ÝEŇIŞ SAZY ÝAŇLANÝAR

Watanyň goragy-iliň namysy,
Türkmen ýigitleri girdi söweşe.
Oguz han, Görogly, Togrul-barysy,
Gerçekleri ruhlandyrdy göreşe.

Erkinlige uýýan bu merdana halk,
Başyn belent tutdy, yza tesmedi.
Ýeňşe goşant goşdy agzybir galkyp,
Çünki hemme gowy güne teşnedi.

Aý-günler aýlanyp, ýyllar dolanýar,
Beýik Ýeňiş alyslarda galypdyr.
Bu gün säher ýeňiş sazy ýaňlanýar,
Göz owalar şatlyk ýaşa dolup dur.

Goý, öwüssin parahatlyk baýdagy,
Melhem bolup ýagty geljek gurjaga.
Kaknus kimin gökde galgap enaýy,
Bereket getirsin her bir ojaga!

Автор записи: admin

Добавить комментарий

Ваш адрес email не будет опубликован. Обязательные поля помечены *