Halk öz gerçek ogullaryny hiç mahal unutmaýar. 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda edermenligiň, gaýduwsyzlygyň nusgasyny görkezen türkmen ýigitleri hakyndaky ýatlamalar taryh sahypalarynda, nesilleriň hakydasynda baky ýaşaýar. Şeýle Watan ogullarynyň biri hem şol wagtky Tagta raýonynyň (häzirki Görogly etrabynyň) I-Kerpiçli obasynda 1921-nji ýylda dünýä inen Meçen Esenamanowdyr.
Ol 1937-nji ýylda ýedi ýyllyk orta mekdebi tamamlap, öňki Daşhowuz şäheriniň 4-nji peduçilişşesine okuwa girýär. 1942-nji ýylda okuwyny tamamlap, öz obasyna dolanýar. Watanyň, il-günüň üstüne uruş belasy abananda, Meçen aga öz arzasy bilen goşun gullugyna alynýar. Birinji Belorus frontunyň atyjylyk polkunda gulluk edip, aldym-berdimli söweşlere gatnaşýar. Ol frontda serkerdeleriniň tabşyryklaryny öz wagtynda ýerine ýetirmäge çalyşýar. Ol Günbatara tarap barha öňe süýşýän frontuň yzynda galýan haraba öwrülen şäherleri, gyzyl ot bolup ýanýan sümme tokaýlary we beýleki ýürek gyýyjy görnüşleri synlap, urşuň tutuş adamzadyň kalbyna bitmejek ýara salýandygyna göz ýetirýär. Meçen aga Ýewropanyň azat edilmegi ugrunda alnyp barlan söweşlere hem gatnaşýar. Meçen Esenamanow söweşde görkezen edermenligi üçin ikinji derejeli Beýik Watançylyk urşy ordeni bilen sylaglanylýar.
Watanyň merdi-merdana ogullarynyň edermenligi, ýanbermezligi netijesinde ençeme umydygär gözleri intizar eden ýeňiş gazanylýar. Dogduk obasyna döşi orden-medally dolanan Meçen aga uly hormat bilen garşylanýar. Ol obasyndaky mekdepde ýene okuwçylara hat-sowat öwretmek bilen meşgullanyp başlaýar. Ol bilim derejesini kämilleşdirmek üçin şol wagtky Daşhowuz döwlet pedagogik institutynda ýokary bilim alýar. Mugallymçylyk ýaly asylly kärde ençeme ýyl halal zähmet çekendigi üçin Meçen aga «TSSR halk magaryfynyň otliçnigi», «Türkmenistan SSR-niň at gazanan mugallymy», «Zähmet weterany» diýen hormatly derejelere mynasyp görülýär. 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň ýubileý medallary bilen birnäçe gezek sylaglanýar.
Meçen Esenamanow ýanýoldaşy Annagül daýza bilen 14 perzendi terbiýeläp, il hataryna goşýar. Meçen aganyň manyly ömür ýoly watanperwerligiň, zähmetsöýerligiň görelde alarlyk nusgasyna öwrüldi.