Dashoguz.live – Täzelikler Portaly
weather dashoguz 37° C Daşoguz

Arhiwler boýunça netije: 2026-07

Jemgyýet

Anyk wezipeler — täze üstünliklere ugur Daşoguz welaýat häkimliginiň mejlisler eýwanynda şu ýylyň alty aýynda Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Daşoguz welaýat bölümi tarapyndan ýerine ýetirilen işlere seljerme bermek, şeýle hem öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmak maksadynda, hasabat ýygnagy geçirildi. Oňa welaýat, şäher, etrap zenanlar guramalarynyň başlyklary, işjeň agzalary, Türkmenistanyň Mejlisiniň zenan deputatlary, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, welaýatyň pudak edaralarynyň ilkinji zenanlar guramalarynyň işjeň agzalary, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport ulgamlarynyň, senagat, gurluşyk hem-de oba hojalyk kärhanalarynyň zenan işgärleri, mährem eneler gatnaşdylar. Ýygnagy Daşoguz welaýat häkiminiň orunbasary, TZB-niň welaýat bölüminiň başlygy Ogulaltyn Çerkezowa açyp, bagtyýar döwrümizde türkmen zenanlarynyň belent sarpa eýedigini, zenanlaryň jemgyýetde eýeleýän ornuny ýokarlandyrmak babatda gözel Diýarymyzyň halkara derejeli forumlaryň, maslahatlaryň geçirilýän mekanyna öwrülýändigini, şeýle işleriň zenanlaryň durmuşyna aýratyn mazmun çaýyp, döwre gatnaşygyny berkidýändigini, munuň olaryň täzeçil işlerinde aýdyň duýulýandygyny buýsanç bilen belledi. Şeýle hem olaryň asylly gylyk-häsiýetleriniň Galkynyşly döwrümize aýratyn ýaraşyk berýändigini, zenanlaryň taýsyz başarnyklary bilen döredýän el işleriniň Ýer ýüzüne ýaýylýandygyny, olaryň dürli ulgamlarda joşgunly zähmet çekmek, Watanymyzyň geljegi bolan ýaş nesli mynasyp terbiýeläp ýetişdirmek bilen, özleri hakda edilýän aladalara işjeňlik bilen jogap berýändiklerini nygtady. Soňra welaýat zenanlar bölüminiň ýörite maksatnamasy esasynda geçen alty aýyň dowamynda alnyp barlan işler, olaryň netijeleri barada etrap zenanlar bölümleriniň başlyklarynyň, edara-kärhanalaryň ilkinji zenanlar guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, işjeň agzalarynyň hasabatlary diňlenildi. Şeýle hem zenanlaryň arasynda zenanlar guramalary tarapyndan geçirilýän bäsleşikleriň olaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmak, jemgyýet bilen gatnaşygyny berkitmek, zenanlaryň döwrüň ruhy bilen bitewüleşmegini üpjün etmek, milliligiň we döwrebaplygyň sazlaşygyny döretmek, halypa-şägirtlik ýolunyň mynasyp dowam etdirilmegini gazanmak babatda ähmiýetiniň uludygy nygtaldy. Ýygnagyň dowamynda guramaçylyk meselelerine-de garaldy. Soňra «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň alty aýynda işjeňligi bilen tapawutlanan göreldeli zenanlara TZB-niň Daşoguz welaýat bölüminiň, TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Soňra guramanyň öňde durýan wezipelerini ýerine ýetirmek boýunça tabşyryklar berildi.

