Ýaş nesilleriň hukuk goraglylygy

Döwletimizde geljegimiz bolan ýaş nesilleriň sagdyn kemala gelmegi, ösmegi, döwrebap bilim we terbiýe almagy ugrunda edilýän aladalar ilimizi buýsandyrýar. Gözümiziň guwanjy bolan bagtyýar çagalary gujak açyp garşylaýan çagalar baglarydyr, ak mekdepler gurlup ulanylmaga berlip, dünýä ülňülerine laýyk bilim almaga, kompýuterlerden doly baş çykarmaga, sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Döwlet tarapyndan çaganyň sagdyn we howpsuz gurşawda ýaşamagynyň we ösmeginiň mynasyp şertlerini üpjün edýän guramaçylyk-hukuk, durmuş-ykdysady çäreler amala aşyrylýar.
Ýurdumyzyň çäklerine ýiti ýokanç keselleriň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, anyk çäreler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Sanitariýa kodeksine, «Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda», «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde we mekdebe çenli çagalar edaralarynda alnyp barylýan işler giň gerime eýe bolýar. Has takygy, mekdebe çenli çagalar edaralarynda we orta mekdeplerde zyýansyzlandyryş çäreleri alnyp barylýar we şolara laýyklykda utgaşdyrylan işler geçirilýär. Ylym-bilim ojaklarynda müň bir derdiň dermany bolan üzärlik gündelik ulanylýar.
«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde kämillik ýaşyna ýetmedikleriň we ýaşlaryň ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryndan peýdalanmagynda, çagalaryň janyny we saglygyny goramak üçin zerur lukmançylyk çärelerini netijeli geçirmekde, çaga keselleriniň öňüni almak, duýdurmak, olaryň arasynda ýüze çykýan keselleri öz wagtynda bejermek, zerur bolan derman serişdeleri bilen üpjün edilmegi bilen bagly ýüze çykyp biljek kanun bozulmalaryň öňüni almak, kämillik ýaşyna ýetmedikler we ýaşlar hakyndaky kanunçylygyň talaplarynyň berjaý edilişine gözegçiligi amala aşyrmak babatda Türkmenistanyň prokuratura edaralary tarapyndan degişli işler alnyp barylýar.
Ýurdumyzda çaganyň hukuklarynyň, azatlyklarynyň we kanuny bähbitleriniň goralmagy çygryndaky döwlet syýasatynyň hukuk, durmuş, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän täze kanunlar kabul edilýär. Kanunlarymyzy millilik ruhunda kämilleşdirmek we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyk getirmek boýunça birnäçe işler amala aşyrylýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaş nesilleri halkymyzyň ýagşy däp-dessurlary, muzeýlerde saklanylýan milli gymmatlyklar bilen giňden tanyşdyrmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýär.

Автор записи: admin