Dashoguz.live – Täzelikler Portaly
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Medeniýet

Taryha nazar salanymyzda, milli gymmatlyklaryň ýüze çykmagynda dostlukly gatnaşyklaryň, tutanýerli yhlasyň ähmiýetine göz ýetirmek mümkin. Türkmen halkynyň gadymylygyny, milliligini, inçe sungatynyň kämil derejede bolandygyny tutuş dünýä ykrar edýär. Uzak müňýyllyklaryň dowamynda dünýäniň dürli sebitlerinde mesgen tutunan ata-babalarymyz milli gymmatlyklarymyzyň Ýer ýüzüne ýaýramagynda mynasyp goşandyny goşupdyrlar. Şeýle gymmatlyklaryň biri bolsa, türkmen zenanlarynyň çeperçiligini görkezýän, olaryň söýgüsini, mährini özüne siňdiren halylarymyzdyr. Elbetde, halyçylyk sungatynyň ilki nirede ýüze çykandygyny takyklamak kyn. Arheologlaryň tutanýerli zähmeti netijesinde geçirilen gazuw-agtaryş işleri haly dokamak üçin ulanylan birnäçe esbaplaryň, ýagny daraklaryň, keserleriň, ýüň egirmekde ulanylan çişleriň üstüni açdy. Galyberse-de, halylara salnan nagyşlaryň gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan keramiki gap-gaçlaryň ýüzündäki şekillere meňzeş bolmagy olaryň arabaglanyşygyny görkezýär. Türkmen halysy baradaky maglumatlaryň köki gadymyýeti nazarlaýar. Andrea del Werredekonyň, Golbeýniň çeken suratlarynda türkmen halysynyň şekillendirilmegi türkmen halysyna bolan islegiň asyrlaryň jümmüşine uzaýandygynyň tassyknamasydyr. Şeýle hem Lorenso di Krediniň Pistoýede ýerleşdirilen ybadathanasynyň diwar bezeglerinde çeken suratlarynyň arasynda türkmen halysynyň gözel keşbiniň bolmagy guwandyryjydyr. Türkmen zenanynyň ezber ussa meňzedilmeginiň hem halylaryň nepis dokalyşy bilen baglydygyna göz ýetirmek kyn däl. Çünki haly dokamak sungaty iňňe bilen guýy gazan ýaly ussatlygy, ezberligi talap edýän el hünäridir. Türkmen halysyna, ony dokan aýal-gyzlara dünýäniň ençeme syýahatçylary, jahankeşdeleri, arheologlary, etnograflary ýokary baha bermek bilen, öz pikirlerini ýatlamalara siňdiripdirler we ýazga geçiripdirler. G.Pugaçenkowanyň türkmen gyz-gelinleriniň haly dokamak sungatyny bal arysynyň irginsiz zähmetine meňzetmegi ýöne ýerden däldir. Türkmen halysyna berilýän ýokary bahalar haly dokamak tehnologiýasyny türkmen zenanlarynyň uzak döwürleriň dowamynda kämilleşdirip, şu güne çenli ýetirendigi bilen düşündirilýär. Zenanlaryň mähri, yhlasy, söýgüsi siňdirilip dokalýan halylar diňe bir öýleriň, baýramçylyk dabaralarynyň bezegi bolman, eýsem, dünýä muzeýlerini hem bezäp, olaryň görküne görk goşýar. Şeýle muzeýleriň biri Sankt-Peterburgda ýerleşen Ermitaž muzeýidir. Bu muzeýiň esasy bezegleriniň biri bolan Pazyryk halysynyň V asyra degişlidigini ýörite barlaglar tassyklap, ol 1949-njy ýylda rus arheology S.I.Rudenko tarapyndan tapylypdyr. Haýran galdyryjy halynyň bu nusgasy üstünden 2400 ýyl geçendigine we buz astynda, doňaklygyň arasynda saklanyp galandygyna garamazdan, özüniň berkligini, çeýeligini, owadanlygyny, reňk öwüşginlerini ýitirmändir. Pazyryk depesinden tapylandygy üçin Pazyryk halysy diýlip atlandyrylýan bu türkmen halysyny synlanyňda, nagma kakýan bilbilleriň, toýnagyndan ot syçraýan türkmen ahalteke bedewleriniň, erkana perwaz kakýan guşlaryň keşbi hyýalyňda janlanýar. A.Baýmyradowanyň «Nagyşlardaky türkmen taryhy» atly ylmy işinde hem Pazyryk halysy baradaky maglumatlar derňelýär. Bu ylmy işde Pazyryk depesinde gazuw-agtaryş işleri geçirilende haly bilen birlikde, keçe we palas önümleriniň hem tapylandygy, olaryň birinde dört hatar goýun şahynyň şekillendirilendigi, goýnuň we keýigiň şahlarynyň şekilleriniň türki dilli halklaryň, esasan hem, türkmenleriň haly önümlerinde, durmuşda ulanan beýleki gurallarynda giňden ulanandygy baradaky maglumatlara gabat gelýäris. Haly türkmen halkynyň ykbalyna badaşan mukaddes sungatdyr. Haly türkmen halkynyň durmuşyna, ýaşaýşyna çalymdaş bolup, türkmen öýüniň törüniň bezegidir, bedew atlarynyňdyr kejebeli düýeleriniň zynatydyr.

