Dashoguz.live – Täzelikler Portaly
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Medeniýet

Türkmeniň myrady hem syrdaşy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň beýik ösüşleri äleme dolýar. Ýurdumyzda halk hojalygynyň dürli ugurlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Şanly ýylymyzyň her bir güni ajaýyp zähmet ýeňişlerine beslenýär. Şeýle ösüşleriň bedew badyna deňelmegi halkymyzyň ýagşy arzuw-isleglerinden habar berýär. Eziz Diýarymyzda behişdi bedewlere goýulýan sarpa bu günki gün dünýä derejesinde ykrar edilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň ussat halypa seýsi Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen bu gün ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty dünýä doldy. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi, ýurdumyzyň dürli künjeginde atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy, Arkadag şäherinde Halkara ahalteke atçylyk akademiýasynyň açylmagy, Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkiniň hereket etmegi, ÝUNESKO tarapyndan «Ahalteke bedewlerini seýislemek we atçylyk sungatynyň» guramanyň Maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Milli Liderimiziň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Ganatly bedewler», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» ýaly ajaýyp eserlerinde türkmen seýisçilik sungaty, ahalteke bedewleriniň taryhy, türkmen topragynda ýaşap geçen ussat seýisleriň ömür ýollary hakynda çuňňur söhbet açylýar. Gahryman Arkadagymyzyň behişdi bedewlerimiziň waspyny ýetirýän «Bedew», «Rowaç» atly ajaýyp goşgulary hem örän täsirlidir. Bedewleriň her gadamynyň halkymyzda rowaçlyga, ýagşylyga hem-de uly üstünlige ýorulýandygy bu gymmaty egsilmejek eserlerde wasp edilýär. Halkymyzda «At agynan ýerde toý bolar», «Atym bar — ganatym bar», «Irden tur ataňy gör, ataňdan soň atyňy», «At — myrat» ýaly gymmatly pähimleriň döredilmegi hem ýönelige däldir. Bu ata-babalarymyzyň irki döwürlerden bäri behişdi bedewlere uly sarpa goýandygyna şaýatlyk edýär. Berkarar döwletimizde behişdi bedewlere sarpa goýýan atşynaslaryň ýüzlerçesiniň bardygyny bellemek möhümdir. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmakda, tohum arassalygyny gorap saklamakda olaryň alyp barýan işleri aýratyn guwandyryjydyr.

15.05.2026 136
Medeniýet

Golaýda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň TZB-niň Merkezi geňeşi hem-de TKA-nyň Milli merkezi bilen bilelikde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli, birleşigiň ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän çeper halyçylyk kärhanalarynda zähmet çekýän, ökde halyçy gelin-gyzlaryň arasynda türkmen halkynyň ruhy we medeni mirasyny aýawly saklamak, giňden wagyz etmek, halyçy zenanlaryň şahsy başarnyklaryny açyp görkezmek, olarda zähmetsöýerligi, zenan edebini, ýaş nesillerde haly sungatyna bolan höwesi artdyrmak maksadynda yglan eden «Zenan kalbyndan dörän nepislik» atly bäsleşiginiň Daşoguz welaýat tapgyry geçirildi. Oňa welaýatyň ugurdaş kärhanalarynyň çeper elli halyçylarynyň birtopary gatnaşdy. Bu tapgyrda halyçy gelin-gyzlar bäsleşigiň «Syrlardan dokalan nepislik», «El bilen döredilen gudrat», «Zenan kalbynyň joşguny» diýen ugurlarynda bellenen şertlere laýyklykda, haly we haly önümleriniň sergisini guramak, Gahryman Arkadagymyzyň «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi», «Gadamy batly bedew» atly kitaplary bilen baglanyşyklylykda, halkymyzyň milli gymmatlyklarymyza, bedew atlarymyza, ajaýyp däp-dessurlarymyza bolan söýgüsini wasp etmek, haly önümleriniň görnüşleri, olaryň manysy, tebigy reňkleriň, ýüplükleriň taýýarlanylyşy hakynda gürrüň bermek, rowaýatlary, yrymlary, gazallary çeper sahnalaryň üsti bilen ýerine ýetirmek boýunça öz ukyplaryny görkezmäge çalyşdylar. Olaryň çykyşlaryna eminler topary mynasyp baha berdi. Eminleriň gelen netijesine görä, bäsleşikde 1-nji orna Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Gubadag etrap haly önümhanasynyň halyçylary Gülbahar Ilmedowadan, Oguljan Garlyýewadan, 2-nji orna Boldumsaz etrap haly önümhanasynyň halyçylary Sapargül Sapargylyjowadan, Merjen Toýlyýewadan, 3-nji orna bolsa Garaşsyzlyk etrap haly önümhanasynyň halyçylary Ogulboldy Tekäýewadan, Güljemal Nurjanowadan ybarat toparlaryň mynasyp bolandygy yglan edildi. Üstün çykan halyçylara TKA-nyň welaýat birleşmesiniň sowgatlary gowşuryldy, iň ýokary orny eýelän topar bäsleşigiň ýakynda Aşgabat şäherinde geçiriljek döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

