Dashoguz.live – Täzelikler Portaly
weather dashoguz 23° C Daşoguz

Arhiwler boýunça netije: 2026-05

Jemgyýet

Milli senenamamyzda mynasyp orun alan Gurban baýramy ynsan kalbynyň tämiz ruhy gözelliklerini berkidýän baýramlaryň biri hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir. Däp-dessurlaryna gadyr goýýan halkymyz şu ýyl hem bu baýramy uly ruhubelentlige besläp garşy aldy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda üç günläp dowam edýän baýramçylyk mynasybetli guralýan dabaralardaky köpöwüşginli pursatlar halkymyzyň milli ýörelgelerine ygrarlylygynyň aýdyň subutnamasyna öwrülýär. Baýramyň ikinji gününde Daşoguz welaýatynyň welaýat merkezindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň baýramçylyk meýdançasynda, Andalyp şaýolunyň ugrundaky seýilgähde, “Galkynyş” seýilgähinde, Daşoguzyň ýazky aýdym-saz merkezinde, şeýle-de welaýatyň ähli etraplaryndaky dynç alyş seýilgählerinde guralan dabaralar baý many-mazmuna eýe boldy. Olarda ýerine ýetirilen aýdym-sazly çykyşlar, şäher, etrap medeniýet bölümleriniň, sungat we çeperçilik mekdepleriniň guramagynda ýaýbaňlandyrylan el işleriniň, milli hünärmentçilik, senetçilik, amaly-haşam sungatynyň sergileri gezelenje çykan ildeşlerimiziň baýramçylyk şatlygyny goşalandyryp, kalplaryny egsilmez buýsanja besledi. Baýramçylyga mahsus aýratynlyklaryň biri bolan hiňňildikleriň töweregi hem köp adamly boldy. Ýürek joşduryjy pursatlar berkarar döwletimizde ata-babalarymyzdan miras galan milli gymmatlyklarymyzyň sarpalanýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.    

28.05.2026 40
Jemgyýet

Gurban baýramynyň mynasyp derejede garşy alynmagy ýurdumyzyň asudalygyny, parahatlygyny, Watanymyzyň beýik ösüşleriň ak ýoly bilen geljege sary ynamly öňe barýandygyny alamatlandyrýar. Baýramyň ilkinji güni ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly Daşoguz welaýatynyň iň görnükli künjekleriniň birinde ýerleşen «Türkmeniň ak öýi» binasynyň öňündäki meýdançada guralan dabaralaryň şatlyk-şowhuny degre-daşy gurşap aldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda döredip, nesilden-nesle geçirilip gelýän däp-dessurlaryna, milli baýramlaryna uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrülen baýramçylyk dabarasyna ildeşlerimiz uly ruhubelentlik bilen gatnaşdy. Ýatdagalyjy öwüşginlere beslenen dabara ildeşlerimiziň, il sylagly ýaşulularyň, mährem eneleriň, bagtyýar ýaşlaryň, şadyýan çagalaryň kalplarynda ruhy galkynyşy döretdi. Baýramçylyk dabarasynyň ýaýbaňlandyrylan toý meýdançasynda gurlan ak öýleriň hatarydyr hiňňildikler milli hem döwrebap sazlaşygy emele getirdi. Baýramçylygyň iň esasy aýratynlygy bolan toý gazanlarynda atarylan milli tagamlar, giňden ýazylan desterhanlaryň bezegi bolan gök önümlerdir miweler ýurdumyzda azyk bolçulygynyň berkarardygynyň aýdyň güwäsine öwrüldi. Toý gatlamalarydyr pişmelerini taýýarlaýan gelin-gyzlaryň ýerine ýetiren folklor çykyşlary dabaranyň mazmunyny baýlaşdyrdy. Baýramyň esasy alamaty bolan hiňňildikleriň töweregi hem şatlyk-şowhuna beslendi. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşy, gadymy däp-dessurlary we milli medeniýeti welaýatyň folklor-tans toparlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly, şowhunly çykyşlarynda öz beýanyny tapdy. Läleler, monjugatdylar, aýdyşyk aýdymlary dabaranyň şagalaňyny has-da belende göterdi. Baýramçylyk meýdançasynda milli oýunlary oýnaýan şadyýan çagajyklaryň ýüzlerinde bagtyýar döwrümize, parahat durmuşymyza bolan buýsanç mese-mälim duýulýardy. Milli göreş, ýaglyga towusmak, düzzüm, küşt, ýüzük bukdy oýunlarynyň ýaýbaňlandyrylmagy medeni gymmatlyklarymyzyň mynasyp dowam etdirilýändigini äşgär etdi. Dabaranyň dowamy welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň, höwesjeň aýdymçylarynyň taýýarlan baýramçylyk