02.03.2026 174
Medeniýet

Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Altyn ýol geňeşligindäki oba medeniýet öýünde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň hem-de Daşoguz welaýat medeniýet müdirliginiň guramagynda «Dessançylyk sungatynyň naýbaşy nusgalary» atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Onda Daşoguz şäheriniň bagşylar muzeýiniň direktory Begenç Haknazarow, Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň mugallymlary Myrat Halbaýew, Göwher Ahmedowa welaýatymyzda ýurdumyzyň dessançy bagşylarynyň gatnaşmaklarynda geçiriljek «Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym» atly festiwalyň gadymyýetden gözbaşly milli sungatymyzyň abraý-mertebesini has-da dabaralandyrjakdygy, bagşyçylyk sungatynda dessanlaryň ýerine ýetiriliş aýratynlyklary, halk dessanlarynda seýisçiligiň we bedewleriň wasp edilişi, olarda zenanlaryň çeper keşbiniň şöhlelendirilişi hakynda täsirli gürrüň etdiler. Milli ruhda bezelen sahna aýdym-sazly döredijilik duşuşygynyň mazmunyny has-da baýlaşdyrdy. Täsirli söhbetler Türkmenistanyň at gazanan artisti Sabyr Sabyrowyň, bagşylar Aşyrbaý Hydyrowyň, Wepa Nurmuhammedowyň, Soltanbagt Rejepowanyň, Laçyn Mätgeldiýewanyň halk dessanlaryndan ýerine ýetiren parçalarydyr aýdymlary bilen utgaşdy.