13.05.2026 144
Medeniýet

  Türkmeniň beýik sungatynyň ösüp, biziň şu günümize, şeýle kämil ýagdaýda gelip ýetmeginde halypa-şägirtlik ýolunyň orny uludyr. Daşoguz şäher bagşylar muzeýinde geçmişde ýaşap geçen halypa bagşy-sazandalar baradaky maglumatlary toplamak we olary geljekki nesillere ýetirmek esasy wezipe bolup durýar. Biziň gürrüňimiz halypa bagşy Nazar baga Morsy ogly barada. Nazar baga zamanasynyň halypa bagşylarynyň biri. Ýomut-gökleň ýolunyň ussady, aýdym-saz äleminiň parlak ýyldyzy Nazar baga 1873-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Alilioý diýen ýerinde dünýä inýär. Olaryň maşgalasy Nazar heniz ýaş oglanka Gubadag etrabynyň Bagalar obasyna göçüp gidýär. Nazar baga ýomutlaryň baga tiresinden bolansoň, onuň adynyň yzyna tiresiniň adyny tirkäp, oňa Nazar baga diýipdirler. Onuň kakasyna Morsy baga diýer ekenler. Kiçijik Nazaryň aýdym-saza bolan höwesini ilki duýan Morsy aga bolýar. Ol şol mahallar öz döwrüniň belli bagşy-sazandalary bilen gatnaşar eken. Bir gezek olara meşhur Garadäli Gökleňiň şägirdi Sapar süýrentgi myhmançylyga gelende, Nazara aýdym aýtdyryp, ony synap görýär. Onuň aýdym aýdyşyna syny oturan halypa Nazary öz ýanyna şägirtlige alyp gaýdýar. Şeýdip, geljekki ussat Sapar süýrentgiden tälim alýar. Nazar baga ilki-ilkiler tirme aýdymlary aýdypdyr. Ýigit çykandan soňra, dessançylaryň däbine eýerip, «Hüýrlukga-Hemra», «Şasenem-Garyp» dessanlaryny toýlarda aýdyp ugraýar. Şeýle hem «Görogly» şadessanynyň birnäçe şahasyny aýdýar. Ol biçak gyňyr häsiýetli adam bolupdyr. Onuň ägirt güýçli sesi bar eken. «Nazar baga Gubadagda aýdym aýdanda, sesi Ýylanly (häzirki Garaşsyzlyk) etrabyna eşidilerdi» diýip, babam pahyryň gürrüň bereni hiç ýadymdan çykmaýar. Nazar baga XX asyryň otuzynjy ýyllarynda şöhratly bagşylaryň biri hasaplanýar. Ol şol ýyllarda Aşgabat şäherine ýörite çagyrylýar. Aşgabatda Ahalyň, Marynyň, Pendiniň, Sarahsyň, Balkanyň meşhur bagşy-sazandalary bilen tanyşýar. 1939-njy ýylda dürli etraplardan gelen bagşylara, sazandalara goşulyp, Moskwa şäherine gidýär. Ol ýerde Oba hojalygynyň gazananlarynyň sergisinde çykyş edýär. Nazar baganyň il-ulsa hyzmaty uly bolupdyr. Öz döwründe sungaty öwrenijiler «Hüýrlukga-Hemra», «Saýatly-Hemra», «Nejep oglan» ýaly dessanlaryň asyl nusgalaryny Nazar baganyň dilinden ýazyp alypdyrlar. Onuň bu asylly hyzmatyny häzirki günlerem uly buýsanç bilen ýatlaýarys. Çünki beýle hyzmat onuň ussatlygyny, meşhurlygyny ýene bir gez ýokary göterýär. Halypa gyjakçy Ata Ably: «Durnalar» diýen aýdymy iň oňat ýerine ýetiren Oraz Salyr bolupdyr. Nazar baga 1939-njy ýylda ol aýdymy Oraz Salyrdan eşidip, 1942-nji ýylda täzeden işläp aýtdy welin, durnalara ganat bitirip, täzeden uçurana döndi. Başgaça aýdylanda, Nazar baga «Durnalary» täzeden Hywadan getirdi. Onuň üçin Nazar baga saz dörediji bagşy diýsegem ýalňyşmarys» diýip, gürrüň berýär. Diýmek, Nazar baga diňe bir ussat bagşy bolman, eýsem, saz dörediji kompozitor hem bolupdyr. Onuň ýerine ýetiren aýdymdyr dessanlaryny şägirtler öz labzynda, üýtgewsiz ýerine ýetirip, dowam etdirip gelýärler. Nazar baganyň bagşyçylyk sungatynyň hyrydarlary barha köpelipdir. Türkmenistanyň halk bagşysy Magtymguly Garlydan başlap, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Baýar Baýrama çenli ol ussadyň bagşyçylyk sungatyny özlerine nusga edinipdirler. Nazar baganyň ýanynda Daşoguzyň ökde gyjakçylary Baýram gyjakçy, Gazak gyjakçy, Atakel gyjakçy, Töre gyjakçy, Hudaýnazar gyjakçy dagy sazandarlyk edipdirler. Halypanyň sesiniň güýçli bolandygy sebäpli, oňa köplenç iki gyjakçy sazandarlyk eder eken. Gyjakçy Sapar Bekiýew hem birnäçe ýyl onuň bilen tirkeşipdir. Nazar baga «Nalyş», «Yňdarma», «Mekanym», «Gyzyl donly» ýaly onlarça aýdymlaryň hakyky eýesidir. Nazar baga Morsy ogly 1942-nji ýylda aradan çykýar. Onuň kowumlary häzir Akdepe etrabynda ýaşaýarlar. Nazar baganyň ak patasyny alyp, onuň ýolundan aýdan ýeke-täk şägirdi hasaplanylan Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Baýar bagşy ony kän ýatlar eken. Onuň bilen bile tirkeşip, toýlarda aýdym aýdyp gezen çaglary hakda gürrüň baryny berer eken. Ol halypasynyň obasyna toýa bardygy, bilini hasam berk guşap, Nazar baganyň özi bolup dessan aýdar eken. Belent-belent tirmelere tutar eken. Nazar baganyň ogly Juma bilen duşuşyp, halypasyny ýagşylykda ýatlar eken.  

