Dashoguz.live – Täzelikler Portaly
weather dashoguz 14° C Daşoguz

Medeniýet

Ynsanperwerligiň beýik waspçysy Magtymguly Pyragynyň edebi-mirasy, umumadamzat edebi-ruhy gymmatlygyna öwrülen döredijiligi Watan, il-halk, dost–doganlyk, parahat durmuş, ýagty geljek, agzybirlik baradaky parasatly pikir-garaýyşlary özünde jemleýär. Şanly senelere beslenýän ýylymyza Magtymguly Pyragynyň adynyň dakylmagy milli mirasymyza sarpany artdyrmakdan, şahyryň eserlerini ýaş nesle öwretmekden hem-de dünýä ýaýmakdan, ýaşlary beýik söz ussadynyň dünýä nusgalyk döredijiligine çäksiz buýsanç, söýgi we hormat ruhunda terbiýelemekden ybarat bolup durýar. Bu işlerde Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusyndan ugur alynmagy ýöne ýerden däldir. Çünki hezreti Magtymguly diňe bir türkmen edebiýatynda däl, eýsem, dünýä edebiýatynda-da öçmejek yz galdyran şahyrdyr. Akyldar şahyrymyz sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde şugla saçýan parlak ýyldyzdyr. Onuň bize galdyran edebi mirasynyň gymmatyna diňe şahyr hökmünde garalsa, bärden gaýdyldygy bolar. Ol diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýäniň pelsepewi pikirlerini ösdüren, çeperçilik aňyny nurlandyran, dünýewi durmuşy çeper şöhlelendiren akyldar şahyrdyr. Şahyryň mazmuna we çeperçilige baý saldamly döredijiligine ser salanymyzda, onuň halk döredijiliginden hem-de dünýä edebiýatyndan iýmitlenen çuňňur kökleriniň bardygyna göz ýetirmek bolýar. Akyldar şahyrymyzyň halallyk, agzybirlik, watansöýüjilik baradaky öwüt-nesihatlary şu günki bagtyýar zamanamyzda hem öz gadyr-gymmatyny ýitirmän, ýaşlarymyza terbiýe mekdebi bolup hyzmat edýär. Şahyryň özbaşdak döwlet baradaky gymmatly ündewleri, ýörelgeleri biziň şu günki bagtyýarlyk döwrümiziň syýasatynyň esaslaryny düzýär. Häzirki döwürde şahyryň abraý-mertebesi has-da artyp, onuň eserleri dürli daşary ýurt dillerine terjime edildi. Bu gün halkymyz akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuw eden döwrüne ýetdi. Ýurdumyzda «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakyndaky» kabul edilen Karar halkymyzyň beýik şahyra bolan hormatyny ýene-de bir gez beýgeltdi.

