Ykdysady üstünlikleriň batly gadamlary

Berkarar döwletimizde ykdysadyýetiň pudaklarynyň hukuk binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagy, maksatnamalaýyn özgertmeleriň amala aşyrylmagy we bu ugurda maýa goýum işjeňliginiň artdyrylmagy halkymyzyň durmuş-ykdysady ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna gönükdirilen giň gerimli işleriň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini alamatlandyrýar. Ýurdumyzyň önümçilik pudaklaryna ylmyň we öňdebaryjy tejribäniň gazananlarynyň ornaşdyrylmagy döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Milli ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak, elektron senagaty döretmek, adamyň aň-bilim maýasyna we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek häzirki döwrüň derwaýys wezipeleriniň biridir.
Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň ykdysady özgertmeleriniň esasynda döwrebap tehnikalaryň yzygiderli satyn alynmagy we täze tehnologiýaly önümçilik we durmuş maksatly desgalaryň gurulmagy, ykdysadyýetiň pudaklarynyň sanlylaşdyrylmagy, innowasion önümçilik düzümleriň döredilmegi, ýurdumyzyň dünýä ykdysady ulgamyna goşulyşmagynyň çuňlaşdyrylmagy uzakmöhletli geljek üçin durnukly ösüşiň berk binýadyny kemala getirmäge giň mümkinçilikleri açýar.
Durnukly ykdysady ösüşi gazanmak üçin ýurdumyzda döwlet maksatnamalary we meýilnamalary üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda «Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny», «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyny», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» hem-de beýleki döwlet we pudaklaýyn maksatnamalary görkezmek bolar.

Автор записи: admin

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован.