Daşoguz welaýatynyň Gubadag etrabynda üstünlikli hereket edýän «Peýnirçi» hususy kärhanasynyň çykarýan önümleri alyjylaryň arasynda uly islegden peýdalanýar. Kärhananyň işçi-hünärmenleri indi 20 ýyldan gowrak wagt bäri sarp edijileri «Altyn», «Ýaýla», «Toý», «Aşgabat», «Prezident» ýaly peýnirleri, berhiz doragy hem-de gaýmak ýaly süýt önümleri bilen üpjün edip gelýär. Özüniň ýokary hilliligi, tagamlylygy bilen tapawutlanýan bu süýt önümleri sarp edijileriň arasynda uly meşhurlyk gazandy. Owadan, göze gelüwli gaplara gaplanylýan süýt önümleri özüniň nyrhy boýunça alyjylara elýeterliligi bilen hem tapawutlanýar.
Süýt önümlerini köp öndüriji kärhanalaryň ýene biri «Ýüpekýolygurluşyk» hojalyk jemgyýetine degişli «Şawat» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti hasaplanýar. Toparyň esasy bölüminde we kömekçi böleklerinde Türkiýe döwletinde çykarylan ýöriteleşdirilen enjamlar doly güýjünde işledilýär. Kärhanada mesge ýagy, gatyk, dorag, eredilen peýnir, gaýmak, ýogurt, çal ýaly önümler öndürilýär. Olaryň hemmesi-de hil derejesiniň ýokary ölçeglerine laýyk gelýär. Owadan gaplara gaplanylan önümler sebitiň ilatyna hödürlenilýär.
Bir söz bilen aýdylanda, welaýatymyzyň zähmet toparlary ýetip gelýän şanly baýrama — ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygyna mynasyp sowgatlary taýýarlaýarlar.