Dashoguz.live – Täzelikler Portaly
weather dashoguz 23° C Daşoguz

Medeniýet

Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda geçirilen «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň Daşoguz welaýat tapgyry ýokary ruhubelentlige beslendi. Bu bäsleşik ençeme ýaş, zehinli bagşy-sazandalaryň ukyp-başarnyklarynyň ýüze çykarylmagynda hem-de sungat äleminde kämilleşmeginde örän ähmiýetlidir. Bu bäsleşigiň esasy maksady milli aýdym-saz sungatymyzda öçmez yz galdyran ussat halypa bagşy-sazandalaryň sünnäläp, kämillik derejesine ýetiren milli mirasyny ýaş nesilleriň arasynda wagyz etmekden we dünýä ýüzüne ýaýmakdan ybaratdyr. Bäsleşigiň welaýatyň etrapdyr şäherlerinde geçen deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan ýaş dutarçy bagşy-sazandalar ata-baba miras galan ajaýyp mukamlary, halk aýdymlaryny ýerine ýetirdiler. Eminler topary bäsleşige gatnaşyjylaryň dutarda saz çalyş we bagşyçylyk ussatlygyna, ukyp-başarnygyna we sahnada özlerini alyp baryşlaryna adalatly baha berdiler. Netijede, ýerine ýetirijilik ussatlygy bilen üstünlikli çykyş eden Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyplary Sahy Täçmedow bilen Nurana Arazgeldiýewa dagy dutarda saz çalmak ugry boýunça, Akdepe etrabyndaky 52-nji orta mekdebiň mugallymy Perman Gurbanow hem-de Görogly etrabyndaky 7-nji orta mekdebiň mugallymy Aýperi Artykowa dagy bagşyçylyk ugry boýunça bäsleşigiň welaýat tapgyrynyň ýeňijileri diýlip yglan edilip, bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Bäsleşigiň ýeňijilerine we aýratyn tapawutlanan zehinli bagşy-sazandalara TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň sowgatlary gowşuryldy.

06.06.2026 15
Medeniýet

Ýurdumyzyň medeni durmuşynda öçmejek yz galdyrjak, halkymyzyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrjak we milli mirasymyzy dabaralandyrjak Medeniýet hepdeligi tizara Balkan welaýatynda badalga alar. Her ýyl ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda dabaraly ýagdaýda geçirilýän bu medeni çäre diňe bir medeniýet we sungat işgärleriniň baýramy bolman, eýsem, tutuş halkymyzyň uly sabyrsyzlyk bilen garaşýan hakyky sungat baýramyna öwrüldi. Medeniýet hepdeliginiň geçirilmeginiň esasy maksady halkymyzyň asyrlarboýy dowam etdirip gelen gadymy däp-dessurlaryny, maddy we ruhy gymmatlyklaryny gorap saklamak, öwrenmek, ösdürmek we geljekki nesillere ýetirmekdir. Bu gezekki medeni çäreleriň çäginde hem birnäçe täze taslamalar, sergiler, döredijilik duşuşyklary meýilleşdirilýär. Adat bolşy ýaly, hepdeligiň dowamynda ýurdumyzyň meşhur, öňdebaryjy teatrlary tarapyndan taýýarlanylan taryhy we döwrebap pýesalar,  operalar, türkmen halylarynyň, şaý-sepleriniň milli lybaslarynyň, nakgaşçylyk eserleriniň iň seýrek nusgalary görkeziler. Hepdeligiň çäginde guraljak sergilerde halkymyzyň köpöwüşginli amaly-haşam sungatyna, aýratyn-da, türkmen zergärleriniň hünärli gollaryndan çykan gupba, kökenli ýüzük, tumardyr gülýaka ýaly nepis gyzyldyr kümüş şaý-seplerine uly orun berler. Şeýle hem nusgawy şahyrlarymyzyň edebi mirasyny ylmy taýdan öwrenmäge we dünýä edebiýatynyň iň gowy nusgalaryny türkmen diline terjime etmek we tanyşdyrmak işlerine bagyşlanan edebi duşuşyklar bu medeni çäräniň gadyr-gymmatyny artdyrar. Bagşy-sazandalarymyzyň ýerine ýetirmeginde gadymy dessanlar we şirin owazly aýdymlar ýaňlansa, türkmen kinematografiýaçylarynyň täze taryhy we çeper filmleri köpçülige hödürlener. Bu medeni çäre diňe bir tejribeli sungat ussatlarynyň däl, eýsem, ýaş zehinleriň hem öz ukybyny, başarnyklaryny görkezmekleri üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Hepdeligiň çäginde geçiriljek döredijilik bäsleşikleri we maslahatlar ýaşlaryň sungat älemine ynamly ädim ätmegine itergi berer. Ýurdumyzda geçiriljek bu gezekki Medeniýet hepdeligi hem halkymyzyň agzybirligini, sungata bolan çäksiz söýgüsini bütin dünýä aýan eder. Tizara badalga aljak bu dabaralar şatlyk-şowhuna, täze açyşlara, unudylmajak pursatlara baý bolar. Ildeşlerimiz bu taryhy günlerde ýurdumyzyň ýazyjy-şahyrlarydyr sungat ussatlarynyň döreden täze eserlerine, ylham joşgunlaryna sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar. Şöhratly taryhymyz bilen şu günümiziň arasyndaky ruhy baglanyşygy alamatlandyrýan Medeniýet hepdeligi täze döredijilik üstünliklerine we belent sepgitlere ruhlandyrar. Mahlasy, bu hepdelik her birimiziň kalbymyzda milli mirasymyza, medeniýetmize, sungatymyza bolan söýgini we guwanç-buýsanjy has-da köretjek hakyky galkynyş baýramy bolar.