18.07.2026 21
Ykdysadyýet

Hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçirýän iş maslahatlarynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bereketli bugdaý hasylyny kemala getiren hem-de ony ýitgisiz ýygnap, Watan harmanyna goşan gallaçy daýhanlar bilen hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek baradaky möhüm tabşyryklarynyň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň uly ähmiýetiniň bardygyny nazarda tutmak bilen, şu günlerde Türkmenistanyň «Daýhanbank» DTB-niň Daşoguz welaýat şahamçasynyň işgärleri derwaýys çäreleri durmuşa geçirýärler. Şonuň netijesinde, topraga yhlas siňdirip, halal zähmetleriniň miwesine guwanmaga giň mümkinçilik döredilýän gallaçylar öz hasaplaryna geçirilen pul serişdelerini bankomatlaryň üsti bilen alyp, maňlaýlaryna sylýarlar.  Olar ýer ekip, hasyl almak babatda döredilýän ýeňillikli şertlerdir mümkinçilikler üçin hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarlar. Zähmetkeş daýhanlaryň halal gazançlary toýly günlerine ýarap, maşgalalarynyň has-da gurplanmagyna ýardam edýär. Şonuň bilen birlikde-de, bu uly goldawlar gallaçylary täze ýylyň bol hasylynyň düýbüni has-da ykjam tutmaga ruhlandyrýar.

18.07.2026 24
Jemgyýet

TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda birleşmäniň Daşoguz şäher medeniýet merkezi bilen bilelikde guramagynda dabaraly maslahat geçirildi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny dabaralandyrmak maksady bilen geçirilen maslahata birleşmäniň jogapkär işgärleri, pudaklaýyn geňeşlikleriň, KAIG-niň başlyklary, işjeň agzalary gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler ajaýyp ýylymyzy bezeýän ýyndamlygy, ynsana hamraklygy bilen taryhda mynasyp orun alan türkmen bedewleriniň halkymyzyň milli buýsanjydygy, hormatly Prezidentimiziň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen, bedew atlarymyzyň sarpasynyň belende göterilip, dünýä içre at-owazasynyň ýaň salýandygy barada buýsanç bilen bellediler. Şu ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagynyň hem Watanymyzyň ösüşleriniň bedew atlarymyzyň tizligine deňelmegi bilen birlikde, olara goýulýan belent sarpanyň nyşanydygy, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda bolsa Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatynyň geçirilmeginiň ýylyň ähmiýetli wakalarynyň hataryny has-da artdyrjakdygy nygtaldy, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ähmiýeti, gadyr-gymmaty, onuň halkymyza beren ajaýyp miweleri barada täsirli söhbet edildi. Dabaranyň dowamy Daşoguz şäher medeniýet merkeziniň aýdym-saz toparynyň çykyşlary bilen utgaşdy.

17.07.2026 22
Jemgyýet

Golaýda Daşoguz şäher häkimliginiň, Daşoguz welaýat Polisiýa müdirliginiň metbugat wagyz-nesihat toparynyň, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Daşoguz welaýat boýunça müdirliginiň, Daşoguz welaýat Baş bilim we Saglygy goraýyş müdirlikleriniň bilelikde guramaklarynda «Bilim edaralarynda tertip-düzgüni berjaý etmek, sagdyn-durmuş ýörelgelerini ündemek» ady bilen Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Oňa bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlarynyň işgärleri gatnaşdylar. Wagyz-nesihat çäresinde ýaşlarda milli mirasymyza bolan sarpany kemala getirmek, sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek, zyýanly endiklerden daşda durmak dogrusynda durmuşy mysallar esasynda gürrüň edildi. Çykyş edenler ýaşlaryň saglygyny goramagyň, olarda mertlik, edermenlik, watansöýüjilik, halallyk, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemegiň her bir ynsanyň mukaddes borjudygyny nygtadylar.

