Üstümizdäki ýylyň başynda hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda, «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasy» we şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Munuň özi ýaşlar guramasynyň ýaşlaryň arasynda degişli işleri geçirmeginde gymmatly gollanma boldy. Ýedi bapdan ybarat bolan maksatnamada we elli alty bentden ybarat meýilnamada dana pederlerimiziň görelde mekdebiniň sapaklaryny özleşdirmek, Watanymyza, halkymyza we şöhratly taryhymyza guwanmagy, buýsanmagy, ylym-bilim almaga, hünär öwrenmäge bolan höwesi artdyrmak, ýaşlaryň sanly tehnologiýalardan oňat baş çykarmaklaryny gazanmak, döwrebap bilim almaklaryny üpjün etmek, olarda Watany gözüň göreji ýaly goramagy we ýürekden söýmegi terbiýelemek ýaly borçdur wezipeler giň beýanyny tapýar.
«Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin döwlet Maksatnamasyny» amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda häzirki wagtda welaýatymyzyň ýaşlarynyň arasynda watansöýüjilik, ruhubelentlik, millilik, ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemek maksady bilen, «Ýaşlaryň durmuş goraglylygy berkarar döwletimiziň hukuk binýadydyr», «Sagdynlyk, edeplilik — durmuş gözelligi», «Sagdyn jemgyýet — bagtyýarlygyň binýady», «Edep-terbiýe maşgaladan başlanýar» atly şygarlar bilen wagyz-nesihat çäreleri geçirilýär. Esasan hem, arassaçylyk düzgünleriniň, agyz-burun örtüklerini dakmagyň, köpçülik ýerlerinde aralygy saklamagyň saglygymyz üçin möhümdigini düşündirýän wagyz-nesihat çäreleri, duşuşyklar ýaş meýletinçileriň gatnaşmaklarynda yzygiderli geçirilýär. Maksatnama laýyklykda, «Meniň okan kitaplarym, indi okamaly kitaplarym», «Bagtyýarlygyň joşguny — köňül ylhamy», «Ylham berýän tebigat», «Garaşsyzlyk guwanjym, Bitaraplyk buýsanjym», «Atalar sözi — paýhas ummany», «Berkarar döwletiň zehinli ýaşlary», «Kitap bilen açalyň biz dünýäni», «Meniň Watanym — rowaçlygyň mekany» atly bäsleşikler geçirilýär. Şeýle-de, şanly seneler mynasybetli aýdym-sazly dabaralar «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň şanly wakalary bilen baglanyşykly we utgaşykly alnyp barylýar.