Wagyz-nesihat maslahaty

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Daşoguz welaýat bölüminiň meýilnamasy esasynda, maşgala mukaddesligini berkitmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini ündemek, ahlaklylygy, türkmeniň milli ýol-ýörelgelerini wagyz etmek maksady bilen, golaýda Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda maslahat geçirildi. Daşoguz şäher zenanlar guramasynyň guramagynda «Öý-ojagyň gelşigi, maşgala mukaddesligi» atly şygar astynda geçirilen maslahata dürli ugurlarda zähmet çekýän işjeň zenanlar gatnaşdylar.
Çykyşlarda döwletiň bir ülşi hasaplanýan maşgalanyň goraglylygy, mukaddesligi, maşgalada kämil nesli kemala getirmek, ondaky gatnaşyklar, maşgala gymmatlygyny berkitmek boýunça kabul edilýän kanunçylyk namalary, olaryň talaplary dogrusynda giňişleýin durlup geçildi. Türkmen maşgalasynyň berkligini gorap saklamak ýaly asylly ýörelgäniň öz gözbaşyny gadymyýetiň çuňluklaryndan alyp gaýdýandygy, ony häzirki wagtda döwrebap derejede dowam etdirmek boýunça uly işleriň durmuşa geçirilýändigi buýsanç bilen bellenildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzyň sebitlerine iş saparlary wagtynda bagtyýar maşgalalaryň arasynda bolup, olaryň ýaşaýyş-durmuşy bilen içgin gyzyklanmagynyň döwletimizde maşgala hormatyň beýany bolup durýandygynyň mysalydygy dogrusynda aýdyldy.
Maslahatyň dowamynda öňde durýan wezipeler boýunça pikir alşyldy. Şeýle mazmundaky maslahatlar Akdepe etrabyndaky 55-nji orta mekdebiň mejlisler zalynda, Ruhubelent hem Boldumsaz etraplarynyň medeniýet merkezlerinde hem ýokary guramaçylyk derejesinde, işjeň ýagdaýda geçirildi.

Автор записи: admin