12.05.2026 156
Medeniýet

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni ösüş-özgerişlere, taryhy ähmiýetli şanly wakalara beslenýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly ýurdumyzda gazanylýan zähmet üstünlikleri, amala aşyrylýan beýik işler bilen has-da dabaralanýar.  Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň agzybir döredijilik topary hem öz sahna oýunlary bilen şanly ýyly giňden dabaralandyrmaga uly goşant goşýar. Bu babatda teatryň režissýory Guwanç Baýmetow bilen şeýle gürrüň berýär: —«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly turuwbaşdan şanly, taryhy wakalara beslenýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň uludan tutuljak bu ýyl ýatda galyjy ýyllaryň birine öwrüler. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Merdan Çarymuhammedowyň «Seýis» atly eserini sahnalaşdyrdym. Ilki bilen, bu spektakl barada kelam agyz söz aýtmakçy. Onda halkymyzyň göz-guwanjy, buýsanjy, milli baýlygy hasaplanylýan bedewlerimiziň ynsan bilen çyn dostlugy, wepalylygy hem-de düşbüligi, akyllylygy ör-boýuna galýar. Spektaklyň baş gahrymany Mälik seýis bolup, onuň atlary seýislemekde at-owazasy çarýana ýaýraýar. Seýsiň Ülker atly bedewi owadanlykda, ýyndamlykda, düşbülikde görenleri haýrana goýýar. Ülker keseki han tarapyndan satyn alynmaga soralanda, Mälik seýis çyn dostuň, gardaşyň hiç haçan satylmaýandygyny aýdýar. Türkmen bedewiniň bahasyz baýlykdygyny tekrarlaýar. Ýöne niýeti ýaman adamlar muňa düşünmeýär. Şunlukda, bu ajaýyp bedewi ogurlaýarlar. Mälik seýis gije-gündiz diýmän, çöller aşyp, ýollar geçip, Ülkeriň idegine çykýar. Ol ahyry atyny ogurlan galtamanbaşyny tapyp, onuň ýanyna baryp, atyny alyp gaýtmakçy bolanda, galtamanbaşy ony bermeýär. Ol şonda aty bilen didarlaşmaga rugsat soraýar. Galtamanbaşy muňa razylyk berýär. Mälik seýis ýany bilen getiren bir gysym topragyny Ülkeriň toýnagynyň aşagyna seçýär welin, duýgur janawar ene topragyna, eýesine bolan söýgüsini mesaňa bildirýär. Şonda Mälik seýis atyna: «Men saňa garaşýandyryn» diýip aýdýar. Mälik öýüne gaýdyp gelende, gelni Aýgül özüniň hamyladygyny duýdurýar. Tukat bolup gelen Mälik bu hoş habara begenip durka-da, atyň toýnak sesiniň gelýändigini aýdýarlar. Şol barmana-da Ülkeriň gazygyna, öýüne dolanandygyny goňşular buşlaýarlar. Elbetde,  bedewe ýöne ýere ynsan gylykly diýilmeýänligi hem şu ýerde bütin aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. Mälik seýsiň keşbini Begli Dowlyýew, gelni Aýgülüň keşbini Nurjemal Hydyrowa, enesiniň keşbini Narjan Hallakowa, galtamanbaşynyň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Babadurdy Babaýew, jansyz jerçiniň keşbini bolsa Türkmenistanyň at gazanan artisti Halmyrat Şyhyýew ýaly ussat artistler ýerine ýetirýärler. Bu spektakl hem tomaşaçylaryň göwünsöýen oýunlarynyň biri bolar diýip hasaplaýaryn. Dramaturg Aşyr Mämiliýewiň «Söýgi duralgasy» dramasyny hem tomaşaçylaryň dykgatyna ýetireris. Ýurdumyzyň belli ýazyjy-dramaturglary bilen ýakyndan aragatnaşyk saklaýarys. Ýagny olardan Gowşutgeldi Daňatarow, Döwrangeldi Agalyýew, Hemra Şirow, Nurmyrat Ataýew, Annaberdi Goçamanow dagyny agzap geçsek has ýerlikli bolar. Şu ýylyň dowamynda ýazyjy Hemra Şirowyň «Iki ýegre dost» atly eserini, «Göroglynyň» «Harmandäli» şahasyny sahnalaşdyryp, tomaşaçylara ýetirmekçi. Harmandäliniň keşbini Gurbanjemal Gaýypowa ýerine ýetirer. Bu hem şowly sahna oýunlarynyň biri bolar. Biz teatryň döredijilik meýilnamasyna laýyklykda, mähriban Watanymyzda tutulýan toý-baýramlar mynasybetli edebi-sazly sahnalar, orkestriň hasabat konsertleri bilen yzygiderli çykyşlary guraýarys. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýuna hem sowgatly barýarys.