02.06.2026 10
Medeniýet

Bir şahyryň goşgusynda şeýle setirler bar: «Aşgabat kölüne guwlar gelipdir, Ýör gideliň, guwlar bilen salama...». Bu şygra döredilen aýdym hem halkymyzyň arasynda örän meşhurdyr. Hakykatdan hem guwlar biziň edebiýatymyzda köp taryplanan guşlaryň biridir. Munuň esasy sebäbi bolsa olaryň ýurdumyzyň deňiz-derýalarynyň, bir söz bilen aýdylanda, gözel tebigatymyzyň gaýtalanmajak bezegidiginden ybaratdyr. Guwlar, köplenç, ýurdumyzyň üstünden uçup geçýär ýa-da gyşlamaga gelýär. Şonuň üçin olary «myhman guşlar» diýip atlandyrmak hem bolar. Türkmenistana olaryň 3 görnüşi gyşlamaga gelýär. Olar tauti, sohra, tundra guwlarydyr. Bu guşlar beýlekilere garanda gyşlamaga has giç gelýär diýlip hasaplanylýar. Şeýle-de bolsa olaryň käbiri awgust aýynda hem Hazar deňziniň çäklerinde duşýar. Olaryň köpçülikleýin uçup geçmegi, düşlemegi bolsa bu deňziň demirgazyk böleginiň, ýalpak ýerleriniň suwunyň doňýan wagtyna gabat gelýär. Sohra guwlary biraz kiçiräk, ýagny agramy 7—12 kilograma golaý bolýar. Ol örän äwmezek bolup, suwdan haýal göterilýär, kenardan has uzakda saklanýar. Tauti guwlary bolsa birneme ulurak, 8—13 kilogram agrama barabar bolýar. Ol adamlaryň barmaýan ýa-da seýrek barýan köllerinde, batgalyklarda, ýalpaklyklarda bolmaga çalyşýar. Ýanwar aýy guwlaryň ýurdumyzyň çäginde iň köpelýän wagtydyr.    

