ÝYGYM MÖWSÜMINIŇ ÖŇDEBARYJYLARY

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň ähli ýerlerinde pagta ýygymy ýokary guramaçylyk derejesinde dowam edýär. Etrabyň «Bereket» daýhan birleşigi pagta ýygymy möwsüminde öňdeligi saklaýan daýhan birleşikleriň hatarynda tanalýar. Daýhan birleşigi boýunça 1170 gektar ýerde ekilen pagta meýdanlaryndan 2008 tonna gowaça hasylyny almak meýilleşdirilýär. Daýhan birleşiginiň kärendeçilerinden Yrsbike Nurumbetowa 5,8 tonna, Myratbaý Tilekbaýew 3,8 tonna «ak altyn» hasylyny Watan harmanyna tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Bu bolsa ýerden bol hasyl almak ugrunda döredilýän şertlerden we mümkinçiliklerden netijeli peýdalanýan edermen daýhanlarymyzyň yhlasly zähmetleriniň netijesidir. Şeýle kärendeçileriň hatarynyň günsaýyn artyp barýandygyny göreniňde, daýhan birleşiginde uly ýeňişleriň gazanyljakdygyna ynamyň artýar.

Автор записи: admin