesini, guýrugyny, ujasyny, bagryny we on iki süňňüni salyp, bu ülüşleri myhmanlaryň arasynda bölüpdirler. Kellesini köpçülige baş bolmagyň nyşany hökmünde ýaşula, ujasyny has hormatlanýan adama, bagryny we dogralan guýruk ýagyny myhmanlara deň böleklere bölüp paýlapdyrlar. Uja iň gowy görülýän ülüş hökmünde, ähli toý-baýramlaryň saçagyny bezäpdir, emma ol ýas ýerinde berilmändir. Malyň dili ýaňy gürläp başlan çagajyklara, kentlewügi owadan keşde çeksin diýen niýet bilen gyzjagazlara, süňküň ýülükleri bolsa çagalara paýlanylypdyr. Halkymyzda goýun döşüniň we ujasynyň iň bir gowy görülýän et ülüşleri hasaplanýandygy halk paýhasynda öz beýanyny tapypdyr. Aş diýene aş beriň, et diýene döş beriň, Munda kimiň bijesi, ýegen jana ujasy. Maşgala saçagynyň dabaraly däpleri birek-birege bolan sylag-sarpanyň ösmegine täsir edipdir. Öýde ula hormat goýmak, kiçini sylamak ýaly ýagşy endikler kemala gelipdir. Biziň günlerimizde hem sadaka berlende malyň kellebaşaýagy, bagyr-öýkeni bişirilip, gelenlere dadyrylýar. Bu däpleri öwrenenimizde, ata-babalarymyzyň nesillerini asylly ýörelgeler arkaly terbiýeländiklerine göz ýetirýäris.

30.03.2024 472
Medeniýet

Çarwa nowruzynda ýere ýyly gidensoň, sähralarda ýuwa, ýelmik gögerip, älem-jahan lälezarlyk bolýar. Çarwalaryň durmuşynda bu döwürde owlak-guzy möwsümi hem başlanýar. Bu möwsüm gaty jogapkärçilikli möwsüm. Çünki onuň gelşi bilen bagly: «Hut, hut gowy gelsem — gazan süýt, erbet gelsem — kellebaşaýak üt» diýen aýtgy döräpdir. Täze doglan guzy enesiniň owuz süýdünden gana-gana emip, dessine höwrügip aýaklanýar. Guzujyk: «Meni owuz süýdünden doýruň-da, buzuň üstüne ataýyň» diýermiş diýip, bu ugurda köp «çorba sowadan» halypa çopanlar gaýtalaýarlar. «Goýundan ak-da doglar, gara-da» diýlişi ýaly, käbir guzyny enesi almaýar. Şeýle guzujygyň janyna howp salýan ýagdaýy düzetmek üçin hem çarwalar dürli usullary ulanypdyrlar. Olar guzlan goýunlary sanalandaky ýaly dar ýerden ýeke-ýekeden geçiripdirler. Goýun geçende guzusy hem yzyndan ylgap geçip, enesi bilen tapyşypdyr. Süriniň içinde ýek-tük enesi almaýan guzy bar bolsa, äşgär bolupdyr. Şeýle usul bilen haýsy goýnuň guzusyny almaýandygy seljerilipdir. Soňra bolsa guzuly goýun sygar ýaly ýörite garym gazylypdyr. Ony «körpeç» diýip atlandyrypdyrlar. Ene goýun bilen guzujygy bir gije-gündiz şonuň içinde saklapdyrlar. Gidere ýeri galmaýan ene goýun bialaç guzusyny almaly, emdirmeli bolupdyr.

25.03.2024 1134
Medeniýet

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen milli mirasymyzy öwrenmek, dünýäde wagyz etmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Bu babatda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk barha işjeňleşdirilýär. Halkymyzyň milli medeni mirasynyň görnükli eserleriniň bu abraýly guramanyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilmegini wagyz etmek maksady bilen, Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda «Milli mirasyň galkynýan zamanasy» atly dabaraly maslahat we onuň çäklerinde amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi guraldy. Dabaranyň başynda teatryň bezemen eýwanynda guralan amaly-haşam sungatynyň sergisi bu ýere gelenlerde aýratyn uly täsir galdyrdy. Soňra dabaraly maslahatyň başlanmagy bilen çykyşlara giň orun berildi. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň başlygy Akjemal Durdyýewa, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa, Daşoguz welaýatynyň häkiminiň orunbasary Ogulaltyn Çerkezowa we beýlekiler çykyş edip, milli mirasymyzyň älem içre belent ykrara eýe bolýandygyny buýsanç bilen bellediler. Şeýle hem çykyş edenler ýurdumyzyň birnäçe hödürnamalarynyň ÝUNESKO tarapyndan ykrar edilip, milli gymmatlyklarymyzyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilendigini nygtadylar. Soňra bu ýerde welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň Hoja Nasreddin Ependiniň şorta sözleri esasynda sahnalaşdyran çykyşlary täsirli pursatlara beslendi.

