Ýaş nesil islendik döwletiň we jemgyýetiň işjeň gatlagyny emele getirýär. Jemgyýetiň abadançylygy, halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň ösüşi, sportuň, ylmyň ösmegi, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň artmagy köp babatda ýaşlara bagly bolup durýar. Bu ugurda türkmen ýaşlaryna uly mümkinçilikler döredilýär. Türkmen ýaşlary ähli ugurlarda uly-uly üstünliklere eýe bolýarlar. Bu bolsa ýurdumyzda ýaşlar barada uly aladalaryň edilýänliginden nyşandyr.
Dünýä ýüzünde «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2020 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» kabul dilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu maksatnamanyň kabul edilmegi – türkmen ýaşlaryny has-da begendirdi, buýsandyrdy, täze-täze zähmet üstünliklerini gazanmaga ruhlandyrdy
Her ýyl ýurdumyzda edebiýatda, sungatda, medeniýetde, oba-hojalygynda, sportda, saglygy goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde ýokary döredijilik başarnygyny görkezen ýaşlara Türkmenistanyň Ýaşlar baýragy gowşurylýar. Mundan başga-da her ýylyň 12-nji iýunynda Ylymlar güni mynasybetli ýaşlaryň arasynda Ylmy bäsleşikleriň geçirilmegi indi däbe öwrüldi. Biziň ýurdumyzda şeýle bäsleşikleriň geçirilmegi zehinli ýaşlarymyzy ýüze çykarmaga, olaryň öz ukyp-başarnyklaryny açyp görkezmäge mümkinçilikler döredýär. Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe türkmen ýaşlary ata Watanymyzyň abraý-mertebesini belent derejelere götermäge, Türkmenistan döwletimiziň ýeten beýik sepgitlerini dünýä ýüzüne ýaýmaga öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.