16.07.2026 23
Ykdysadyýet

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda bugdaý, pagta bilen bir hatarda, ýeralmanyň, gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny öndürip, halkymyzyň olar bilen üpjünçiligini has-da gowulandyrmak barada öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine Daşoguz welaýatynyň ekerançy daýhanlary hem mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şeýlelikde, olar her ýyl ene toprakdan bu önümleriň müňlerçe tonnasyny ýygnap, halkymyzyň mukaddes saçaklarynyň berekediniň artmagyna ýakyndan ýardam berýärler. Bu babatda gürrüň edilende, welaýatyň Garaşsyzlyk etrabynyň ekerançylarynyň möhüm işleri amala aşyryp, gazanýan guwandyryjy netijeleri barada aýtmak örän ýerliklidir. Çünki olar bu önümleri öndürmekde köp ýyllardan bäri has tapawutlanyp gelýärler. Häzirki dowam edýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda bolsa etrabyň ekerançylarynyň iş depgininiň ýene-de ýokary göterilendigini görmek mümkin. Mälim bolşy ýaly, etrabyň daýhanlary şu ýylda 2995 gektar meýdana ýeralma ekip, ondan 41930 tonna hasyl almak maksady bilen, öndürijilikli iş alyp bardylar. Şonuň netijesinde olar şol meýdanlarda ýeralmanyň bereketli hasylyny kemala getirip, şu günlerde ony ýitgisiz ýygnamaklyga gönükdirilen çäreleri agzybirlikli dowam etdirýärler. Etrapda bu önümi ýetişdirmekde daýhan birleşikleriniň, daýhan hojalyklarynyň, hususy önüm öndürijileriň köp sanlysy iş alyp barýar. Etrabyň N.Andalyp adyndaky geňeşliginiň çäginde hem olaryň ençemesi bar. Olaryň hatarynda bu ýerdäki adybir daýhan birleşigini, «Zehin açary» daýhan hojalygyny, ekin meýdanlaryny uzak möhletleýin peýdalanmaga alan hususy önüm öndürijileriň birnäçesini görkezmek mümkin. Geňeşligiň çäginde hereket edýän «Zehin açary» daýhan hojalygy hem ýeralma ýetişdirmek babatda ençeme ýyllardan bäri düýpli öňegidişlikleri gazanyp gelýär. Daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy, tejribeli telekeçi-daýhan Bibijan Hallyýewanyň aýtmagyna görä, şu ýyl bu ýerde 630 gektara golaý ýerde ýeralma hasylyny kemala getirmek boýunça iş geçirilipdir. Şonda her bir çäräniň bellenilen möhletlerde amala aşyrylmagy öz miwesini beripdir. Häzirki döwürde bolsa daýhan hojalygynyň agzalary ýetişdirilen hasyly ýygnamak bilen meşgullanýarlar. Bu geňeşligiň çäginde ýeri hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, 99 ýyllyk möhlet bilen peýdalanmaga alyp, onda ýeralma ýetişdirmek bilen meşgul bolýan daýhanlaryň hem ençemesi iş alyp barýar. Bu babatda başarjaň daýhan Şirmuhammet Mätýakubow şu ýyl 1,5 gektar meýdana ýeralma ekip, onuň oňat gögerişini gazanandygyny aýdýar. Ideg çärelerini-de öz wagtynda girişip, onuň yhlasly çeken zähmeti öz ýokary netijesini berdi. Onuň bu sözlerini häzirki wagtda tejribeli daýhanyň ýeralma meýdanynda hasyl ýygymynyň barşy hem tassyklaýar. Çünki onuň bir gyrasynda ýygnalyp goýlan ýeralma harmanynyň möçberi esli bar. Ýeralmaçy daýhanlaryň aýtmaklaryna görä, olaryň ýygnan hasylyny bellenilen ýerlere bökdençsiz ugratmak barada hem ýeterlik alada edilýär. Şeýlelikde, olar döwlet ammarhanalarynda, ak bazarlarda öz wagtynda ýerleşdirilýär, hasylyň esasy bölegi bolsa daýhan hojalygynyň, şonuň ýaly-da telekeçileriň sowadyjylarynda goýulýar. Bu bolsa ýeralmanyň ýylyň ähli döwürlerinde ilata hödürlenilmegine, onuň ygtybarly ätiýaçlygynyň üpjün edilmegine şert döredýär. Jemlenilip aýdylanda, bu ýerde zähmet çekýän ýeralmaçy daýhanlaryň yhlasy bilen ýeralma bolçulygyna uly goşant goşulýar.

