Yzmykşir galasy

Yzmykşir galasy Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Ýagtylyk we Yzmykşir obalarynyň aralygynda ýerleşýär. Gala 20 gektar töweregi meýdany tutýar. Ol dört derwezeli, 12-15 metr belentlikde bolan diwarly, dörtburçluk gala. Galanyň diwarlary laýdan bina edilen. Gala duşmandan goranmak maksady bilen gurlupdyr. Käbir alymlaryň ýazmaklaryna görä onuň derwezeleri demirden bolup, ol içinden berk ýapylypdyr, galanyň daş-töweregine suw goýberilip, ol berk goraga öwrülipdir.
Bu gala 1074-1134-nji ýyllarda ýaşap geçen yslamyň hanafy ugrunyň hukuk alymy, filosof, dilçi we edebiýatçy, syýasatçy Abul Kasym ibn Omar Zamahşary bilen baglanyşyklydyr. Zamahşaryny öz döwründe “Fahr-i Horezm”-“Horezmiň guwanjy” diýip atlandyrypdyrlar.
1970-nji ýyla çenli galanyň iň uly derwezesi bolan günorta tarapyndaky derweze ornunyň gündogar tarapynda, belent diňiň depesinde, diwarda beýikligi 35sm. töweregi, ini bolsa 15sm. töweregi deşik bar ekeni. Şol deşikden seredeniňde galadan 18-20km. Uzaklykda, häzirki Durdy Gylyç daýhan birleşiginiň Diregli obasyndaky diňiň depesi golaýda ýaly bolup görünýän ekeni.
Zamahşary galasynyň gadymy Horezmiň iň gadymy ilatly ýerleriniň biri bolup, ony kä oba, käte bolsa şäher diýip atlandyrypdyrlar. Onuň aýratyn gülläp ösen döwri 11-12-nji asyrlara gabat gelýär. Bu galanyň üstünden Beýik Ýüpek ýolunyň demirgazyk ugry geçipdir.
Galanyň günorta diwarynyň gündogar tarapynda iki hatar diwar çekilip, olaryň arasy basyrylyp üsti ylaýlanypdyr. Bu ýer zyndan bolupdyr diýýänlerem, ok-ýarag saklanypdyr diýýänlerem bar. Ýöne onuň häzir hiç ýerinde girelgesi ýok. Bu ýer syrly bolmagynda galýar.
Galanyň gelip çykyşy barada (näderejede hakykatlygy anyk däl) halk arasynda dürli hili rowaýatlar hem bar. Olaryň birinde Was ýurdy we taýpasy Gök hanyň ikinji ogly Was hanyň ady bilen baglanyşykly bolupdyr diýilýär. Was hanyň Şirwan,Harwan,Padywan,Bagban diýen ogullary bolup, olar ýetişensoň hersine aýratyn ýer-ýurt bagyş edipdir. Ol uly ogly Şirwana häzirki S.Türkmenbaşy etrabyndaky Şirwangala töwreginden ýer beripdir. Şirwan hanyň Zamah,Şamah diýen ekiz ogullary,Halap,Nowan diýen ogullary bolupdyr. Şirwan han ogullary ýetişensoň olara ýer-ýurt beripdir. Şonda Zamaha häzirki Yzmykşir galasynyň töwerekleri berlipdir. Şirwan hanyň ogullary şir saklap olar bilen aw edipdirler, şonuň üçinem olaryň adynyň yzyna şir lakamy goşulyp Zamahşir diýlip tutulypdyr diýlip rowaýatlarda aýdylýar. Türkmen halkynyň ajaýyp dessanlarynyň biri bolan “Şasenem Garyp” dessanynda hem Halap, Şirwan atly ýerleriň bolandygy aýdylýar…
 
Öz ýaşan ömrümde durmasam ýanyp,
Dergazap bolýaryn bagrymy ýakyp.
Dostlaşalym bäri zamana bilen
Asandan soň müşgil baryn gördüm men,
Bir zat begendirse ulaşyp gama,
Kynçylyga taýýar bolup durdum men….
“Ýagşyzadalaryň bahary” eserinden

Автор записи: admin