Dashoguz.live – Täzelikler Portaly
weather dashoguz 37° C Daşoguz

Medeniýet

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen, türkmen alabaýynyň şan-şöhratyny has belende götermek ugrunda uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda itşynaslygy ösdürmek, bu ugurda gazanylýan üstünlikleri wagyz etmek maksady bilen, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy, bu assosiasiýanyň «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» žurnaly döredildi. Paýtagtymyzda umumy beýikligi 15 metre barabar bolan «Türkmen alabaýy» atly heýkeliň dikilmegi, 2018-nji ýylyň bosagasynda türkmen alabaýy — Wepalynyň heýkeliniň açylyş dabarasynyň bolmagy, «Türkmenistanyň halk itşynasy», «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly atlaryň döredilmegi, «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» diýen bäsleşikde ýeňiji bolan alabaýa «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» diýen derejäniň berilmegi, şeýle hem her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde «Türkmen alabaýynyň baýramyny bellemek hakynda» Permana gol çekilmegi ýurdumyzda alabaý itlerine goýulýan belent sarpanyň aýdyň mysallarydyr.  

25.10.2023 944
Medeniýet

Tanap, ýüpler bilen berkidilen islendik goş-golam ýa-da mal-gara diňe «daňmak» sözi bilen däl, eýsem, dürli hili sözler arkaly aňladylýar. Şeýle sözler, esasan, mallaryň daňylmagy bilen baglanyşykly köp gabat gelýär. Mysal üçin, ýörite taýýarlanan tanapyň bir ujuny sygryň şahyna, beýleki ujuny atyzlaryň, çilleriň ýakasynda berkidilen gazyga daňýarlar. Muňa «sygyrlaryň örklenmegi» diýlip, atyzlardaky ekinleri iýmezligi üçin ulanylýan usuldyr. Düýe malynda bolsa «duşamak» sözi bilen aňladylyp, onuň öri meýdanyndan uzaga gitmezligi üçin ýörite berk önümlerden öňki aýaklary daňylýar. Düýe malyna, esasanam, ýaş duluçlara, ikiýaşarlara duşak salmak aňsat däl. Duşaklar ýasalanda, düýäniň horlanmazlygy, aýagyny kesmezligi ýaly ýagdaýlar göz öňünde tutulýar. Gylyksyz düýeleri duşamak üçin «badamak» usulyndan peýdalanylýar. Badamak düýeleriň öňki aýaklarynyň iň ýokarsyndan, döşüniň edil düýbünden ýüp bilen daňmaklykdyr. Öňki aýaklary daňlansoň, düýe artykmaç hereket edip bilmeýär. Duşak salnansoň, badag salnan ýüpi aýyrmaly. «Nogta» bolsa düýeleri öýde saklamak üçin kellesine salynýan ýörite taýýarlanan tanapdyr. Düýeleriň käbiri birbada sagdyrmaýar. Gylyksyz düýeleri sagmak üçin olar başda bogsaklanýar. «Bogsak» täze köşeklän düýeleriň artky aýaklaryna salynýan daňy. Bogsak salnan düýe saglyp bolýança artky budundan geçirilen tanapdan çekip durmaly. Düýe malynyň göwresi uly bolandygy üçin, belli bir düzgünde saklamaga dürli usullary ulanmaly bolýar. «Owsarlamak» hem şolaryň biri bolup, ol, esasan, kellesine salynýan nogtanyň has berk görnüşidir. Owsarlanan mal eýesiniň erk-islegine görä hereket edýär. «Kösseklemek» hem atlaryň, sygyrlaryň, käbir ýagdaýlarda goýun-geçi ýaly mallaryň öňki we artky aýaklaryny biri-birine belli bir ölçegde baglamakdyr. Goýun-geçi gyrkylanda, saglanda, daňylaryň dürli görnüşi ulanylýar. Goýny, geçini gyrkmak üçin ony ýykyp, dört aýagynyň daşyndan aýlap ýörite taýýarlanan bir metre golaý uzynlykdaky «güýlük ýüp» bilen berk daňmaly. Bu mallary «güýlmek» usulydyr. Güýlmek hem «güýlük» bir manydaş, kökdeş sözlerdir. Geçi saglanda, onuň şahyndan tutulyp saklanýar, onuň üçin hiç hili tanap ulanylmaýar. Goýunlar bolsa ýörite taýýarlanylan uzyn ýüpe daňmak arkaly sagylýar. «Köken» diýilýän bu usul goýunlar köpçülikleýin saglanda, netijeli işlemäge amatlydyr. Bular geçmişde pederlerimiziň ukyp-başarjaňlygy arkaly döredilip, häzirki wagtda hem gündelik durmuşda işjeň ulanylýan usullardyr. Ulanylýan dürli tärler halkymyzyň her hünäre oýlanyşykly, juda jogapkärçilikli çemeleşýändigini äşgär edýär.