27.05.2026 37
Jemgyýet

Daşoguz welaýatynda hereket edýän çagalar sungat mekdepleriniň orkestr toparlarynyň arasynda «Bedew batly at-myradyň ýylynda owazlar sazlaşýar, ýürekler joşýar» ady bilen yglan edilen bäsleşigiň Daşoguz welaýat tapgyry geçirildi. Oňa deslapky tapgyrlarda ýeňiji bolan orkestr toparlary gatnaşyp, bäsleşigiň şertlerine görä türkmen we daşary ýurt kompozitorlarynyň saz eserlerini ýerine ýetirdiler. Bäsleşigiň dowamynda ýaş sazandalar ýokary taýýarlyk derejelerini açyp görkezdiler. Netijede, 1-nji orna Daşoguz welaýat çagalar sungat mekdebi we Şabat etrabynyň çagalar sungat mekdebi mynasyp boldular. 2,3-nji orunlara, degişlilikde, Görogly etrabynyň we Daşoguz şäheriniň 2-nji çagalar sungat mekdepleriniň orkestr toparlary eýe boldular. Ýeňijiler Daşoguz welaýat Medeniýet müdirliginiň, TMÝG-niň Daşoguz welaýat geňeşiniň ýörite baýraklary we Hormat hatlary bilen sylaglanyldy.  

29.05.2026 37
Jemgyýet

Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynyň bilim bölüminiň, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramagynda etrapdaky daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 57-nji orta mekdepde «Milli miras ― nesillere görelde» atly şygar astynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Oňa il sylagly ýaşulular, mährem eneler, etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim işgärleri, mekdebiň ýokary synp okuwçylary we mugallymlar gatnaşdy. Duşuşygyň esasy maksady ýaşlarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren mertlik, edermenlik, watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlik, päkýüreklilik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemekden, olaryň ählitaraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli-ylymly bolmagyny, şeýle-de zyýanly endiklerden daşda durmagyny gazanmakdan ybarat boldy. Duşuşykda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan her bir tutumly başlangyçlarda ýaş nesillerimiziň asuda, abadan, parahat durmuşda ýaşamagy, bilim almagy, zähmet çekmegi baradaky belent maksatlaryň durýandygyny buýsanç bilen bellediler.  Duşuşygyň dowamynda ýurdumyzda ýaşlar barada edilýän aladalar, olaryň döwrebap bilim-terbiýe almagy, hünär öwrenmegi, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi babatynda durmuşa geçirilýän işler dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.

29.05.2026 38
Jemgyýet

Gyzykly geçen ýaryş Döwlet edaralarynyň işgärleriniň Daşoguz şäher geňeşiniň guramagynda Daşoguz welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň hem-de welaýatyň ykdysady toplumyna degişli edaralaryň işgärleriniň arasynda sportuň kiçi futbol, düzzüm görnüşleri boýunça ýaryş geçirildi. Daşoguz şäheriniň «Garaşsyzlyk» sport toplumynda geçirilen ýaryş ýokary ruhubelentlige beslendi.Ýaryşyň netijelerine eminler topary tarapyndan adalatly baha berildi. Şunlukda, umumylykda Baş maliýe we ykdysadyýet müdirliginiň işgärlerinden düzülen ýygyndy topar birinji, «Türkmenstandartlary» döwlet gullugynyň we bank edaralarynyň işgärlerinden düzülen toparlar, degişlilikde, ikinji we üçünji ýerleri eýelemegi başardylar. Ýeňijilere ýaryşy guraýjylar tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar dabaraly gowşuryldy.

