Watana söýgi-mukaddes duýgy

Parzdyr ata ýurdy ýürekden söýmek,
Ony şirin janyňdan-da eý görmek
Ynsanlyk borjumyz her birimiziň
Watan gullugynda esger deý durmak.

“Atany söýenler Watany söýer”,
Bu – hak söz, bar munda ullakan many,
Bu toprak pederleň goran topragy,
Oňa atalaryň siňendir gany.

Onsoň neneň ony jandan söýmejek,
Neneň goramarsyň ony döş gerip?!
Guýmaly biz muny çagaň aňyna,
Ýörmäň, entek kiçi, heniz ýaş görüp.

“Watanym – namysym hem arym” diýip,
Atalarmyz başyn goýupdyr orta.
“Gyş sowlar, ýaz geler” diýlenne uýup,
Umytly garapdyr eşretli ertä.

Müň dokuz ýüz togsan biriň güýzünde,
Wysal boldy baky arzuwy halkyň.
Şükür indi otuz ýylyň içidir,
Garaşsyzlyk nury saçyp dur ýalkym.

Berkarar döwletiň bagtyýar döwri,
Arkadagym peşgeş berdi bu bagty.
Garaşsyz  hem baky Bitarap ýurtda,
Geljegimiz şuglaly, ýollarmyz ýagty.

Автор записи: admin