Dabarasy uludan toýlanylýan Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän baýramçylyk çäreleri parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany bolan eziz Diýarymyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda hem giňden ýaýbaňlandyrylýar. «Türkmeniň ak öýi» binasynyň bezemen sahnasynda welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyga bagyşlanan konserti hem aýratyn many-mazmuna beslendi. Baýramçylyk konsertiniň başynda parahatçylygyň buşlukçysy bolan ak kepderilere bagyşlanan edebi-sazly kompozisiýanyň Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artistleri tarapyndan ýerine ýetirilmegi aýratyn täsirli boldy. Soňra bu ýerde medeniýet işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary ýaňlandy. Dürli aýdym-saz bäsleşikleriniň ýeňijileriniň, çagalar tans toparlarynyň, dessançylar, deprekçiler toparlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary dabaranyň şowhunyny artdyrdy. Konsertde doganlyk halklaryň sözlerine ýerine ýetirilen aýdymlar ata Watanymyzyň dost-doganlyk, agzybirlik, ynanyşmak ýörelgeleriniň aýdyň ýüze çykmasyna öwrüldi.
Похожие записи '
09 Мар
Prezident saýlawlary üçin görlen taýýarlyklar: saýlawlar giňden halka ýetiriler
Hormatly Prezidentimiz welaýatlaryň hem-de Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda Ministrler Kabinetiniň we Döwlet...
05 Мар
SAGDYN BOLUŇ-SAGLYK BAGTLY DURMUŞYŇ GÖZBAŞYDYR.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda halkyň saglygy baradaky alada döwlet derejesine çykaryldy....
05 Мар
Köp çagaly enelere döwrebap öýler sowgat berler
Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, sişenbe güni ýurdumyzda ajaýyp baýram bolan Halkara zenanlar gününiň...
05 Мар
«Ýylyň zenany» atly bäsleşiginiň ýeňijileri kesgitlendi
Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Aşgabatda her ýyl geçirilýän «Ýylyň zenany» bäsleşigniň jemi jemlenildi. Däp...