Dashoguz.live – Täzelikler Portaly
weather dashoguz 31° C Daşoguz

Medeniýet

Medeniýet umumadamzat üçin düşnükli bolan umumy dildir, halklaryň köňül zybanydyr. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap teatrlaryň, muzeýleriň, kitaphanalaryň, medeniýet öýleriniň we döredijilik merkezleriniň gurlup ulanmaga berilmegi hem milli medeniýetimizi ösdürmek, halkymyza hödürlenilýän medeni hyzmatlaryň gerimini giňeltmek babatda durmuşa geçirilýän ägirt uly işleriň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini tassyklaýar. Täze taryhy döwürde milli medeniýetimiz, sungatymyz we edebiýatymyz täze galkynyşy başdan geçirýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde, ýylyň-ýylyna Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň uly dabara bilen bellenilmegini buýsanç bilen aýtmak bolar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçiriljek Medeniýet hepdeligi milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň häzirki döwürdäki ösüşini bütin dünýäde dabaralandyrjak şanly wakalara beslener. Her ýyl Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli giň gerimli medeni çäreleriň geçirilmegi türkmen halkynyň milli mirasyny, däp-dessurlaryny aýawly saklamaga, çuňňur öwrenmäge we wagyz etmäge, milli medeniýetimizi ösdürmäge hem-de täze zehinleri ýüze çykarmaga ýardam edýär. 2013-nji ýylda ilkinji gezek «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Medeniýet hepdeligini soňlugy bilen ýurdumyzyň welaýatlarynda dowamly geçirmek asylly däbe öwrüldi. Hepdeligiň dowamynda ýurdumyzyň sebitleriniň taryhy-medeni mirasynyň, edim-gylymlarynyň özboluşly aýratynlyklary we dürli öwüşginleri açylyp görkezilýär. Bu hepdelik umumadamzat medeniýetiniň ösüşine saldamly goşant goşan gadymy sungatymyzyň, milli medeniýetimiziň täze taryhy döwürde döwrebap görnüşde ösdürilýändigini, dowamatynyň dowam bolýandygyny alamatlandyrýar.