22.08.2024 17
Medeniýet

Türkmen halkynyň dana ogly Magtymguly Pyragy ata-babalarymyzyň uzak taryhly baý medeniýetini, ahlagyny, pelsepesini we şahyrana dünýäsini şygyrlar çemenine öwrüp, çeper sözden müdimi ýalkym saçýan ruhy binany miras galdyrdy. Ata-babalarymyzyň döreden gymmatlyklarynyň şahyrana dünýäsi örän giň we çuň bolup, dünýä, ahlak, din hem-de hyýalyýet baýlyklarynyň esasynda arş bilen kürsüň aralygynda hereket edipdir. Milli çeper gymmatlyklaryň ösüşi ruhy bitewülige, özara täsirlenmä bagly bolupdyr, şunuň esasynda eýýamlaryň ruhy dünýäsi emele gelipdir. Magtymgulynyň şahyrana dünýäsiniň köki türkmen durmuşyndan, taryhyndan, medeniýetinden, dilinden, edebiýatyndan, pelsepesinden, ahlagyndan, dini we dünýewi ygtykatlaryndan, duýgy-düşünjelerinden başlanýar. Şularyň her haýsysy şahyryň döredijiliginde belli bir çeperçilik çözgüdi, çeper barlygy emele getiripdir. Meselem, Magtymguly türkmen diliniň taryhyna, onuň jemgyýetçilik hem-de şirelilik hyzmatyna, many çuňlugyna we dürli öwüşginliligine aýratyn üns beripdir. Dana şahyr dilden asal döredipdir, dür monjuklaryny düzüpdir. Az hem-de manyly sözlemegi özüne kanun edinipdir. Magtymgulynyň şahyrana dünýäsiniň ýene bir köki ata-babalarymyzyň zandy ýagşylyga, haýra ýugrulan, şeýle hem dünýäniň, yns-jynsyň, gaýrylaryň döreýşini, emele gelşini tassyklamaga, subut etmäge gönükdirilen gadymy hyýalyýetlere baglanandyr. Ata-babalarymyz öz pelsepesini ýaradylyşa baglapdyr we hyýalyýetlerde beýan edipdir. Gadymy halky kyssalaryň söz sungatynyň başlangyjyny goýandygy dünýä ylmynda subut edilen hakykatdyr. Söz sungatynyň soňky ösüşi, ýaýraýşy we aýratynlyklary öz gözbaşyny şu çeşmeden alyp gaýdypdyr. Muňa belet şahyr hyýal atyny gadymyýete gönükdirende ata-babalarymyzyň zehinine eýlenen ýaradylyş hakyndaky kyssalara yüzlenip, ýagşylyk bilen ýamanlygyň arasyndaky müdimi çaknyşyga öz sesini goşupdyr, oňa milli duýgy-düşünjede täze many bilen ruhy çaýypdyr. Çeper beýan etmäniň diňe söz ussatlaryna başardýandygy ylymda subut edilendir. Şahyryň döredijiliginde gadymy hyýalyýetlere mahsus many-mazmun kem-kemden rowaýatçylyga, tymsalçylyga öwrülip, ruhy ahwalatlar çeper beýan edilipdir. Bu ýerde şahyrana şahsyýetiň duýgy we many meýdany çuň pelsepäniň hem-de durmuşy ahlagyň içine siňip gidipdir. Çeper duýgular, düşünjeler rowaýatçylyk, tymsalçylyk many-mazmunyna beslenip, şygryň çeper söz dürüne öwrülmegine oňaýly täsir edipdir. Bu Magtymgulynyň döredijiligine mahsus çeper usul bolup, onuň beýikligini kesgitleýän mähek daşlaryň biridir. Magtymgulynyň şahyrana dünýäsiniň ýene bir köki ata-babalarymyzyň ynsanlyk ölçegi bolan ajaýyp sypatlardan suw içipdir. Bular watançylykdan, gahrymançylykdan, ygrardan, agraslykdan, erklilikden, söýgüden, sabyr-kanagatdan ybaratdyr. Ynsanlyk ölçeginiň şu sypatlarynyň her biri şahyryň döredijiliginde özboluşly gymmatlykdyr, çeper dünýädir. Meselem, gahrymançylyk, watançylyk, erkdir ynam Magtymguluda, köplenç, öz köküni «Görogludan» alýar. Dogrusy, Görogly Magtymguly üçin egsilmez ruhy çeşme bolupdyr. Şahyryň ynsan ahlagy, edermenligi baradaky ähli oý-pikiri Görogla ýakynlaşýar. Şeýle hem şahyryň şahyrana şahsyýeti edermenlikde, watançylykda, päk ahlakda, adyllykda Görogly bilen bir howadan dem alýar. Çeper beýan etmegiň usullary, şygyr düzülişi we gaýry çeperçilik alamatlar bu iki gymmatlygyň aýrylmazdygyna, şonuň esasynda kämilleşendigine, baýlaşandygyna güwä geçýär. Magtymgulynyň şahyrana dünýäsiniň ýene bir köki dünýä medeniýetiniň we gymmatlyklarynyň gazananlaryndan dem alýar. Özüniň edebi mirasy bilen dünýä medeniýetini we gymmatlyklaryny baýlaşdyran şahyr ylmyň we edebiýatyň özünden öňki gazananlaryny akyl eleginden geçirip, eserleriniň aýrylmaz bölegine öwrüpdir... Türkmen halkynyň çeper edebiýatynyň taryhynda Magtymguly adamzadyň kalbyna ýol açmakda, çeper sözden duýgular çemenini döretmekde, dünýäni görmegiň, duýmagyň we onuň meselelerini çeper beýan etmegiň özboluşly milli ýoluny kemala getirdi. Magtymgulynyň döredijiliginde şeýle emele gelmäniň meýdany arş, kürs, zemin wakalaryny, hyýalyýetçilik (mifiki), rowaýatçylyk, ertekidir dessançylyk hadysalaryny, olar baradaky pelsepeleri öz içine alýar. Şunuň ýaly edebi giňlik, söz sungatyna mahsus nepislik, dürli gylyk-häsiýetler, çeper serişdelerdir däpler, halky öwüde, ahlaga, edim-gylyma, dana paýhasa ýugrulan many-mazmun Magtymgulynyň çeper ruhy dünýäsini emele getirýär. Şeýle dünýäni döretmek üçin şahyr her eseriniň bitewi many-mazmunyna, öňe sürýän oý-pikirine ünsi çekýär. Magtymgulyny öwrenmekde halky çeşmeleriň, aýratyn hem, çeper rowaýatlaryň çeşmelik hyzmaty uludyr. Magtymguly dillerde sena bolup, rowaýata öwrülen şahsdyr. Ata-babalarymyz özüniň ruhy dünýäsini döreden şahslaryna aýratyn sarpa goýupdyr. Söz sungatynda Hoja Ahmet Ýasawy, Nowaýy, Magtymguly we Kemine halkyň çäksiz hormatyna mynasyp bolan şahyrlardyr. Wagtyň geçmegi bilen, olar halk döredijiliginiň çeper gahrymany derejesine galypdyrlar. Magtymguly hakyndaky halky kyssalarda şahyryň öz durmuşy, başyndan geçiren wakalary, halkyň Magtymgula bolan çäksiz söýgüsi esasynda dörän oý-pikirler, şeýle hem söz ussadynyň şahyrana keşbi jemlenipdir. Halky eserlerdäki Magtymguly Watana, halka wepaly, il aladasy bilen ýaşaýan gahryman. Ol her meselä, hadysa paýhasly çemeleşýär, ony parasatly çözmegi başarýar. Onuň häsiýetinde türkmen halkyna mahsus edeplilik, päklik, ruhubelentlik, kiçigöwünlilik, mertlik, dogrysözlülik, ahlak, asylzadalyk jemlenipdir. Netijede, Magtymgulynyň şahyrana dünýäsi ol hakyndaky halky kyssalarda dowam etdirilip, olara taryhy wakalar bilen birlikde, şahyryň çeper keşbini baýlaşdyrýan, umumylaşdyrýan göçme hadysalar, ýörgünli ýordumlar hem goşulypdyr. Şol goşulan çeper wakalardyr ýordumlar Magtymgulynyň Hakdan içen gudratly şahyrdygyny nygtamaga, halka hossar çykan akyldardygyny ykrar etmäge hyzmat etdirilipdir. Bu babatda halk döredijiligindäki Magtymguly onuň eserlerindäki şahyrana şahsyýete ýakynlaşypdyr. Magtymgulynyň edebi mirasy, şahyrana şahsyýeti we halky keşbi Garaşsyzlyk zamanynda täze mana eýe boldy. Ynsany ahlak arassalyga, ýokary adamkärçilige, watançylyga, edermenlige, päk söýgä galkyndyrýan egsilmez ruhy çeşmä öwrüldi. Magtymgulynyň şygyrlary her kime bir dünýäni açyp berýär. Onuň kitabyny ele alan adam başga dünýäni unudyp, şahyryň jadylaýjy syrly dünýäsine aralaşýar. Ondan her kim özüne, ahlagyna, adamkärçiligine, ynsabyna, kanagatyna degişli pelsepä ýugrulan dana maslahaty alýar. Aşyk-magşuk şahyryň maslahaty bilen täze durmuşa aýak basýar, durmuşdan azaşyp, nebsine otuganlar ynsabyň öňünde ejizläp, dogry ýola düşýär. Gaýgy-gama ulaşan ondan saplanýar. Namart merdemsi bolsam diýip arzuw edýär. Ine, şu asylly hyzmat egsilmez ruhy çeşmedir. Ol elmydama halkyň hyzmatynda, adamlaryň gullugynda. Şoňa görä, beýik ynsanyň daş ýarýan ýiti zehininiň örküni durmuşa baglan eserleri ýyl-ýyldan beýgelýär, olaryň gadyr-gymmatynyň çägi giňäp, dünýä meşhur bolýar. Sazandalaryň sazy, şahyrlaryň şygyrlary, bagşylaryň şirin owazy Magtymguludan ylham alyp, ony öz beýikliginde ýaşadýar. Bu gün Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň agzybir halky ynsany dostluga, doganlyga, jebislige çagyrýan dana oglunyň sarpasyny belent tutýar. Ýurdumyzda Magtymgulynyň ady ebedileşdirildi. Daşary ýurtlarda Magtymguly merkezleri, jemgyýetleri döredildi. Şahyryň eserleri halklary doganlaşdyrýan, dostlaşdyrýan, jebisleşdirýän mukaddeslige öwrüldi.