07.05.2026 128
Medeniýet

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, ony döwrebap derejede kämilleşdirmek, bu ugra zehinli ýaşlary giňden çekmek maksady bilen, ýylyň-ýylyna eziz Diýarymyzda giň möçberli täsirli çäreler durmuşa geçirilýär. Munuň özi ýaşlaryň halkymyzyň köklerini gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýan aýdym-saz sungatyna bolan höwesleriniň rowaçlanmagyna mümkinçilik döredýär. Daşoguz şäheriniň «Ýaşlar» merkezinde geçirilen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň Daşoguz şäher tapgyry muny bütin aýdyňlygy bilen görkezdi. Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şöhratly 35 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän bäsleşigiň bu tapgyry aýdym-saz muşdaklary üçin ýatdan çykmajak ýakymly pursatlara baý boldy. Bäsleşikde ýerine ýetirilen aýdymdyr sazlar «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň dabaralarynyň, şanly wakalarynyň waspy bolup ýaňlandy. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ulgamyny nusgalyk derejede ösdürmek ugrunda edilýän  irginsiz tagallalardan ruhlanan zehinli ýaş bagşy-sazandalar bäsleşige has taýýarlykly gelendiklerini subut etdiler. Olar halk aýdym-sazlaryny, mukamçy kompozitorlaryň döreden eserlerini ýerine ýetirip, tomaşaçylaryň, talapkär emin agzalarynyň öňünde özleriniň döredijilik ukyplaryny, zehinlerini açyp görkezdiler. Bäsleşikde ilkinji bolup çykyş etmek Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyby Aýnur Gijikowanyň paýyna düşdi. Ol Täçmämmet Suhangulyýewiň «Bag içinde» atly aýdymyny ýerine ýetirdi. Ýene-de şol mekdebiň talyplary Mährijemal Myradowa «Aşyk oglan», Eziz Mahmudow «Mukamlar başy», Sahy Täçmedow «Ýar gara gözli» atly türkmen halk sazlaryny, Annabagt Wepaýewa «Teşnit», Nurana Magsadowa «Hatyrjem bolgun», Çeper Myratgulyýewa «Daglara», 2-nji çagalar sungat mekdebiniň direktory Gülnabat Kakabaýewa «Düşmüşem» atly türkmen halk aýdymlaryny, Daşoguz şäher medeniýet merkeziniň tans toparynyň artisti Dädebaý Ýusupow «Balsaýat», Daşoguz şäherindäki 11-nji orta mekdebiň 12-nji synyp okuwçysy Pälwan Meläýew «Dutarym» diýen halk sazlaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Çykyşlaryň ählisi tomaşaçylar tarapyndan şowhunly, dowamly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Ýaşlaryň ýerine ýetirijilik ussatlygy, sahna medeniýeti, milliligi, çeperçilik derejesi talapkär emin agzalarynyň adalatly bahasynda möhüm orun eýeledi. Netijede, milli saz gurallarymyzyň belent owazy bilen utgaşan ajaýyp çykyşlar eminler topary tarapyndan bahalandyryldy. Ýaryşyň jemleri boýunça iň oňat netije görkezen ýaş zehinler bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijiler guramaçylar tarapyndan Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanyldy.