10.10.2023 556
Medeniýet

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna Aşgabat şäherinden we ýurdumyzyň welaýatlaryndan bagşylaryň 12-si hem-de şonça sazanda gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň döredijiligine berýän üns-aladasyndan ruhlanyp, bäsleşige gatnaşyjylar paýtagtymyzdaky kaşaň sahnada özleriniň aýdym-sazlaryny mähir we ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýeňiji bolan bagşylaryň hem-de sazandalaryň 12-siniň atlary yglan edildi we olaryň her birine ýörite diplom hem-de altyn zynjyr gowşuryldy. Şeýle hem «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşanlaryň ählisine hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Ýurdumyzyň ýaş dutarçy bagşy-sazandalarynyň arasynda ikinji gezek ýokary derejede geçirilen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginde ýeňiji bolan ýaşlaryň arasynda Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap medeniýet bölüminiň Türkmenistan geňeşligindäki Kerpiçli oba medeniýet öýüniň aýdym-saz ýolbaşçysy Güýçmyrat Atabaýew, Akdepe etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Begenç Urpekow dagy hem bar.

14.09.2023 542
Medeniýet

Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatry ýaş tomaşaçylar üçin sahnalaşdyran «Jadyly söz» atly täze spektakly bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramçylygyna mynasyp sowgatly barýar. Dramaturg Aýmämmet Işangulyýewiň adybir eseri esasynda aýdym-sazly, gyzykly başdan geçirmeli spektakly tejribeli režissýor Guwanç Baýmetow sahnalaşdyrýar. Türkmenistanyň at gazanan artistleri Meretdurdy Seitow, Halmyrat Şyhyýew, Pirnepes Hojanepesow, şeýle hem Begli Dowlyýew, Ýazdurdy Öwezow, Leýli Rejepowa, Leýla Gafurowa, Aýjahan Berdiýewa, Döwran Bekdurdyýew, Şeýdabeg Saryýew dagy spektaklda keşp janlandyrýarlar. Sahna oýnunda dostluk, mähribanlyk, birek-biregi goldamak ýaly ynsanperwer garaýyşlar ündelýär.

04.09.2023 543
Medeniýet

Halkymyz müňýyllyklaryň dowamynda Änew, Jeýtun, Marguş, Kelteminar medeniýetleri ýaly taryhyň şöhratly sahypalarynda uly orun alan milli medeni galkynyşlary bilen umumadamzat siwilizasiýasynyň, dünýä medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşupdyr. Bu hakykaty häzirki wagtda bütin dünýä ykrar edýär. Göksüýri depesinden Gyzylarbada çenli ägirt uly giňişligi öz içine alýan Änew medeniýeti barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabynda giňişleýin bellenip geçilýär. 2022-nji ýylyň noýabr aýynda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) mejlisinde türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» we gadymy Änew şäherini 2024-nji ýylda «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek barada türkmen tarapynyň öňe süren başlangyçlary uly goldawa eýe boldy. Halkara derejedäki şeýle syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetli wakalar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli işleri has-da dabaralandyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Gorkut ata» atly halkara kinofestiwal hem Änew şäherinde geçiriler. Şeýle-de dünýä medeniýetiniň we sungatynyň gadymy ojagynda geçiriljek halkara ylmy maslahat, halkara ýaşlar forumy, TÜRKSOÝ guramasyna agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisi şanly ýylymyzy has-da dabaralandyrar. Ak bugdaýyň mekany, ekerançylygyň ilkinji dörän ojagy hökmünde ykrar edilýän Änew şäheriniň «Türki dünýäniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen bagly geçiriljek medeni çäreleriň özeninde medeniýetiň halklary, döwletleri jebisleşdirmekdäki, olaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdaky syýasy-jemgyýetçilik ähmiýeti, ynsanperwer, ruhy gymmatlyklary örboýuna galýar.