21.05.2026 33
Medeniýet

Daşoguz welaýat çagalar sungat mekdebinde Daşoguzyň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň şu okuw ýyly boýunça hasabat konserti geçirildi. Oňa mekdebiň mugallymlarydyr talyp ýaşlary ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Konsertde birnäçe türkmen halk aýdym-sazlary we daşary ýurt kompozitorlarynyň eserleri ýerine ýetirildi. Mekdebiň bagşylar ansamblynyň ýerine ýetiren «Ýaşa Arkadagly Gahryman Serdar», «Mukam» dutarçylar ansamblynyň ýerine ýetiren «Sataşdym» atly türkmen halk sazy, mekdebiň talyby Çeper Myratgulyýewanyň ýerine ýetiren «Hajygolak» diýen türkmen halk aýdymy, «Güneş» üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary orkestriniň ýerine ýetiren «Elwan güller», mekdebiň «Köneürgenç» hor toparynyň ýerine ýetiren «Gözel şäher Arkadag» ýaly çykyşlary tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn el çarpyşmalar bilen garşylandy.  

20.05.2026 32
Medeniýet

Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýurdumyzyň halk teatrlarynyň arasynda yglan eden «Şadyýan şahandazlar» atly bäsleşiginiň Daşoguz welaýat tapgyry Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirildi. Oňa welaýatyň şäherdir etraplarynda hereket edýän halk teatrlarynyň döredijilik toparlary gatnaşdylar. Olar özleriniň taýýarlan sahna oýunlary bilen çykyş etdiler. Daşoguz şäher medeniýet merkeziniň halk teatry «Ussanyň ak patasy», Gubadag etrap medeniýet bölüminiň halk teatry «Ependiniň başdan geçirmeleri», Saparmyrat Türkmenbaşy etrap medeniýet bölüminiň halk teatry «Sallahlar hüjüme geçýär», Garaşsyzlyk etrap medeniýet bölüminiň halk teatry «Saňa ýalan, maňa çyn», Şabat etrap medeniýet bölüminiň halk teatry «Söýgi duralgasy», Görogly etrap medeniýet bölüminiň B.Öwezow adyndaky geňeşligindäki halk teatry «Şadyýan wäşiler», Köneürgenç etrap medeniýet bölüminiň halk teatry «Ependiniň şorta sözleri», Akdepe etrap medeniýet bölüminiň halk teatry «Was-wasy» ýaly sahna oýunlary bilen çykyş edip, tomaşaçylaryň el çarpyşmalaryna mynasyp boldular. Bäsleşikde ýerine ýetirilen oýunlaryň sahna bezegleri onuň mazmunyny we gahrymanlaryň duýgularyny şöhlelendirmekde aýratyn häsiýete eýe boldy. Şunlukda, eminler toparynyň gelen netijelerine görä, Garaşsyzlyk etrap medeniýet bölüminiň halk teatrynyň režissýory, Türkmenistanyň at gazanan artisti Azat Hümmedow baş baýraga mynasyp boldy. Görogly etrabynyň B.Öwezow adyndaky geňeşligindäki halk teatrynyň režissýory Täzegül Täçbabaýewa birinji, Saparmyrat Türkmenbaşy etrap medeniýet bölüminiň halk teatrynyň režissýory Meretguly Amangeldiýew ikinji, Akdepe etrap medeniýet bölüminiň halk teatrynyň režissýory Myrat Gurbannyýazow üçünji orunlary eýelemegi başardylar. Bäsleşigiň netijeleri boýunça ýeňijileri sylaglamak dabarasy boldy.

