Dashoguz.live – Täzelikler Portaly
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Medeniýet

Medeniýet hepdeliginiň ikinji güni hem dürli wakalara baý boldy. Irden Gyzylarbat etrabyndaky medeniýet merkezinde «Hatyrasy belent halypalar» atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Döredijilik duşuşygynyň dowamynda aýdym-sazlar hem ýaňlandy. Şeýle-de «Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumynda «Sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly döwrebap okatmagyň usulyýeti» atly maslahat geçirildi. Günüň ikinji ýarymynda Balkan welaýat kitaphanasy köp adamly boldy. Bu ýerde «Garaşsyzlykdan galkynýan medeniýet» atly döredijilik bäsleşiginiň jemini jemlemek dabarasy geçirildi. Degişli ugurlar boýunça geçirilen bäsleşikleriň ýeňijileri ýörite baýraklara mynasyp boldular. Ýurdumyzyň halypa we ýaş şahyrlarynyň «Ylham joşguny» atly edebiýat agşamy has-da täsirli boldy. Edebi-sazly çykyşlarda, çeper okaýyşlarda häzirki döwürde ýurdumyzda amala aşyrylýan beýik işleriň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, Watanymyzyň abadançylygynyň, türkmen bedewleriniň waspy ýetirildi. Balkanabat şäherindäki Nebitçiler medeniýet köşgünde Balkan hem-de Daşoguz welaýatlarynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Onda halk aýdym-sazlary, estrada aýdymçylarynyň çykyşlary  folklor toparlarynyň özboluşly tanslary bilen utgaşdy. Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet sazly drama teatrynda «Bedew rowaýaty» atly sahna oýnunyň görkezilişi hepdeligiň ikinji gününiň jemlemesi boldy.

23.06.2026 91
Medeniýet

22-nji iýunda Balkanabat şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda ýurdumyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy. Giň gerimli döredijilik çäresi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Balkan welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara iberen Gutlagynyň okalmagy bilen başlandy. Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy mynasybetli guralan çärelere Hökümet agzalary, Medeniýet ministrliginiň we onuň garamagyndaky guramalaryň, ýurdumyzyň döredijilik ugurly ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, medeniýet işgärleri, sungat ussatlary, talyplar gatnaşdylar. Olar «Türkmeniň ak öýi» binasynyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli sergi bilen tanyşdylar. Sergide muzeý gymmatlyklary, şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri, dürli kitaplar, neşir önümleri görkezildi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplaryna möhüm orun berlipdir. Soňra kaşaň binada medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti ýaýbaňlandyryldy. «Türkmeniň ak öýi» binasynyň sahnasynda sungat ussatlarynyň, ýaş ýerine ýetirijileriň, dürli milli döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň we meşhur aýdym-saz toparlarynyň baýramçylyk çykyşlary belentden ýaňlandy. Konsert tamamlanandan soňra, «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ýanyndaky köpçülikleýin dabaralaryň geçirilýän binasynda Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň has-da rowaçlanmagynyň hatyrasyna toý sadakasy berildi. Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde ýurdumyzyň öňdebaryjy döredijilik işgärleri bilen döredijilik dünýäsine täze gadam goýan ýaşlaryň duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda türkmen edebiýatynyň görnükli wekilleri, häzirki zaman ýazyjylaryň hem-de şahyrlaryň döredijilik işi barada pikir alyşmalar boldy. Soňra bu ýerde «Kitaphana ulgamyny ösdürmegiň döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek we kitaphanalarda elektron neşirleriň goruny döretmek işiniň esasy ugurlary» atly okuw-tejribe maslahaty geçirildi. Onda ýurdumyzda kitaphanalaryň işini kämilleşdirmek boýunça kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Muzeýlerde sanly ulgamy ornaşdyrmagyň hem-de muzeý gaznasyny baýlaşdyrmagyň tejribesi» atly muzeý hünärmenleriniň usuly maslahaty hem geçirildi. Medeniýet hepdeligi Balkanabat şäherindäki Nebitçiler medeniýet köşgünde Arkadag, Aşgabat şäherleriniň, Ahal welaýatynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda guralan baýramçylyk konserti bilen dowam etdi. Sungat ussatlarynyň, bagşy-sazandalaryň, tans we folklor toparlarynyň çykyşlary çäreleriň dabarasyny has-da belende göterdi.