19.02.2026 185
Medeniýet

Halk arasynda bolamda atamyň gaýtalanmajak sungaty hakda örän gyzykly söhbetler eşidýärin. Ol gürrüňler dilden-dile geçip, barha gulaga hoş ýakýar. Atam Baýar Baýramow ýaşlygynda aýdym-saza göwün berip ugranda ýakyn garyndaşymyz Rejep bagşy bir gün oňa ýüzlenip: — Baýar jan, sende aýdym aýtmak höwesi bar ýaly, eger şeýle bolsa, saňa bu ugurdan hökman halypa gerek. Men seni ussat bagşy Nazar baga bilen tanyşlyga alyp gideýin — diýipdir. Atamy Rejep bagşy Nazar baga bilen tanyş edýär. Şunlukda, atam Baýar bagşy bilen Nazar baganyň arasynda halypa-şägirtlik ýoly başlanýar. Şonda halypa bagşy Nazar baga golaýynda oturan gyjakçysy Törä: — Hany, sazandam, eliňdäki gyjagyňy gowuja düz! Ýaş şägirdiň aýdyp berjek aýdymlaryny diňläp göreli! — diýýär. Uly halypanyň öňünde eli dutarly oturan atamy birbada der basýar. Onda-da syr bildirmejek bolup, özüniň bilýänje aýdymlaryny dutaryň owazyna goşup, aýdyma başlaýar. Nazar halypa, ilki bilen, atamyň dutar düzüşine, des urşuna, perdelerde barmak oýnadyşyna, owazyny saza goşuşyna üns berýär. Şonda halypa bagşy: — Köşegim, seniň dutar tutuşyňa, şelpe kakyşyňa, perdeleri jaýdar basyşyňa, öz owazyňa laýyk heň tapyşyňa meniň göwnüm ýetdi. Sen gowusy, meniň ýanyma şägirt bolup gatnaber! Eger men ýalňyşmasam, senden ir-u-giç atly, owazly, ilhalar bagşy çyksa gerek — diýip, atamyň arkasyna kakypdyr. Aýtmaklaryna görä, şondan soňra halypasynyň ýolbaşçylygynda atam aýdym yzyna aýdym, dessan yzyna dessan öwrenip, uly halypa Nazar baga bilen toýa-tomga gatnaşyp, köp ýyllar tälim alypdyr. Ondan aýdym-saz ugrundan ak pata hem alypdyr. Şeýde-şeýde atam Baýar bagşy hem uly halypalaryň biri bolup, özbaşdak toý sowup başlaýar. Onuň ýanynda şol döwürler toýa-märekä gideninde halypa gyjakçy sazandalar Berdibaý Pollyýew, Esen Söýünow dagy sazandarlyk edipdirler. Atamyň owazy örän güýçli hem labyzly, dessan aýtmaga dili çeper bolupdyr. Onuň türkmeniň meşhur «Hüýrlukga-Hemra», «Şasenem-Garyp», «Ýusup-Ahmet» ýaly dessanlaryny özi ýazan ýaly, örän çeper beýan edýändigini ony gözi bilen görüp, ýanynda aýdymlaryny diňlänler häzir ýagşylykda ýatlaýarlar. Aýdym-saz äleminde atam pahyr kän-kän şägirtleri-de ýetişdirip giden. Olardan Türkmenistanyň halk bagşysy Tüýli Otuzow, Türkmenistanyň at gazanan bagşylary Jumamyrat Hamyýew, Mämmet Meredow, bagşylar Täçmet Ataşow, Masak Gazakow, Pirjan Moşşyýew, Baýram Garrybaýew, Ýagşygeldi Garaşow dagyny görkezmek bolar. Atam Baýar Baýramowa döwletimiziň, il-halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlary nazara alnyp, 1964-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan bagşysy» diýen hormatly at dakyldy. Ýeri gelende aýtsam, meniň sazanda dädem Bazar Baýarow hem atam Baýar Baýramowdan köp ýyllar aýdym-saz babatda tälim-terbiýe alan. Daşoguzly dessançy bagşylaryň ençemesi toýa-märekä gidenlerinde dädem Bazar Baýarowy ýanlary bilen alyp giderdiler. «Iş bitirseň — il tanar» diýleni, dädem Bazar Baýarowa hem döwletimiz tarapyndan bitiren ajaýyp hyzmatlary üçin 1992-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan bagşysy» diýen at berildi. Türkmende şeýle bir nakyl bar: «Ata kesbi ogla halal». Emma ata kesbiniň kähalatlar agtyga-da halal bolýandygyny durmuş subut edýär. Atamyň kesbi-kärini mugallym, sazanda kyblam Bazar Baýarow köp ýyllar dowam etdirdi. Dädem halypa-sazandalardan gyjak saz guralyny çalmagy öwrenip, ony mugallymçylyk käriniň gapdaly bilen ýöredip gezdi. Men hem Daşoguzyň ussat bagşymyz Magtymguly Garlyýewiň adyny göterýän ýörite sungat mekdebiniň bagşyçylyk bölümini tamamlap, häzirki wagtda Köneürgenç etrabynyň medeniýet bölüminde pederlerimiň kesp-kärini dowam etdirýärin.