19.05.2026 34
Medeniýet

Türkmeniň myrady hem syrdaşy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ata Watanymyzyň beýik ösüşleri äleme dolýar. Ýurdumyzda halk hojalygynyň dürli ugurlarynda uly üstünlikler gazanylýar. Şanly ýylymyzyň her bir güni ajaýyp zähmet ýeňişlerine beslenýär. Şeýle ösüşleriň bedew badyna deňelmegi halkymyzyň ýagşy arzuw-isleglerinden habar berýär. Eziz Diýarymyzda behişdi bedewlere goýulýan sarpa bu günki gün dünýä derejesinde ykrar edilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň ussat halypa seýsi Gahryman Arkadagymyzyň nusgalyk göreldesi bilen bu gün ahalteke bedewleriniň şan-şöhraty dünýä doldy. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi, ýurdumyzyň dürli künjeginde atçylyk sport toplumlarynyň gurulmagy, Arkadag şäherinde Halkara ahalteke atçylyk akademiýasynyň açylmagy, Görogly adyndaky Döwlet atçylyk sirkiniň hereket etmegi, ÝUNESKO tarapyndan «Ahalteke bedewlerini seýislemek we atçylyk sungatynyň» guramanyň Maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Milli Liderimiziň «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Ganatly bedewler», «Gadamy batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» ýaly ajaýyp eserlerinde türkmen seýisçilik sungaty, ahalteke bedewleriniň taryhy, türkmen topragynda ýaşap geçen ussat seýisleriň ömür ýollary hakynda çuňňur söhbet açylýar. Gahryman Arkadagymyzyň behişdi bedewlerimiziň waspyny ýetirýän «Bedew», «Rowaç» atly ajaýyp goşgulary hem örän täsirlidir. Bedewleriň her gadamynyň halkymyzda rowaçlyga, ýagşylyga hem-de uly üstünlige ýorulýandygy bu gymmaty egsilmejek eserlerde wasp edilýär. Halkymyzda «At agynan ýerde toý bolar», «Atym bar — ganatym bar», «Irden tur ataňy gör, ataňdan soň atyňy», «At — myrat» ýaly gymmatly pähimleriň döredilmegi hem ýönelige däldir. Bu ata-babalarymyzyň irki döwürlerden bäri behişdi bedewlere uly sarpa goýandygyna şaýatlyk edýär. Berkarar döwletimizde behişdi bedewlere sarpa goýýan atşynaslaryň ýüzlerçesiniň bardygyny bellemek möhümdir. Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmakda, tohum arassalygyny gorap saklamakda olaryň alyp barýan işleri aýratyn guwandyryjydyr.

15.05.2026 55
Medeniýet

Golaýda «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň TZB-niň Merkezi geňeşi hem-de TKA-nyň Milli merkezi bilen bilelikde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda giňden bellenilýän Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli, birleşigiň ýurdumyzyň dürli künjeklerinde ýerleşýän çeper halyçylyk kärhanalarynda zähmet çekýän, ökde halyçy gelin-gyzlaryň arasynda türkmen halkynyň ruhy we medeni mirasyny aýawly saklamak, giňden wagyz etmek, halyçy zenanlaryň şahsy başarnyklaryny açyp görkezmek, olarda zähmetsöýerligi, zenan edebini, ýaş nesillerde haly sungatyna bolan höwesi artdyrmak maksadynda yglan eden «Zenan kalbyndan dörän nepislik» atly bäsleşiginiň Daşoguz welaýat tapgyry geçirildi. Oňa welaýatyň ugurdaş kärhanalarynyň çeper elli halyçylarynyň birtopary gatnaşdy. Bu tapgyrda halyçy gelin-gyzlar bäsleşigiň «Syrlardan dokalan nepislik», «El bilen döredilen gudrat», «Zenan kalbynyň joşguny» diýen ugurlarynda bellenen şertlere laýyklykda, haly we haly önümleriniň sergisini guramak, Gahryman Arkadagymyzyň «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi», «Gadamy batly bedew» atly kitaplary bilen baglanyşyklylykda, halkymyzyň milli gymmatlyklarymyza, bedew atlarymyza, ajaýyp däp-dessurlarymyza bolan söýgüsini wasp etmek, haly önümleriniň görnüşleri, olaryň manysy, tebigy reňkleriň, ýüplükleriň taýýarlanylyşy hakynda gürrüň bermek, rowaýatlary, yrymlary, gazallary çeper sahnalaryň üsti bilen ýerine ýetirmek boýunça öz ukyplaryny görkezmäge çalyşdylar. Olaryň çykyşlaryna eminler topary mynasyp baha berdi. Eminleriň gelen netijesine görä, bäsleşikde 1-nji orna Daşoguz çeper halyçylyk kärhanasynyň Gubadag etrap haly önümhanasynyň halyçylary Gülbahar Ilmedowadan, Oguljan Garlyýewadan, 2-nji orna Boldumsaz etrap haly önümhanasynyň halyçylary Sapargül Sapargylyjowadan, Merjen Toýlyýewadan, 3-nji orna bolsa Garaşsyzlyk etrap haly önümhanasynyň halyçylary Ogulboldy Tekäýewadan, Güljemal Nurjanowadan ybarat toparlaryň mynasyp bolandygy yglan edildi. Üstün çykan halyçylara TKA-nyň welaýat birleşmesiniň sowgatlary gowşuryldy, iň ýokary orny eýelän topar bäsleşigiň ýakynda Aşgabat şäherinde geçiriljek döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.