16.08.2024 19
Medeniýet

Beýik Magtymguly Pyragy halkyň durmuşynyň ähli taraplaryndan söz açýan şygyrlary, ölmez-ýitmez eserleri döreden dünýä belli şahyrlaryň hatarynda durýar. Onuň diwanynda Watan, il-gün, adamkärçilik, mertlik, gahrymançylyk, ar-namys..., umuman, ähli meseleler hakyndaky garaýyşlar, oý-pikirler beýan edilen goşgular bar. Başga bir şahyryň aýdyşy ýaly, ol «daň sazyna çenli okan» adama örän köp zat berýär... Magtymgulynyň tebigat, onuň gözellikleri bilen baglanyşykly goşgulary-da az däl. Olar asman-Zemin, dag-dere, duman-sil, gar-ýagyş, çöl-beýewan... barada söhbet açýar. Şol goşgular beýik şahyryň öz Watanyna, onuň ajaýyp tebigatyna çäksiz söýgüsini, ynsanperwerligini, pähim-paýhaslylygyny şöhlelendirýär. Şonuň bilen birlikde-de, olaryň tebigatyň görnüşlerini suratlandyrmakda ýeten derejesi haýran galdyrýar. Akyldar şahyryň döredijiligi baradaky ýazgylarda, köplenç, gürrüň «Türkmeniň» goşgusyndan başlanýar. Özem olarda haýsy meseläniň gozgalýandygyna garamazdan, bu şeýle edilýär. Munuň hem özüne ýetik sebäbi bar. Bu goşgynyň çygry bimöçber giň. Üstesine-de ondaky buýsanç-hyjuw hem örän belent. Şonuň üçin şahyryň tebigat baradaky goşgularynyň gürrüňini etmekçi bolanymyzda hem, ondan başlamaga mümkinçilik döreýär:   Jeýhun bilen bahry-Hazar arasy, Çöl üstünden öser ýeli türkmeniň. Gül-gunçasy gara gözüm-garasy, Gara dagdan iner sili türkmeniň.   Hak sylamyş bardyr onuň saýasy, Çyrpynşar çölünde neri, maýasy, Reňbe-reň gül açar ýaşyl ýaýlasy, Gark bolmuş reýhana çöli türkmeniň.   Bu goşgynyň iki bendini birbada almagymyzyň hem öz sebäbi bar. Çünki olary biri-birinden aýyrmak mümkin däl. Olar birigip, türkmen tebigatynyň keşbini ussatlyk derejesinde suratlandyrýar. Bu setirleri okap, Magtymguly atamyz diňe bir beýik şahyr däl, eýsem, ussat suratkeş hem bolandyr diýip oýlanýarsyň... Şahyryň «Ýaýlahlary bar» atly goşgusyndaky:   ...Seýran etsek gunçasyna, gülüne, Bakjasynda bilbil oýnahlary bar.   ...Serçemen agajy bile deňeler, Ajap guş salmaly awlahlary bar —   diýen setirlere ser salmagyň nähili ajaýyp täsiri bar. Olardaky şirin owaz, türkmen ýaýlasyna bolan guwanç, mähir ýüregiňe girip gelýär. Belki-de, Magtymguly ussat bagşy hem bolandyr. Dogry, şahyr bir goşgusynda «Magtymguly, sözlerim, saza goşsaň uz bolar» hem diýýär. Ýöne bu setirlerden onsuz hem üýtgeşik owaz gelip dur... Beýik şahyryň tebigat bilen baglanyşykly goşgularyndan, esasan, öz ýaşan ýeriniň, daglarynyň waspyny edýändigini aňmak kyn däl. Ynha, onuň «Soňudagy» diýen goşgusy bar. Bu goşgy gysga bogunlarda, kiçi ölçegde ýazylypdyr. Emma ony okanyňdan soň, uly bir eseriň täsiri galýar diýsek ýalňyş bolmaz:   Eý söwdügim, Soňudagy, Dagdanlydyr biliň seniň... Sowuk çeşme suwuň içer, Süri-süri malyň seniň...   Dürli-dürli otuň biter, Her deräň bir ile ýeter, Hatarlanşyp kerwen öter, Naýbadaýdyr ýoluň seniň.   Belli bolşy ýaly, Soňudag Köpetdagyň günbatar çetki künjegi hasaplanylýar. Bu ýerde şahyryň köp ýyllap ýaşandygy aýdylýar. Şonuň üçin hem ol Magtymgulynyň ýüregine ýakyn bolup galypdyr. Goşgynyň ahyrynda onuň şahyry lerzana getiren göçüş wakasy bilen baglanyşyklydygy duýulýar. Türkmen tebigatynyň gözelligini, joşgunlylygyny aýdyň suratlandyrýan «Jahan peýda» atly goşgusy barada hem aýtmak gerek. Sebäbi bu goşguda bahar paslynda Nowruzyň gelmegi bilen tebigatyň janlanyşy, ähli janly-jandarlaryň oýanyp, ajaýyp owaz edişi öz çeper beýanyny tapýar. Bu goşgynyň çeperçilik öwüşginlerine örän baýlygy onda suratlandyrylýan pursatlaryň, wakalaryň göz öňüňde janlanmagyna ýardam berýär.   Öňünde belent dag, serinde duman, Deňizden öwüser ýeli Gürgeniň. Bulut oýnap, baran dolsa çaýlara Akar boz bulanyp sili Gürgeniň.   Bu bent şahyryň «Gürgeniň» atly goşgusyndan. Şahyryň terjimehalyndan belli bolşy ýaly, Etrek, Gürgen töwerekleri onuň köp gezen ýerleri bolmaly. Şoňa görä-de, onuň bu goşgusynda beýan edilýän tebigy görnüşlere, hadysalara özüniň şaýat bolandygyna şübhe ýok. Şonuň üçin ajaýyp owazlylygyndan başga-da, tebigatyň keşbini ähli özboluşlylyklary bilen şekillendirýändigi sebäpli bu setirler ebedilik ýatda galýar. Beýik şahyr «Duman gitmez» atly şygrynda:   Beýik daglaryň başynda Gyşy-ýazy duman gitmez —   diýip ýazmak bilen, dag başyndaky ýene-de bir hadysany çeperlik bilen teswirleýär. Umuman, dag bilen baglanyşykly setirler, goşgular Magtymgulynyň döredijiliginde köp duş gelýär. Muny bolsa şahyryň öz ömrüniň esasy bölegini şol daglaryň arasynda geçirendigi, olara höwrügip galandygy bilen düşündirmek bolar. Jemlenilip aýdylanda, akyldar şahyrymyzyň ynsanperwerlige, şol sanda tebigata bolan mähirli garaýyşlara, çäksiz söýgä ýugrulan goşgulary her bir adamda hem şeýle duýgulary oýarýar. Şahyryň döredijiliginde ynsanyň tebigat bilen sazlaşykda, olaryň ýakyn gatnaşykda bolmagyna itergi berýän öwüt-ündewler edilýär. Onuň şol goşgularynda tebigat gaýtalanmajak gözellikler bilen bilelikde suratlandyrylýar. Şoňa görä-de, şahyryň kalbynda tebigata hormat müdimi orun alypdyr.

