Dashoguz.live – Täzelikler Portaly
weather dashoguz -8° C Daşoguz

Söwda we maliýe

Nesil terbiýesi ilki bilen milli ruhdan gözbaş alyp gaýdýar. Paýhasly ata-babalarymyz öz perzentlerini belent watançylyk ruhunda terbiýeläpdirler. Çünki mertlik, batyrlyk, edermenlik, parasatlylyk, ugurtapyjylyk ýaly häsiýetler biri-biri bilen kemsiz utgaşyp, hakyky türkmen şahsyýetini kemala getirýär. Hut şonuň üçin hem, türkmen perzendiniň edep-terbiýesiniň gönezliginde müňýyllyklardan aşan asylly edim-gylymlarymyzyň bardygyny bellemek buýsandyryjydyr. Häzirki bagtyýarlyk döwrümizde hem çagalara ylym-bilim öwretmek, olaryň okuwa bolan höweslerini artdyrmak ata-enäniň jemgyýetiň öňünde durýan esasy borçlarynyň biridir. Şeýle çuňňur alada ýaşlaryň belent ruhda terbiýelenip, bagtyýar Watanymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösmegine goşant goşup bilýän ökde hünärmenler bolup ýetişmeklerine getirýär. Bilşimiz ýaly, döwletimiziň geljegi bolan ýaşlar türkmen jemgyýetiniň ygtybarly hereketlendiriji güýjüdir. Ýaşlaryň jemgyýete, il-güne peýdaly işlere işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak olarda asylly sypatlary ösdürýän halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden milli terbiýesiniň möhüm kadasy we ýörelgesidir. Şu nukdaýnazardan, ata Watanymyz Türkmenistanda XXI asyrda halkyň taryhy-medeni geçmişine doly düşünýän, döwletiň bu günki ýeten belentliklerine guwanýan, jemgyýete peýdaly, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşýan hakyky watansöýüji nesiller kemala getirilýär. Ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň orny örän uludyr. Şu nukdaýnazardan, ýerli geňeşleriň guramagynda harby gullukçylary mertlik, edermenlik we watansöýüjilik ruhunda terbiýelemek, merdana ata-babalarymyzyň geçen şöhratly söweş ýollaryny şahsy düzümiň arasynda giňden wagyz etmek maksady bilen, olaryň  arasynda dürli medeni, wagyz-nesihat çäreleri, maslahatlar yzygiderli geçirilýär. Bularyň ählisi ýaşlaryň watançylyk ruhunda terbiýelenmeklerine uly itergi berýär hem-de ýurdumyzda ýaşlaryň hukuk we durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmek, olarda eziz Watanymyza, ruhy-ahlak gymmatlyklarymyza, sagdyn durmuş ýörelgelerine söýgini terbiýelemek ýaly asylly maksatlary nazarlaýar.  