04.06.2024 572
Medeniýet

Türkmen edebiýatynyň parlak ýyldyzy, Gündogaryň beýik danasy Magtymguly Pyragynyň edebi döredijilik hazynasy, dünýäni görüş, oňa akyl ýetiriş we beýan ediş usuly örän giň we çylşyrymly. Şahyr öz döredijiliginde Arşyň, Kürsüň syrly dünýäsinden, zemin wakalaryndan, adamzadyň döreden ylmy, edebi, medeni gymmatlyklaryndan, ähli boljak-geljekden habar berýär. Şahyryň gahrymany, has takygy, soňky döwürlerde edebiýaty öwreniş ylmymyzda adalga öwrülen «liriki meni» döwür, wagt üçin, şeýle hem geografik taýdan çäksiz giňişliklerde hereket edýär. Beýik şahyryň şahyrana şahsyýeti älemiň, dünýäniň syrlaryna düşünmäge, akyl ýetirmäge çalşan bolsa, bu günki gün adamzat Magtymgulynyň döredijiligindäki gizlin syrlara akyl ýetirmäge, olary açyp görkezmäge çalyşýar. Magtymgulynyň goşgularynyň, onuň gahrymanynyň syrlylygy nämeden ybarat? Şahyr syrly goşgularynyň köpüsinde: Magtymguly, syrym çohdur, Men neýläýin, açan ýokdur — diýen pikirini gaýtalaýar. Uzak ýyllaryň dowamynda şahyryň «Aşyk bolmuşam», «Sataşdym», «Ýar bizim sary»,«Näme sen?», «Meňzär hökümli», «Kerem islärin», «Bu derdi», «Aýa döndi» ýaly onlarça goşgulary yşk-söýgi temasyndaky goşgular hasaplanyp gelindi. Beýik şahyr: Tilim guş tilidir, suratym — ynsan, Hemzybanym barça çemender bile — diýmek bilen, gahrymanyň diňe daş sypatynyň ynsandygyny, onuň duýgy dünýäsiniň guş dilinde beýan edilýändigini belleýär. Ýokardaky goşgulardaky yşk beşeri söýgi, ýagny ýigit bilen gyzyň aşyk-magşuklygy däl-de, syrly dünýä, Alla akyl ýetirmäge, düşünmäge bolan yşkdyr. Duýgusyz, zehinsiz, ýörite taýýarlyksyz adam bu gizlinligi açmaga ejizlik edýär. Şahyryň: Dostlar-a, dostum meniň, jandan eziz söýgülidir, Jan kibi pynhan jahanda, äleme belgilidir — diýip nygtaýşy ýaly, syrly dünýäni gizlin, syrly duýgulara berlen adamyň duýmagy, syzmagy mümkin. Magtymgulynyň ýüzden gowrak goşgusy şeýle syrly goşgular hasaplanýar. Hatda bu täsin syrlylyk onuň dünýewi goşgularynyň hem içine siňip gidipdir. Magtymguly Pyragy belli bir döwürde ylahy dünýäniň pynhanlyklaryny açmakda Gündogarda ozaldan ýörgünli bolan sopuçylyk — sufizm akymyna eýeripdir. Hoja Ahmet Ýasawy, Bahaweddin Nagyşbendi, Hekim ata Süleýmany, Nejmeddin Kubra sopuçylyk akymynyň görnükli wekilleridir. Nusgawy türkmen edebiýatynyň söz ussatlary Döwletmämmet Azady, Nurmuhammet Andalyp, Muhammet Gaýyby, Myrat Talyby hem sufistik häsiýetli eserleri döredipdirler. Edebiýatçy alymlarymyz Ahmet Bekmyradowyň, Şamuhammet Gandymowyň, Muhammetnazar Annamuhammedowyň, Romanguly Mustakowyň, Amannepes Şyhnepesowyň ylmy işlerinde Magtymgulynyň döredijiligine sufizmiň ýetiren täsiri, onuň halypalary, şahyryň eserlerinde sufistik garaýyşlaryň ýüze çykarylyşy barada ylmy pikirler ýöredilýär. Sufistik edebiýatda şahyr öz pikirini beýan etmek üçin birnäçe çeperçilik