14.04.2026 129
Medeniýet

Türkmen halkynyň köňül buýsanjy, milli medeniýetiniň sarsmaz sütüni bolan bagşyçylyk sungaty täze taryhy eýýamda özüniň hakyky galkynyşyny başdan geçirýär. Gadymy Daşoguz topragynda «Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym» ady bilen geçirilen festiwal halkymyzyň ruhy dünýäsini baýlaşdyran medeni wakalaryň birine öwrüldi. Bu festiwal diňe bir saz sungatynyň dabaralanmasy bolman, eýsem, halypa-şägirtlik mekdebiniň dowamat-dowam bolýandygyny ýene bir ýola äşgär etdi. Bilşimiz ýaly, dutar ýasamak senetçiligi hem-de dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmek bilen, halkara derejesinde hem ykrar edildi. Festiwalda ýurdumyzyň dürli künjeginden gelen belli bagşy-sazandalar hem-de ýaş zehinler öz ussatlyklaryny görkezdiler. Festiwala gatnaşyjy myhmanlar, ir säher bilen, Daşoguzyň  demir ýol menzilinde duz-çörek  bilen dabaraly garşylanyldy. Soňra, festiwala gatnaşyjylaryň ýörişiniň Daşoguz şäheriniň «Görogly» meýdançasyndan badalga almagy aýratyn ähmiýete eýe boldy. Ýörişe gatnaşyjylar dessançy şahyryň adyny göterýän Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň öňünde ýaýbaňlandyrylan teatryň döredijilik toparynyň we welaýatyň birleşen tans toparynyň  edebi-sazly çykyşlaryna tomaşa etdiler. Teatryň öňündäki meýdançada halkymyzyň mili gymmatlyklarynyň, senetçilik sungatynyň, çeper elli zenanlarymyzyň el işleriniň, dokma önümleriniň, welaýatymyzyň çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylarynyň bagşy–sazandalara bagyşlanan amaly-haşam eserleriniň sergisi guraldy. Dabara gatnaşyjylar teatryň foýesinde welaýatyň birleşen bagşylar toparynyň ýerine ýetiren «Festiwal» atly aýdymy bilen garşy alyndy. Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergide bolsa milli gymmatlyklarymyzy öwrenmekde, olary geljekki nesillere ýetirmekde we ýaýratmakda türkmen dessançy bagşylarynyň hyzmatynyň uludygy açylyp görkezildi. «Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym» atly festiwal teatryň sungat ussatlarynyň edebi-sazly çykyşy bilen açyldy. Soňra festiwalyň  myhmanlaryna söz berildi. Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary Nursähet Şirimow festiwaly dabaraly ýagdaýda açyp berdi. ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa çykyş edip, festiwalyň bu keremli toprakda geçirilmeginiň aýratyn ähmiýetini belledi. Dabarada çykyş edenler halkymyzyň milli medeniýetini öwrenmek, ösdürmek we wagyz etmek babatda giň gerimli işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözleri beýan etdiler. Dabaranyň dowamynda ýurdumyzyň bagşy-sazandalary halk dessanlaryndan parçalary ýerine ýetirdiler. Festiwal günüň ikinji ýarymynda Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Altyn ýol geňeşligindäki Dilewar oba medeniýet öýünde guralan «Dessançy bagşylar joşa gelende» atly ylmy-amaly maslahat bilen dowam etdi. Maslahatda  çykyş edenler türkmen nusgawy edebiýatynda dessanlaryň aýratyn orun eýeleýändigini, aýdymdyr kyssanyň saz bilen utgaşdyrylyp, bagşylaryň dilinde beýan edilmeginiň  ähmiýetiniň we çeperçiliginiň ylmy nukdaýnazardan has giňişleýin öwrenilýändigini we geljekki nesillere ýetirilmegi babatda alnyp barylýan işleriň giň gerime eýe bolýandygyny buýsanç bilen nygtadylar. Ylmy-amaly maslahatdan soňra, oňa gatnaşyjylar welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç edip, milli mirasymyzyň gymmatlyklary bilen tanyşdylar.   Günüň ahyrynda festiwala gatnaşyjylar Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda «Görogly» spektaklyna tomaşa etdiler. *** Festiwalyň ikinji gününiň ir säherinde  oňa gatnaşyjylar sözüň-sazyň piri, keramatly Aşyk Aýdyň piriň aramgähine zyýarat etdiler. Şol gün festiwala gatnaşyjylar welaýatymyzyň Bagşylar muzeýine bardylar. Bu ýerde dessançylyk däplerimiziň nesilden-nesle geçmeginde, asyrma-asyr taraşlanyp, timarlanan bagşyçylyk ugurlarynyň ösmeginde, dessanlarymyzyň toýlarymyzyň bezegine, edebi mirasymyzyň egsilmejek hazynasyna öwrülmeginde uly orny eýelän welaýatymyzyň halypa bagşy–sazandalaryna bagyşlanan sergi bilen içgin tanyşdylar.  Agşamara  Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň sahnasynda «Bagşy dessan aýdanda» atly konsert boldy. Çykyş edenler dessanlarymyzdan parçalary we bilelikdäki aýdymy ýerine ýetirdiler. Bu bolsa festiwalyň baýramçylyk şüweleňini  has-da artdyrdy. Dabarada ýaňlanan aýdymdyr sazlar  tomaşaçylarda ýakymly täsirleri galdyrdy. *** Festiwalyň üçünji, jemleýji  gününde irden Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebinde halypa dessançy bagşylaryň ýaş bagşy-sazandalar bilen ussatlyk sapaklary boldy. Oňa festiwalyň myhmanlary, ýörite sungat mekdebiniň we welaýat çagalar sungat mekdepleriniň talyplary, okuwçylary we mugallymlary gatnaşdylar. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda beýan edilýän meşhur dessançy bagşylar Nazar baganyň, Magtymguly Garlyýewiň, Öre şyhyň, Palta bagşynyň, Baýar bagşynyň, Ilaman Annaýewiň, Akjagül Myradowanyň, Tüýli Otuzowyň, Hojamyrat Öräýewiň, Bally Mätgeldiýewiň, Kakabaý Nazarowyň dessançylyk ýoluna bagyşlanan aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Şabat etrabynyň Altyn ýol geňeşliginiň Dilewar oba medeniýet öýünde geçirilen döredijilik duşuşygynda çykyş edenler Milli Liderimiziň gymmatly eseriniň ähmiýeti, türkmen bagşyçylyk sungatyny ösdürmekde halypalaryň bitiren hyzmatlary barada giňişleýin gürrüň etdiler. Şeýle-de ady agzalan bagşy-sazandalaryň ýetişdiren  şägirtleriniň bedew batly Diýarymyzda halkymyzyň milli dessançylyk däplerini mynasyp dowam etdirijiler hasaplanýandygyny nygtadylar. Günüň ikinji ýarymynda Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda festiwalyň ýapylyş dabarasy geçirildi. Festiwala gatnaşyjylar halk dessanlaryndan parçalary uly joşgun bilen ýerine ýetirdiler. Dabaraly çärede festiwala gatnaşyjylara Diplomlar we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar medeniýetimizi  we sungatymyzy gülledip ösdürmek babatda uly tagallalary edýän hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler. Uly üstünliklere beslenen festiwalyň ýapylyş dabarasy oňa gatnaşyjy bagşy-sazandalaryň bilelikde ýerine ýetirmeklerinde  Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly aýdym bilen jemlendi. Daşoguzda geçirilen bu festiwal halkymyzyň öz milli gymmatlyklaryna bolan sarpasynyň näderejede belentdigini aýdyň görkezdi. Bu dabaralar hemmeleriň kalbynda milli sungatymyza bolan söýginiň baky galjakdygynyň kepiline öwrüldi.