12.08.2024 20
Medeniýet

Danalar danasy Magtymguly Pyragy gelin-gyzlara guwanyp-buýsanmagyň, olaryň gözelligini, edalylygyny, edep-terbiýesini wasp etmegiň nusgalyk göreldesini görkezipdir. Dünýä sözi meňzär duzsuz tagama, Söz içinde gelin-gyz hem bolmasa. Bir bakyşda aňk edýän türkmen zenanlarynyň zülmaýy barmaklaryndan dürler dökülýär. Bar zehinlerini siňdirip, yhlas bilen ajap keşdeler çekip, dünýä meşhur halylary dokamagyň hem taýsyz nusgalaryny görkezýärler. Başlary gülüstan tahýaly gözellerimiz edim-gylymy, mylaýymzadalygy bilen özüne bendi edýär. Zehin gudratynyň olaryň görküne görk goşýan milli lybaslary, dakynýan şaý-sepleri, altyn-kümüşleri bilen utgaşanda «Aperin!» diýdirýändigini şahyr «Türkmeniň» atly goşgusynda aýratyn nygtaýar: Al-ýaşyl bürenip çykar perisi, Kükeýip bark urar anbaryň ysy. Gyz-gelinlerimiziň el işleri bilen olaryň egin-eşikleriniň, milli lybaslarynyň arasynda sazlaşyk, aýrylmaz baglanyşyk bar. Bu hakykata gyzyl läle bolup, seýle çykan gyz-juwanlary göreniňde ýene bir gezek göz ýetirýärsiň. Oňa durkuň bilen begenip, buýsanýarsyň. Adamzat kalbynyň şahyry Magtymguly Pyragy bu ajaýyp gözelligi şeýle suratlandyrýar: Geýipdir gyzyl-ýaşyly, Bilmen nedir ýar hyýaly. Aşakdaky setirlerde bolsa şahyr gelin-gyzlarymyzyň kemsiz bezelen daşky gözelligi bilen içki gözelliginiň sazlaşyp, has-da owadan, asyl gözelligi, zenan asyllylygyny döredýändigini çeper beýan edýär: Meňli hanym golun dişläp, Bizden ki uýat eýleýir. Kä daranyp, uz ýörişläp, Bizden ki uýat eýleýir. Haçanda gürrüň millilik, halkylyk, özboluşly owadanlyk barada gidende, türkmeniň hany-manyny bagyş edip, söýüp-apalaýan gelin-gyzlarynyň nepisden owadan, gelşik-ýaraşygyny artdyryp duran gyzyl-läle lybaslary, al-ýaşyl egin-eşikleri barada hem aýdan ýagşy. Älemgoşary ýatladýan türkmen ketenisidir beýleki döwrebap matalardan ýakasy keşdelenen, ýeňli-ýanly köýnekli, başlary gültahýaly, örüm-örüm saçly ýaş juwanlarymyz, baýdak ýaly gelinlerimiz buýsanjymyz bolup, olaryň milli lybaslary mukaddeslige öwrülip milliligimize sarpamyzy artdyrýar. Bu inçeden asyl gymmatlygymyza diýseň aýawly çemeleşip onuň asyl nusgasyna şek ýetirmän geljek nesillere ýetirmek borjumyz bolup durýar.