däplerini ulanýar. Magtymguly gahrymanyň içki syrly dünýäsini açmakda sufistik edebiýatyň düýş gördürmek, ukuly, gapyl görkezmek, söhbete salmak, mejlise gatnaşdyrmak, hal pursadyna düşürmek, hylwat, şygyr okatmak, raks ýaly ýollar bilen heserlendirmek, seýrana çykarmak, uçuryp goýbermek, göçürmek ýaly çeperçilik däplerini işläpdir. Şu agzalan çeperçilik däpleriniň ählisi hem syrly. Olar adamyň kalbynda gizlin bolan, görüp bolmaýan, emma örän ajaýyp, juda mukaddes ylahy gymmatlygy açmaga hyzmat edýär. Düýş gördürmek arkaly gahrymanyň içki dünýäsini açmak sufizmiň iň ýörgünli däbidir. Magtymguly Pyragy «Turgul diýdiler», «Boldum girýana», «Seda boldum», «Äleme belgilidir», «Bir nan getirdi», «Diwana geldi», «Uçdum, ýaranlar» ýaly goşgularynda sufizmiň bu däbini ussatlarça peýdalanypdyr. Uzak ýyllaryň dowamynda edebiýatçylarymyz ylahy düýşüň dünýäsine doly aralaşyp bilmän, ony adaty düýş görmek bilen gatyşdyryp geldiler. Aslynda, bu görülýän «syrly düýşleriň» ylmy we çeperçilik esaslary bardyr. «Düýş» bu ýerde çeperçilik serişdesi bolup, ol gahrymanyň içki joşgunyny, hyjuwyny, zowky täsirli beýan etmäge hyzmat edýär. Gahrymanyň daşky ten agzalarynyň — gözüniň, gulagynyň, diliniň ýitip, içki ruhy agzalarynyň, ýagny köňül gözgüsiniň oýanmagy onuň zowka ýa-da hal pusadyna düşmegidir. Gahryman bu pursada düýşünde ýetýär. Şonda oňa ähli syrlar aýan bolýar. Sufistik edebiýatda gahrymanyň zowk ýa-da hal pursadyna gowuşmagy üçin onuň geçmeli ýoly bar. Ol munuň üçin sufizmiň magrypet, şerigat, tarykat, hakykat atly ruhy kämillik basgançaklaryndan geçmeli. Magtymguly bu basgançaklary goşgusynda: Bir suprada dört yssy nan, Üstünde ýedi nar gördüm — diýip belleýär. Bu ýerde aýdylýan ýedi nar tarykat basgançagynyň duralgalaryny aňladýar. Olar: toba, wara (ägä bolmak), zuhd (özüňi çäklendirmek), pakyrlyk, sabyr, tawakkul (özüňi inkär etmek), rida (bendelik). Magtymgulynyň sufistik garaýyşlaryny ilkinjileriň hatarynda açmaga şowly synanyşyk eden magtymgulyşynas alym Muhammetnazar Annamuhammedow «Turgul diýdiler» goşgusynyň derňewinde goşgynyň gahrymanyna pirler, erenler, çiltenler tarapyndan meý içirilip berlen ylhamy şahyrlyk ylhamy bilen gatyşdyrmaly däldigi, bu ýerde Alla, syrly äleme akyl ýetiriş ylhamy barada gürrüň edilýändigi hakynda aýdýar. Beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň syrly goşgulary, ylahy dünýä baradaky gürrüňler bir gazet makalasynyň çygryndan has uludyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen, Magtymguly Pyragynyň döredijiligini dünýä ýaýmak, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden dabaralandyrmak ugrunda alnyp barylýan işler barha giň gerim alýar. Bular bize beýik şahyryň şahyrana şahsyýetine, onuň edebi mirasyna, umumadamzat genjine goşan goşandyna has aýdyň göz ýetirmäge uly mümkinçilikleri döredýär.