22.06.2026 84
Medeniýet

Bibinur AŞYROWA, Daşoguz welaýat çagalar sungat mekdebiniň bagşy mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan artisti: -Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň giňden bellenilýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli baýramçylyk dabaralary keremli Balkan topragynda giňden ýaýbaňlandyrylýar. Bu goşa baýramçylyga gatnaşmak bagty maňa-da nesip etdi. Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasynda «Görogly» şadessanynyň Harmandäli şahasyndan Harmandäliniň keşbini döretmegim dabara gatnaşyjylar tarapyndan el çarpyşmalar bilen garşylandy. Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli Balkan topragynda giň gerime eýe bolan medeni çärelerdir baýramçylyk dabaralary, döredijilik duşuşyklary ýatda galyjy, täsirli pursatlara örän baý boldy. Medeniýetde jady bar, gudrat bar, ol halkyň ruhy dünýäsini özgerdip bilýär. Ynsan kalbyna köpri bolup, dost-doganlyga ýol çekip bilýär. Mähriban Watanymyzda biz, medeniýet işgärleriniň joşgunly, döredijilikli zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. Muňa bu günki baýramçylyk dabaralary hem doly şaýatlyk edýär.

22.06.2026 88
Medeniýet

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri halkymyzyň medeniýetiniň täze mazmun bilen baýlaşyp, dünýä ýaýylýan zamanydyr. Daşoguz şäheriniň bagşylar muzeýiniň agzybir işgärleri bagşy-sazandalaryň aýdymlarydyr sazlaryny, çalan saz gurallaryny, fotosuratlaryny, ses ýazgylaryny hem-de geýen milli egin-eşiklerini toplap, muzeýiň gaznasyny has-da baýlaşdyrýarlar. Mundan başga-da, muzeýde milli senenamada orun alan ähli baýramçylyklara bagyşlanyp sergiler guralýar, döredijilik duşuşyklary geçirilýär. Şeýle duşuşyklaryň biri hem öz işiniň ussady, dutar ussasy Atamyrat Hekimow bilen geçirildi. Atamyrat Hekimow 1971-nji ýylyň 8-nji awgustynda Garaşsyzlyk etrabynyň Ak altyn geňeşliginde dogulýar. Ol çagalygynda dutar öwrenmäge höwesli bolupdyr. Başlangyç bilimi oba mekdebinde alyp, 1989-njy ýylda Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebine okuwa girýär we okaýan döwürleri dutar ussaçylygyna başlaýar. Onuň ilkinji halypasy Minewer halypa bolup, Atamyrat dutar ussaçylygynyň inçe syrlaryny şondan öwrenýär. Soňra Aşgabat şäheriniň Garadamak obasynda ýaşaýan Gara ussa şägirt durýar. Ol ilkinji dutaryny 1997-nji ýylda ýasaýar we Gara ussa görkezýär. Ol hem özüniň düzedişlerini berýär. Şondan soň Gara ussa Atamyrada ak pata berýär. Şondan bäri onuň ýasaýan dutardyr gyjaklary bagşy-sazandalar tarapyndan toý-baýramlarda çalynýar. Atamyrat ýurdumyzda geçirilýän baýramçylyklara, medeni-köpçülik çärelerine, sergilere işjeň gatnaşýar. Häzirki wagtda welaýat çagalar sungat mekdebinde dutar mugallymy bolup zähmet çekýär. Ol özüniň sylagly hünäriniň inçe syrlaryny, usul-tärlerini şägirtlerine, okuwçylaryna irginsiz öwredýär. 2025-nji ýylda geçirilen Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Atamyrada «Çeper döredijiligiň halk ussasy» diýen at berildi. Duşuşygyň ahyrynda dutar ussasy özüniň dutar ýasamakda ulanýan gurallaryndan Daşoguz şäheriniň bagşylar muzeýine hem sowgat berdi.

