Ýurdumyzyň çar künjünde gurlup, ulanylmaga berilýän saglyk maksatly binalar häzirki döwrüň ösen derejesine kybap gelýär we dünýä lukmançylygynyň gazananlaryna laýyk kämil enjamlar bilen enjamlaşdyrylýar. Bu bolsa ýurdumyzda hereket edýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmekde uly mümkinçilikleri döredýär. Ynsan saglygyny goramakda we dürli ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almakda durmuşa geçirilýän işler özüniň oňyn netijelerini berýär. Şolaryň hatarynda täze döremelere garşy göreşmek boýunça biraýlyk çäreleriň yglan edilip, ýylyň-ýylyna olar boýunça degişli wagyz-nesihat, düşündiriş işleriniň yzygiderli alnyp barylýandygyny nygtamak ýerlikli. Häzirki wagtda dowam edýän süýt mäzleriniň howply täze döremelerine garşy göreşmegiň biraýlygynyň çäklerinde duşuşyklar guralýar.
Golaýda Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň Daşoguz welaýat onkologiýa hassahanasy bilen bilelikde guramagynda geçirilen «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikde hem bu babatda täsirli gürrüň edildi. Söhbetdeşligiň dowamynda Onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň süýt mäz çiş keselleri bölüminiň ylmy işgäri Çary Batyrow, şu merkeziň kätibi, alym, lukmançylyk ylymlarynyň kandidaty Ata Bäşimow, Daşoguz welaýat onkologiýa hassahanasynyň bejeriş işleri boýunça orunbasary Amandurdy Şawyýew dagy çykyş etdiler. Çykyşlaryň dowamynda howply täze döremeleriň, çiş keselleriniň öňüni almak boýunça ýurdumyzda gaýragoýulmasyz işleriň durmuşa geçirilýändigi, muňa mysal hökmünde ýörite dünýäniň ösen döwletleriniň lukmançylyk enjamlary bilen enjamlaşdyrylan hassahanalaryň hereket edýändigi, welaýatyda täze onkologiýa hassahanasynyň gurluşygyna badalga berlendigi, bu zatlaryň ählisiniň ýurdumyzda «Döwlet adam üçindir!» diýen baş taglymatyň aýdyň netijesidigi dogrusynda buýsanç bilen aýdyldy. Şeýle hem süýt mäzleriniň howply täze döremeleriniň ýerli ýaýran görnüşiniň bejerilişini kämilleşdirmek, onuň öň ýanyndaky keselleri anyklaýyş usullary we olaryň bejerilişi, täze döremeleriň wagtynda öňüni almak boýunça ýerine ýetirilmeli işler, arassaçylyk kadalaryny doly berjaý etmek, şu mowzuklar boýunça zenanlaryň, ýaş gelin-gyzlaryň arasynda wagyz-nesihat çärelerini güýçlendirmek barada täsirli söhbet edildi. Çykyşlaryň wideoýazgy arkaly berkidilmegi bolsa onuň täsirliligini artdyrdy.