12.02.2026 230
Medeniýet

Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen estrada sungaty görlüp-eşidilmedik derejede ösdi. Eziz Diýarymyzyň ösüş-özgerişlerini özleriniň şirinden-şirin aýdym-sazlary bilen wasp edýän estrada aýdymçylary bu günki gün barmak büküp sanardan kän bolsa gerek. Olar türkmen kompozitorlarynyň döredýän täze aýdym-saz eserlerini ýaýlymlar arkaly il-günümize ýetirýärler. Häzirki zaman saz gurallaryna özleriniň şirin owazlaryny goşup, joşgunly aýdym aýdýan estrada aýdymçylary biziň Daşoguz welaýatynda-da näçe diýseň bar. Olar hakda gürrüň açylanda, zehinli aýdymçy Begenç Hekimow ýadyňa düşýär. Begenjiň aýdym-saza bolan höwesi heniz ýaşlyk ýyllarynda döreýär. Ol öz obalaryndaky, ýagny Görogly etrabynyň Polosoltan obasyndaky 23-nji orta mekdepde okaýan döwründe aýdym-saz mugallymy Sapardurdy Sazakow Begençde aýdym aýtmaga bolan yhlasyň-höwesiň bardygyny bada-bat aňýar. Mugallym onuň bilen sapakdan boş wagtlary işläp başlaýar. Şeýlelik bilen, ýaş zehin mugallymyndan aýdym yzyna aýdym öwrenýär. Her gezekki duşuşykda olar täze aýdym-saz eserleriniň üstünde işleýärler. Begenç halypa mugallymy bilen obalarynda tutulýan toýlarda ýürege ýakyn aýdymlary bilen obadaşlaryny häli-şindi begendirip durýar. Bu jadyly sungat mekdebi oňat bahalar bilen tamamlan Begenji 1990-njy ýylda Daşoguzyň M.Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebine getirýär. Aýdym-saza zehini zor bu ýaş ýigit bu ýerde ussat mugallym, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Baýrammyrat Mülkiýewiň elinde tälim alýar. Şeýlelikde, bu iki ynsany mydama okuw jaýynyň synplarynda fortepianonyň başynda görmek bolýardy. Begenç oba mekdebinde Sapardurdy mugallymdan öwrenen aýdymlaryny halypasy Baýrammyrat bilen has hem taraşlap, owazyny taplaýar. Begenç Hekimow bu mukamlar mesgenini oňat bahalar bilen tamamlap, birnäçe ýyl Daşoguz şäher medeniýet bölüminde işleýär. Onuň mugallym bolup, çagalarda jadyly sungata höwes döretmek arzuwy ony Daşoguz şäherindäki 13-nji orta mekdebe alyp gelýär. Häzirki wagtda ýaşy 6 onlugy tegelän aýdym-saz mugallymy Begenç Hekimow okuwçylara aýdym-saz sungatyndan sapak bermek bilen bir hatarda, estrada aýdymçysy hökmünde ile özüni giňden tanadyp, tomaşaçylaryň söýgüli aýdymçylarynyň birine öwrüldi. Aýdymçy Begenç Hekimow arada özüniň zehinini siňdirip aýdan «Käbäm enem», «Kemsinmezmiň», «Maýam», «Gözelim», «Gördüm», «Dostum sen», «Daglara», «Ala gözli Humaýym» ýaly naýbaşy aýdymlaryny Meret Bazarowyň sazandarlyk etmeginde türkmen radiosynyň diňleýjilerine sowgat etdi. Özüniň ajaýyp aýdymlary bilen il-halkymyza çyn ýürekden hyzmat edip, alkyş eýesi bolup ýören aýdymçy Begenç Hekimowa döredijilik üstünliklerini arzuw edýäris.

23.01.2026 231
Medeniýet

Häzirki döwürde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmäge we ony ýaş nesle wagyz etmäge uly mümkinçilikler döredilýär. Ynsan kalbynda uly orun tutan, şygyrlary nesilden-nesle geçip dowam edip gelýän dana şahyrymyzyň edebi döredijiligi bu günki gün görelde mekdebine öwrüldi. Magtymguly atamyzyň watansöýüjiligi, agzybirligi, dost-doganlygy ündeýän hem-de edep-terbiýeçilik ähmiýetli çuň many-mazmunly şygyrlarynyň ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde ähmiýeti örän uly hasaplanýar. Dana şahyryň şygyrlarynda Watana bolan ummasyz söýgi, uly buýsanç örboýuna galýar. Onuň «Türkmeniň» atly goşgusynda eziz Diýaryna, onuň gözel tebigatyna bolan gyzgyn söýgüsi örän ýiti duýulýar: Jeýhun bilen bahry Hazar arasy, Çöl üstünden öser ýeli türkmeniň. Gül-gunçasy, gara gözüm garasy, Gara dagdan iner sili türkmeniň. Akyldar şahyrymyz köňülleriň, başlaryň bir bolup, bir supranyň başynda jem bolan halkyň öňünde hiç bir güýjüň durup bilmejekdigini, hatda toprak-daşlaryň hem erejekdigini öwran-öwran tekrarlaýar: Köňüller, ýürekler bir bolup başlar, Tartsa ýygyn, erär topraklar-daşlar, Bir suprada taýýar kylynsa aşlar, Göteriler ol ykbaly türkmeniň. Magtymguly Pyragynyň şygryýet älemini umman çuňlugyna deňemek bolýar. Şahyryň döredijiliginde öwüt-nesihat mazmunly goşgular hem giň orun tutýar. Ol halkynyň bir-biregi goldap, özara gowy gatnaşykda bolmaklaryny, sarpasyny saklamaklaryny we gerek ýerinde ýardam bermeklerini sargapdyr. Galyberse-de, ynsanlara durmuşda özüňi alyp barmagyň kada-kanunlaryny, belent adamkärçilikli garaýyşlary ündäpdir. Şahyr öwüt-nesihatlaryny merdiň we namardyň keşbi arkaly çeper suratlandyrýar. Şahyr: Mert çykar myhmana güler ýüz bile, Namart özün gizlär myhman ýoluksa — diýen setirler arkaly mert bilen namardyň aratapawudyny aýyl-saýyl etmegi başarypdyr. Magtymguly atamyz ýaly beýik şahsyýetleri tirsegine galdyryp, olaryň döredijiligini dünýä ýaýmakda taýsyz tagallalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!  

