Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda hem täze binalar, desgalar, ýaşaýyş jaýlary gurlup, yzygiderli ulanylmaga berilýär. Bu ugurdaky işleriň şeýle öndürijilikli alnyp barylmagynda gurluşyk önümlerini öndürýän kärhanalaryň hem degerli goşantlarynyň bardygyny bellemek gerek. Bu barada Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Daşoguz şäherindäki «Demirbetonönümleri» zawodynda durmuşa geçirilýän çäreleriň ähmiýeti uly. Çünki bu ýerde dürli görnüşli gurluşyk desgalarynda ulanylýan gurnama demir-beton önümlerini öndürmek boýunça işler berjaý edilýär.
Zawodyň bölümlerinde, esasan, binalaryň, ýaşaýyş jaýlarynyň üstüni basyrmakda peýdalanylýan örtgüleri, ýagny plitalary, aýna-gapylaryň çarçuwalaryny, binalaryň binýatlary üçin niýetlenilen bloklary, iri panelli ýaşaýyş jaýlaryny gurmakda peýdalanylýan panelleri — ýörite diwar böleklerini, ýerasty ötelgeler üçin beton halkalary, köçeleriň gyrasyna oturdylýan bordýur daşlaryny öndürmek ýola goýlupdyr. Şeýlelikde, olary öndürmek we degişli ýerlere ugratmak boýunça bellenilen meýilnamalar yzygiderli ýerine ýetirilip gelinýär.
Şu ýyl zawodymyzda şeýle önümleriň 27 müň kub metrini öndürmek bellenilip, ýylyň geçen 8 aýynda 20 718 kub metr önüm öndürildi, meýilnama 102,5 göterim berjaý edildi. Kärhananyň işçi-hünärmenleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramyna çenli 9 aýlyk meýilnamany has artygy bilen ýerine ýetirip, uly toýa mynasyp sowgatly barmagy maksat edinýärler.