Ýylyň ähli pasyllarynda saglygyňyzy goramak üçin maslahatlar:

Bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak üçin sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli. Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, sagdyn iýmitlenmeli. Ir säher bilen we agşamara arassa howada ýarym sagat pyýada ýöremeli. Ýöne derlenilen ýagdaýynda, öl saçly daşary çykmaly däl.
Özüňiziň hem-de perzentleriňiziň burnunyň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmaga endik etmeli.
Pasyllara görä geýinmeli we witamin C — askorbin turşusyna baý önümleri kabul etmeli (miwe şirelerini, bally we limonly gök çaýy, itburun demlemesini, kelem, käşir we beýleki bakja önümlerini).
Iş ýeriňizde we öýüňizde otaglaryň howasynyň tämiz bolmagyny gazanmaly. Onuň üçin penjiräni ýa-da gapyny wagtal-wagtal açyp, otagy ýelejiredip durmaly, ýöne şemalyň ugrunda özüňiziň ýa-da çagalaryňyzyň durmagyna ýol bermeli däl.
Möwsümleýin keselleriň öňüni almak maksady bilen, milli tagamlarymyz bolan gyzyl burç goşulan unaşy hem hepdede kabul etmeli. Gyzyl burçuň düzümindäki fitonsidler, efir ýaglary, peýdaly maddalar adamyň bedeniniň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmaga ýardam berýär. Milli tagamymyz bolan unaş möwsümleýin keselleriň öňüni almakda we ony ýeňil geçirmekde örän ähmiýetlidir.
Ýiti respirator ýokanç keselleriniň ilkinji alamatlary ýüze çykan ýagdaýynda hökman öýde galmaly we maşgala lukmanyna ýüz tutmaly. Lukman tarapyndan bellenilen bejergini doly we dogry berjaý etmeli.
Asgyrylanda, üsgürilende hökman elýaglyk bilen agzy we burny ýapmaly.
Elleri mydama ara ssa ýagdaýda saklamaly we ýygy-ýygydan sabynlap ýuwmaly, howpsuz 2 metr aralygy berjaý etmeli, agyz-burun örtüklerini doly we dogry dakynmaly.
Derman serişdelerini özbaşdak, lukmanbilen maslahatlaşman kabul etmeli däl. Esasan hem, bu antibakterial serişdelere degişli. Sebäbi antibakterial serişdeler wiruslara däl-de, bakteriýalara garşy ukyply. Olary özbaşdak ulanmak birnäçe gaýra üzülmelere getirip biler we bedeniň kesele garşy durnuklylygyny peselder.
Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin mähriban Prezidentimiziň bize peşgeş beren «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilýän itburun, çopantelpek, buýanyň köki, käkilik oty ýaly dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary içmegi endik etmeli.
Möwsümleýin kesellere garşy sanjymlar hem biziň ýurdumyzda ýola goýlan. Her bir adam öz maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, olary hem kabul edip biler.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we
derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkezi.

Автор записи: admin