16.06.2026 104
Medeniýet

Şygyr ussady —paýhas hazynasy Türkmen edebiýatynyň taryhynda öçmejek yz galdyran, halkyň kalbynda baky ýaşaýan beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyragydyr. Ol diňe bir söz ussady bolman, eýsem, türkmen halkyny birleşdirmek, özbaşdak döwlet gurmak meselesini bütin aýdyňlygy bilen ilkinji bolup gozgan beýik akyldardyr. Pyragynyň döredijiligi tutuş bir halkyň durmuş mekdebi, pelsepesi we ruhy baýlygydyr. Magtymguly Pyragynyň ýaşan döwri türkmen halkynyň taryhynyň iň kyn we agyr döwürlerine gabat gelipdir. Dagynyklyk, içerki dawalar we daşarky gysyşlar halkyň agzybir bolmagyny talap edipdir. Şahyr özüniň şygyrlary bilen tire-taýpa gapma-garşylyklaryna garşy çykyp, halky bir supranyň başynda jemlemäge çalşypdyr. Onuň meşhur «Türkmeniň» şygrynda: Bir suprada taýýar kylynsa aşlar, Göteriler ol ykbaly türkmeniň — diýilýär. Bu setirler bütin bir milletiň geljekki ykbalyny, garaşsyz döwlet gurmak baradaky arzuw-hyýallaryny özünde jemleýär. Şahyryň şygyr ussatlygy onuň özünden öňki we öz döwründäki arap-pars sözleriniň täsirindäki agyr edebi dilden tapawutlylykda, öz eserlerini halkyň gürleýän janly dilinde ýazanlygyndadyr. Akyldaryň döredijilik dünýäsiniň esasy aýratynlygy — durmuşyň many-mazmuny, adamkärçilik, wepalylyk, adalatlylyk baradaky pelsepewi oýlanmalara, gözellikleri, tebigaty, halkyň gahrymançylygyny wasp edýän watançylyk duýgularyna, şeýle hem ýaş nesillere dogry ýol görkezmek, ulyny sylamak, kiçini ezizlemek ýaly sypatlary ündeýän öwüt-nesihata baýlygyndadyr. Her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň güni bilen bilelikde akyldar şahyryň şygryýet güni hem bellenilýär. Akyldaryň şan-şöhraty taryhyň sahypalarynda we ynsan kalbynda ebedi ýaşaýar.

08.06.2026 124
Medeniýet

Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda geçirilen «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň Daşoguz welaýat tapgyry ýokary ruhubelentlige beslendi. Bu bäsleşik ençeme ýaş, zehinli bagşy-sazandalaryň ukyp-başarnyklarynyň ýüze çykarylmagynda hem-de sungat äleminde kämilleşmeginde örän ähmiýetlidir. Bu bäsleşigiň esasy maksady milli aýdym-saz sungatymyzda öçmez yz galdyran ussat halypa bagşy-sazandalaryň sünnäläp, kämillik derejesine ýetiren milli mirasyny ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmekden we dünýä ýüzüne ýaýmakdan ybaratdyr. Bäsleşigiň welaýatyň etrapdyr şäherlerinde geçen deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan ýaş dutarçy bagşy-sazandalar ata-baba miras galan ajaýyp mukamlary, halk aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Eminler topary bäsleşige gatnaşyjylaryň dutarda saz çalyş we bagşyçylyk ussatlygyna, ukyp-başarnygyna we sahnada özlerini alyp baryşlaryna adalatly baha berdiler. Netijede, ýerine ýetirijilik ussatlygy bilen üstünlikli çykyş eden Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyplary Sahy Täçmedow bilen Nurana Arazgeldiýewa dagy dutarda saz çalmak ugry boýunça, Akdepe etrabyndaky 52-nji orta mekdebiň mugallymy Perman Gurbanow hem-de Görogly etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň mugallymy Aýperi Artykowa dagy bagşyçylyk ugry boýunça bäsleşigiň welaýat tapgyrynyň ýeňijileri diýlip yglan edilip, bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşigiň ýeňijilerine we aýratyn tapawutlanan zehinli bagşy-sazandalara TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň sowgatlary gowşuryldy.