02.02.2023 523
Medeniýet

Alajalar, alaja görnüşli ýüpler türkmen halkynyň durmuşyna mäkäm ornaşan milli gymmatlyklar bolup durýar. Halkymyz alajalary uzak geçmişden başlap, häzirki güne çenli diňe bir gözden-dilden goraýjy serişde hökmünde däl, eýsem nagyş, bezeg hökmünde hem ulanypdyr. Çaganyň gundag bagy, sallançak bagy, gelin-gyzlaryň bukjasynyň bagy alajadan bolupdyr. Olara uk bag, tüýnük bag, serpik bag, üzük bag, durluk bag degişlidir. Alajadan edilen baglar ak öýlere özboluşly gelşik beripdir. Ak öýleriň torbalarynyň gyralaryna hem nagyş hökmünde alajalardan baglar tutulypdyr. Gelin-gyzlaryň el işlerinde, haly-palaslarda alaja şekilindäki nagyşlar köp ulanylýar. Gelin-gyzlar alaja nagşyny erkek adamlara niýetlenen tahýalara, guşaklara, çaýhaltalara, elýaglyklara has köp salypdyrlar. Halydyr palaslarda, keçelerde köp ulanylýan alaja nagyşlary ozal gelin-gyzlaryň arasynda alaja, alaja gowurdak atlary bilen bellidir. Bu nagyşlar beýleki nagyşlaryň gyrasyna jähek hökmünde ulanylyp, bir halynyň, keçäniň özünde birnäçe gezek gaýtalanýar. Alajalar mata dokmaçylygyna hem aralaşypdyr. Muny «alatow» ady bilen belli bolan matanyň mysalynda görmek bolýar.

09.01.2023 1333
Medeniýet

Senetçiligiň asyrlar içre arzylanyp gelnen kämil görnüşleriniň biri hem agaç ussaçylygydyr. Halkymyzyň ruhy dünýäsinde bu sungata ähmiýetli orun degişlidir. Ata-babalarymyz agaç ekmegi, ony ösdürip ýetişdirmegi sogap iş hasaplapdyrlar. Munuň şeýledigini «Agaç jennetden çykypmyş», «Agaçly obany sil almaz», «Agaç ýapragy bilen görkli» ýaly halk aýtgylary, nakyllar hem tassyklaýar. Türkmen halkynyň agaçdan ýasalan owadan önümleri hem milli sungatymyzyň gadymdan gelýän görnüşidir. Olaryň özüne mahsus aýratyn gözelligi bar. Agaçlary ýetişdirmek, olardan dürli çig mallary, önümleri taýýarlamak binagärlik medeniýeti bilen berk baglydyr. Arheologik maglumatlara görä, mundan 7-8 müň ýyl ozal gurlan jaýlaryň üsti agaç pürsler bilen basyrylypdyr. Gümmezleriň, köşkleriň öňünde gurlan eýwanlaryň sütünleri hem agaçdan ýasalypdyr. Suw desgalary, dürli görnüşli zähmet gurallary, öý hojalygynda ulanylýan enjamlar — jykyr, nowa, ýag taýýarlamak üçin ulanylýan juwaz, ýük araba, gaýyk, naw kejebe, sandyk, aştagta, oklaw, kersen, çemçe, susak, dürtgüç, bedew atlaryň eýeri, howut, gaňňa ýaly gündelik durmuşda peýdalanylýan esbaplar agaçdan ýasalypdyr. Halkymyzyň milli guwanjy bolan ak öýleriň süňňüniň agaçdan bolmagyny hem bu sungatyň gazanan beýik üstünlikleriniň biri hasaplamak bolar. Türkmen agaç ussasynyň döreden dutardyr gyjak we beýleki milli saz gurallary halkymyzyň köňül joşgunyny ajaýyp heňde ýüze çykarmagy başaran täsin sungat eseridir. Söýgüli saz guralymyz bolan şirin owazly dutarymyz hem tut agajyndan ýasalýar. Gözelligi duýýan, ondan lezzet alýan dutarçy ussanyň elinde tut agajy ajaýyp esere, ýagny hoş owaz paýlaýan dutara öwrülýär.

