Daşoguz welaýat kitaphanasynyň öňündäki dabaralar meýdançasynda ýurdumyzda her ýyl giňden bellenýän Ylymlar gününe bagyşlanan aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi. Welaýat, Daşoguz şäher häkimlikleriniň, şeýle-de welaýat Medeniýet müdirliginiň bilelikde guran bu dabaraly çäresinde gutlaglara beslenen çykyşlara giň orun berildi.
Baýramçylyk mynasybetli, TOHI-niň «Bagtyýarlyk joşguny» atly döredijilik toparynyň, Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň, Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyplarynyň, şeýle-de Daşoguz şäheriniň medeniýet we sungat işgärleriniň eden çeper çykyşlary çäräniň täsirini artdyryp, mazmunyny baýlaşdyrdy.
* *
Daşoguz welaýat kitaphanasynyň mejlisler zalynda geçirilen «Ylym-bilim pudagy innowasion ösüşler bilen» atly maslahat hem şanly senä bagyşlandy. Maslahaty TDP-niň Daşoguz şäher komiteti, Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebi hem-de welaýat kitaphanasy bilelikde guradylar. Oňa agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyplary işjeň gatnaşdylar.
* * *
«Daşoguz» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda TMÝG-niň welaýat geňeşiniň guramagynda Ylymlar güni mynasybetli, «Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim özgertmeleri ösüşleriň gözbaşydyr» atly maslahat geçirildi. Maslahata ýaşlar guramasynyň işgärleri, işjeň agzalary, ylmy bäsleşikleriň ýeňijileri gatnaşdylar.
Şeýe-de maslahatda ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Ylmy açyş — geljege bakyş» atly bäsleşigiň jemi jemlenip, ýeňijilere Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.