27.05.2026 38
Jemgyýet

Her bir güni ýatdan çykmajak taryhy wakalara beslenýän ýurdumyzda 2025-2026-njy okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen ajaýyp şygar esasynda «Soňky jaň» dabaralary geçirildi. Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda hem baýramçylyk güni ir säher bilen bagtyýar uçurymlaryň ýüzlerçesi Daşoguz şäheriniň görküne görk goşýan Baş baýdak meýdançasyna ýygnandylar. Kalbynda ýagşy arzuw-umytlary bilen bagtyýar geljege rowana bolýan uçurymlar Baş baýdak sütünine gül desselerini goýdular. Döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen badalga alan «Soňky jaň» dabaralarynda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlara we ähli bilim işgärlerine iberen Gutlagy okaldy. Soňra baýramçylyk dabaralary bagtyýar uçurymlaryň aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi. Mekdep durmuşy ynsan ömrüniň gymmatly sahypalarynyň biridir. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly toýunyň giňden bellenilýän ýylynda welaýatyň orta mekdeplerini uçurymlaryň 23900-den gowragy tamamlaýar. Milli bilim ulgamynda geçirilýän özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň ähli bilim-terbiýeçilik edaralaryna sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy, okatmagyň iň täze innowasion usullarynyň ulanylmagy ýaşlarymyzyň dünýä derejesinde bilim almagyna şertleri döredýär. 2025-2026-njy okuw ýylynda welaýatyň mekdep okuwçylary «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda 67 sany baýrakly orunlara mynasyp boldular. Halkara olimpiadalarda gazanylan üstünlikler bolsa milli bilim ulgamynda geçirilýän özgertmeleriň guwandyryjy netijeleriniň biridir. Dabaralaryň dowamynda bagtyýar uçurymlaryň mekdebiň simwoliki açaryny birinji synpa gelen okuwçylara dabaraly gowşurmagy tolgundyryjy pursatlara beslendi. Şol pursatda ýaňlanan soňky jaň sesiniň hoş owazy uçurymlaryň kalbyny lerzana getirdi. Asuda asmana uçurylan ak kepderiler bolsa dabaranyň ruhy joşgunyny has-da artdyrdy. «Soňky jaň» dabarasy mynasybetli dabaralar soňra welaýat kitaphanasynyň öňündäki meýdançada dowam etdi. Dabarada ilki bilen, welaýatyň häkimi Döwletgeldi Babaýew Türkmenistanyň orta mekdepleriniň uçurymlaryna, mugallymlaryna we ähli bilim işgärlerine hormatly Prezidentimiziň iberen Gutlagyny okady. Gutlagda bellenilişi ýaly, bilim asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli buýsanjymyzyň gözbaşydyr, abraý-mertebämiziň dünýä dolan belentligidir, abadançylygymyzyň we beýik ösüşlerimiziň sarsmaz binýadydyr. Hormatly Prezidentimiziň Gutlagyny dabara gatnaşyjylar gyzgyn el çarpyşmalar bilen garşyladylar. Dabarada döwlet we halkara derejede geçirilen bäsleşiklerde ýeňiji bolan mekdep okuwçylaryna we olaryň mugallymlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Soňra bu ýerde baýramçylyk mynasybetli medeniýet we sungat işgärleriniň baýramçylyk konserti geçirildi. Mekdep durmuşyny, juwan ýaşlygy, nowjuwan bahary hem-de ata Watanymyzyň beýik ösüşlerini wasp edýän aýdym-sazly çykyşlar dabara gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Asuda asmany bezän dürli reňkli şarlar, parahatçylygyň nyşanyna öwrülen akja kepderiler dabara aýratyn many-mazmun bagyşlady.