13.05.2026 44
Medeniýet

  Türkmeniň beýik sungatynyň ösüp, biziň şu günümize, şeýle kämil ýagdaýda gelip ýetmeginde halypa-şägirtlik ýolunyň orny uludyr. Daşoguz şäher bagşylar muzeýinde geçmişde ýaşap geçen halypa bagşy-sazandalar baradaky maglumatlary toplamak we olary geljekki nesillere ýetirmek esasy wezipe bolup durýar. Biziň gürrüňimiz halypa bagşy Nazar baga Morsy ogly barada. Nazar baga zamanasynyň halypa bagşylarynyň biri. Ýomut-gökleň ýolunyň ussady, aýdym-saz äleminiň parlak ýyldyzy Nazar baga 1873-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň Alilioý diýen ýerinde dünýä inýär. Olaryň maşgalasy Nazar heniz ýaş oglanka Gubadag etrabynyň Bagalar obasyna göçüp gidýär. Nazar baga ýomutlaryň baga tiresinden bolansoň, onuň adynyň yzyna tiresiniň adyny tirkäp, oňa Nazar baga diýipdirler. Onuň kakasyna Morsy baga diýer ekenler. Kiçijik Nazaryň aýdym-saza bolan höwesini ilki duýan Morsy aga bolýar. Ol şol mahallar öz döwrüniň belli bagşy-sazandalary bilen gatnaşar eken. Bir gezek olara meşhur Garadäli Gökleňiň şägirdi Sapar süýrentgi myhmançylyga gelende, Nazara aýdym aýtdyryp, ony synap görýär. Onuň aýdym aýdyşyna syny oturan halypa Nazary öz ýanyna şägirtlige alyp gaýdýar. Şeýdip, geljekki ussat Sapar süýrentgiden tälim alýar. Nazar baga ilki-ilkiler tirme aýdymlary aýdypdyr. Ýigit çykandan soňra, dessançylaryň däbine eýerip, «Hüýrlukga-Hemra», «Şasenem-Garyp» dessanlaryny toýlarda aýdyp ugraýar. Şeýle hem «Görogly» şadessanynyň birnäçe şahasyny aýdýar. Ol biçak gyňyr häsiýetli adam bolupdyr. Onuň ägirt güýçli sesi bar eken. «Nazar baga Gubadagda aýdym aýdanda, sesi Ýylanly (häzirki Garaşsyzlyk) etrabyna eşidilerdi» diýip, babam pahyryň gürrüň bereni hiç ýadymdan çykmaýar. Nazar baga XX asyryň otuzynjy ýyllarynda şöhratly bagşylaryň biri hasaplanýar. Ol şol ýyllarda Aşgabat şäherine ýörite çagyrylýar. Aşgabatda Ahalyň, Marynyň, Pendiniň, Sarahsyň, Balkanyň meşhur bagşy-sazandalary bilen tanyşýar. 