Ylmy açyşlar,täsin gabat gelmeler

Daşary ýurtlaryň birinde şeýle bir zady ylmy tejribe arkaly anyklapdyrlar. Ýagny gara mallar fermasynda sygyrlara ýakymly saz eşitdirilip saglanda, olaryň süýdi adaty ýagdaýdaky saglandan köp berýändigi belli bolupdyr. Eýsem, bu biziň halkymyz üçin gadymdan belli hakykat dälmi näme?! Bizde sagymçy gelin-gyzlar tarapyndan ýakymly owaz bilen «Höwlim-höwlim!» diýip sygry, «Hörele, maýam hörele!» diýip, düýäni hüwdüläp sagmak adata öwrülen ýagdaý.
Halk paýhasynyň, tejribesiniň gazananlarynyň ylmyň we tehnikanyň açyşlary bilen gabat gelýän, haýran galdyryjy ýagdaýlary diňe bular däl. Ýapon alymlary suwy öwrenip, oňa ýakymly sözler aýdylanda, ýakymly saz ýaňlananda düzüminiň gowulanýandygyny anyklapdyrlar.
Eýsem, halk arasynda suw almaga barlanda:
Essalawmaleýkim, suw aga!
Elimi, ýüzümi ýuw aga,
Öýümize myhman geldi,
Bir küýze suw ber, aga!
— diýip, ýüzlenmek dessury bar ahyry. Parasatly pederlerimiziň suwa mylaýym sözler aýdylanda, onuň düzüminiň gowulyga özgerýändigini duýan bolmaklary ahmal.
Bizde mal dogrusynda «Mal eýesiniň gözünden suw içer», ekin dogrusynda «Eýe gözi — em, em bolmasa dem» diýen nakyllar aýdylýar. Alymlar mähirli nazar salnyp idedilýän mallaryň robotlar bilen idedilen mallara garanda çalt semreýändigini, eýe nazary bilen idedilýän ekinleriň gowy boý alýandygyny anyklapdyrlar. Ussat daýhanlar ekine günde-günaşa mähirli nazar salyp durmagyň oňa iýmit we suw ýaly täsir edýändigini aýdýarlar.
Şu zatlar dogrusynda oýlananyňda, köp-köp ylmy açyşlar resmileşdirilmese-de, olar biziň halkymyz tarapyndan haçandyr bir mahallar açylan ýaly duýgyny başdan geçirýärsiň.

Автор записи: admin