27.05.2024 517
Medeniýet

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde zehinli ýaşlaryň arasynda geçirilýän «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşigi aýdym-saza höwesli zehinli ýaşlary ýüze çykarmak babatda örän ähmiýetlidir. Daşoguz şäherindäki Bagtyýar zaman medeniýet merkezinde bäsleşigiň Daşoguz şäher tapgyry uly ruhubelentlikde geçirildi. Oňa zehinli ýaşlaryň 8-si gatnaşdy. «Ýaňlan, Diýarym! — 2024» telebäsleşiginiň şäher tapgyrynda ýerine ýetirilen joşgunly aýdymlar milli medeniýetimiziň ösmegine, aýdym-saz sungatynyň barha rowaçlanmagyna goşant goşmaga höwesli ýaşlaryň sanynyň barha artýandygyny görkezdi. Bäsleşigiň dowamynda birinji orna Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 10-njy orta mekdebiň okuwçysy Munisa Hudaýbergenowa, ikinji orna Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiň okuwçysy Humaý Batyrowa, üçünji orna bolsa Türkmen oba hojalyk institutynyň 1-nji ýyl talyby Röwşen Gurbannazarow mynasyp boldy. Bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlar we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy, şeýle hem olar bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

25.05.2024 464
Medeniýet

Gymmatly edebi mirasy bilen edebiýatymyzyň parlak ýyldyzyna öwrülen Magtymguly Pyragynyň umumadamzat gymmatlyklary baradaky pikir-garaýyşlary diňe bir türkmeniň däl, eýsem, dünýä halklarynyň hem kalbyna ýakyndyr we düşnüklidir. Ol dünýä, adamzat, Watan, söýgi baradaky pelsepewi garaýyşlaryny adama mahsus inçe duýgular bilen pikir ýöretmegiň iň kämil tärlerinden ussatlarça peýdalanyp, ynsan kalbyna inçelik bilen ýetiripdir we halk hakydasynda ömürlik orun alypdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň diňe ýurdumyzda däl, eýsem, tutuş dünýä ýüzünde hormat-sarpasy, nusgawy şahyrymyzyň edebi mirasyna gyzyklanma has-da artýar. Munuň şeýledigini golaýda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň medeniýet ulgamyna degişli edaralaryň öňünde durýan wezipeler barada aýdyp, nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli çäreleriň ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde giň gerimde geçirilýändigini bellemegi, şanly sene mynasybetli meýilleşdirilen döredijilik çärelerini has ýokary derejede guramaga degişli taýýarlyk işlerini alyp barmagy tabşyrmagy doly tassyklaýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň maý aýynda geçiriljek köp sanly dabaralaryň, halkara çäreleriň hatarynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara maslahat, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly halkara ylmy maslahat uly ähmiýete eýe bolar. Magtymguly atamyzyň doglan gününiň 300 ýyllyk toý-dabaralarynyň giň gerime eýe bolýan günlerinde Köpetdagyň etegindäki gözel künjekde şahyryň ýadygärliginiň dabaraly açylýandygy halkymyzyň göwnüni ganatlandyrýar. «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň hem şu ýylda kabul edilmegi aýratyn mana eýedir. Bilşimiz ýaly, bu medalyň döredilmeginiň esasy maksady Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň baý döredijilik mirasyny öwrenmekde, ony aýawly saklamakda we wagyz etmekde uly hyzmatlary bitiren raýatlary sylaglamak bolup durýar. Beýik şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek giň gerimli dabaraly çäreler dana Pyragynyň asyrlar geçse-de gymmatyny ýitirmeýän edebi mirasyna belent sarpanyň dabaralanmasy bolar.