1939-njy ýylda dürli etraplardan gelen bagşylara, sazandalara goşulyp, Moskwa şäherine gidýär. Ol ýerde Oba hojalygynyň gazananlarynyň sergisinde çykyş edýär. Nazar baganyň il-ulsa hyzmaty uly bolupdyr. Öz döwründe sungaty öwrenijiler «Hüýrlukga-Hemra», «Saýatly-Hemra», «Nejep oglan» ýaly dessanlaryň asyl nusgalaryny Nazar baganyň dilinden ýazyp alypdyrlar. Onuň bu asylly hyzmatyny häzirki günlerem uly buýsanç bilen ýatlaýarys. Çünki beýle hyzmat onuň ussatlygyny, meşhurlygyny ýene bir gez ýokary göterýär. Halypa gyjakçy Ata Ably: «Durnalar» diýen aýdymy iň oňat ýerine ýetiren Oraz Salyr bolupdyr. Nazar baga 1939-njy ýylda ol aýdymy Oraz Salyrdan eşidip, 1942-nji ýylda täzeden işläp aýtdy welin, durnalara ganat bitirip, täzeden uçurana döndi. Başgaça aýdylanda, Nazar baga «Durnalary» täzeden Hywadan getirdi. Onuň üçin Nazar baga saz dörediji bagşy diýsegem ýalňyşmarys» diýip, gürrüň berýär. Diýmek, Nazar baga diňe bir ussat bagşy bolman, eýsem, saz dörediji kompozitor hem bolupdyr. Onuň ýerine ýetiren aýdymdyr dessanlaryny şägirtler öz labzynda, üýtgewsiz ýerine ýetirip, dowam etdirip gelýärler. Nazar baganyň bagşyçylyk sungatynyň hyrydarlary barha köpelipdir. Türkmenistanyň halk bagşysy Magtymguly Garlydan başlap, Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Baýar Baýrama çenli ol ussadyň bagşyçylyk sungatyny özlerine nusga edinipdirler. Nazar baganyň ýanynda Daşoguzyň ökde gyjakçylary Baýram gyjakçy, Gazak gyjakçy, Atakel gyjakçy, Töre gyjakçy, Hudaýnazar gyjakçy dagy sazandarlyk edipdirler. Halypanyň sesiniň güýçli bolandygy sebäpli, oňa köplenç iki gyjakçy sazandarlyk eder eken. Gyjakçy Sapar Bekiýew hem birnäçe ýyl onuň bilen tirkeşipdir. Nazar baga «Nalyş», «Yňdarma», «Mekanym», «Gyzyl donly» ýaly onlarça aýdymlaryň hakyky eýesidir. Nazar baga Morsy ogly 1942-nji ýylda aradan çykýar. Onuň kowumlary häzir Akdepe etrabynda ýaşaýarlar. Nazar baganyň ak patasyny alyp, onuň ýolundan aýdan ýeke-täk şägirdi hasaplanylan Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Baýar bagşy ony kän ýatlar eken. Onuň bilen bile tirkeşip, toýlarda aýdym aýdyp gezen çaglary hakda gürrüň baryny berer eken. Ol halypasynyň obasyna toýa bardygy, bilini hasam berk guşap, Nazar baganyň özi bolup dessan aýdar eken. Belent-belent tirmelere tutar eken. Nazar baganyň ogly Juma bilen duşuşyp, halypasyny ýagşylykda ýatlar eken.  