26.05.2026 41
Jemgyýet

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy pederlerimiziň asyrlar boýy arzuw eden azatlygynyň, özbaşdaklygynyň, döwletliliginiň we milli galkynyşynyň dabaralanmasydyr. Bu sene ýurdumyzyň taryhynyň täze bir sahypasyny jemleýän we geljege uly ynam bilen garamaga mümkinçilik berýän taryhy menzildir. 1991-nji ýylyň güýzünde Türkmenistan özüniň Garaşsyzlygyny dünýä äşgär etdi. Şondan bäri geçen 35 ýylyň dowamynda ýurdumyz taryh üçin gysga, emma mazmuny boýunça asyrlara barabar bolan uly ösüş ýoluny geçdi. Garaşsyzlyk bize öz ykbalymyzy kesgitlemäge, milli gymmatlyklarymyzy dikeltmäge we dünýä bileleşiginde abraýly orny eýelemäge mümkinçilik berdi. Şanly 35 ýylyň içinde Türkmenistan agrar ýurtdan senagatlaşan, ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrüldi. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlan döwrebap şäherler, täze önümçilik kärhanalary, halkara ähmiýetli ulag-üstaşyr geçelgeleri Garaşsyzlygyň beren miweleridir. «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgeler esasynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagy, şäherdir obalarymyzyň keşbiniň düýpgöter özgermegi bu mukaddesligiň amaly beýanydyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halky özüniň gadymy medeniýetine, asylly däp-dessurlaryna we edebi mirasyna täzeden gowuşdy. Magtymguly Pyragynyň, Döwletmämmet Azadynyň we beýleki söz ussatlarymyzyň arzuw eden döwletliligi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öz hakyky beýanyny tapdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy biziň agzybirligimiziň we jebisligimiziň baýramydyr. Geçen ýollara nazar salanymyzda, gazanylan üstünlikleriň her birinde halkymyzyň halal zähmetini, ertirki gününe bolan ynamyny görýäris. Şanly ýylda gurlup ulanmaga berilýän her bir desga, gazanylýan her bir ýeňiş mukaddes Garaşsyzlygymyzyň sarsmaz sütünidir. Goý, Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygy ebedi, halkymyzyň ýoly bolsa elmydama ak we rowaç bolsun!

