Ykdysadyýetiň ösüşine uly goşant

Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň döwrebap ulag-üstaşyr logistik infrastrukturasyny çalt emele getirmek bilen baglanyşykly durmuşa geçirýän anyk işleri diňe bir milli ykdysadyýetde däl, eýsem ösüşiň sebitleýin ugurlaryna hem güýçli itergi berdi. Geografik taýdan amatly ýerleşen, sebit we yklym ähmiýetli möhüm ulag-üstaşyr merkezi hökmünde ornuny ynamly pugtalandyrýan ýurdumyz bu ugurda özüniň uly mümkinçiliklerini amala aşyrmaga çalyşýar.
Türkmenistan BMG-niň Durnukly ösüş maksatnamasynyň «Durnukly infrastrukturany döretmek, hemme zady öz içine alýan we durnukly senagatlaşma hem-de innowasiýalara ýardam bermek» atly 9-njy maksadyny üstünlikli durmuşa geçirýär. Oňa laýyklykda, hemmeler üçin elýeterliligiň üpjün edilmegine aýratyn üns bermek, ykdysady ösüşi, abadançylygy goldamak, sebitleýin we serhetüsti infrastrukturany goşmak bilen durnukly infrastrukturany ösdürmek maksadynda onlarça demir ýol menzilleri, demir ýol we awtomobil köprüleri, estakadalar, ýol bölüjiler guruldy. Ýurdumyzyň senagatyny diwersifikasiýalaşdyrmak, onuň köpugurlylygyny gazanmak, innowasion häsiýetli önümçilikleri giň gerimde ösdürmek babatynda-da düýpli işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 75-nji ýubileý mejlisinde eden taryhy çykyşynda dünýä ykdysadyýetiniň durnukly ösüş ýoluna çykmagynyň esasy şertleriniň biri hökmünde ulag ulgamynyň möhüm ähmiýetini belledi. Şol çykyşynda hormatly Prezidentimiz: «Ýurdumyz TOPH gaz geçirijisiniň, şeýle hem Owganystanyň çäklerine çykýan demir ýol şahalarynyň, optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşyklarynyň başyny başlady, olar eýýäm amala aşyrylmak tapgyryna girdi» diýip, halkara jemgyýetçiligini, işewür düzümleri, maliýe edaralaryny bu işlere has işjeň goşulyşmaga çagyrdy.
Milli Liderimiz taryhy çykyşlarynda Türkmenistanyň irki döwürlerden bäri Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm bölegi bolup, halklary we yklymlary birleşdirendigini, onuň halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri babatda ylalaşyklary gazanmagynyň sebitleriň we yklymlaryň çäklerinde gatnaşyklary ösdürmegiň giň mümkinçilikleri döretjekdigi barada aýratyn nygtaýar.
Dünýä halklarynyň we ýurtlarynyň bähbidine laýyk gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn berkidilmegine gönükdirilen başlangyçlary öňe sürýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolup, umumadamzat bähbitli tagallalary rowaçlyklara beslensin!

Автор записи: admin