01.08.2024 14
Medeniýet

Tahýalaryň görnüşleriniň dürli-dürli bolşy ýaly, aýratyn taryhy, gelip çykyşy, tikilişi, keşdelenilişi, geýliş düzgüni bar. Tahýalar türkmen halkynyň silkme telpegi, çöwürme, şypyrma, topby, başatgyç, kürte, çyrpy, sümmen ýaly başgaplarynyň arasynda nepis keşdeleri bilen aýratyn tapawutlanýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde geýilýän tahýalar nagyşlarynyň dürli-dürlüligi bilen biri-birinden tapawutlanýar. Gültahýa gadymdan bäri gyzlaryň juwanlyk gözelligine görk goşupdyr. Gyzlar tahýany dört örülen saçlary görner ýaly edip geýipdirler. Durmuşa çykýan gyzlar reňkli ýüpek sapaklar bilen tikilen, kümüş şelpeli tahýa geýipdirler. Geçmişde tahýaly gupba guşlaryň ýelegi hem dakylypdyr. Ýelek gyzlary göz degmekden, tahýa bolsa eýesiniň kellesini ýamanlyklardan, kesellerden, beýleki betbagtlyklardan goraýar diýlip ynanylypdyr. Hut şonuň üçin hem türkmen halky başgaplaryna aýratyn ähmiýet beripdir. Gyzlaryň tahýasyndaky owadan gülleriň şekilleri nuranalygy we gyz päkligini alamatlandyrypdyr. Gyzyl reňk jadyly güýje eýe bolup, erbetlikleriň täsirinden gorapdyr. Türkmen gelin-gyzlary keşdeçilik sungatynyň iň gadymy görnüşlerini tahýalarda şöhlelendiripdirler. «Gülýaýdy», «sekdirme», «guşgözi», «sekizkeşde», «çopanýoly», «süňşük» ýaly nagyşlaryň hersiniň öz taryhy bar. Şeýle nagyşlarda halkymyzyň watanperwerliginiň, zähmete bolan söýgüsiniň, tebigat bilen sazlaşygynyň, maşgala wepalylygynyň, özara sylag-hormatyň nyşanlary jemlenýär. Gültahýanyň gül pürkülen ýaly keşdeli keşbi Aýyň, Günüň, asmanyň, zeminiň, älem-jahanyň baky güllemegini, baharyň bakylygyny, ýaşaýşyň dowamatlylygyny aňladýar. Onuň depesi sekize bölünip, depedäki nagyşlar sekizburçlugy emele getirýär. Bu şekil gadymky sekizşöhleli ýyldyzy alamatlandyrýar. Sekizşöhleli ýyldyzyň şekili Merkezi Aziýanyň sungatynda Gün Hudaýyny şekillendirýär. Gültahýanyň gül-gunçaly keşdeleriniň on ikä bölünmegi, bir ýylda on iki aýyň bardygyny aňladýar. Tahýadaky «gül» nagşy türkmen gyzynyň açylmadyk gunça deňelýändigini görkezýär. Gültahýanyň iň soňky nagşy «tegbentdir». Ol «tegelek bent» diýmegi aňladyp, geljek bela-beteriň öňünde bent bolsun, bu tahýany geýen gyzy gözden-dilden gorasyn diýen ýagşy niýet bilen salynýar. Gültahýanyň depesiniň etegine birikdirilýän ýerine «ýylanagzy» nagşy salynýar. «Ýylanagzy» nagşy ýaman niýetlerden, daşky howp-hatarlardan goraýar diýlen ynanja uýlupdyr. Toý-märekelerde, milli baýramlarymyzda geýlen gyz tahýalary etegindäki şaýlary, çekelikleri bilen gyzlarymyzy has-da gözel görkezipdir.

31.07.2024 18
Medeniýet

Magtymguly Pyragynyň şygyrlary her bir ynsanyň köňül nagşydyr. Türkmen halky beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny hemişe öz kalplaryna nagyş edip gelipdirler. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň eserlerinde gozgalýan durmuş meseleleri köptaraplydyr. Şahyryň şygyrlarynda ýurdumyzyň dagy-düzi, deňiz-derýasy, çöli wasp edilýär. Ol türkmeniň berkarar döwletini arzuwlady hem-de bu arzuwyň hasyl boljakdygyna berk ynandy.   Hydyr gezen çölde iller ýaýylsyn, Ýurt binamyz gaýym bolsun, goýulsun, Çille mest nerlermiz barça aýylsyn, Bir suprada eda bolsun aşymyz.   Halkyň agzybirligi ýurt binasynyň mäkäm sütünidir, ähli üstünlikleriň gözbaşydyr. Şahyr halky agzybir ýaşaýşa, bitewülige çagyrypdyr. Halkyň öz erkin durmuşyny gazanmak üçin göreşmegini isläpdir.   Teke, ýomut, ýazyr, gökleň, alili bir bolup, Kylsa bir jaýa ýöriş açylar gül lälesi.   Şahyryň ýaşan döwründe halkyň bitewi bir döwleti bolmansoň, ýurdy basybalyjylardan gorap saklamak kyn bolupdyr. Magtymguly Pyragy öz döwrüniň çylşyrymly wakalary, halkyň ykbaly barada köp oýlanyp, olary akyl eleginden geçiripdir.   Kämillik kiştesin derýa batyrdym, Beýik pikre galdym, aklym ýitirdim.   Görşümiz ýaly, «Beýik pikir» — il-ulus, bir döwletli bolmak pikiri şahyry hemişe oýlandyrypdyr. Ol halky agyr durmuşdan alyp çykmagyň ýollaryny agtarypdyr.   Pyragy, yşka ugraşdym, Derýa girdim, möwje düşdüm, Hor galmasyn puştdan-puşdum, Berkarar döwlet islärin —   diýen şahyryň arzuwy wysala gowşup amala aşdy. 1991-nji ýylyň güýzünde berkarar türkmen döwleti döredi. 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi ýurdumyzda dana şahyra bolan hormat-sarpanyň egsilmezdiginden nyşandyr.   Gurdugum, aslynda, bilgil, bu zeminiň myhydyr, Eger ol erkin mydam, budur türkmen binasy.   «Zeminiň myhyna» deňelen erkin türkmen döwletiniň bina boljakdygy bu setirlerde ynam bilen beýan edilýär. Pyragynyň arzuwlan zamanasynda şahyryň adynyň arşa göterilendigine guwanýarys. Berkarar döwletli, dünýä halklarynyň öňünde deňli-derejeli bolan halkymyz ajaýyp döwrüň hözirini görüp ýaşaýar.