30.03.2026 137
Medeniýet

Şu gün welaýatymyzda «Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym» atly festiwal uly şatlyk- şowhun bilen badalga aldy. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bu festiwalyň geçirilmegi halkyň medeni mirasyny öwrenmeklige uly üns berilýändiginiň subutnamasydyr. Dessançylyk sungatynyň  gadymy  mekany hasaplanýan  welaýatymyzda  badalga alan festiwal  ýurdumyzyň  dürli künjeginden gelen bagşy-sazandalary bir supra jemledi.  Festiwala gatnaşyjy myhmanlar, ir şäher bilen, Daşoguzyň  demir ýol menzilinde duz-çörek  bilen aýdym-sazly garşylandy. Dabaraly garşylanyşdan soňra festiwala gatnaşyjylaryň ýörişiniň  Daşoguz şäheriniň  «Görogly» meýdançasyndan badalga almagy aýratyn ähmiýete eýe boldy. Ýörişe gatnaşyjylar dessançy şahyryň adyny göterýän Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň öňünde ýaýbaňlandyrylan teatryň döredijilik toparynyň we welaýatyň birleşen tans toparynyň  edebi-sazly çykyşlaryna tomaşa etdiler. Teatryň öňünde we onuň foýesinde halkymyzyň mili gymmatlyklarynyň, senetçilik sungatynyň, çeper elli zenanlarymyzyň el işleriniň, dokma we dokma önümleriniň, welaýatymyzyň çagalar sungat mekdepleriniň okuwçylarynyň bagşy–sazandalara bagyşlanan amaly-haşam eserleriniň sergisi guraldy.  Dabara  gatnaşyjylar teatryň foýesinde welaýatyň birleşen bagşylar toparynyň ýerine ýetiren «Festiwal» atly aýdymy bilen garşy alyndy. Foýede ýaýbaňlandyrylan sergide bolsa milli gymmatlyklarymyzy öwrenmekde, olary geljekki nesillere ýetirmekde we ýaýratmakda türkmen dessançy bagşylarynyň hyzmatynyň uludygy açylyp görkezildi.     «Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym» atly festiwal teatryň sungat ussatlarynyň edebi-sazly kompozisiýasy bilen açyldy. Soňra  festiwalyň  myhmanlaryna söz berildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasary Nursähet Şirimow festiwaly dabaraly ýagdaýda açyp berdi. Soňra ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa  çykyş edip, festiwalyň bu keremli toprakda geçirilmeginiň aýratyn ähmiýetini belledi. Dabarada çykyş edenler  halkymyzyň milli medeniýetini öwrenmek, ösdürmek we wagyz etmek  babatda giň gerimli işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri  Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşly sözleri beýan etdiler. Dabaranyň dowamynda  ýurdumyzyň bagşy-sazandalary halk dessanlaryndan parçalary ýerine ýetirdiler. Festiwal günüň ikinji ýarymynda  welaýatyň Şabat etrabynyň Altyn ýol geňeşligindäki Dilewar oba medeniýet öýünde «Dessançy bagşylar joşa gelende» atly ylmy-amaly maslahat bilen dowam etdi. Ylmy-amaly maslahatda  çykyş edenler türkmen nusgawy edebiýatynda dessanlaryň aýratyn orny eýeleýändigini,  aýdymdyr kyssanyň saz bilen utgaşdyrylyp, bagşylaryň dilinde beýan edilmeginiň  ähmiýetiniň we çeperçiliginiň ylmy nukdaýnazardan has giňişleýin öwrenilýändigini we geljekki nesillere ýetirilmegi babatda  alnyp barylýan işleriň giň gerime eýe bolýandygyny buýsanç bilen nygtadylar.Ylmy-amaly maslahatdan soňra oňa gatnaşyjylar welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine gezelenç edip, milli mirasymyzyň gymmatlyklary bilen tanyşdylar.   Günüň ahyrynda festiwala gatnaşyjylar Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda «Görogly» spektaklyna tomaşa etdiler.