07.12.2023 52
Söwda we maliýe

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, şu ýylyň 15-16-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki halkara maslahat geçirildi. Halkara giňişlikde syýasy-ykdysady ähmiýetli bu maslahaty geçirmek babatynda ýurdumyzyň başlangyjynyň uly goldawa eýe bolmagynyň düýp mazmunyny ulag-logistika ulgamyny ösdürmek, bu ugurda dünýä döwletleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ilerletmek babatda döwletimiziň ägirt uly mümkinçiligine we baý tejribesine uly ähmiýet berilýändiginde görmek bolar. Garaşsyz Türkmenistanyň başlangyjy esasynda gözel paýtagtymyzda 2016-njy ýylda BMG-niň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatynyň geçirilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň dostluk, parahatçylyk we ählumumy abadançylyk ýörelgelerinden ugur alyp, dünýäde köpugurly ulag-aragatnaşyk infrastrukturasyny döretmek ugrundaky başlangyçlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär. Ýurdumyzyň ösüşiniň täze taryhy döwründe baý mazmuna, giň gerime eýe bolýan bu başlangyçlar dünýäde syýasy we ykdysady durnuklylygy gazanmakda ulag-logistika ulgamynyň ähmiýetini aýdyň şöhlelendirýär. Ýurdumyzyň umumadamzat ähmiýetli köpugurly ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek boýunça başlangyçlarynyň, öňe sürýän teklipleriniň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan uly goldawa eýe bolandygyny aýratyn nygtamak zerurdyr. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2014-nji ýyldaky 69-njy mejlisinde «Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny», 2015-nji ýyldaky 70-nji mejlisinde «Durnukly köpugurly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegine ýardam bermek maksady bilen, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arasynda hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üpjün edilmegi ugrunda», 2017-nji ýyldaky 72-nji mejlisiniň 74-nji maslahatynda «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda, ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek», 2021-nji ýyldaky 75-nji mejlisiniň 96-njy plenar maslahatynda «Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnamalaryň kabul edilmegi döwletimiz tarapyndan öňe sürülýän garaýyşlaryň umumadamzat bähbitlerine laýyk gelýändigini tassyklaýar. Bu ugurdaky başlangyçlar, öňdengörüjilikli garaýyşlar häzirki wagtda hem ähmiýetliligi bilen bütin dünýäde gyzyklanma döredýär. Belent ynsanperwer maksatlary nazarlaýan bu başlangyçlar halkara hyzmatdaşlygy berkarar etmekde esasy ýörelge bolup hyzmat edýär. Arkadagly Serdarymyzyň 21-nji iýulda Gyrgyz Respublikasynda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň dördünji konsultatiw duşuşygynda eden çykyşynda: «Ulag we logistika Ýewraziýanyň täze geoykdysady giňişligini döretmegiň esasydyr» diýip nygtap geçmegi hem ýurdumyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dünýäde parahatçylygy, döwletleriň, halklaryň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklary, ählumumy ösüşi berkarar etmekde bu asylly ýörelgeden ugur alýandygyny tassyklaýar. Ýurdumyzyň ösüş arkaly parahatçylyk ýörelgesinden gözbaş alýan ulag-logistika syýasatynyň netijesinde, Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe, Demirgazyk — Günorta, Hazar deňzi — Gara deňiz, Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman, Hytaý — Gazagystan — Türkmenistan — Eýran — Türkiýe, Hytaý — Täjigistan — Özbegistan —Türkmenistan — Eýran — Türkiýe ýaly halkara ulag geçelgeleriniň taslamalary işjeň durmuşa geçirilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz dünýäniň dostlukdan, hoşniýetlilikden ugur alýan ýollarynyň çatrygyna, parahatçylygyň, abadançylygyň mesgenine öwrülýär.  

20.08.2023 45
Söwda we maliýe

Uglewodorod serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän taraplaryň köpelmegi ýurdumyzda deňhukukly we özara bähbitli esasda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň barha ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridir. Türkmenistan tebigy gazyň tassyklanylan gorlarynyň möçberi boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär we häzirki wagtda Merkezi Aziýa sebitinde “mawy ýangyjy” iberýän esasy döwletleriň hataryna girýär. Özüniň geosyýasy taýadan amatly ýerleşýändigi hem-de uglewodorod serişdelerine örän baýdygy netijesinde, ýurdumyz ýewropa we aziýa bazarlaryny hem öz içine alýan dürli ugurlar boýunça gazy eksport etmegi artdyrmak üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň hünärmenleriniň öňünde pudagyň serişdeler binýadyny pugtalandyrmak, şol sanda Hazar deňziniň türkmen bölegindäki we kenarýaka zolagyndaky, Amyderýanyň kenarlaryndaky, Merkezi Garagumdaky nebitgaz ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmegiň hasabyna baýlaşdyrmak ýaly möhüm wezipeler durýar. “Galkynyş” gaz käni ýokary depginlerde özleşdirilýär. Nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, türkmen energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň köp şahaly ulgamyny döretmek bilen bir hatarda, nebitgaz senagatynyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemäge, şol sanda nebithimiýa, gazhimiýa we himiýa pudaklaryna, elektroenergetika degişli serişdeleriň gaýtadan işlenilmegine ýöriteleşdirilýän iri senagat desgalarynyň gurluşygyna uly üns berilýär.

