Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny ýokary depginler bilen ösdürmek boýunça giň möçberli maksatnamalaýyn işler amala aşyrylyp, garaşsyz ýurdumyzyň ähli ýerlerinde döwrebap önümçilik we medeni durmuş maksatly desgalar yzygiderli gurulyp ulanylmaga berilýär. Dünýäniň ösen döwletleriniň täze tehnologiýalary, ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlary önümçilige giňden ornaşdyrylýar we müňlerçe täze iş orunlary döredilýär.
Biz “Türkmenistan Parahatçylygyň we ynanyşmagyň watany” ýylynda eziz diýarymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli onlarça täze döwrebap desgalary işe girizmegi meýilleşdirýäris diýip Döwlet Baştutanymyz belläp geçdi. Ine ýakynda welaýatlarymyzda döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylan gök önümleri ýetişdirilýän ýyladyşhanalaryň bir wagtda altysyny dabaraly ýagdaýda açyp, ulanylmaga berýäris diýip Hormatly Prezidentimiz aýtdy. Bu önümçilik desgalary Ahal welaýatynyň Kaka we Ak bugdaý etraplarynda, Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde, Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda, Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda, Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda gurulyp, olaryň umumy meýdany 35 ga. barabardy.
Ýurdumyzyň senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurulan bu ýyladyşhanalar ýylda 8750 tonna gök önümleri öndürmäge niýetlenendir. Häzirki zaman tehnologiýaly we suw tygşatlaýjy ulgamlar ornaşdyrylan ýyladyşhanalaryň işe girizilmegi bilen 400-e golaý täze iş orunlary dörediler diýip Milli Liderimiz belledi
Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabyndaky ýyladyşhanany “Altyn gala” gurluşyk hususy kärhanasy tarapyndan gurulyp, onda oba senagat toplumynyň gurluşygynda ýokary derejede ýylylyk saklaýjy we ulanyş häsiýetlerine eýe bolan hem-de ekologiýanyň talabyna kybap gelýän döwrebap serişdeler ulanyldy. Şeýle-de, bu ýyladyşhana toplumy 5 ga. ýeri eýeläp, ýylda 1 müň tonna pomidor hasylyny öndürmek mümkinçiligine eýe bolup, 45 sany iş orunlaryň döremegine getirdi.