02.01.2023 665
Medeniýet

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrülýär. Häzirki wagtda Diýarymyzda hususy telekeçiligi ösdürmek, telekeçileri döwlet tarapyndan goldamak ugrunda uly tagallalar edilýär. Şeýlelikde, ýurdumyzda hereket edýän hususy kärhanalaryň sany barha artyp, telekeçileriň öndürýän önümleri diňe bir içerki bazarlarymyzda däl, eýsem daşary ýurtlarda hem uly islegden peýdalanýar. Ýurdumyzda döwür bilen aýakdaş kärhanalaryň sany yzygiderli köpelip, olaryň öndürýän önümlerine bolan islegler barha artýar. Şeýle kärhanalaryň biri-de Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde ýerleşýän, TSTB-niň agzasy bolan «Şa — Nur» hojalyk jemgyýetidir. Kärhananyň öz işini dowam etdirip gelýänine indi 20 ýyldan gowrak wagt bolupdyr. Bu ýerde, esasan, mahabat işleri, bildirişler, fotoneşir, uly harplar: LED, sergi pawilýonlary, iş otaglary, dükanlar we söwda nokatlary, restoranlar we kafeler, toý zallary, dabaraly çäreler üçin dürli görnüşli ýazgylar, bezegler taýýarlanylýar. Bu önümler welaýatymyzyň şäherleriniň köçelerini, edara-kärhanalaryny bezeýär. Önümler, esasan, buýurmalar boýunça öndürilýär. Kärhanada öz işine ussat, ezber hünärmenler zähmet çekip, olaryň hatarynda çaphana işleri boýunça hünärmen Denis Putilin, hünärmenler Dildar Atajanowa, Rustem Mätýakubow, Bahtyýar Atajanow, elektrik Erke Ýusupow, kebşirleýji Abbas Hudaýarow, frezer kesimi ussasy Serdar Seýtniýazow dagyny agzamak bolar. Kärhananyň hünärmenleri müşderileriň ösen isleglerini kanagatlandyrmakda we ýokary hilli döwrebap serişdeleri taýýarlamakda yhlaslaryny gaýgyrman zähmet çekýärler. Welaýat merkeziniň gözelligine gözellik goşýan dürli görnüşli önümleri öndürýän «Şa — Nur» hojalyk jemgyýetinde alnyp barylýan işleri synlanyňda, ýurdumyzda telekeçilik işiniň hem-de pudagyň mundan beýläk-de ösjekdigine bolan ynamyň has-da artýar.