06.06.2026 118
Medeniýet

Ýurdumyzyň medeni durmuşynda öçmejek yz galdyrjak, halkymyzyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrjak we milli mirasymyzy dabaralandyrjak Medeniýet hepdeligi tizara Balkan welaýatynda badalga alar. Her ýyl ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda dabaraly ýagdaýda geçirilýän bu medeni çäre diňe bir medeniýet we sungat işgärleriniň baýramy bolman, eýsem, tutuş halkymyzyň uly sabyrsyzlyk bilen garaşýan hakyky sungat baýramyna öwrüldi. Medeniýet hepdeliginiň geçirilmeginiň esasy maksady halkymyzyň asyrlarboýy dowam etdirip gelen gadymy däp-dessurlaryny, maddy we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamak, öwrenmek, ösdürmek we geljekki nesillere ýetirmekdir. Bu gezekki medeni çäreleriň çäginde hem birnäçe täze taslamalar, sergiler, döredijilik duşuşyklary meýilleşdirilýär. Adat bolşy ýaly, hepdeligiň dowamynda ýurdumyzyň meşhur, öňdebaryjy teatrlary tarapyndan taýýarlanylan taryhy we döwrebap pýesalar,  operalar, türkmen halylarynyň, şaý-sepleriniň milli lybaslarynyň, nakgaşçylyk eserleriniň iň seýrek nusgalary görkeziler. Hepdeligiň çäginde guraljak sergilerde halkymyzyň köpöwüşginli amaly-haşam sungatyna, aýratyn-da, türkmen zergärleriniň hünärli gollaryndan çykan gupba, kökenli ýüzük, tumardyr gülýaka ýaly nepis gyzyldyr kümüş şaý-seplerine uly orun berler. Şeýle hem nusgawy şahyrlarymyzyň edebi mirasyny ylmy taýdan öwrenmäge we dünýä edebiýatynyň iň gowy nusgalaryny türkmen diline terjime etmek we tanyşdyrmak işlerine bagyşlanan edebi duşuşyklar bu medeni çäräniň gadyr-gymmatyny artdyrar. Bagşy-sazandalarymyzyň ýerine ýetirmeginde gadymy dessanlar we şirin owazly aýdymlar ýaňlansa, türkmen kinematografiýaçylarynyň täze taryhy we çeper filmleri köpçülige hödürlener. Bu medeni çäre diňe bir tejribeli sungat ussatlarynyň däl, eýsem, ýaş zehinleriň hem öz ukybyny, başarnyklaryny görkezmekleri üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Hepdeligiň çäginde geçiriljek döredijilik bäsleşikleri we maslahatlar ýaşlaryň sungat älemine ynamly ädim ätmegine itergi berer. Ýurdumyzda geçiriljek bu gezekki Medeniýet hepdeligi hem halkymyzyň agzybirligini, sungata bolan çäksiz söýgüsini bütin dünýä aýan eder. Tizara badalga aljak bu dabaralar şatlyk-şowhuna, täze açyşlara, unudylmajak pursatlara baý bolar. Ildeşlerimiz bu taryhy günlerde ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlarydyr sungat ussatlarynyň döreden täze eserlerine, ylham joşgunlaryna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Şöhratly taryhymyz bilen şu günümiziň arasyndaky ruhy baglanyşygy alamatlandyrýan Medeniýet hepdeligi täze döredijilik üstünliklerine we belent sepgitlere ruhlandyrar. Mahlasy, bu hepdelik her birimiziň kalbymyzda milli mirasymyza, medeniýetmize, sungatymyza bolan söýgini we guwanç-buýsanjy has-da köretjek hakyky galkynyş baýramy bolar.

02.06.2026 120
Medeniýet

Bir şahyryň goşgusynda şeýle setirler bar: «Aşgabat kölüne guwlar gelipdir, Ýör gideliň, guwlar bilen salama...». Bu şygra döredilen aýdym hem halkymyzyň arasynda örän meşhurdyr. Hakykatdan hem guwlar biziň edebiýatymyzda köp taryplanan guşlaryň biridir. Munuň esasy sebäbi bolsa olaryň ýurdumyzyň deňiz-derýalarynyň, bir söz bilen aýdylanda, gözel tebigatymyzyň gaýtalanmajak bezegidiginden ybaratdyr. Guwlar, köplenç, ýurdumyzyň üstünden uçup geçýär ýa-da gyşlamaga gelýär. Şonuň üçin olary «myhman guşlar» diýip atlandyrmak hem bolar. Türkmenistana olaryň 3 görnüşi gyşlamaga gelýär. Olar tauti, sohra, tundra guwlarydyr. Bu guşlar beýlekilere garanda gyşlamaga has giç gelýär diýlip hasaplanylýar. Şeýle-de bolsa olaryň käbiri awgust aýynda hem Hazar deňziniň çäklerinde duşýar. Olaryň köpçülikleýin uçup geçmegi, düşlemegi bolsa bu deňziň demirgazyk böleginiň, ýalpak ýerleriniň suwunyň doňýan wagtyna gabat gelýär. Sohra guwlary biraz kiçiräk, ýagny agramy 7—12 kilograma golaý bolýar. Ol örän äwmezek bolup, suwdan haýal göterilýär, kenardan has uzakda saklanýar. Tauti guwlary bolsa birneme ulurak, 8—13 kilogram agrama barabar bolýar. Ol adamlaryň barmaýan ýa-da seýrek barýan köllerinde, batgalyklarda, ýalpaklyklarda bolmaga çalyşýar. Ýanwar aýy guwlaryň ýurdumyzyň çäginde iň köpelýän wagtydyr.    