31.05.2023 51
Söwda we maliýe

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň welaýatlarynda täze binagärlik we şähergurluşyk keşbini kemala getirmek, şeýle hem ulag we kommunikasiýa toplumyna degişli edaralaryň işgärleri üçin has oňaýly ýaşaýyş şertlerini döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentligine ulag we kommunikasiýa toplumyna degişli edaralaryň işgärlerine satmak maksady bilen, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde ähli amatlyklary bolan, 4 gatly, 60 öýli 5 sany ýaşaýyş jaý toplumynyň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Ynamly hyzmatdaşlar” hojalyk jemgyýeti bilen şertnamany öz serişdeleriniň hasabyna baglanyşmaga ygtyýar berildi. Gurluşyk işlerine 2022-nji ýylyň aprel aýynda başlamak hem-de ýaşaýyş jaý toplumyny 2024-nji ýylyň aprel aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.  

09.04.2023 42
Söwda we maliýe

Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Mejlisiň dowamynda Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän edaralarynda şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bu toplum tarapyndan hasabat döwründe ýerine ýetirilen işleriň hem-de hyzmatlaryň ösüş depgini 113,3 göterime barabar boldy. “Türkmendemirýollary” agentligi boýunça ýanwar — mart aýlarynda ösüş depgini 116,8 göterime, üstaşyr geçirilen ýükleriň ösüş depgini 121,4 göterime deň boldy. “Türkmenawtoulaglary” agentligi boýunça hyzmat etmek babatyndaky ösüş depgini 138,6 göterime deň boldy. “Türkmenhowaýollary” agentligi boýunça ösüş depgini 109 göterime, “Türkmendeňizderýaýollary” agentligi boýunça 105,4 göterime, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi boýunça hem 107,7 göterime deň boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, belli bolan wakalar bilen bagly bütin dünýäde girizilen çäklendirmeler zerarly, häzirki wagtda aýry-aýry ulag pudaklarynyň has düýpli kynçylyklary başdan geçirýändigini nygtady. Şoňa görä-de, agentlikleriň maliýe üpjünçiligine aýratyn üns bermek zerurdyr. Döwlet Baştutanymyz howa gatnawlarynyň ýatyrylmagy we ýük akymlarynyň azalmagy netijesinde, bu agentlikleriň önümçilik tabşyrygyny ýerine ýetirmegi bilen bagly soraglaryň ýüze çykýandygyny aýdyp, agentligiň ýolbaşçysyna, wise-premýer M.Muhammedow bilen bilelikde ýylyň ahyryna çenli ýüze çykyp biläýjek ýagdaýlary ara alyp maslahatlaşmagy tabşyrdy.

07.04.2023 34
Söwda we maliýe

Soňky ýyllarda dünýäde pes uglerodly, hususan-da, wodorod energiýasy hem-de energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerinden peýdalanmaga uly üns berilýär. Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri boýunça halkara agentligi (IRENA) alternatiw energiýa çeşmeleriniň önümçiligini ýola goýmak ugrunda tagalla edýär. Tutuş dünýäde energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerinden peýdalanmak üçin ummasyz möçberde maýa goýumlaryny gönükdirmegiň zerur bolup durýandygyny belleýär. 2030-njy ýyla çenli şeýle energiýa çeşmelerini ulanmak üçin häzirden maýa goýumlary artdyryp, 5.7 trillion dollara çenli maliýe serişdelerini özleşdirmek gerekdir. Dünýä jemgyýetçiligi howanyň üýtgemegine garşy göreşmek maksady bilen “ýaşyl” ykdysadyýet ugruna uly ähmiýet berýär. Bu maksatlara ýetmek üçin elektromobilleriň önümçiligini artdyrmak we beýleki alternatiw energiýaly önümçilikleri döretmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem wodorod energetika ulgamyna aýratyn ähmiýet berler. Energiýanyň arassa önümçiligine geçmek köp sanly peýdaly taraplary hem öz içine alýar. 2030-njy ýyla çenli 85 million täze iş orunlarynyň döremegine getirer.