26.11.2025 239
Medeniýet

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanynda Magtymguly Pyraga goýulýan sarpanyň belentdigini has aýdyň görmek bolýar. Magtymguly Pyragy diňe bir döwrüň şahyry däl, eýsem, umumadamzat şahyry. Onuň pikirleri ynsan durmuşynda, ýaşaýşynda häli-şindi gabat gelýär. Şonuň üçin hem Magtymguly Pyragy hakdan içen şahyr hasaplanylýar. Akyldar şahyryň döredijiliginde ynsan mertebesi belent tutulýar. Şahyr döwrüniň taryhy, durmuş şertine laýyklykda, ynsan mertebesini, onuň jemgyýetde tutýan ornuny çuň many-mazmuna ýugrulan halk pähimlerinden gözbaş alyp gaýdýan şahyrana pikirleriň esasynda ýokary galdyrýar. Ol ynsanperwerligiň, edermenligiň, päk söýginiň, arassa ahlagyň ynsan häsiýetiniň açarydygyny şahyrana beýan edýär. Magtymguly ynsan mertebesiniň ussat waspçysy. Bu babatda ol Nowaýynyň, Ýasawynyň, Balasagunlynyň, Rownakynyň, Süleýman Bakyrganyň edebi ýörelgesini dowam etdirýär. Ynsan mertebesi barada özünden öň şygyr sungatynda gazanylan gymmatlygy belli bir milli ýörelgä salyp, oňa çuň we giň, anyk we çeper many berýär. Nakyllarda, rowaýatlarda, ertekilerde we dessanlarda beýan edilen ynsan mertebesi şahyryň döredijiliginde täze basgançaga galýar. Magtymguly Pyragy ynsana mahsus häsiýetleri, edim-gylymlary bir ulgama düzüp, olary häsiýetleri boýunça toparlara bölýär. Şahyr: «Mal ýagşy» goşgusynda adam bilen adamy tapawutlandyrýan gylyk-häsiýetler barada şeýle diýýär: Adam bolup, adam gadryn bilmeýen, Ondan ki bir otlap ýören mal ýagşy. Sözlegende söz manysyn bilmeýen, Ondan ki bir gepläp bilmez lal ýagşy. Şahyryň ynsan mertebesi hakyndaky pikirleri çeper döredijilikde özboluşly gazanylan gymmatlykdyr. Olar millidir, şol bir wagtda ähli halklara degişlidir. Magtymguly Pyragy baradaky halky kyssalarda berilýän çeper maglumatlara görä, şahyr ynsan mertebesiniň goragçysy hökmünde çykyş edýär.