12.05.2026 49
Medeniýet

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir güni ösüş-özgerişlere, taryhy ähmiýetli şanly wakalara beslenýär. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly ýurdumyzda gazanylýan zähmet üstünlikleri, amala aşyrylýan beýik işler bilen has-da dabaralanýar.  Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň agzybir döredijilik topary hem öz sahna oýunlary bilen şanly ýyly giňden dabaralandyrmaga uly goşant goşýar. Bu babatda teatryň režissýory Guwanç Baýmetow bilen şeýle gürrüň berýär: —«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly turuwbaşdan şanly, taryhy wakalara beslenýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň uludan tutuljak bu ýyl ýatda galyjy ýyllaryň birine öwrüler. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli Merdan Çarymuhammedowyň «Seýis» atly eserini sahnalaşdyrdym. Ilki bilen, bu spektakl barada kelam agyz söz aýtmakçy. Onda halkymyzyň göz-guwanjy, buýsanjy, milli baýlygy hasaplanylýan bedewlerimiziň ynsan bilen çyn dostlugy, wepalylygy hem-de düşbüligi, akyllylygy ör-boýuna galýar. Spektaklyň baş gahrymany Mälik seýis bolup, onuň atlary seýislemekde at-owazasy çarýana ýaýraýar. Seýsiň Ülker atly bedewi owadanlykda, ýyndamlykda, düşbülikde görenleri haýrana goýýar. Ülker keseki han tarapyndan satyn alynmaga soralanda, Mälik seýis çyn dostuň, gardaşyň hiç haçan satylmaýandygyny aýdýar. Türkmen bedewiniň bahasyz baýlykdygyny tekrarlaýar. Ýöne niýeti ýaman adamlar muňa düşünmeýär. Şunlukda, bu ajaýyp bedewi ogurlaýarlar. Mälik seýis gije-gündiz diýmän, çöller aşyp, ýollar geçip, Ülkeriň idegine çykýar. Ol ahyry atyny ogurlan galtamanbaşyny tapyp, onuň ýanyna baryp, atyny alyp gaýtmakçy bolanda, galtamanbaşy ony bermeýär. Ol şonda aty bilen didarlaşmaga rugsat soraýar. Galtamanbaşy muňa razylyk berýär. Mälik seýis ýany bilen getiren bir gysym topragyny Ülkeriň toýnagynyň aşagyna seçýär welin, duýgur janawar ene topragyna, eýesine bolan söýgüsini mesaňa bildirýär. Şonda Mälik seýis atyna: «Men saňa garaşýandyryn» diýip aýdýar. Mälik öýüne gaýdyp gelende, gelni Aýgül özüniň hamyladygyny duýdurýar. Tukat bolup gelen Mälik bu hoş habara begenip durka-da, atyň toýnak sesiniň gelýändigini aýdýarlar. Şol barmana-da Ülkeriň gazygyna, öýüne dolanandygyny goňşular buşlaýarlar. Elbetde,  bedewe ýöne ýere ynsan gylykly diýilmeýänligi hem şu ýerde bütin aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. Mälik seýsiň keşbini Begli Dowlyýew, gelni Aýgülüň keşbini Nurjemal Hydyrowa, enesiniň keşbini Narjan Hallakowa, galtamanbaşynyň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Babadurdy Babaýew, jansyz jerçiniň keşbini bolsa Türkmenistanyň at gazanan artisti Halmyrat Şyhyýew ýaly ussat artistler ýerine ýetirýärler. Bu spektakl hem tomaşaçylaryň göwünsöýen oýunlarynyň biri bolar diýip hasaplaýaryn. Dramaturg Aşyr Mämiliýewiň «Söýgi duralgasy» dramasyny hem tomaşaçylaryň dykgatyna ýetireris. Ýurdumyzyň belli ýazyjy-dramaturglary bilen ýakyndan aragatnaşyk saklaýarys. Ýagny olardan Gowşutgeldi Daňatarow, Döwrangeldi Agalyýew, Hemra Şirow, Nurmyrat Ataýew, Annaberdi Goçamanow dagyny agzap geçsek has ýerlikli bolar. Şu ýylyň dowamynda ýazyjy Hemra Şirowyň «Iki ýegre dost» atly eserini, «Göroglynyň» «Harmandäli» şahasyny sahnalaşdyryp, tomaşaçylara ýetirmekçi. Harmandäliniň keşbini Gurbanjemal Gaýypowa ýerine ýetirer. Bu hem şowly sahna oýunlarynyň biri bolar. Biz teatryň döredijilik meýilnamasyna laýyklykda, mähriban Watanymyzda tutulýan toý-baýramlar mynasybetli edebi-sazly sahnalar, orkestriň hasabat konsertleri bilen yzygiderli çykyşlary guraýarys. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýuna hem sowgatly barýarys.