01.04.2023 38
Söwda we maliýe

Halk döredijiligini gözli çeşmä meňzedenler ýalňyşmandyr. Halk paýhasynyň döreden gymmatlyklaryny ýygnap boldum etmek mümkin däl. Muňa dokmaçylyk işi bilen bagly pähimleriň mysalynda hem göz ýetirmek mümkin. Dokmaçylyk işinde erişdir argajyň inçe bolmagy bu pudakda işiň hiline täsir edýän esasy zat bolmagynda galýar. Her bir inedördül metr ýere näçe köp çitim sygan bolsa, haly şonça-da nepis bolýar. «Inçe — zyba, ýogyn — gaba» diýilmesi, hut dokma ýüplükleriniň inçe-ýogynlygy bilen bagly aýdylýan pähimdir. Haly ýüplükleriniň inçe-ýogynlygy dogrusynda başga-da juda köp pähimler aýdylýar. «Inçe — ezberiňki, ýogyn-çamanyňky», «Eli ýüwrük inçe işlär» ýaly pähimleriň hemmesi şol bir pikiri gaýtalaýar. Çuwal ganar-gaýym bolmagy üçin sähel ýogynrak ýüplüklerden dokalypdyr. Şonuň bilen bagly hem «Ýogyndan ganar, inçeden-torba» diýen pähim döräpdir. Mälim bolşy ýaly, inçe ýüplükden haly dokalanda dokma önümi has nepis bolsa-da, ýogyn ýüplükdäkä garanda iş haýal gidýär. «Inçe artar, ýogyn ýortar» diýilmegi şonuň bilen baglydyr. Haly önümlerindäki belli bir nagyş toplumynyň daşyny jähekleýän, şeýle hem gölleri birleşdirýän gara çyzyga «dogry gara» diýilýär. Dokmaçylykda öwrenje gyzlara ilki bilen şol dogry garany çitdiripdirler. Ony dogry çitip bilmän gyşardaýsa, «Dogry garany ýykan, ejesiniň için ýakan» diýer ekenler. Ýa-da «Dogry garany çekip bilmez halyňa dogry ýoldan nähili ýörärkäň?» diýipdirler. Hünärmentçiligiň her bir pudagynda bolşy ýaly, dokmaçylyk üçin mahsus pähimler, yrymlar, aýdylýan ýörgünli sözler hem döräpdir.

21.03.2023 52
Söwda we maliýe

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Lebap welaýatynda suwuklandyrylan gaz öndürmek boýunça müdirliginiň işi suwuklandyrylan gazyp önümçilik möçberlerini giňeltmeklige we ony eksport edijileriň sanawyny artdyrmaklyga gönükdirilendir. Häzirki zaman desgalarda öndürilen bu gymmatly önüm üçin täze eksport ugurlary kesgitlenildi. Bu barada “turkmengaz.gov.tm” internet neşirinde habar berilýär. Netijede, 2021-nji ýylda ýurdumyzyň gündogar sebitinden suwuklandyrylan gaz ibermeleri Özbegistana we Täjigistana amala aşyrylyp başlandy. Şu ýylyň başy hem ýokary önümçilik görkezijilerine beslendi. Ýanwar aýynda müdirlik boýunça suwuklandyrylan gazyň 8,4 müň tonnasy öndürildi. Geçen ýylyň ýanwar aýynyň görkezijileri bilen deňeşdirilende, ösüş depgini 116%-e deň boldy. Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawody üçin 5,4 müň tonna gaz kondensaty öndürilip, iberildi. Harytlyk önümleriň nobatdaky tapgyry goňşy Owganystana iberildi. Belläp geçsek, Naýyp we Bagaja gaz ýataklarynda suwuklandyrylan gazyň eksport möçberleri 2020-nji ýylda 95 müň tonna deň boldy. 2019-njy ýyl bilen deňeşdirilende ösüş depgini 105%-e deň boldy.

14.03.2023 37
Söwda we maliýe

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda dürli maksatly binalar, önümçilik kärhanalary, ýaşaýyş jaý toplumlary gurlup, ulanmaga berilýär. Bu döwrebap binalar halkymyza ygtybarly hyzmat edip, etrapdyr şäherlerimiziň, obalarymyzyň görküne görk goşýar. Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç şäherinde hem soňky ýyllarda birnäçe önümçilik kärhanalary, orta mekdepler, çagalar baglary, ýaşaýyş jaýlary gurlup, ulanylmaga berildi. Häzirki wagtda hem şäheriň merkezi köçesiniň ugrunda Türkmenistanyň «Halkbank» paýdarlar täjirçilik bankynyň Köneürgenç etrap şahamçasynyň iki gatly edara binasynyň gurluşyk işleri ýokary depginde barýar. Bu binanyň gurluşygyny welaýat häkimliginiň gurluşyk önümleri kärhanasynyň ezber elli gurluşykçylary alyp barýarlar. Bu binanyň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň toýlanjak şu ýylda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýär. Yzygiderli gurlup, ulanmaga berilýän döwrebap binalar şäheriň gözelligine gözellik goşýar.