28.11.2022 513
Medeniýet

Asyl mekany Hytaý bolan çaýlaryň dürli görnüşlerine türkmen halkymyzda aýratyn gadyr goýulýar. Munuň şeýledigine çeper elli ene-mamalarymyzdan miras galan, owunjak nagyşlar bilen keşdelenen çaýhaltalary synlanyňda hem anyk göz ýetirýärsiň. Hojalykda ýarym gadak-bir gadak möçberinde çaý sygar ýaly haltalar ulanylypdyr. Mundan başga-da, içjek çaýyňy ýanyňda götermäge oňaýly kiçijik çaýhaltalar hem tikilipdir. Çöl-beýewanda mal bakýan çopanlar, meýdan-haşar işlerine giden daýhanlar ýanlarynda gabarasy ykjam çaýhaltalary göteripdirler. Esasan hem, käbir ýaşuly adamlar çaýy saýlap içýärler. Şonuň üçin öňki döwürler ýaşulular toý-märekä hem ýanlary çaýhaltaly, çaýly barypdyrlar. Şeýle hem çaýhaltalar çaýy gurak we arassa saklamakda örän ygtybarly bolup, onuň zaýalanmazlygynyň öňüni alypdyr. Çaýhaltalar syk dokalan matadan tikilip, agyzbogy bolar ýaly bagjyk dakylypdyr. Çaýhalta bilen birlikde, gadymy döwürlerde halkymyzyň gündelik durmuşynda giňden peýdalanylan ikselik, dutar, gyjak gaplary, elbukjalary, horjunlary, duztorbalary synlanyňda, ene-mamalarymyzyň zerur önümlerini yrýa etmändiklerine, gural-esbaplaryna eýe gözi bilen garandyklaryna göz ýetirýärsiň.  

20.11.2022 570
Medeniýet

Hally aga atly goňşymyz bardy. Ol daýhan adamdy. Bir ýyl ol mellegine jöweni adaty ekilýän wagtyndan sähel irräk ekdi. Şeýle edilende ol töwerekdäki ekilen jöwenlerden ir başlaýar we ony guşlardan goramak kyn bolýar. Jöwen başyndaky däneler balykgöz bolup başlandan, esasan hem, serçeler süri bolup gelip, başlary boşadyp, sübsä dönderýärler. Olaryň jöwen başlaryna hüjüm edýän wagty başdaky däneler gataýança, ýigrimi gün çemesi wagt dowam edýär. Däne gatansoň, jöweni serçelerden goramagyň zerurlygy bolmaýar. Olar diňe däne ýumşak wagty oňa zeper ýetirýärler. Hally aganyň jöweniniň ähli jöwenlerden ir başa duranyny ilki duýan serçeler süri bolup, oňa hüjüm edip başladylar. Goňşymyz onuň goragyna çykdy. Ol häli-şindi atyzynyň daşyndan aýlanyp, guşlary ürküzýärdi. Bu işe onuň çagalary hem kömekleşýärdiler. Soňra olar atyzyň daşyndan aýlanmasyny goýdular. Jöwen atyzyň içinden bolsa her wagt atylýan sapanyň şuwwuldysy, şyrpylaryň şyrpyldaýan sesleri eşidilýärdi. Jöwen başlaryna serçeler kär edip bilmediler. Jöwen orlandan soň, atyzyň ortasyndaky adam boýly diňe gözümiz düşdi. Jöweniň boýy uzyn bolansoň, ol orulýança, içinde jöweni guşlardan goramak üçin diňiň bardygyny aňşyrmandyrys. Olar ony jöwen suwarylandan soň, atyzyň boş ýerlerindäki laýlardan alyp, ony depeläp bişirip, depesine çykmaga oňaýly bolar ýaly tekje bejerip gurupdyrlar. Goňşymyz hem-de onuň çagalary şol diňe çykyp sapan atanlarynda, atyzyň ähli ýerindäki guşlary ürküzip bilýän ekenler. Janypkeş goňşymyz şol ýyl jöwenden bereketli hasyl aldy. Görüp otursak, atyzyň içinden diň gurmak ekini guşlardan, ýekegapan, şagal, torsuk ýaly ýyrtyjylardan goramak üçin ata-babalarymyzyň ulanan usullarynyň biri eken.

20.11.2022 1777

Täze habarlar

Jemgyýet Hasabat ýygnagy
18.07.2026   21
Jemgyýet Dabaraly maslahat geçirildi
17.07.2026   22
Jemgyýet Wagyz-nesihat çäresi
16.07.2026   23
Ykdysadyýet Ýeralmanyň bol hasyly
16.07.2026   20
Ykdysadyýet Baglar — durmuşyň bezegi
15.07.2026   19
Ykdysadyýet Sürüm işleriniň depgini ýokary
15.07.2026   18
Jemgyýet Dalaşgär — 2026
14.07.2026   49