26.03.2026 149
Medeniýet

«Ile döwlet geler bolsa...» «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda dessançylyk däplerinde medeniýetimiziň aýratynlygyny, milli mirasymyzdaky tutýan ornuny has giňişleýin wagyz etmek boýunça döwlet derejesinde giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýet ulgamyndaky ösüşler, halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny gorap saklamak, baýlaşdyrmak, ony dünýäde giňden wagyz etmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Şanly ýylymyzyň bahar paslynda hormatly Prezidentimiziň goldawy bilen welaýatda ýurdumyzyň dessançy bagşylarynyň gatnaşmaklarynda «Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym» atly festiwalyň geçiriljekdigi welaýatyň medeniýet işgärleriniň başyny göge ýetirdi.  Bu festiwala görülýän taýýarlyk işleri barada Daşoguz welaýat Medeniýet müdirliginiň işiň esasy ugurlary boýunça bölüminiň başlygy Azymberdi Kakaýewşeýle gürrüň berdi: — Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde gadymy Daşoguz topragynda geçiriljek «Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym» atly festiwala taýýarlyk işleri ýokary derejede alnyp barylýar. Bu festiwalyň dessançylaryň mekany hasaplanylýan welaýatymyzda geçirilmegi medeniýet-sungat ussatlarymyzy joşgunly döredijilige ruhlandyrdy. Türkmen halkynyň milli ýol-ýörelgeleriniň esasyny düzýän dessançylyk däpleriniň dowamlylygynyň alamaty hökmünde bu festiwalyň geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Ýurdumyzyň dessançy bagşylarynyň gatnaşmaklarynda üç günüň dowamynda geçiriljek festiwalyň çäklerinde «Dessançy bagşylar joşa gelende» atly ylmy-amaly maslahatyň, «Bagşy dessan aýdanda» atly konsertiň, halypa dessançy bagşylaryň ýaş bagşy-sazandalar bilen ussatlyk sapaklarynyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda beýan edilýän meşhur dessançy bagşylar Nazar baganyň, Magtymguly Garlyýewiň, Öre şyhyň, Palta bagşynyň, Baýar bagşynyň, Ilaman Annaýewiň, Akjagül Myradowanyň, Tüýli Otuzowyň, Hojamyrat Öräýewiň, Bally Mätgeldiýewiň, Kakabaý Nazarowyň dessançylyk ýoluna bagyşlanan aýdym-sazly döredijilik duşuşygynyň geçirilmegi göz öňünde tutulýar. Festiwalyň dowamynda oňa gatnaşyjylar sözüň-sazyň piri, keramatly Aşyk Aýdyň piriň aramgähine zyýarat ederler. Ussat bagşy-sazandalaryň şägirtleri bu günki gün döwrümiziň waspçylary hasaplanýar. Şeýlelikde, halypa-şägirtlik mekdebi, aýdym we saz sungatynda özboluşly ugur kemala gelýär. Häzirki nesiller türkmen halk sazlaryny ýerine ýetirmek däplerini saklamak bilen, olary barha ösdürýärler. Saz döredijilere we olary häzirki günlere ýetiren bagşylara deňleşmegi umyt edýän ýaşajyk bagşylar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň waspçylary bolup, erkinligiň döredijilik ruhuny öz çykyşlarynda wasp edýärler. Dessançylyk däplerine, halypa-şägirtlik ýoluna, halkymyzyň baý ruhy mirasyna, milli sungatymyzyň taryhyna aýratyn gadyr goýýan Milli Liderimiziň «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitaby türkmen saz sungatynyň özboluşlylygyny, mukamlaryň sazlaşygyny beýan etmek bilen, döredijilik mekdepleriniň, halypa-şägirtlik ýörelgeleriniň nesilden-nesle geçmeginde, kämilleşmeginde, asyrlaryň dowamynda we häzirki döwürde türkmen medeniýetiniň ösmeginde bagşylaryň möhüm orny eýeleýändigini açyp görkezýän gymmatly eser hasaplanýar. Ony ýan kitabyna öwren welaýatymyzyň bagşy-sazandalary dessançylyk sungatynyň köpasyrlyk däpleriniň esasynda kemala gelen sazandalyk ýörelgelerini saklap gelýärler. Munuň şeýledigine festiwala gatnaşyjylar anyk göz ýetirerler. Mälim bolşy ýaly, bu döredijilik çäresi baý we köptaraply maksatnama bilen tapawutlanýar. Festiwala ýurdumyzyň dessançy bagşylarynyň, sazandalarynyň, medeniýet ugurly okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň, talyplaryň, okuwçylaryň köp sanlysy gatnaşar.

24.03.2026 173
Medeniýet

Milli bahar baýramy mynasybetli, ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 2 — 4-nji synplarynda okaýan okuwçy gyzlaryň arasynda yglan edilen «Iň eýjejik gyzjagaz – 2026» atly şadyýan bäsleşigiň Daşguz welaýat tapgyry geçirildi. Daşoguz şäherindäki «Ýaşlar» merkezinde geçirilen bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, gyzjagazlar eziz Watanymyzy, bagtyýar çagalygy, dost-doganlygy, parahatçylygy, sagdyn durmuş ýörelgelerini wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirmekde ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Milli lybasly gyzjagazlar ene-mamalarymyzdan miras galan gymmatlyklarymyzyň many-mazmunyny we nepisligini çeper sözler arkaly beýan etdiler. Ýaş aýratynlygyna görä, el işlerini ýerine ýetirmekde, alaja örmekde biri-birinden kem durmadylar. Netijede, Garaşsyzlyk etrabyndaky 20-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Selbi Keromowa birinji orna, Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 7-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Abadan Geldiýewa ikinji orna mynasyp boldular. Ýeňijiler bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.