24.11.2025 248
Medeniýet

       Daşoguz welaýatynyň Garaşsyzlyk etrabyny bagşy-sazandalar mesgeni diýsek, megerem, öte geçdigimiz bolmasa gerek. Bu toprakda ýaşap, özüniň ajaýyp sungaty bilen meşhurlyk gazanan halypa bagşy-sazandalardan Türkmenistanyň halk bagşylary Magtymguly Garlyýew, Sapar Bekiýew, bagşylar Ryzaguly Ataýew, Gurban Seýitmämmedow, Amandurdy Babaýew, halypa sazanda Orazmyrat Gurbanýazow dagyny welaýatymyzyň aýdym-saz söýüjileri ýagşy günlerde ýatlaýarlar. Şolaryň yzysüre ýetişen Türkmenistanyň halk artisti Sähetmämmet Rejepbaýew, Türkmenistanyň at gazanan bagşylary Bäşim Ryzagulyýew, Söýün Amanow, bagşy Bäşim Mämmedow, gyjakçy sazanda Bagtyýar Tagandurdyýew dagyny şu pursat agzap geçsek ýerine düşer. Ynha, bu günki günde türkmeniň milli aýdym-saz sungatyny ösdürmekde ýene-de bir ýaş bagşy tanalyp ugrady. Oňa Çeper Myratgulyýewa diýýärler. Bu ýaş bagşy ýokarda ady agzalan etrapda dünýä inýär. Aýdym-saza bolan höwesi onda ýaşlygyndan döreýär. Geljekki bagşy heniz okuwçy ýyllarynda mekdepde geçirilýän sapakdan daşary medeni-köpçülik çärelerine yzygiderli gatnaşýar. Oňa orta mekdepde okaýarka türkmen aýdym-sazlarynyň inçe tilsimlerini Bahar Suhanowa öwredýär. Ýaş bagşy şol döwürde «Gyzlaryň», «Aý indi», «Mukamlar başy», «Gümmürlendi» ýaly meşhur aýdymlary öwrenýär. Ol orta mekdepde okamak bilen, aýdym-sazlary içgin öwrenmek hem-de öz sesini aýawly saklamak ýaly inçe syrlara aýratyn üns berýär. Şeýlelikde, Çeper Myratgulyýewa etrabyň çagalar sungat mekdebiniň bagşyçylyk bölümine aýdym-saz öwrenmäge gatnap başlaýar. Bu ýerde oňa mekdepde öwrenen zatlaryny täzeden taraşlamaga bagşy mugallym Akmyrat Gurbanmämedow hem-de Aýjemal Weýisowa dagy ýakyndan ýardam berýärler. Aýdym-saza bolan höwesi ony 2019-njy ýylda döwletimiziň mekdepleriniň arasynda geçirilen «Bitaraplyk waspy dillerde dessan» atly bäsleşige gatnaşmaga alyp barýar. Ol zehinli çagalaryň arasynda geçirilýän şeýle uly bäsleşikde ikinji orna mynasyp bolýar. Ýaş bagşy Çeper Myratgulyýewada yhlas, hyjuw bar. Onuň dutary ökde çalmak, häzirki zaman hem-de halk heňlerini ussatlarça öwrenmek, dessanlary il-halka çeperleşdirip ýetirmek ýaly arzuwlary bar. Geljegine uly umyt bildirilýän ýaş bagşyny ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyk çärelerinde eli dutarly görmek bolýar. Onuň häzirki joşup aýdýan aýdymlaryny, çalýan sazlaryny diňleseň, halk dessanlaryny ýerine ýetirişine syn etseň, geljekde onuň zehinli zenan bagşy bolup ýetişjekdigine ynamyň artýar. — Sungat adamsy örän synçy bolýar. Synçy bolmak diýmek oturan ýeriňi synlamak däl-de, özüňden öňki sungat älemindäki ägirt halypalary, at gazanyp öten sazandalary, bagşylary köp diňläp, olara meňzejek bolmakdyr. Şu ýerde ýekeje mysala ýüzleneýin. Türkmen ülkesinde özleriniň aýdym-dessanlary bilen meşhurlyk gazanan zenan bagşylar Akjagül Myradowa, Sülgün Meretgeldiýewa, Ejegül Annamyradowa, Aýgül Alyýewa, Haljan Ataýewa, Aýbibi Atahanowa, Bahar Agaýewa, Gurbangül Amanowa dagy bu günki günde giňden tanalýar. Ýaşlygymda meniň aýdym-saza bolan höwesim, öwrenen zatlarym, elbetde, yrýa gitmedi. Mundan 3-4 ýyl ozal men Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň bagşyçylyk sungaty bölümine okuwa geldim. Häzir bu mukamlar mesgeniniň ahyrky ýylynda okaýaryn — diýip, ol öz bagşyçylyk sungatyna gelşi hakda söz açýar. Bu ýerde ýaş bagşy gyz okuw jaýynyň halypa mugallymlary Söýün Amanow, Myrat Halbaýew, Göwher Ahmedowa, Gurbangeldi Söýünow ýaly iş tejribesi ýetik sungat ussatlaryndan aýdym-sazyň, bagşyçylyk sungatynyň inçe syrlaryny irginsiz öwrenýär. Ýaş bagşy häzirki zaman, halk heňlerini, olaryň döreýiş taryhy bilen birlikde, gadymy şa dessanlarymyzy ürç edip öwrenýär. Elbetde, bagşy boljak bolsaň, halypa görmeli, olaryň aýdym aýdyşyna, saz çalşyna, dessan sanaýşyna syn etmeli bolýarsyň. Eliňe dutar alyp orta çykyp, özüňe bagşy diýdirmek, elbetde, ýeňil-ýelpaý iş däl. Onuň üçin köp okamaly, köp zat öwrenmeli, halypalary yzygiderli diňlemeli. Çeper Myratgulyýewa bu zatlara oňat düşünýär. Aýratyn bellemeli zatlaryň biri-de, onuň inçeden gelen gaýnawly owazy bar. Eli, barmaklary dutar perdelerinde ýeňil hereket edýär. Aýdýan aýdymlarynda owazydyr el hereketi gyjakçysy bilen deň gopýar. Häzirki wagtda ýaş bagşy halypalarynyň goldawy bilen «Göroglynyň öýlenişi», «Şasenem-Garyp» ýaly meşhur dessanlary yhlas bilen öwrenýär.  