21.05.2026 141
Medeniýet

Daşoguz welaýat çagalar sungat mekdebinde Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň şu okuw ýyly boýunça hasabat konserti geçirildi. Oňa mekdebiň mugallymlarydyr talyp ýaşlary ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Konsertde birnäçe türkmen halk aýdym-sazlary we daşary ýurt kompozitorlarynyň eserleri ýerine ýetirildi. Mekdebiň bagşylar ansamblynyň ýerine ýetiren «Ýaşa Arkadagly Gahryman Serdar», «Mukam» dutarçylar ansamblynyň ýerine ýetiren «Sataşdym» atly türkmen halk sazy, mekdebiň talyby Çeper Myratgulyýewanyň ýerine ýetiren «Hajygolak» diýen türkmen halk aýdymy, «Güneş» üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary orkestriniň ýerine ýetiren «Elwan güller», mekdebiň «Köneürgenç» hor toparynyň ýerine ýetiren «Gözel şäher Arkadag» ýaly çykyşlary tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn el çarpyşmalar bilen garşylandy.  

20.05.2026 122
Medeniýet

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýurdumyzyň halk teatrlarynyň arasynda yglan eden «Şadyýan şahandazlar» atly bäsleşiginiň Daşoguz welaýat tapgyry Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirildi. Oňa welaýatyň şäherdir etraplarynda hereket edýän halk teatrlarynyň döredijilik toparlary gatnaşdylar. Olar özleriniň taýýarlan sahna oýunlary bilen çykyş etdiler. Daşoguz şäher medeniýet merkeziniň halk teatry «Ussanyň ak patasy», Gubadag etrap medeniýet bölüminiň halk teatry «Ependiniň başdan geçirmeleri», Saparmyrat Türkmenbaşy etrap medeniýet bölüminiň halk teatry «Sallahlar hüjüme geçýär», Garaşsyzlyk etrap medeniýet bölüminiň halk teatry «Saňa ýalan, maňa çyn», Şabat etrap medeniýet bölüminiň halk teatry «Söýgi duralgasy», Görogly etrap medeniýet bölüminiň B.Öwezow adyndaky geňeşligindäki halk teatry «Şadyýan wäşiler», Köneürgenç etrap medeniýet bölüminiň halk teatry «Ependiniň şorta sözleri», Akdepe etrap medeniýet bölüminiň halk teatry «Was-wasy» ýaly sahna oýunlary bilen çykyş edip, tomaşaçylaryň el çarpyşmalaryna mynasyp boldular. Bäsleşikde ýerine ýetirilen oýunlaryň sahna bezegleri onuň mazmunyny we gahrymanlaryň duýgularyny şöhlelendirmekde aýratyn häsiýete eýe boldy. Şunlukda, eminler toparynyň gelen netijelerine görä, Garaşsyzlyk etrap medeniýet bölüminiň halk teatrynyň režissýory, Türkmenistanyň at gazanan artisti Azat Hümmedow baş baýraga mynasyp boldy. Görogly etrabynyň B.Öwezow adyndaky geňeşligindäki halk teatrynyň režissýory Täzegül Täçbabaýewa birinji, Saparmyrat Türkmenbaşy etrap medeniýet bölüminiň halk teatrynyň režissýory Meretguly Amangeldiýew ikinji, Akdepe etrap medeniýet bölüminiň halk teatrynyň režissýory Myrat Gurbannyýazow üçünji orunlary eýelemegi başardylar. Bäsleşigiň netijeleri boýunça ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy.

19.05.2026 114

Täze habarlar

Jemgyýet Maksatly tutumlara badalga
04.09.2026   27
Ykdysadyýet Tohumyňyz müňlesin, edermen gallaçylar!
03.09.2026   38
Jemgyýet Körpelere baýramçylyk sowgady
01.09.2026   24
Jemgyýet Bilimler dünýäsine ynamly gadam
01.09.2026   25
Ykdysadyýet Ätiýaçlyk şaýlar öndürilýär
31.08.2026   25
Ykdysadyýet Ekişe ykjam taýýarlyk
31.08.2026   25