Şu günler howanyň derejesiniň sowap başlamagy bilen baglylykda, ähli ýerlerde otaglary ýyladyjy elektrik, gaz enjamlary örän köp ulanylýar. Şeýle bolansoň, otaglary ýyladyjy elektrik, gaz enjamlarynda dürli näsazlyklaryň esasynda ýangyn döremek howpy ýüze çykýar.
Aýratyn üns bermeli zatlar: elektrik, gaz bilen ýyladyjy enjamlary gurnamak, olarda bejeriş-abatlaýyş işlerini geçirmek ýörite şol ugurdan işleýän hünärmenler tarapyndan ýerine ýetirilmelidigini, olaryň aýratynlykda geçirilip, degişlilikde, awtomatik goraýjylardyr ýapyjy nurbatlaryň oturdylmalydygyny unutmaly däl.
Ýyladyjy peçleriň saz işleýşini barlamaly, şeýle-de olaryň tüsseçykarlaryny gurumlardan öz wagtynda arassalamaly. Peçlere barýan gaz geçirijiler demir turbalar arkaly geçirilmeli. Gaz peçleri çendenaşa gyzdyrmak, töwereginde geýimleri guratmak, beýleki ýanyjy öý goşlaryny goýmak, işjeň ýagdaýda gözegçiliksiz galdyrmak gadagan edilýär. Gaz, elektrik plitalarynda nahar ataryp, gözegçiliksiz galdyrmak ýa-da kiçi ýaşly çagalara gözegçilik etmegi tabşyrmak talabalaýyk däldir. Näsaz ýa-da senetçilik usulynda ýasalan gyzdyryjy gaz, elektrik enjamlaryny ulanmak gadagandyr.
Merkezleşdirilen ýyladyş ulgamy bilen üpjün edilen, köp öýli ýaşaýyş jaýlarynda gaz bilen işleýän ýyladyjy enjamlary gurnamak gadagan edilýär. Ýyladyjy peçleriň tüsseçykarlary otagyň ýokarky gatlagyndan üçege çykarylanda tüsseçykaryň turbasynyň 38 santimetr daş-töweregi oda durnukly materiallardan ýasalan ýangyna garşy gurluş bilen bölünmeli. Öçüriji, sazlaýjy ulgamlary bolmadyk ýyladyş peçleriniň ulanylmagy, gazyň syzmagy ýaly howply ýagdaýlar ýüze çykarylanda peçleri ulanmak, ýyladyş peçlerini işläp duran wagty gözegçiliksiz galdyrmak, ulanyş düzgünlerini bilmeýän adamlara peýdalanmaga rugsat bermek gadagan edilýär.
Ýyladyş peçleriniň tüsseçykarlarynyň howa geçirijiligini has-da gowulandyrmak üçin, tüsseçykarlary üçegiň gyradeňinden ýarym metr ýokarlygyna çykarmaly. Gazyň ysy otagda duýlanda, gaz geçirijiniň nurbatyny ýapyp, ony ulanmagy bes etmeli, penjirelerdir gapylary açyp, otagyň içini şemallatmaly. Şolar ýaly ýagdaýda açyk otdan peýdalanmak, işläp duran elektrik enjamlaryny öçürmek gadagan. Şonda-da gazyň ysy gelýän bolsa, onda haýal etmän telefon arkaly 04 belgä habar bermeli.
Ýyladyş peçleriniň tüsseçykary penjirelerden keseligine çykarylyp gurnalanda, onuň üstki tekizligi bilen ýapyjy petigiň aralygy 1 metrden az bolmaly däl. Gaz bilen işleýän ýyladyş peçleri ýanyjy diwarlardan 1 metrden az bolmadyk aradaşlykda ýerleşdirilmeli. Ýyladyş peçleri oda durnukly, ýanmaýan materiallaryň üstünde gurnalyp, peçleriň aşaky tekizliginiň ondan belentligi 30 santimetrden az bolmaly däl.
Otluçöpi, çakmagy çagalara el ýetmez ýaly ýerlerde saklap, çagalara ot bilen garagollyk etmäge ýol bermeli däl. Kiçi ýaşly çagalary gözegçiliksiz galdyrmaly däl, olara işläp duran elektrik we gaz enjamlaryna gözegçilik etmegi tabşyrmaly däl. Işläp duran elektrik we gaz enjamlaryny gözegçiliksiz galdyrmak gadagan. Könelişen elektrik geçirijileri ulanmaga ýol bermeli däl, elektrik geçirijileri çüý bilen berkitmek, üstünden kagyz ýelmemek gadagan.
Ýaşaýyşdyr edara jaýlarynyň üçeginde, ýerzeminde, ulaghanalarda, mal ýataklarynda, saman-bede, odun saklanýan ýerlerde elektrik çyralarynyň daşy gorag aýna örtügi bilen üpjün edilse, elektrik geçirijileri suwagyň astyndan ýa-da polat turbanyň içinden geçirilse talabalaýyk bolup, howpsuzlygy doly üpjün eder. Agaç gyryndysy, saman, gamyşdyr beýleki çalt tutaşýan materiallary jaýlaryň üçeklerine düşemek, şeýle-de jaýlaryň üçeklerinde ýanyjy goşlary saklamak bolýan däldir. Ot ýakmak üçin ýeňil ýanyjy suwuklyklary ulanmak, doly söndürilmedik közi howlynyň çägine dökmek howpludyr.
Hormatly ildeşler! Ýaşaýyş, edara jaýlaryndan gitmezden öň, ýangyn howpsuzlyk düzgünleri esasynda jaýlary gözden geçirmek, elektrik-gaz bilen işleýän enjamlar gurnalanda, ulanylanda ýangyn howpsuzlyk düzgünleriniň dogry berjaý edilmegi döräp biläýjek ýaramaz hadysalaryň öňüni alar.