Ýurt parahatçylygy bilen belent sepgitlere tarap atly baslesigin jemi jemlendi

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylyny dabaralandyrmak, şeýle hem pederlerimiziň şöhratly taryhy ýoluny, milli mirasymyzy dikeltmek, aýawly saklamak, gadymy gymmatlyklarymyzy, taryhy tapyndylary öwrenmek, muzeýleşdirmek işlerini kämilleşdirmek, özara tejribe alyşmak maksady bilen, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi bilen bilelikde guramagynda döwlet muzeýleriniň arasynda yglan edilen «Ýurt parahatçylygy bilen belent sepgitlere tarap» atly bäsleşigiň jemi jemlendi. Ýurdumyzyň welaýat, şäher, etrap, oba muzeýleriniň we muzeý şahamçalarynyň arasynda geçen bäsleşigiň netijesine görä, Daşoguz welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi «Ýylyň iň gowy welaýat muzeýi», şeýle hem Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Hüdük Myradow adyndaky geňeşlikdäki taryh muzeýi «Ýylyň iň gowy oba muzeýi» diýlip yglan edildi. Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň gymmat bahaly sowgatlary we Diplomlar gowşuryldy.

Автор записи: admin