16.07.2026 20
Ykdysadyýet

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň bagbanlary miwe önümleriniň öndürilişini artdyrmak ugrunda yhlasly zähmet çekýärler. Bu ugurda etrabyň «Akgala» daýhan birleşiginiň bagbanlarynyň nusgalyk işleri bilen tapawutlanýandyklaryny bellemek ýakymlydyr. Hojalygyň 134 sany kärendeçi bagbany 172 gektar ýerde dürli görnüşli miweli agaçlara ideg edip, olardan ýylyň-ýylyna bol hasyl ýygnaýarlar. Olardan Myratbaý Aşyrow 2,6, Zafar Erimbetow 2,3, Sapargylyç Gylyjow 2, Sabur Haýtekow 2, Rustam Urazbaýew 1 gektar kärende ýerlerinde alma, armyt, garaly, ülje, erik agaçlaryny has köp ösdürip ýetişdirýärler. Daýhan birleşiginiň bagbanlary miweli agaçlary idetmegiň talaplaryny göwnejaý berjaý edýärler. Şu günler hojalyklarda bişip ýetişen miweleriň bol hasyly ýygnalýar. Dürli miwe önümleri terligi bilen etrabyň söwda nokatlaryna hem-de Daşoguz şäheriniň bazarlaryna ugradylýar.

15.07.2026 19
Ykdysadyýet

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň «Hakykat» daýhan birleşiginiň gallaçy kärendeçileri döwlete bugdaý tabşyrmak baradaky meýilnamany artygy bilen berjaý edip, uly zähmet üstünligini gazandylar. Olar 500 gektar ýerden 910 tonnanyň deregine 1105 tonna guşgursak ak bugdaýy Watan harmanyna tabşyryp, meýilnamany 121 göterim berjaý etdiler. Özleriniň gazanan zähmet üstünliginden göwünleri galkynan kärendeçiler geljek ýylyň bereketli hasylynyň düýbüni şu günlerden berk tutýarlar. Olar hasyldan boşan meýdanlary bugdaý samanlaryndan arassalamak, sürüm işini geçirmek ýaly möwsümleýin meýdan işlerini guramaçylykly alyp barýarlar. Bu işde etrap «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň ýokary işi öndürijilikli tehnikalarynyň ikisiniň güýjünden peýdalanylýar. Bu tehnikalara erk edýän Satybaldy Mätgurbanow, Ýagşymyrat Mämedow ýaly mehanizatorlar her gün 10 — 12 gektar ýerde sürüm işini geçirýärler. Kärendeçiler hem özleriniň garamagyndaky ýerleriň töwereklerinde arassaçylyk işlerini geçirýärler, suw geljek akabalary gyrmançalardan arassalaýarlar.