07.05.2026 50
Medeniýet

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, ony döwrebap derejede kämilleşdirmek, bu ugra zehinli ýaşlary giňden çekmek maksady bilen, ýylyň-ýylyna eziz Diýarymyzda giň möçberli täsirli çäreler durmuşa geçirilýär. Munuň özi ýaşlaryň halkymyzyň köklerini gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýan aýdym-saz sungatyna bolan höwesleriniň rowaçlanmagyna mümkinçilik döredýär. Daşoguz şäheriniň «Ýaşlar» merkezinde geçirilen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň Daşoguz şäher tapgyry muny bütin aýdyňlygy bilen görkezdi. Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şöhratly 35 ýyllyk baýramyna bagyşlanyp, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän bäsleşigiň bu tapgyry aýdym-saz muşdaklary üçin ýatdan çykmajak ýakymly pursatlara baý boldy. Bäsleşikde ýerine ýetirilen aýdymdyr sazlar «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň dabaralarynyň, şanly wakalarynyň waspy bolup ýaňlandy. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ulgamyny nusgalyk derejede ösdürmek ugrunda edilýän  irginsiz tagallalardan ruhlanan zehinli ýaş bagşy-sazandalar bäsleşige has taýýarlykly gelendiklerini subut etdiler. Olar halk aýdym-sazlaryny, mukamçy kompozitorlaryň döreden eserlerini ýerine ýetirip, tomaşaçylaryň, talapkär emin agzalarynyň öňünde özleriniň döredijilik ukyplaryny, zehinlerini açyp görkezdiler. Bäsleşikde ilkinji bolup çykyş etmek Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyby Aýnur Gijikowanyň paýyna düşdi. Ol Täçmämmet Suhangulyýewiň «Bag içinde» atly aýdymyny ýerine ýetirdi. Ýene-de şol mekdebiň talyplary Mährijemal Myradowa «Aşyk oglan», Eziz Mahmudow «Mukamlar başy», Sahy Täçmedow «Ýar gara gözli» atly türkmen halk sazlaryny, Annabagt Wepaýewa «Teşnit», Nurana Magsadowa «Hatyrjem bolgun», Çeper Myratgulyýewa «Daglara», 2-nji çagalar sungat mekdebiniň direktory Gülnabat Kakabaýewa «Düşmüşem» atly türkmen halk aýdymlaryny, Daşoguz şäher medeniýet merkeziniň tans toparynyň artisti Dädebaý Ýusupow «Balsaýat», Daşoguz şäherindäki 11-nji orta mekdebiň 12-nji synyp okuwçysy Pälwan Meläýew «Dutarym» diýen halk sazlaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Çykyşlaryň ählisi tomaşaçylar tarapyndan şowhunly, dowamly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Ýaşlaryň ýerine ýetirijilik ussatlygy, sahna medeniýeti, milliligi, çeperçilik derejesi talapkär emin agzalarynyň adalatly bahasynda möhüm orun eýeledi. Netijede, milli saz gurallarymyzyň belent owazy bilen utgaşan ajaýyp çykyşlar eminler topary tarapyndan bahalandyryldy. Ýaryşyň jemleri boýunça iň oňat netije görkezen ýaş zehinler bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar. Ýeňijiler guramaçylar tarapyndan Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglanyldy.

14.04.2026 46