13.05.2024 504
Medeniýet

Gadymy döwürlerden bäri bedew at türkmeniň uçar ganaty, uzak ýolda ýoldaşy, söweşde syrdaşy, münse ulagy, toýlarynyň bezegi hasaplanypdyr. «Görogly» eposynda mert ýigitleriň söweş ýoldaşy bolan arassa ganly bedewleriň ýetişdirilişi täsirli beýan edilýär, seýisçilik ýörite bir hünär hökmünde getirilýär. Eserde başdan-aýak hereket edýän, Görogly begi hem-de onuň söweş ýoldaşy Gyraty ösdürip ýetişdiren Jygalybeg ajaýyp hünäre eýelik edýär. Jygalybeg atlaryň reňkine garap, olaryň häsiýetlerini kesgitläpdir. Eposda Görogly Gyrata: «Saňa at diýmerin, gardaş diýerin» diýip ýüzlenýär. Bu eserde «Gyratyň ogurlanyşy» şahasy ýörite atlaryň gadyr-gymmatyna bagyşlanypdyr. Şadessanda erenler Görogludan üç zady dilemegi towakga edenlerinde, ol özüne we atyna 120 ýaş dileýär. Beýik söz ussady Magtymguly Pyragy şygyr düzmek bilen birlikde, ýonaçylyk hünärini ussatlyk bilen dowam etdiripdir. Türkmeniň uçar ganaty hasaplanylýan bedewlere ýona tikipdir. Ol öz döredijiliginde goç ýigitler bilen birlikde, olaryň söweşde ýoldaşy bolan atlara-da uly orun beripdir. Şahyr «Atça bolmaz» şygrynda şeýle diýýär: Atda aýak bolsa, özge syn bolmaz, Ärde gaýrat bolsa, işi kyn bolmaz... Magtymguly Pyragynyň mertlik, gahrymançylyk barada ýazan eserlerinde-de bedew atlara uly orun berilýär. Türkmen nusgawy şahyry Gurbanaly Magrupy «At ýagşydyr» goşgusynda we «Ýusup-Ahmet» dessanynda adaty durmuşda we söweş meýdanynda atlaryň tutýan orny barada belläp geçýär. Abdylla Şabendäniň döredijiliginde türkmeniň bedew atlarynyň taryplanmagy ýöne ýerden däl. Bu şahyryň ökde atşynas bolandygy bilen baglanyşyklydyr. Ol «Arap at» goşgusyny ýazyp, bedew atlara buýsanç bilen garaýar. Türkmeniň nusgawy şahyry, belli serkerde Seýitnazar Seýdi bolsa ahalteke bedewlerini wasp edip, «Üsti bedewiň» diýen ajaýyp eserini döredipdir. Annagylyç Mätäji «Bedew» diýen şygrynda türkmen bedewlerini uly söýgi bilen wasp edipdir. Bäşleme görnüşinde ýazylan bu goşgy okalanda, gamyşgulak bedewleriň syratly keşbi göz öňünde janlanýar. Misgingylyjyň «Arap at ýagşy» diýen eseri şahyryň Watan hakyndaky duýgularynyň özboluşly ýüze çykmasydyr. Bu eserde at milli baýlyk hökmünde şekillendirilýär. Öweztagan Kätibiniň «At wepadary ýigidiň», Döwletmämmet şahyryň «Gyrat senden aýrylgaly», «Taý görüner» goşgularyny, Baýram şahyryň «Gyr at», «Arap atlar», «Meläniň» goşgularyny muňa mysal edip görkezmek bolar. Bu goşgularda şahyrlar gaçsa gutulýan, kowsa ýetýän ýyndam ahalteke atlaryny taryp edýärler. A.Gowşudow «Dordepel» powestinde türkmen halkyny ýowuz duşmandan halas eden Dordepel diýen atyň keşbini ýokary derejä ýetiripdir. Şahyr Kakamyrat Rejebow Milli Liderimiziň ak ata atlanyp, Köpetdagyň gözel künjegine gezim etmäge çykan pursatlaryny şeýle wasp edýär: Türkmeniň Gerçegi ata atlanýar! Türkmeniň Geljegi ata atlanýar! Döwürleriň, heňňamlaryň mizemez Mertebe ölçegi ata atlanýar! Bu günki gün türkmen bedewiniň şan-şöhraty täze belentliklere göterildi. Bedewe bolan söýgi türkmeniň ýüreginiň töründedir. Munuň şeýledigine Milli Liderimiziň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy batly bedew» atly kitaplaryny okanyňda-da göz ýetirmek bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Atda wepa-da bar, sapa-da» kitaby hem behişdi bedewlerimize bagyşlanan ajaýyp eserdir.

06.05.2024 1001
Medeniýet

Golaýda Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki «Ýaşlar» merkezinde Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň we Bilim ministrliginiň bilelikde guramagynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde, mekdepden daşary bilim edaralarynda hereket edýän haly gurnaklarynyň arasynda yglan edilen «Iň gowy haly gurnagy» atly bäsleşigiň Daşoguz şäher tapgyry geçirildi.ge çi ril di. Bäsleşik ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdepleriniň ýokary synp okuwçy gyzlaryny haly gurnaklarynyň işine gatnaşygyny has-da kämilleşdirmäge, haly sungatyna bolan höwesini artdyrmaga, işjeňligini ýokarlandyrmaga, olaryň jemgyýetçilik işine işjeň gatnaşmaklaryny gazanmaga we amaly-haşam sungatyna bolan söýgüsini, ukybyny we zehinini, başarnygyny açyp görkezmäge, çeper elli halyçy gyzlary ýüze çykarmaga gönükdirildi. Bäsleşikde gurnaklary düzýän okuwçy gyzlar onuň şertlerine laýyklykda, öz okaýan mekdeplerinde hereket edýän haly gurnagyny şahyrana dilde, asylly gyz edebi bilen bagly bolan türkmen däpleriniň, ula hormat goýmak, kiçini sylamak ýaly terbiýeçilik ähmiýetli şygyrlaryň, aýdymlaryň, rowaýatlaryň üsti bilen beýan edip, öz ukyplaryny açyp görkezdiler. Soňra öz ýanlary bilen getiren haly önümleriniň gutarylmadyk nagşynyň belli bir bölegini çitip, nagşy barada gürrüň berdiler. Bäsleşigiň ahyrky şertinde bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden joşup çykan «Arşyň nepisligi» atly kitabyna salgylanyp, türkmen halysynyň gözelligi, haly sungaty bilen baglanyşykly nagyşlaryň taryhyndan gürrüň berýän gadymy rowaýatlary, yrymlary, aýdyşyklary, gazallary, goşgulary, çeper sahnalary, aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler. Örän çekeleşikli ýagdaýda geçen bu bäsleşikde özleriniň aýratyn başarjaňlygyny görkezen gyzlar topary öňe saýlandy. Şeýlelikde, Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebiň haly gurnagy ýeňiş gazanyp, bäsleşigiň Daşoguz welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. Bäsleşigiň ýeňijilerine we oňa gatnaşanlara Hormat hatlary, ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Şeýle bäsleşikler Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň, Akdepe etrabynyň Andalyp şäher, Boldumsaz etrabynyň Gubadag şäher medeniýet merkezlerinde hem işjeň ýagdaýda geçirildi.