20.11.2025 317
Medeniýet

«Türkmen keşdeçilik sungaty — milli mirasymyz» ady bilen, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň hem-de Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň bilelikde yglan eden bäsleşiginiň Daşoguz welaýat tapgyry ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde geçirilen bäsleşigiň bu tapgyryna onuň deslapky tapgyrynda ýeňiji bolan gyz-gelinleriň köp sanlysy gatnaşdylar. Döwre gurap ýerleşdirilen milli el işleriniň ajaýyp nusgalary owadan görnüşleri bilen hemmeleriň ünsüni özüne çekdi. Hususan-da, bäsdeş zenanlara uly hyjuw eçildi. Olar owadan bezelen sahnada ýokary joşgun bilen çykyş etdiler. Şonda keşdeçilik bilen meşgullanyşlary, ony ösdürmäge goşýan goşantlary, bu işe başlamak üçin gerekli zatlar, ilkinji taýýarlyk işler barada gürrüň berdiler. Özleriniň saýlap alan keşdeleriniň waspyny ýetirdiler. Olaryň ýerine ýetirýän işlerine eminler topary tarapyndan gözegçilik edildi. Bu bolsa keşdeçi zenanlaryň bu inçe sungata gatnaşygyny has ýakyndan synlamaga uly mümkinçilik boldy. Soňra olar owadan keşdeler bilen nagyşlanan lybaslaryny geýip, çeper sözleriň üsti bilen onuň waspyny ýetirdiler. Çeper elli zenanlaryň bu işe ussatlygy olaryň ýerine ýetiren çykyşlarynyň üsti bilen doly açylyp görkezildi. Netijede, aýratyn zehin-ussatlygy bilen tapawutlanyp, Şabat etrabynyň medeniýet merkeziniň direktory Ýaňyl Ödebaýewa 1-nji orna, Boldumsaz etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň mugallymy Ogulnur Hanmedowa 2-nji orna mynasyp bolup, bu bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijilere we beýleki gatnaşyjylara TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Welaýatyň tanymal zenan bagşylarynyň ýerine ýetiren ajaýyp aýdymlary hemmelere ruhy lezzet paýlady.

12.11.2025 258
Medeniýet

Ýurdumyzda milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň ösüşleri ýokary derejelere göterilip, dünýä ýüzünde meşhurlyga eýe bolýar. Halkymyzyň sadadan gelen gurluşa eýe bolan, jadylaýjy owazy bilen ilkinji gezekde göreni we diňleýjini özüne maýyl edýän saz gurallarynyň biri hem gopuzdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Ile döwlet geler bolsa...» atly ajaýyp eserinde bu saz guraly barada şeýle diýilýär: «Türkmenlerde gopuz jenneti owazlary berýän mukaddes saz guraly hasaplanylýar». Gadymy we giňden ýaýran saz gurallarynyň biri bolan gopuz dünýäniň 200-den gowrak halkynyň milli saz guraly hasaplanmak bilen, türkmen halkynyň hem iň gadymy saz gurallarynyň biridir. «Gop», «uz» diýen söz birikmelerinden emele gelen «gopuz» sözi «belent owaz» diýen manyny berýär. Inçeden gelen jadylaýjy owaz çykarýan gopuz, esasan hem, gyzlaryň saz guraly bolupdyr. Türkmen gyzlarynyň ählisiniň bukjasynda gopuzyň bolmagy bolsa olaryň gopuz çalmagy başarandyklaryndan habar berýär. Ir döwürlerde gyzlar üýşüp, üme edip, el işlerine meşgul bolanlarynda, gaýma gaýanlarynda, keşde çekenlerinde gezekleşip gopuz çalypdyrlar. Gopuzyň şirin owazy gyzlaryň ruhuny göteripdir, ýadawlygyny aýrypdyr. Hatda on-on iki ýaşlyja gyzjagazlar hem gopuz çalmaklyga, gopuzly bolmaklyga höwes edipdirler. Şol ýaşdaky gyzjagazlar üçin gopuz iň gymmatbaha sowgat bolupdyr. Köplenç halatlarda gyzlar gopuzy alaja baga berkidip, boýunlaryndan asypdyrlar. Bu täsin saz guraly häzirki günlerde hem ulanylýar. Onuň täsin taraplarynyň ýene-de biri, gopuz çalmagy öwrenmek üçin ýörite mekdeplere, sungat ojaklaryna gatnamak hökman däl. Bu uly ýaşly gyzlar tarapyndan kiçi ýaşly gyzlara öwredilip gelnipdir. Ýöne türkmen gyzlarynyň gopuzda çalýan sazlaryna diň salanyňda, olaryň bu ugurdan ýörite mekdep gutaran ýaly, kämil derejä ýetendikleriniň şaýady bolýarsyň. Bu saz guraly diňe bir türkmen halkynda meşhur bolman, türki halklaryň ählisinde hem duş gelýär. Ýöne halklaryň milli medeniýetiniň bir kökden ýaýrandygyna garamazdan, türkmen gopuzynyň sazlarynda mese-mälim aýratynlyklary duýmak bolýar. Türkmen tebigatyna mahsus bolan guşlaryň saýraýşyna, türkmen halylary dokalanda emele gelýän kerweniň jaňynyň sesine meňzedilip döredilen sazlar diňe türkmen gyzlarynyň gopuzlarynyň sazlarynda gabat gelýär. Bu hem bolsa bu sadaja saz guralynda ýerine ýetirilýän sazlaryň gadymyýetden habar berýän gymmatly mirasdygyna şaýatlyk edýär. Gadymda obalarda gopuz ýasaýan ussalar bolupdyr we bu hünär nesilden nesle, halypadan şägirde geçirilip gelnipdir. Häzirki ajaýyp döwrümizde ýurdumyzyň toý-baýramlarynda, geçirilýän baýramçylyk dabaralarynda, medeni çärelerde beýleki milli saz gurallarymyz bilen bir hatarda, gopuzyň jadylaýjy owazy belentden ýaňlanýar. Bu bolsa milli sungatymyzyň mynasyp dowam etdirilýändiginiň güwäsidir.  