17.03.2026 153
Medeniýet

Taryha nazar salanymyzda, milli gymmatlyklaryň ýüze çykmagynda dostlukly gatnaşyklaryň, tutanýerli yhlasyň ähmiýetine göz ýetirmek mümkin. Türkmen halkynyň gadymylygyny, milliligini, inçe sungatynyň kämil derejede bolandygyny tutuş dünýä ykrar edýär. Uzak müňýyllyklaryň dowamynda dünýäniň dürli sebitlerinde mesgen tutunan ata-babalarymyz milli gymmatlyklarymyzyň Ýer ýüzüne ýaýramagynda mynasyp goşandyny goşupdyrlar. Şeýle gymmatlyklaryň biri bolsa, türkmen zenanlarynyň çeperçiligini görkezýän, olaryň söýgüsini, mährini özüne siňdiren halylarymyzdyr. Elbetde, halyçylyk sungatynyň ilki nirede ýüze çykandygyny takyklamak kyn. Arheologlaryň tutanýerli zähmeti netijesinde geçirilen gazuw-agtaryş işleri haly dokamak üçin ulanylan birnäçe esbaplaryň, ýagny daraklaryň, keserleriň, ýüň egirmekde ulanylan çişleriň üstüni açdy. Galyberse-de, halylara salnan nagyşlaryň gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde tapylan keramiki gap-gaçlaryň ýüzündäki şekillere meňzeş bolmagy olaryň arabaglanyşygyny görkezýär. Türkmen halysy baradaky maglumatlaryň köki gadymyýeti nazarlaýar. Andrea del Werredekonyň, Golbeýniň çeken suratlarynda türkmen halysynyň şekillendirilmegi türkmen halysyna bolan islegiň asyrlaryň jümmüşine uzaýandygynyň tassyknamasydyr. Şeýle hem Lorenso di Krediniň Pistoýede ýerleşdirilen ybadathanasynyň diwar bezeglerinde çeken suratlarynyň arasynda türkmen halysynyň gözel keşbiniň bolmagy guwandyryjydyr. Türkmen zenanynyň ezber ussa meňzedilmeginiň hem halylaryň nepis dokalyşy bilen baglydygyna göz ýetirmek kyn däl. Çünki haly dokamak sungaty iňňe bilen guýy gazan ýaly ussatlygy, ezberligi talap edýän el hünäridir. Türkmen halysyna, ony dokan aýal-gyzlara dünýäniň ençeme syýahatçylary, jahankeşdeleri, arheologlary, etnograflary ýokary baha bermek bilen, öz pikirlerini ýatlamalara siňdiripdirler we ýazga geçiripdirler. G.Pugaçenkowanyň türkmen gyz-gelinleriniň haly dokamak sungatyny bal arysynyň irginsiz zähmetine meňzetmegi ýöne ýerden däldir. Türkmen halysyna berilýän ýokary bahalar haly dokamak tehnologiýasyny türkmen zenanlarynyň uzak döwürleriň dowamynda kämilleşdirip, şu güne çenli ýetirendigi bilen düşündirilýär. Zenanlaryň mähri, yhlasy, söýgüsi siňdirilip dokalýan halylar diňe bir öýleriň, baýramçylyk dabaralarynyň bezegi bolman, eýsem, dünýä muzeýlerini hem bezäp, olaryň görküne görk goşýar. Şeýle muzeýleriň biri Sankt-Peterburgda ýerleşen Ermitaž muzeýidir. Bu muzeýiň esasy bezegleriniň biri bolan Pazyryk halysynyň V asyra degişlidigini ýörite barlaglar tassyklap, ol 1949-njy ýylda rus arheology S.I.Rudenko tarapyndan tapylypdyr. Haýran galdyryjy halynyň bu nusgasy üstünden 2400 ýyl geçendigine we buz astynda, doňaklygyň arasynda saklanyp galandygyna garamazdan, özüniň berkligini, çeýeligini, owadanlygyny, reňk öwüşginlerini ýitirmändir. Pazyryk depesinden tapylandygy üçin Pazyryk halysy diýlip atlandyrylýan bu türkmen halysyny synlanyňda, nagma kakýan bilbilleriň, toýnagyndan ot syçraýan türkmen ahalteke bedewleriniň, erkana perwaz kakýan guşlaryň keşbi hyýalyňda janlanýar. A.Baýmyradowanyň «Nagyşlardaky türkmen taryhy» atly ylmy işinde hem Pazyryk halysy baradaky maglumatlar derňelýär. Bu ylmy işde Pazyryk depesinde gazuw-agtaryş işleri geçirilende haly bilen birlikde, keçe we palas önümleriniň hem tapylandygy, olaryň birinde dört hatar goýun şahynyň şekillendirilendigi, goýnuň we keýigiň şahlarynyň şekilleriniň türki dilli halklaryň, esasan hem, türkmenleriň haly önümlerinde, durmuşda ulanan beýleki gurallarynda giňden ulanandygy baradaky maglumatlara gabat gelýäris. Haly türkmen halkynyň ykbalyna badaşan mukaddes sungatdyr. Haly türkmen halkynyň durmuşyna, ýaşaýşyna çalymdaş bolup, türkmen öýüniň törüniň bezegidir, bedew atlarynyňdyr kejebeli düýeleriniň zynatydyr.

02.03.2026 154

Täze habarlar

Jemgyýet Maksatly tutumlara badalga
04.09.2026   27
Ykdysadyýet Tohumyňyz müňlesin, edermen gallaçylar!
03.09.2026   38
Jemgyýet Körpelere baýramçylyk sowgady
01.09.2026   24
Jemgyýet Bilimler dünýäsine ynamly gadam
01.09.2026   25
Ykdysadyýet Ätiýaçlyk şaýlar öndürilýär
31.08.2026   25
Ykdysadyýet Ekişe ykjam taýýarlyk
31.08.2026   25