15.07.2026 18
Jemgyýet

Resminamalar kabul edilip başlandy Ýurdumyzda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärleriň resminamalaryny kabul etmek işine resmi taýdan badalga berildi. Daşoguz şäherinde ýerleşýän Türkmen oba hojalyk institutynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetine, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna hem-de şu institutyň özüne okuwa girmek isleýän dalaşgärler resminamalaryny tabşyryp başladylar. Resminamalaryň kabul edilýän bilim ojagynda ýörite maglumat tagtalary gurnalyp, olarda okuwa kabul etmegiň tertibi, talap edilýän resminamalaryň sanawy hem-de okuw ugurlary baradaky maglumatlar aýdyň we düşnükli görnüşde ýerleşdirilipdir. Kabul ediş toparynyň agzalary — tejribeli mugallymlar hem-de hünärmenler dalaşgärleri mähirli garşylap, resminamalaryň dogry doldurylmagy we degişli ugurlar boýunça resminamalaryň tabşyrylyşy babatda ýakyndan kömek berýärler. Bu bolsa işiň bökdençsiz, çalt we guramaçylykly alnyp barylmagyny üpjün edýär. Bu ýerde kabul ediş toparyna resminamalaryny tabşyrmaga gelýän ýaşlaryň ýüzlerinde uly tolgunma we geljege bolan ynam aýdyň görünýär. Olar öz ýüreklerinde beslän hünärleri boýunça resminamalaryny tabşyryp, durmuşyň täze bir tapgyryna gadam basýarlar. Welaýatyň ýaşlarynyň arasynda ykdysadyýet, oba hojalygy, mugallymçylyk, lukmançylyk we sanly tehnologiýalar ýaly döwrebap ugurlara bolan gyzyklanma örän ýokary. Resminamalary kabul etmek işleri tamamlanandan soňra, tassyklanan tertibe laýyklykda, giriş synaglary başlanar. Bu synaglar ýaşlaryň orta mekdepde alan bilimlerini, zehinlerini, saýlap alan ugruna bolan ukyplaryny aýan etmäge mümkinçilik berer. Synaglaryň doly açyk, aýdyňlyk we adalatlylyk ýörelgeleri esasynda geçirilmegi üçin ähli zerur çäreler görler. Ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy, saýlap alan hünärleriniň kämil eýeleri bolup ýetişmekleri üçin döwletimiz tarapyndan çäksiz mümkinçilikler döredilýär. Ak mermerli bilim ojaklaryna tarap ilkinji ynamly ädimlerini ädýän ähli dalaşgärlere öňde duran giriş synaglarynda şowlulyklaryň ýar bolmagyny arzuw edýäris.

14.07.2026 49
Sport

Ýakynda, ýagny 30 iýun — 9-njy iýul aralygynda Gyrgyz Respublikasynyň Yssyk-köl şäherinde sportuň küşt görnüşi boýunça 8 — 20 ýaş aralygyndaky çagalaryň we ýetginjekleriň Merkezi we Demirgazyk Aziýa çempionatynda türkmen küştçüleri üstünlikli çykyş etdiler. 19 türgenden ybarat türkmen küştçüleri 16 sany medal gazandylar. Olar küşt taryhynda ilkinji gezek bir halkara ýaryşyň dowamynda uly möçberde medal gazanyp, rekord goýdular. Ýaryşyň ilkinji gününde küşt oýnunyň «Rapid» görnüşinde 8 ýaşly gyzlaryň arasynda Merýem Rüstemowa (Lebap welaýaty) birinji orna, 10 ýaşly gyzlaryň arasynda Bägül Jumaýewa (Lebap welaýaty) birinji orna, ýagny altyn medala, 12 ýaşly gyzlaryň arasynda Aýa Baýramowa (Lebap welaýaty) üçünji orna, 20 ýaşly oglanlaryň arasynda Annamuhammet Hommadow (Aşgabat şäheri) ikinji orna, 20 ýaşly gyzlaryň arasynda Lala Şöhratowa (Aşgabat şäheri) ikinji orna mynasyp boldular. «Nusgawy» görnüşinde 8 ýaşly gyzlaryň arasynda Merýem Rüstemowa (Lebap welaýaty) üçünji orna, 10 ýaşly gyzlaryň arasynda Bagül Jumaýewa (Lebap welaýaty) birinji orna, 12 ýaşly gyzlaryň arasynda Dilber Hupbyýewa (Daşoguz welaýaty) üçünji orna, 16 ýaşly gyzlaryň arasynda Jahan Rejepowa (Lebap welaýaty) üçünji orna, 20 ýaşly oglanlaryň arasynda Annamuhammet Hommadow (Aşgabat şäheri) ikinji orna, 20 ýaşly gyzlaryň arasynda Lala Şöhratowa (Aşgabat şäheri) ikinji orna mynasyp boldular. «Blits» görnüşinde 8 ýaşly gyzlaryň arasynda Merýem Rüstemowa (Lebap welaýaty) üçünji orna, 12 ýaşly gyzlaryň arasynda Dilber Hupbyýewa (Daşoguz welaýaty) üçünji orna, 12 ýaşly oglanlaryň arasynda Nazar Narimanow (Lebap welaýaty) üçünji orna, 14 ýaşly oglanlaryň arasynda Ali Ahmedow (Aşgabat şäheri) ikinji orna, 18 ýaşly oglanlaryň arasynda Şageldi Gurbandurdyýew (Lebap welaýaty) ikinji orna mynasyp boldular. Şunlukda, türkmen türgenleri bu ýaryşyň dowamynda jemi 3 altyn, 6 kümüş, 7 bürünç medallary gazandylar. Ildeşlerimiziň bu üstünlikleriniň dowamly bolmagyny arzuw edýäris.

