Taryhdan mälim bolşy ýaly, her bir ynsany maýyl ediji gyzyl reňk iň irki wagtlardan ulanylyp başlanypdyr. Ata-babalarymyz gyzyl reňki «ýaşaýşyň güýji» diýip atlandyrypdyr. Dünýäni haýrana goýýan türkmen halysynyň 70 — 75 göterimi gyzyl reňkden durýar. Biziň reňkler dünýämize gyzyl reňkiň dürli görnüşleri aralaşýar, olar gyrmyzy, goýy gyzyl, açyk gyzyl, çog gyzyl, gülgüne, narynç, sarymtyl, mämişi, melewşe, goňrumtyl gyzyldyr. Tebigy boýaglaryň arasynda goýy gyrmyzy reňk iň durnukly we solmaýan reňk hasaplanýar.
Ussat ene-mamalarymyz ösümlikleriň 18 görnüşinden gyzyl reňki almagy başarypdyrlar, olar çöpboýadan, şugundyrdan, gül-gunçalardan, gyzganyň miwesinden dürli reňkleri alypdyrlar.
Söýginiň, maksat-myradyň we bagtlylygyň reňki hökmünde halanýan gyzyl reňk gadymy dessurlarda gudratyň nyşany hasaplanypdyr. «Kitaby dädem Gorkutda» durmuşa çykjak gyzyň egin-eşiginiň we nika otaglarynyň gyzyl reňkdedigi bellenilýär. Taryhda dürli döwürlerde türkmenleriň arasynda bolan Marko Polo hem-de XIX asyryň ortalarynda türkmenleriň arasynda bolan Genri de Blokwil türkmenleriň durmuş hajatlarynda gyzyl reňkiň köp ulanylýandygyny ýazypdyrlar.
Hekimler XV asyrda gyzyl reňkiň adamy bejeriji täsiriniň bardygyny anyklapdyrlar. Halkymyzda gyzamyk bilen keselläne gyzyl lybasyň geýdirilmegi hem munuň subutnamasydyr. Gyzyl reňk «gözden-dilden goraýar» diýip ynanyp, gelin-gyzlar gyzyl gaşly ýüzük dakynypdyrlar. Gyzyl reňk adamyň hyjuwyny artdyrýar, nerw damarlaryny köşeşdirýär hem-de keýpini sazlaýar.
Goý, bu owadan dünýämiz çog gyzyl bägüller ýaly owadan bolsun!