Şu ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2020-nji ýylyň dowamynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek babatda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garalyp, şu ýylda Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we milli Liderimiz degişli ugurda döwlet ähmiýetli birnäçe maksatnamalary tassyklamak hakyndaky Kararlara gol çekdi. Şolaryň biri hem «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek we ýurdumyzda bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek hakynda bolup, onda «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.
«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edilen gününden başlap, ýurdumyzyň ähli pudaklaryny täzeçillik gurşap aldy. Bu konsepsiýanyň durmuşa ornaşdyrylyp başlanylmagy diňe bir pudak işgärlerini gyzyklandyrman, eýsem, tutuş halkymyzyň uludan-kiçä hemmesiniň aýratyn ünsüni çekdi.
Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde, milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde ýokary netijeler gazanylýar. Ykdysady ösüşiň esasy ugry bolan sanly ulgamyň diňe bir saglygy goraýyş, ylym-bilim, medeniýet, senagat, oba hojalyk, nebitgaz pudaklarynda ornaşdyrylman, eýsem, Türkmenistanyň prokuratura edaralarynda hem ornaşdyrylmagy raýatlaryň ýüztutmalarynyň ýeňilleşmegine, işiň we ulgamyň ýokary depginler bilen ösmegine uly ýardam berýär. Biz söz bilen aýdanyňda, ýurdumyz tutuş durky bilen sanly ulgamyň belent sepgitlerini nazarlap, öňe barýar. Milli Liderimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty milli bähbitlerden ugur alýar hem-de umumadamzat bähbitlerine gönükdirilýär.