14.07.2026 17
Jemgyýet

Hazar tolkunlary, gyzykly gurnaklar we şadyýan pursatlar Tomus paslynyň başlanmagy bilen, ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen mekdep okuwçylarynyň dynç alyş we sagaldyş merkezlerinde iň arzyly we ýatda galyjy günleri dowam edýär. Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümini manyly, gyzykly geçirmekleri üçin TKA-nyň Milli merkeziniň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýerleşýän «Daýanç» sagaldyş we dynç alyş merkezi hem şeýle şadyýan pursatlaryň mekanyna öwrüldi. Daşoguz welaýatyndan hem mekdep okuwçylary 5 tapgyrda, her tapgyrda 36 çaga bu ýerde wagtlaryny manyly geçirýärler. Deňziň ekologik taýdan arassa, jana şypaly hoştap howasy bilen utgaşýan bu merkezde körpeleriň ýatdan çykmajak tomus günlerini guramak üçin ähli amatlyklar döredilen. Bu ýerde dynç alýan ýaş nesilleriň diňe bir wagtlaryny şadyýan geçmekleri däl, eýsem, saglygyny berkitmekleri hem üns merkezinde saklanylýar. Ýokary hünärli lukmanlar tarapyndan çagalaryň fiziki taýdan taplanmaklary üçin dürli öňüni alyş çäreleri, ýod-bromly we ösümlik wannalary, şeýle hem açyk meýdandaky sport çäreleri we akwapark suw oýunlary yzygiderli guralýar. Merkezde çagalaryň täze bilimleri we endikleri öwrenmekleri üçin hem hemme mümkinçilikler bar. Bu ýerde iň tejribeli mugallymlaryň we terbiýeçileriň ýolbaşçylygynda dürli gurnaklar — daşary ýurt dilleri we kompýuter sowatlylygy, sungat we senetçilik, aýdym we tans gurnaklary hereket edýär. Şonuň ýaly-da medeni-köpçülikleýin we sport çäreleri yzygiderli guralýar. Kenarýaka boýunça gezelençler, Hazar deňziniň täsinlikleri bilen tanyşlyk çagalaryň dünýägaraýşyny giňeltmek bilen, olarda tebigata aýawly çemeleşmäni kemala getirýär.

13.07.2026 18

Täze habarlar

Jemgyýet Hasabat ýygnagy
18.07.2026   21
Jemgyýet Dabaraly maslahat geçirildi
17.07.2026   22
Jemgyýet Wagyz-nesihat çäresi
16.07.2026   23
Ykdysadyýet Ýeralmanyň bol hasyly
16.07.2026   20
Ykdysadyýet Baglar — durmuşyň bezegi
15.07.2026   19
Ykdysadyýet Sürüm işleriniň depgini ýokary
15.07.2026   18
Jemgyýet Dalaşgär — 2026
14.07.2026   49