25.05.2026 41
Jemgyýet

Täze taryhy döwrümiziň ajaýyp şygarly ýylynyň toý-baýramlarynyň üstüni ýetirýän ýene-de bir şanly senäni — Aşgabat şäheriniň gününi agzybir halkymyz uly dabaralara besleýär. Bu günki gün gözel paýtagtymyz öz durkunda ajaýyplygyň hem döredijiligiň nurana beýanyny jemläp, ýalkym saçýar. Häzirki wagtda Aşgabat şäheri belent başlangyçlaryň netijesinde ähli ugurlar babatda döwrebap ösüşlere beslenip, tutuş dünýäniň ünsüni bir maksatda jemleýän çäreleriň geçirilýän meýdançasyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli tagallalarynyň netijesinde häzirki wagtda gözel paýtagtymyz sebitde we dünýäde adamlaryň oňaýly ýaşaýşyny, durmuşyň ýokary derejesini, öndürijilikli zähmetini we göwnejaý dynç alşyny üpjün edýän şäherleriň hatarynda abraýyny artdyrýar. Muny paýtagtymyzyň ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp toplanan şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda orun almagynyň, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň sütüni, «Oguz han» suw çüwdürimler toplumy, «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezi, «Älem» medeni-dynç alyş merkezi, «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezi, atyň dünýäde iň uly keşbi hökmünde Olimpiýa stadionynyň esasy bezegi bolan ahalteke bedewiniň çeper keşbi, dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti ýapyk howuz hökmünde Olimpiýa şäherçesiniň Sportuň suw görnüşleri merkezi, Halklara howa menzili ýaly ajaýyp binalarynyň bu sanawyň üstüni ýetirmeginiň mysaly bilen delillendirmek bolýar. Sebitde we dünýäde parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilen gözel paýtagtymyzyň seýilgähler şäheri diýlip atlandyrylmagy hem hakykata örän laýykdyr. Çünki paýtagtymyzdaky köpsanly seýilgähler, dürli agaç nahallarydyr ajaýyp güller ak şäherimiziň görküni artdyrmak bilen bir hatarda, halkymyzyň döwranly durmuşyna özboluşly öwüşgin çaýýar. BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň berilmegi, ýurdumyzyň başlangyjy bilen paýtagtymyzyň «Dizaýn» ugry boýunça BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi ak şäherimizi döredijilikli ösdürmek babatdaky beýik işleriň tutuş dünýä ýüzünde giň goldawa eýe bolýandygyny doly açyp görkezýär. Hormatly Prezidentimiz: «Berkarar Watanymyzyň paýtagty köp babatda ýurdumyzyň ýeten belent sepgitlerini, at-abraýyny görkezýär» diýip, uly buýsanç bilen belleýär. Munuň durmuş hakykaty ak şäherimiziň gülläp ösüşinde, zyba keşbinde, abadan durmuşynda, ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň ähli şertlerdir mümkinçiliklerden peýdalanyp ýaşaýandyklarynda, dynç alýandyklarynda doly beýanyny tapýar.  

25.05.2026 37
Jemgyýet

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly uly rowaçlyklara beslenip, kalbymyzda çäksiz buýsanç döredýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlary bilen bir hatarda, ýurdumyzyň bilim ulgamyny hem yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň, ony milli we öňdebaryjy tejribeler, umumy ykrar edilen halkara kadalar esasynda kämilleşdirmegiň aýgytlaýjy eýýamydyr» diýen parasatly sözlerinden ugur alyp zähmet çekýän bilim işgärleri 2025-2026-njy okuw ýylyny hem üstünlikli jemleýärler. Okuw ýylynyň dowamynda welaýatyň bilim işgärleri özleri hakynda edilýän aladalara jogap edip, ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermek işine jogapkärli çemeleşýärler. Welaýatyň 533 sany orta mekdebinde hem-de 114 sany çagalar bakja-baglarynda bilim-terbiýeçilik işleri «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna hem-de kabul edilen Döwlet maksatnamalaryna laýyklykda alnyp barylýar. 24 müňe golaý bilim işgäriniň yhlasly zähmeti netijesinde mekdep okuwçylary şu okuw ýylynda uly üstünlikleri gazandylar. Her ýylda geçirilýän «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň döwlet tapgyrynda welaýatymyzyň mekdep okuwçylary 67 sany baýrakly orna mynasyp boldular. Şolardan 10 sanysy birinji, 18 sanysy ikinji, 39 sanysy bolsa üçünji orunlardyr. Ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy babatynda döredilýän şertleriň netijesinde halkara derejede geçirilen ders we taslama bäsleşiklerinde we onlaýn görnüşde geçirilen olimpiadalarda welaýatyň mekdep okuwçylarynyň 21-si altyn, 26-sy kümüş, 19-sy bürünç medallara mynasyp boldular. 2025-2026-njy okuw ýylynda welaýat boýunça 24 müňe golaý uçurym ak mekdebi tamamlap, durmuş ýoluna gadam basar. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 15-nji maýda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde beren tabşyryklaryndan ugur alnyp, welaýatymyzyň ähli orta mekdeplerinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň buýrugy bilen tassyklanan tertipde «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar bilen «Soňky jaň» dabaralary geçiriler. Baýramçylyk dabaralaryny ýokary derejede geçirmek maksady bilen, welaýat Baş bilim müdirligi tarapyndan birnäçe medeni-köpçülik çärelerini geçirmek boýunça meýilnamalaýyn işler alnyp barylýar.    