21.02.2023 36
Söwda we maliýe

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mähriban Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyryp ösdürmek bilen, ýurtda durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, ähli ykdysady pudaklary sanlylaşdyrmak hem-de bank ulgamynyň işine döwrebap tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak wezipeleri durmuşa geçirilýär. Bank hyzmatlarynyň esasy ugry bolan bank kartlary arkaly nagt däl hasaplaşyklary geçirmäge aýratyn orun degişlidir. Nagt däl hasaplaşyk tehnologiýalary bütin dünýäde birnäçe onýyllygyň dowamynda halk köpçüligi üçin bank hyzmatlarynyň ygtybarly, netijeli görnüşi bolup gelýär we giňden peýdalanylýar. Nagt däl hasaplaşyklar diýlip, nagt pullary ulanmazdan, karz edaralaryndaky hasaplar boýunça pul serişdelerini geçirmäge düşünilýär. Nagt däl hasaplaşyklar pul serişdeleriniň dolanyşygyny tizleşdirmekde, kadaly pul dolanyşygy üçin zerur bolan nagt pullaryň möçberini azaltmakda möhüm ykdysady ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklary, sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça möhüm işler alnyp barylýar. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» we «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, ýurdumyzyň milli bank ulgamyny ösdürmekde, ýokary hilli bank amallaryny ýerine ýetirmekde bellenen ugurlar boýunça netijeli işler amala aşyrylýar. Olaryň hatarynda nagt däl hasaplaşyklary ösdürmek, önümçilik we sarp ediş maksatly karzlaryň möçberini artdyrmak, bank kartlary arkaly hereket edýän töleg ulgamlary bilen halkara ulgamlarynyň birikdirilmegi boýunça işleri geçirmek, bank kartlarynyň kömegi bilen harytlar we hyzmatlar üçin tölegleri nagt däl görnüşinde amala aşyrmaga mümkinçilikleri giňeltmek ýaly işleri görkezmek bolar. Döwrebap bank hyzmatlarynyň görnüşleriniň biri hem «Maşgala» bank karty hyzmatydyr. «Maşgala» bank karty «Altyn asyr» bank kartynyň hasabyna birikdirilmek bilen, müşderiniň islegine baglylykda, maşgalanyň her bir agzasyna, şol sanda 7 ýaşdan uly bolan çagalara açylyp bilner. Müşderiniň arzasy ýa-da «Internet-bank» hyzmaty arkaly maşgalanyň her bir agzasy üçin aýratynlykda hepdelik sarp ediljek pul mukdarynyň möçberini kesgitlemäge mümkinçilik döredilen. «Maşgala» bank karty çagalara we talyplara gerekli okuw esbaplaryny we beýleki harytlary satyn almaga, söwda we dynç alyş nokatlarynda hasaplaşyklary geçirmäge, «Internet-bank» we «Mobil-bank» hyzmatlary arkaly karzlaryň göterimini we esasy bergisini tölemäge, telefon, öýjükli telefon, IP-TV we internet hasabyny doldurmaga, bank kartynyň galyndysyny bilmäge amatly mümkinçilikleri berýär. Bank kartlarynyň gündelik durmuşymyzda ulanyşa girizilmegi bilen, birnäçe ýagdaýda wagtymyzy tygşytlamaga şert döreýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda amala aşyrylýan maliýe we bank ulgamyndaky özgertmeleriň ählisi ýurdumyzyň raýatlarynyň hal-ýagdaýyny dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň derejesine ýetirmäge gönükdirilendir.

29.12.2022 87

Täze habarlar

Jemgyýet Beýik halkyň taryhy hem beýikdir
06.12.2024   12
Jemgyýet Baýramçylyk dabarasy geçirildi
04.12.2024   12
Jemgyýet Hemişelik Bitaraplygyň buýsanjy
04.12.2024   15
Jemgyýet Şanly senä bagyşlandy
03.12.2024   12
Jemgyýet Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby
03.12.2024   13
Ykdysadyýet Şalyçylaryň zähmet üstünligi
02.12.2024   11