27.10.2025 350
Medeniýet

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzda milli medeniýetimizi sungatymyzy ösdürmäge ýokary derejede üns berilýär. Bu babatda durmuşa geçirilýän işler aýratyn belläp geçmäge mynasyp. Esasan hem milli saz guralymyz bolan dutarda saz çalmak, aýdym aýtmak, ata-babalarymyzdan miras bolup arkama-arka geçip gelýän halypa-şägirtlik ýolunyň mynasyp dowam etdirilmegini gazanmak maksadynda hem sungat älemine täze gadam basan ýaşlaryň bu ugra bolan höweslerini artdyrmak, täze ýaş zehinleri ýüze çykarmak boýunça dürli medeni çäreler, bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Ençeme halypa bagşy-sazandalaryň kemala gelen topragynda önüp-ösüp, olaryň ýoluny dowam etdirmegi ýüreginde besläp, goşa tara erk edip, şirin mukamlary çalmagyň, halypalaryň döredip giden aýdymlaryny aýtmagyň inçe tilsimlerini öwrenmäge başlan ýaş bagşy-sazandalaryň arasynda geçirilýän şeýle bäsleşikler olaryň bu ugra hasam yhlasly ýapyşmaklaryna, öz üstlerinde irginsiz işläp kämilleşmeklerine uly itergi berýär. Golaýda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap geňeşi etrapdaky çagalar sungat mekdebinde «Halypalaryň ýoly bilen» atly aýdym-sazly bäsleşik geçirdi. Bäsleşigiň dowamynda oňa gatnaşýan okuwçylar Watanymyzy, bagtyýar döwrümizi, ajaýyp döwrümizde ýurdumyzda ýetilýän belent sepgitleri wasp edýän aýdymlaryň birini ýerine ýetirmek bilen öz başarnyklaryny görkezdiler. Eminler toparynyň agzalary okuwçylaryň saz çalyşlaryna, aýdym aýdyşlaryna baha berip, olaryň arasyndan has zehinli ýaşlary ýüze çykardylar. Netijede, etrapdaky çagalar sungat mekdebiniň bagşy hünäriniň 3-nji synp okuwçysy Ahmet Baýramgeldiýew 1-nji orna, bagşy hünäriniň 4-nji synpynda okaýan okuwçylary Mergen Goçnazarow 2-nji orna, Batyr Tekäýew 3-nji orna mynasyp boldular. Aýdym-saz bäsleşiginiň ýeňijilerine TMÝG-niň etrap geňeşiniň hem-de çagalar sungat mekdebiniň Hormat hatlary gowşuryldy.  

21.10.2025 246

Täze habarlar

Jemgyýet Baýramçylyk dabarasy
05.10.2026   9
Jemgyýet Dünýäde ykrarly bedew
03.10.2026   53
Jemgyýet Täze maksatlara aýdyň ugur
02.10.2026   25
Jemgyýet «Ak altyn» ussatlaryna medeni hyzmat
02.10.2026   26
Ykdysadyýet Ekiş ýokary depginde
02.10.2026   29
Jemgyýet Döredijilik sergisi
01.10.2026   26
Jemgyýet Dabaraly maslahat
30.09.2026   25