23.05.2026 37
Jemgyýet

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda pile öndürilişini artdyrmak barada öňde goýýan wezipelerinden ugur alyp, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ýüpek gurçuklaryny idetmek möwsüminde yhlasly zähmet çekýän Daşoguz welaýatynyň pileçi kärendeçileri ýetişdiren bereketli hasyllaryny ýitgisiz ýygnap almaklyga öz wagtynda girişip, häzirki wagtda bu möhüm çäräni ýokary depginlerde alyp barýarlar. Şonuň netijesinde olaryň pile harmanlarynyň başy barha belende göterilip, şu ýylyň hem uly üstünliklere beslenmegine saldamly goşant goşjakdyklaryna şaýatlyk edýär. Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň zähmetsöýer pileçileriniň şu möwsümde-de bu babatda öňe saýlanýandyklary örän guwandyryjydyr. Çünki olar şu günlerde ýetişdirilen hasyly döwlet harmanyna goşmakda görelde alarlyk işleri amala aşyrýarlar. Paýdarlar jemgyýetiniň pile kabul ediş bölüminiň müdiri Röwşenaý Hojaýewanyň aýtmagyna görä, hojalygyň 826 sany pileçi kärendeçisi şu möwsümde jemi 1315 guty ýaş gurçuklary idetmeklige alyp, olara göwnejaý hyzmat etmeklige ähli gujur-gaýratlaryny gönükdiripdirler. Şeýlelikde, olaryň garamagyndaky ýüpek gurçuklarynyň kadaly ösüşi gazanylypdyr. Bu bolsa olaryň ýokary hilli pile hasylyny kemala getirmeklerini üpjün edipdir. Munuň şeýle bolmagynda bu hojalykda ýüpek gurçuklarynyň tohumlaryny örüzip, ýaş gurçuklary taýýarlamakdan başlap, olaryň tut ýapraklary bilen ýeterlik üpjün edilmegine çenli pileçi kärendeçilere döredilýän şertleriň ähmiýeti hem örän uludyr. Paýdarlar jemgyýetinde ýylyň-ýylyna Watan harmanyna bol pile hasylyny tabşyrmakda ýetilýän belent sepgitlere öz ýadawsyz zähmetleri bilen mynasyp goşant goşýan tejribeli kärendeçileriň köp sanlysy agzybirlikli iş alyp barýarlar. Olaryň onlarçasynyň häzirki möwsümde hem öz meýilnamalaryny şu wagta çenli artygy bilen berjaý edendiklerini aýtmak zerur bolup durýar. Şeýle göreldeli pileçi kärendeçileriň hatarynda paýdarlar jemgyýetiniň kabul ediş bölümine her biri 110 — 150 kilogramdan agdyryp pile getiren Fahreddin Meňliýewiň, Roza Mätýakubowanyň, Inabat Kozyýewanyň, Dilber Atajanowanyň, Rozygül Täjimuradowanyň we beýlekileriň atlaryny tutmak ýerlikli bolar. Sebäbi olaryň harmana tabşyran pile hasylynyň mukdarynyň bereketli bolandygy bilen birlikde, hiliniň hem ýokarydygy bellärliklidir. Paýdarlar jemgyýetiniň pile kabul ediş bölüminde ýetişdiren pile hasylyny tabşyrýan pileçi kärendeçileriň yzy üzülenok. Olaryň her biriniň şu pursatlarda öz yhlasly zähmetleriniň berýän netijesine guwanjynyň çäksizdigini-de aňmak kyn däl. Ýylyň başynda hojalyk boýunça şu möwsümde jemi 48 tonna ýokary hilli piläni Watan harmanyna goşmak meýilleşdirilipdir. Şu günlerde kabul ediş bölümine tabşyrylýan pile hasylynyň möçberleri netijäniň möwsümiň ahyryna çenli bu sepgitden has ýokary boljakdygyny doly tassyklaýar. 

22.05.2026 38