Ýene sanlyja günlerden mähriban halkymyz her ýylyň tomsunda uludan bellenilýän, ýokary ruhy joşgun döredip, hemişelik ýatda galýan Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününi uludan toýlar.
Türkmen halkynyň milli ruhuny açmakda ägirt uly şahyrana öwrülişik döreden Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň her biri özboluşlylyk häsiýetine eýedir. Keramatly pirleriň düýşüne girip, ak pata berişlerini «Turgul diýdiler» atly goşgusynda beýan edişi Magtymgulynyň Hakdan halatly ynsan bolandygyny subut edýär. Magtymgula kakasy Döwletmämmet Azadynyň, galyberse-de, Gündogaryň beýik danalarynyň täsiriniň uly bolandygy äşgär görünýär. Magtymguly bu barada: «Ylym öwreden ussat kyblam pederdir» diýip, kakasyny hormat bilen ýatlaýar.
Magtymguly Pyragynyň özünden öň ýaşap geçen beýik akyldarlaryň eserlerini çuňňur öwrenmek bilen, olara öz halypasy hökmünde ýokary nusgalyk derejede hormat goýandygy onuň «San bolsam» atly şygryndan mälimdir:
Abu Seýit, Omar Haýýam, Hemedany,
Ferdöwsi, Nyzamy, Hafyz perwany,
Jelaleddin kibi, Jamy elnamy,
Olarnyň ýanynda men hem san bolsam.
Şahyr geçmişiň beýik danalarynyň eserlerini ilik-düwme öwrenip, olaryň pikirlerine täzeçe röwüş çaýýar. Goşgynyň «Olarnyň ýanynda men hem san bolsam» diýen setirleri şahyryň näderejede kiçigöwünli, pespäl adam bolandygyna güwä geçýär. Bu häsiýetler Magtymgulynyň kämil şahsyýetdigini açyk görkezýär. Beýik akyldaryň bu häsiýetleri her bir ýaş nesil üçin nusga edinerlikdir. Magtymguly herki zada yhlas bilen çemeleşseň, öz mynasyp netijesini berýändigi barada «Ýetmeýen galmaz» diýen şygrynda:
Yhlas bilen bir kämilge el bergen,
Ýeter bir menzile, ýetmeýen galmaz…
— diýen bolsa, «Atamyň» şygrynda:
Görmesem söýlemen, oý bile çenden,
Maksadyna ýeter ýykylan çyndan.
Ýa-da
Her kimiň ne mukdar bolsa yhlasy,
Ol mukdar açykdyr Hakyň dergähi.
— diýen pikirleri orta atýar.
Hawa, Magtymguly Pyragynyň Gündogaryň beýik alymlary ýaly ägirtlige ýetip, adynyň Ýer ýüzüne ebedi dolmagy onuň yhlas bilen olara ýürekden hormat goýandygynyň alamatydyr.
Magtymgulynyň öz eserlerinde nakyllary, atalar sözüni ussatlyk bilen ulanmagy-da onuň eserleriniň gymmatyny artdyrýar. Asyl Magtymgulynyň aýdan her bir sözüniň özi nakyl ýaly bolup durandyr. Köňül äleminiň soltany Magtymguly akylly adamlara Hakyň nazary düşen adamlar hökmünde hormat goýupdyr.
«Bolar sen» goşgusynda bolsa: «Alymlara uýsaň açylar gözüň…» diýýär. Akylly, pähimli, edepli, ynsaply, şol bir wagtda sowatly, halalhon adamlar bilen söhbetdeş bolsaň, olaryň wagyz-nesihatlaryna eýerseň, hakykatdan hem, gaflat ukusyndan oýanyp, «gözüň açyljakdygy» şübhesiz. Şu nukdaýnazardan, şahyryň pähim-paýhasyna, gaýtalanmajak çuňňur filosofiýasyna haýranlar galýarsyň. Onuň hemmelere nusgalyk halypadygy XIX asyryň görnükli şahyry Mämmetweli Keminäniň rowaýata öwrülen «Magtymguly şygyr meýdanynyň oragyny orup gitdi, bize diňe onuň hoşasyny çöpläýmek galýar» diýen parasatly sözlerinde öz beýanyny tapypdyr.
Jemgyýetimiziň ahlak sagdynlygyny berkitmek babatda yzygiderli alada edýän hormatly Prezidentimiziň iňňän netijeli terbiýeçilik serişdesi hökmünde häli-şindi Magtymguly Pyragynyň döredijiligine ýüzlenmeginde uly paýhaslylyk bar.
Her ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň güni bilen bir günde bellenilýän Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni onuň umumadamzat ähmiýetli çuňňur pikirlerini, pähim-parasadyny ýaş nesle, tutuş halka düşündirmek, ýaýmak işine täze itergi, giň gerim berýär.