29.07.2024 21
Medeniýet

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli medeniýetimiziň galkynmagy, daşary ýurtlaryň Medeniýet günleriniň, dostluk festiwallarynyň ýurdumyzda yzygiderli geçirilmegi, Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň daşary ýurtlarda ýaýbaňlandyrylmagy, medeniýet we sungat ussatlarymyzyň dürli ýurtlarda geçirilýän festiwallara, ýaryşlara gatnaşmagy ýurdumyzda medeniýet ulgamynyň halkara derejede uly üstünliklere beslenmegine ýardam edýär. Medeniýet we sungat her bir adamda ajaýyp täsirleri galdyrýar. Daşoguz welaýaty hem bagşyçylygyň gadymy mekany hökmünde giňden bellidir. Ýurdumyzda bagşyçylyk sungatyny ösdürmäge aýratyn uly üns berilýär. Her ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň geçirilmegi hem munuň aýdyň mysalydyr. Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) tarapyndan dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi milli medeniýetimiziň älem içre belent ykrara eýe bolýandygyny görkezýär. Gadymy Daşoguz topragy hem bagşyçylyk däbiniň giňden ýaýran mekanydyr. Aşyk Aýdyň, Babagammar ýaly beýik pirleriň mekanynda bagşyçylyk sungaty irki döwürlerden bäri gülläp ösüpdir. Pälwan bagşy, Magtymguly Garly, Nazar baga, Sapar Beki, Öre şyh, Tüýli Otuz, Aýbibi Atahanowa, Bally Mätgeldiýew ýaly ussat halypalaryň döredijilik we durmuş ýoly bagşyçylyk sungatynyň mynasyp derejede dowam etdirilendigini alamatlandyrýar. Dessan aýtmak däbiniň halkymyzyň asylly ýörelgelerine öwrülip gitmeginde hem uly many bardyr. Bagşyçylyk sungatynyň halk arasynda giň goldawa eýe bolmagy halypalaryň nusgawy ýoly döredendigini aňladýar. Her ýylda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň giňden bellenip geçilmegi ildeşlerimizi diýseň buýsandyrýar. Bu özboluşly medeni forum milli sungatymyzyň täze belentliklere göterilýändigini aýdyň görkezýär.

17.06.2024 33
Medeniýet

Magtymgulynyň döredijiligi türkmen edebiýatynyň taryhynda täze sahypa açýar. Şahyr öz eserlerini halka düşnükli, sada dilde ýazypdyr. Şoňa görä-de, onuň goşgulary halk aýdymlaryna öwrülip gidipdir. Magtymgulynyň dünýägaraýşy we ideýalary ähli döwürde hem bütin adamzada ýakyn we düşnüklidir. Ol umumadamzat şahyrydyr. Şahyr öz eserlerinde halka hyzmat etmegi, adamkärçiligi, ata-enä hormat goýmagy, ulyny sylamagy ündäpdir: Edebiň ýagşysy ulyny syla, Ulyny ynjytmak kiçä ýaraşmaz. Magtymguly ýigide gowy gylyk-häsiýetleri, ynsanperwerligi, tertip-düzgünliligi, birek-biregi sylamaklygy, mylakatlylygy, salyhatlylygy, sypaýylygy, kiçigöwünliligi öwüt-ündew edýär. Şahyryň edep-ekrama, ahlak sypatlaryna ýugrulan goşgy setirlerinde umman ýaly dürdäne manylar bar. Akyldar şahyr ýigidiň il arzuwlaýan ýagşy ynsan hökmünde orta çykmagynda mertlik, sadalyk, paýhaslylyk, gaýratlylyk we namysjaňlyk ýaly häsiýetleriň saldamyny açyp görkezýär. Magtymguly ýigidiň çeper keşbini janlandyrmak bilen, onuň ahlak sypatlaryny kesgitläp, şeýle diýýär: Her ýigidiň aslyn bileý diýseňiz, Märekede otur-turuşyn görüň! Ýa-da: Aryf bolsaň, aslyn sorma ýigidiň, Edebinde, ekramynda bellidir... Türkmeniň ganyna siňen myhmansöýerlik däbi örän gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýändir. Magtymguly hem şygryýet äleminde myhmansöýerlik däbini beýleki ugurlardan pes goýmandyr. Şahyr bu häsiýeti ýigide mahsus görmek bilen, ony mertligiň nyşany hökmünde nygtaýar. Pyragy bu meselede halk döredijiliginiň gyzyla gaplaýmaly «Myhman — ataňdan uly», «Gelen — döwlet, giden — mähnet», «Tabagyňda aş eýle, myhman göwnün hoş eýle!» ýaly parasatly atalar sözleridir nakyllaryny nusga hökmünde ulanýar, parasatly sözleriň düýpsüz ummanyna akyl ýetiren şahyr ýigide hem şeýle öwüt berýär: Gelen aş diýp gelmez, turşutmagyl ýüz, Nana mätäç däldir, söze myhmandyr. Magtymguly Pyragy myhmansöýerlik häsiýetini ynsanyň ahlak borjy diýip düşündirýär. Ata-babalarymyzyň aýdyp geçen «Myhman geler işikden, rysgy geler deşikden» diýen ajaýyp parasatly sözlerinden ugur alsak myhman kabul etmek, oňa hezzet-hormat etmek — bu ynsanyň ahlak sypatlarynyň naýbaşylarynyň biridir. Şahyr öz şygyrlarynda: It gözlemez, pişik bakmaz, Saçak ýazylmagan ýerde — diýmek bilen, myhmana hezzet-hormat edilmezligini örän berk ýazgarýar. Beýik akyldaryň öňe sürýän pikirlerinde esasy wezipe adamlary kämil şahsyýet derejesinde terbiýelemekden ybarat bolup durýar.