04.05.2024 512
Medeniýet

Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň şahyrana-pelsepewi edebi mirasy Watana, ynsana, tebigata, adamzat durmuşyna belent söýginiň aýdymy bolup, halkyň ýürek töründe baky orun aldy. Magtymguly diňe türkmen halkynyň däl, eýsem dünýäniň pelsepewi pikirlerini ösdüren, çeperçilik aňyny nurlandyran, dünýewi durmuşy çeper şöhlelendiren akyldar şahyrdyr. Akyldar şahyrymyz diňe türkmenleriň däl, dünýäniň dürli künjeklerinde söze hormat goýýan ynsanlaryň millionlarçasynyň ýüregine ýakyndyr, olar üçin düşnüklidir hem-de sarpalydyr. Muny Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) Ýerine ýetiriji geňeşiniň Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumyny bu guramanyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek hakyndaky çözgüdiň biragyzdan kabul edilendigi hem-de Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde belleniljek şanly seneleriň sanawyna girizilendigi bilen delillendirip bolýar. Indi üç ýüz ýyla golaý wagt bäri öz ady we gaýtalanmaýan çeper döredijiligi bilen türkmeni şöhratlandyryp gelýän akyldar şahyryň goşgularyndaky ynsanperwer pikir-garaýyşlar asyrlar geçse-de gymmatyny, ähmiýetini ýitirmän, halkymyzyň köpýyllyk arzuwlarynyň amala aşmagynyň senasyna öwrüldi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmeniň akyldar şahyrynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ähli ýerinde beýik söz ussadynyň edebi mirasyny öwrenmäge, wagyz etmäge bagyşlanan döredijilik duşuşyklary, medeni çäreler giň gerime eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň şu ýylyň 9-njy fewralynda ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda geçen ýylyň jemlerine, şeýle hem ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda öňde durýan wezipelere bagyşlap geçiren giňişleýin mejlisinde akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasynyň geçiriljekdigini, bu seýilgäh toplumynda daşary ýurtly ýazyjy-şahyrlaryň heýkelleriniň hem oturdyljakdygyny aýtmagy halkymyzyň şatlygyny artdyrdy.

30.04.2024 477
Medeniýet

Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesi agrosenagat işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşi bilen bilelikde Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Watanyň şöhrat-şanynda bedew» atly maslahaty gurady. Maslahatda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň göz-guwanjy bolan bedewlerimiziň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak babatda amala aşyrylýan beýik işler, atşynaslara döredilýän giň mümkinçilikler barada öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Soňra maslahata gatnaşanlar bu ýerde ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk sergisine syn etdiler.

