Türkmen oba hojalyk instituty «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda nobatdaky uçurymlaryny goýberdi. Bu ýokary okuw mekdebini 11 hünär boýunça talyplaryň 214-si üstünlikli tamamlady. Uçurymlaryň 20-si tapawutlanan diploma eýe boldular. Olar öz kärleri boýunça iş bilen doly üpjün edildi.
Türkmen oba hojalyk institutyny 2020-2021-nji okuw ýylynda tamamlaýan ýaş uçurymlary goýberiş dabarasynda ýokary okuw mekdebiniň rektory Allaberdi Gapurow gutlag sözi bilen çykyş etdi. Soňra institutyň uly mugallymy Ýazguly Ataýew çykyş edip, uçurymlara durmuşda ak ýol arzuw etdi. Dabaranyň dowamynda tapawutlanan diploma eýe bolan uçurymlaryň birnäçesi hoşallyk sözleri bilen çykyş etdiler.
Şatlyk-şowhuna beslenen baýramçylyk çäresinde uçurymlaryň ýerine ýetiren edebi-sazly çykyşlary, okap beren goşgulary baýramçylyk ruhuny has hem arşa galdyryp, dabara gatnaşyjylaryň göwün guşlaryny ganatlandyrdy.