10.06.2024 34
Medeniýet

Medeniýet umumadamzat üçin düşnükli bolan umumy dildir, halklaryň köňül zybanydyr. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap teatrlaryň, muzeýleriň, kitaphanalaryň, medeniýet öýleriniň we döredijilik merkezleriniň gurlup ulanmaga berilmegi hem milli medeniýetimizi ösdürmek, halkymyza hödürlenilýän medeni hyzmatlaryň gerimini giňeltmek babatda durmuşa geçirilýän ägirt uly işleriň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridigini tassyklaýar. Täze taryhy döwürde milli medeniýetimiz, sungatymyz we edebiýatymyz täze galkynyşy başdan geçirýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde, ýylyň-ýylyna Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň uly dabara bilen bellenilmegini buýsanç bilen aýtmak bolar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçiriljek Medeniýet hepdeligi milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň häzirki döwürdäki ösüşini bütin dünýäde dabaralandyrjak şanly wakalara beslener. Her ýyl Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli giň gerimli medeni çäreleriň geçirilmegi türkmen halkynyň milli mirasyny, däp-dessurlaryny aýawly saklamaga, çuňňur öwrenmäge we wagyz etmäge, milli medeniýetimizi ösdürmäge hem-de täze zehinleri ýüze çykarmaga ýardam edýär. 2013-nji ýylda ilkinji gezek «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Medeniýet hepdeligini soňlugy bilen ýurdumyzyň welaýatlarynda dowamly geçirmek asylly däbe öwrüldi. Hepdeligiň dowamynda ýurdumyzyň sebitleriniň taryhy-medeni mirasynyň, edim-gylymlarynyň özboluşly aýratynlyklary we dürli öwüşginleri açylyp görkezilýär. Bu hepdelik umumadamzat medeniýetiniň ösüşine saldamly goşant goşan gadymy sungatymyzyň, milli medeniýetimiziň täze taryhy döwürde döwrebap görnüşde ösdürilýändigini, dowamatynyň dowam bolýandygyny alamatlandyrýar.

