TMÝG-niň Daşoguz şäher geňeşiniň şäher medeniýet merkezi bilen bilelikde guramagynda «Belende göterýär ýürek joşguny, türkmeniň naýbaşy dor bedewleri» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahatda TMÝG-niň şäher geňeşiniň başlygy Sabyrgeldi Begow, işjeň agzasy Öre Agaýew, Daşoguz şäheriniň ýaşaýjysy, il sylagly ýaşuly Baýmyrat Ödetaganow, Daşoguz Döwlet athanasynyň seýsi, Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Täçdurdy Täjibaýew, mährem ene Saparbike Amangeldiýewa dagy çykyş edip, ata Watanymyzda atçylygy, atçylyk sportuny, seýisçilik sungatyny ösdürmek babatda amala aşyrylýan işler, bu ugurda döredilýän şertler barada gürrüň berdiler. Dabaranyň ahyrynda Daşoguz şäher medeniýet merkeziniň zehinli aýdymçylarynyň, Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň dutarçylar toparynyň bedew atlary wasp edip ýerine ýetiren aýdym-sazlary maslahata gatnaşyjylaryň göwünlerini galkyndyrdy.