26.04.2024 510
Medeniýet

Bäsleşigiň şäher tapgyry Indi ýylyň-ýylyna däbe öwrülip gelýän Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda yglan edilen «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň Daşoguz welaýatynyň  Daşoguz şäher tapgyry geçirildi. Bäsleşigiň Daşoguz şäherindäki «Ýaşlar» merkezinde geçirilen şäher tapgyryna 8 bagşy gatnaşdy. Bäsleşikde ilkinji bolup çykyş etmek gezegi Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň türkmen milli saz gurallary bölüminiň dutar hünäriniň 4-nji ýyl talyby Bezirgen Kakaýewiň paýyna düşdi. Ol «Hajygolak» diýen türkmen halk sazyny ýerine ýetirdi. Ýene-de şol mekdebiň talyplary Nurana Arazgeldiýewa «Kiçi», Sahy Täçmedow «Ýandym, Leýli», Gurbanbibi Hudaýberdiýewa «Düşmüş», Daşoguz şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdebiniň dutar mugallymy Pirli Babaýew «Gökdepe mukamy», welaýat çagalar sungat mekdebiniň dutar mugallymy Gunça Täjibaýewa «Dön göwnüm», Türkmen oba hojalyk institutynyň gidromeliorasiýa we oba hojalygyny mehanizmleşdirmek fakultetiniň agroinženerçilik taýýarlyk ugrunyň talyby Nazarmät Tirkeşmädow «Bolmasa», Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň halk sazy fakultetiniň talyby Dünýägözel Gutlyýewa «Düşmüş» diýen halk sazlaryny ýerine ýetirdiler. Bäsleşige gatnaşyjylara TDP-niň Daşoguz şäher komitetiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Ýerine ýetirijilik ukyplaryna görä, olaryň ählisi bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga deň hukuk gazandylar.

25.04.2024 543
Medeniýet

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň «Türkmenhaly» döwlet birleşigi bilen bilelikde guramaklarynda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda giňden belleniljek Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli çeper halyçylyk kärhanalarynda, öýde we dürli ugurda zähmet çekýän çeper elli halyçy gelin-gyzlaryň arasynda «Türkmen halysy — milli buýsanjymyz» atly bäsleşik geçirildi. Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki «Bedew» toý mekanynda geçirilen bu bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, halyçy zenanlar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gyz-gelinler üçin görelde mekdebine öwrülen Türkmenistanyň at gazanan halypa halyçysy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň täsin amaly-haşam sungatynyň nusgalaryndan ugur alyp, haly we haly önümleriniň sergisini guramak bilen, öz saýlap alan hünäriniň häzirki nesillere gelip ýetişi barada, Gahryman Arkadagymyzyň «Janly rowaýat» hem-de «Arşyň nepisligi» atly kitaplary bilen baglanyşdyryp, milli ruhy gymmatlyklarymyza, ata Watanymyza, ajaýyp halylarymyza bolan söýgüsini, buýsanjyny milli däp-dessurlarymyza laýyklykda çeper sözler bilen wasp etdiler. Şeýle hem haly önümleriniň görnüşleri, olaryň manysy, tebigy reňkleriň hem-de ýüň ýüplüginiň taýýarlanylyşy barada şahyrana çeper sözler bilen gürrüň berdiler. Gyzykly geçen bäsleşikde ýeňijiler saýlanyp, olar bu bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijilere we bäsleşige gatnaşanlara TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň sowgatlary gowşuryldy. Bäsleşigiň dowamynda welaýatyň medeniýet we sungat işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlarynyň, owadan tanslarynyň giňden ýaýbaňlandyrylmagy şatlykly pursatlara joşgun eçildi.

24.04.2024 639

Täze habarlar

Jemgyýet Baky bagtyýarlygyň binýady
15.05.2026   8
Medeniýet Türkmeniň myrady hem syrdaşy
15.05.2026   8
Jemgyýet Döredijilikli işler
14.05.2026   9
Medeniýet Halyçylar bäsleşdiler
13.05.2026   8
Medeniýet Nazar baga
12.05.2026   11
Jemgyýet Tüwi iýen taplanar
10.05.2026   7