Golaýda Daşoguz welaýatynyň etrapdyr şäherlerinde aýratyn zehinli, bilimli, ukyp-başarnykly mekdep okuwçylaryny ýüze çykarmak maksady bilen, her ýyl geçirilýän «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň nobatdaky tapgyry bolup geçdi. Oňa bäsleşigiň mekdep we mekdebara tapgyrlarynda ýeňiji bolan 9-10-11-nji synp okuwçylary gatnaşdylar. Bäsleşikde okuwçylara özleriniň gatnaşan dersleri boýunça alan nazary bilimlerini görkezmäge, ony amalyýetde subut etmäge giň mümkinçilikler döredildi.
Ders bäsleşigi döwrebap okuw esbaplary, maglumat we multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen otaglarda geçirildi. Bäsleşigiň ýumuşlary welaýat Baş bilim müdirligi tarapyndan taýýarlanyldy. Okuwçylar gatnaşan dersleri boýunça taýýarlanan ýumuşlara we berlen goşmaça sowallara belli wagt aralygynda jogap bermek bilen özleriniň bilim başarnyklaryny görkezdiler. Zehinlileri saýlan bäsleşiklere welaýatymyzyň orta mekdepleriniň tejribeli, halypa mugallymlary eminlik etdiler. Bäsleşikde tapawutlanan okuwçylara 1-nji, 2-nji, 3-nji derejeli Diplomlar gowşuryldy we olar bäsleşigiň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdepde «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ders bäsleşiginiň türkmen dili we edebiýaty dersi boýunça Daşoguz şäher tapgyry 9-10-11-nji synp okuwçylaryň arasynda geçirildi. Iki gün dowam eden bäsleşikde okuwçylar özleriniň taýýarlykly gelendiklerini görkezdiler. 9-njy synplaryň arasynda birinji we ikinji orunlara şäherdäki iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiň, üçünji orna Daşoguz şäherindäki ýaş fizikleriň we matematikleriň ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiň okuwçylary mynasyp boldular. 10-njy synplaryň arasynda degişlilikde birinji, ikinji, üçünji orunlara iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiň, 19-njy orta mekdebiň, ýaş fizikleriň we matematikleriň ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebiň okuwçylary, 11-nji synplaryň arasynda degişlilikde birinji, ikinji, üçünji orunlara 17-nji orta mekdebiň, iňlis dili, himiýa we biologiýa dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiň, 23-nji orta mekdebiň okuwçylary eýe boldular. Aýratyn tapawutlanan okuwçylara dabaraly ýagdaýda Diplomlar gowşuryldy. Beýleki dersler boýunça hem bäsleşikler şäheriň dürli mekdeplerinde guramaçylykly geçirildi.