Ýurdumyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde 2021-nji ýylyň iň gowy etraby – Dänew etraby

Ýurdumyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi geçirildi. Onuň işine Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy – hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow başlyklyk edýär. Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisine Hökümetiň agzalary, Mejlisiň deputatlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň we şäherleriň häkimleri, welaýat, etrap hem-de şäher Halk Maslahatlarynyň agzalary gatnaşýar.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisiniň işi iki bölekden ybarat bolup, onuň irden başlan birinji böleginde Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda Hökümetiň geçen ýylda alyp baran işleriniň jemi jemlenildi, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň hasabatlary diňlenildi hem-de olaryň alyp baran işleriniň netijelerine baha berildi, şeýle hem şu ýyl ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz jemi içerki önümiň ösüşini azyndan 6 göterime ýetirmek hem-de döwletimiziň girdejilerini artdyryp, bazar ykdysadyýetini ösdürmek boýunça degişli işleri amala aşyrmagyň zerurdygyny belledi.

Автор записи: admin

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован.