Diýarymyzada sanly ykdysadyýete geçmek işiniň netijeleri dürli ugurlaryň işiniň ilerlenmegine uly täsir edýär. Birinjiden, ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagy degişli ugurda tehnalogiýalardan baş çykarýan hünärmenleri talap edýändigini göz öňünde tutsak, onda ol bilim ulgamynyň her ugurdaşlykda sanlaşdyrylmagyna itergi berýär. Munuň özi “bilimler ykdysadyýetini” ösdürmeklige, ilatyň aň mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmaklyga we olary ykdysady ösüşi gazanmak üçin gönükdirmäge täze şertleri döretdi.
Ýurdumyzda sanlaşdyrmak işi “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda üstünlikli amala aşyrylýar. Şonuň ýaly-da, ähli bilim edaralarynda sanly bilim tehnalogiýalaryny ornaşdyrmak bilen dersler boýunça döwrebap elektron okuw-usuly toplumlar, elektron okuw görkezme esbaplary, maglumat kitapçalary döredilýär. Bularyň ählisi bilim ulgamyndaky rowaçlykdan nyşan bolup, ýaşlarymyzyň kämil hünärmenler bolup ýetişmegine gönükdirilendir.
2021-2025-nji ýyllar üçin niýetlenen Döwlet maksatnamasy Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we kanunlaryna, Prezident maksatnamasyna, sanly ykdysadyýeti we sanly bilimi ösdürmegiň konsepsiýasyna hem-de Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenip düzüldi. Bu gün mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna uly üstünlikler bilen barýan ýurdumyzda sanly ykdysadyýet hasda ösdürilýär. Bu ugurda milli Liderimiz “Ykdysadyýetiň netijeli ösüşi innowasion tehnalogiýalarynyň ornaşdyrylmagy bilen berk baglydyr” diýip bellenilýär.