21.03.2024 476
Medeniýet

Ynam. Bu sözde egsilmez güýç, tükeniksiz many bar. Ynsanyň durmuşy, ömri ynamdan başlanýar. Adam ynam bilen ilkinji ädimini ädýär. Ynam bilen mekdebiň işiginden ätleýär. Ynam bilen kesp-kär, hünär öwrenýär. Ynam bilen özbaşdak durmuş ýoluna gadam goýýar. Her bir işiň başlangyjy, ilkinji ädim adamy düýpli oýlanyşdyrýar. Onda men şu işi başararmykam, başarmazmykam diýen ýaýdanma, ikirjiňlenme peýda bolýar. Şol pursatda adamyň öz-özüne, geljegine bolan ynamy ikoýlulygy ýeňip geçmäge ýardam edýär. Adamyň okan, öwrenen zatlary, ylym-bilim gory, gören-eşidenleri, başdan geçirenleri, durmuş we iş tejribesi, adamlar bilen gatnaşyklary onuň ätjek ädimine ynam berýär. Ynam — mukaddes güýç. Ynamdan düşmek öz-özüňi ýitirmekdir. Ynsan gatnaşyklary hem birek-birege bolan ynamdan başlanýar. Ynamyň ýok ýerinde gatnaşyklaryň hem uzaga gitmejekdigi şübhesizdir. Ynsan ýakyn adamlaryna ynanýar, islendik ýagdaýda olara bil baglaýar. Ata-eneňe, doganyňa, dostuňa, umuman, özüň üçin ýakyn saýýan adamlaryňa berk ynamyň seniň şolar bilen durmuş salynda parahat ýüzýändigiňi, ynamyň gowşak bolsa salyň uzak ýüzmejekdigini aňladýar. Adamlara ynanmak, bil baglamak diýmek, labyryňy tutuşlygyna şolaryň üstüne atmak diýmek däldir. Gatnaşyklar hemişe iki ýa-da köptaraply bolýandyr. Durmuş adamlary dürli synaglardan geçirýär. Şol synaglardan geçip bilşiň, adamlaryň saňa bolan garaýşyny, ynamyny kesgitleýär. Ynam hakynda gürrüň edilende, Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanyna ýüzlenesiň gelýär. Roman biri-biri bilen logiki baglanyşykly bolan «Ynam — güýç», «Ynam — söýgi», «Ynam — ganat» atly üç bölümden ybarat. Durmuşa, mähriban kakasyna, adamlara, ýeňşe bolan beýik ynamy eseriň baş gahrymany, ýetginjek Mälikgulyny urşuň kynçylykly ýyllarynda tiz kämillige ýetişip, ilhalar ynsan bolup ýetişmegine getirýär. Hemmeleriň söýgüli şahyry Gurbannazar Ezizow hem özüniň ilkinji goşgular ýygyndysyny «Ynam» diýip atlandyrypdyr. Aýtmaklaryna görä, şahyryň kitabyny şeýle atlandyrmagynyň iki sebäbi bar eken. Birinjisi, onuň öz-özüne, döredijiligine ynamy, ikinjisi, şu sözi yzdan öňe okasaň «many» diýen söz gelip çykýan eken. Hawa, ynam mukaddes zat. Onda uly many bar. Ynam älem ýaly giň, deňizden çuň, asman ýaly tükeniksiz, daglar ýaly beýikdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň eşretli durmuşyna guwanyp ýaşamak bizde ertirki bagtly günümize berk ynam döredýär. Goý, adamlaryň birek-birege, mukaddes zatlara bolan ynamy hiç haçan synmasyn! Durmuşymyzy, gatnaşyklarymyzy ynam atly mukaddes güýç bilen has-da ösdüreliň!

15.03.2024 640

Täze habarlar

Jemgyýet Baky bagtyýarlygyň binýady
15.05.2026   7
Medeniýet Türkmeniň myrady hem syrdaşy
15.05.2026   7
Jemgyýet Döredijilikli işler
14.05.2026   7
Medeniýet Halyçylar bäsleşdiler
13.05.2026   7
Medeniýet Nazar baga
12.05.2026   9
Jemgyýet Tüwi iýen taplanar
10.05.2026   6