04.06.2024 47
Medeniýet

Türkmen edebiýatynyň parlak ýyldyzy, Gündogaryň beýik danasy Magtymguly Pyragynyň edebi döredijilik hazynasy, dünýäni görüş, oňa akyl ýetiriş we beýan ediş usuly örän giň we çylşyrymly. Şahyr öz döredijiliginde Arşyň, Kürsüň syrly dünýäsinden, zemin wakalaryndan, adamzadyň döreden ylmy, edebi, medeni gymmatlyklaryndan, ähli boljak-geljekden habar berýär. Şahyryň gahrymany, has takygy, soňky döwürlerde edebiýaty öwreniş ylmymyzda adalga öwrülen «liriki meni» döwür, wagt üçin, şeýle hem geografik taýdan çäksiz giňişliklerde hereket edýär. Beýik şahyryň şahyrana şahsyýeti älemiň, dünýäniň syrlaryna düşünmäge, akyl ýetirmäge çalşan bolsa, bu günki gün adamzat Magtymgulynyň döredijiligindäki gizlin syrlara akyl ýetirmäge, olary açyp görkezmäge çalyşýar. Magtymgulynyň goşgularynyň, onuň gahrymanynyň syrlylygy nämeden ybarat? Şahyr syrly goşgularynyň köpüsinde: Magtymguly, syrym çohdur, Men neýläýin, açan ýokdur — diýen pikirini gaýtalaýar. Uzak ýyllaryň dowamynda şahyryň «Aşyk bolmuşam», «Sataşdym», «Ýar bizim sary»,«Näme sen?», «Meňzär hökümli», «Kerem islärin», «Bu derdi», «Aýa döndi» ýaly onlarça goşgulary yşk-söýgi temasyndaky goşgular hasaplanyp gelindi. Beýik şahyr: Tilim guş tilidir, suratym — ynsan, Hemzybanym barça çemender bile — diýmek bilen, gahrymanyň diňe daş sypatynyň ynsandygyny, onuň duýgy dünýäsiniň guş dilinde beýan edilýändigini belleýär. Ýokardaky goşgulardaky yşk beşeri söýgi, ýagny ýigit bilen gyzyň aşyk-magşuklygy däl-de, syrly dünýä, Alla akyl ýetirmäge, düşünmäge bolan yşkdyr. Duýgusyz, zehinsiz, ýörite taýýarlyksyz adam bu gizlinligi açmaga ejizlik edýär. Şahyryň: Dostlar-a, dostum meniň, jandan eziz söýgülidir, Jan kibi pynhan jahanda, äleme belgilidir — diýip nygtaýşy ýaly, syrly dünýäni gizlin, syrly duýgulara berlen adamyň duýmagy, syzmagy mümkin. Magtymgulynyň ýüzden gowrak goşgusy şeýle syrly goşgular hasaplanýar. Hatda bu täsin syrlylyk onuň dünýewi goşgularynyň hem içine siňip gidipdir. Magtymguly Pyragy belli bir döwürde ylahy dünýäniň pynhanlyklaryny açmakda Gündogarda ozaldan ýörgünli bolan sopuçylyk — sufizm akymyna eýeripdir. Hoja Ahmet Ýasawy, Bahaweddin Nagyşbendi, Hekim ata Süleýmany, Nejmeddin Kubra sopuçylyk akymynyň görnükli wekilleridir. Nusgawy türkmen edebiýatynyň söz ussatlary Döwletmämmet Azady, Nurmuhammet Andalyp, Muhammet Gaýyby, Myrat Talyby hem sufistik häsiýetli eserleri döredipdirler. Edebiýatçy alymlarymyz Ahmet Bekmyradowyň, Şamuhammet Gandymowyň, Muhammetnazar Annamuhammedowyň, Romanguly Mustakowyň, Amannepes Şyhnepesowyň ylmy işlerinde Magtymgulynyň döredijiligine sufizmiň ýetiren täsiri, onuň halypalary, şahyryň eserlerinde sufistik garaýyşlaryň ýüze çykarylyşy barada ylmy pikirler ýöredilýär. Sufistik edebiýatda şahyr öz pikirini beýan etmek üçin birnäçe çeperçilik däplerini ulanýar. Magtymguly gahrymanyň içki syrly dünýäsini açmakda sufistik edebiýatyň düýş gördürmek, ukuly, gapyl görkezmek, söhbete salmak, mejlise gatnaşdyrmak, hal pursadyna düşürmek, hylwat, şygyr okatmak, raks ýaly ýollar bilen heserlendirmek, seýrana çykarmak, uçuryp goýbermek, göçürmek ýaly çeperçilik däplerini işläpdir. Şu agzalan çeperçilik däpleriniň ählisi hem syrly. Olar adamyň kalbynda gizlin bolan, görüp bolmaýan, emma örän ajaýyp, juda mukaddes ylahy gymmatlygy açmaga hyzmat edýär. Düýş gördürmek arkaly gahrymanyň içki dünýäsini açmak sufizmiň iň ýörgünli däbidir. Magtymguly Pyragy «Turgul diýdiler», «Boldum girýana», «Seda boldum», «Äleme belgilidir», «Bir nan getirdi», «Diwana geldi», «Uçdum, ýaranlar» ýaly goşgularynda sufizmiň bu däbini ussatlarça peýdalanypdyr. Uzak ýyllaryň dowamynda edebiýatçylarymyz ylahy düýşüň dünýäsine doly aralaşyp bilmän, ony adaty düýş görmek bilen gatyşdyryp geldiler. Aslynda, bu görülýän «syrly düýşleriň» ylmy we çeperçilik esaslary bardyr. «Düýş» bu ýerde çeperçilik serişdesi bolup, ol gahrymanyň içki joşgunyny, hyjuwyny, zowky täsirli beýan etmäge hyzmat edýär. Gahrymanyň daşky ten agzalarynyň — gözüniň, gulagynyň, diliniň ýitip, içki ruhy agzalarynyň, ýagny köňül gözgüsiniň oýanmagy onuň zowka ýa-da hal pusadyna düşmegidir. Gahryman bu pursada düýşünde ýetýär. Şonda oňa ähli syrlar aýan bolýar. Sufistik edebiýatda gahrymanyň zowk ýa-da hal pursadyna gowuşmagy üçin onuň geçmeli ýoly bar. Ol munuň üçin sufizmiň magrypet, şerigat, tarykat, hakykat atly ruhy kämillik basgançaklaryndan geçmeli. Magtymguly bu basgançaklary goşgusynda: Bir suprada dört yssy nan, Üstünde ýedi nar gördüm — diýip belleýär. Bu ýerde aýdylýan ýedi nar tarykat basgançagynyň duralgalaryny aňladýar. Olar: toba, wara (ägä bolmak), zuhd (özüňi çäklendirmek), pakyrlyk, sabyr, tawakkul (özüňi inkär etmek), rida (bendelik). Magtymgulynyň sufistik garaýyşlaryny ilkinjileriň hatarynda açmaga şowly synanyşyk eden magtymgulyşynas alym Muhammetnazar Annamuhammedow «Turgul diýdiler» goşgusynyň derňewinde goşgynyň gahrymanyna pirler, erenler, çiltenler tarapyndan meý içirilip berlen ylhamy şahyrlyk ylhamy bilen gatyşdyrmaly däldigi, bu ýerde Alla, syrly äleme akyl ýetiriş ylhamy barada gürrüň edilýändigi hakynda aýdýar. Beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň syrly goşgulary, ylahy dünýä baradaky gürrüňler bir gazet makalasynyň çygryndan has uludyr. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen, Magtymguly Pyragynyň döredijiligini dünýä ýaýmak, şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyny giňden dabaralandyrmak ugrunda alnyp barylýan işler barha giň gerim alýar. Bular bize beýik şahyryň şahyrana şahsyýetine, onuň edebi mirasyna, umumadamzat genjine goşan goşandyna has aýdyň göz ýetirmäge uly mümkinçilikleri döredýär.

27.05.2024 25

Täze habarlar

Jemgyýet Jebisligiň aýdyň ýoly
07.09.2024   7
Jemgyýet Işjeňligiň döwrebap nusgasy
07.09.2024   10
Jemgyýet Söhbetdeşlik geçirildi
06.09.2024   6
Jemgyýet Duşuşyk geçirildi
06.09.2024   7
Ykdysadyýet Tohumyň müňlesin, daýhan!
05.09.2024   8