21.04.2021ý. güni Türkmen Alabaý itleriniň Assosiasiýasynyň birinji mejlisi bolup geçdi. Onda Türkmen Alabaý itleriniň Assosiasynyň ýolbaşçysy S.G.Berdimuhammedow gatnaşdy we çykyş etdi. Oňa Assosasiýanyň welaýatdaky wekilleri we dünýäde itçilik bilen meşgullanýan dürli döwletleriň wekilleri onlaýn görnüşde gatnaşdylar. Itçilik bilen meşgullanýan we tapawutlanýan adamlaryň birnäçesine Hormatly Prezidentimiziň karary esasynda “Türkmenistanyň at gazanan itşinasy” diýen we “Türkmenistanyň at gazanan atşynasy” diýen hormatly atlar dakyldy. Onlaýn görnüşinde geçen mejlisde Angliýanyň, Russiýanyň, Azerbeýjanyň, Özbegistanyň we başgada birnäçe döwletleriň belli itşynaslary çykyş etdiler. Munda birnäçe döwletlerden Assosiasiýanyň agzasy bolmak barada teklipler gelip gowuşdy.
Ýurdumyzda ilkinji gezek belleniljek türkmen bedewiniň we türkmen Alabaýynyň baýramyny ýokary derejede bellemek barada Hormatly Prezidentimiz degişli ýolbaşçylara görkezme berdi. Türkmen bedewiniň we türkmen alabaýynyň suratyny, heýkelini we çeper keşbini döretmek boýunça bäsleşik hem yglan edildi. Bu bäsleşigkde mekdep okuwçylaryndan başlap uly ýaşly adamlaryň arasynda uly gyzyklanma döretdi.